Programmirleme kurslary




Gyzgyn habarlar

1 gün ozal

Türkmen ýygyndysy Azerbaýjanyň toparyndan üstün çykdy

1 hepde ozal
Futzal boýunça geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygy dowam edýän ýurdumyzyň milli ýygyndysy üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.Baku şäherindäki «Abşeron Idman Kompleks» sport toplumynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz ýerli «Rekord Klub AZ» toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Mülkaman Annagulyýew bilen Maksat Soltanow öz atlaryna ýazdyrdylar diýip, TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň futzal boýunça milli ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda geçiren birinji duşuşygynda «Baku Fire FK» toparyny ýeňlişe sezewar etdi (1:0). Ikinji duşuşygynda bolsa Azerbaýjanyň ýygyndy toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykdy.Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler toparynyň Baku şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik...
Makalany doly oka