«Napoli» bilen «Klub Brýuggeni» durzup bolanok
Salam NewsSalam News
15
«Napoli» bilen «Klub Brýuggeni» durzup bolanok
UEFA Çempionlar Ligasynda «A», «B», «C», «D» toparçalarda 3-nji duşuşyklar oýnaldy. Geçirilen 8 duşuşykda 24 gol hasaba alyndy.
Meşhur habarlar
Sport
  • Atda aýak bolsa özge syn bolmaz...
    Atda aýak bolsa özge syn bolmaz...
    Ahal infoAhal info
    Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek barada köptaraplaýyn netijeli işler amala aşyrylýar. Sport ussatlarynyň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak, at çapmagyň şöhratly milli ýörelgelerini aýawly saklamak we olary mynasyp dowam etdirmek üçin zerur tagallalar edilýär.     «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň sahawatly güýz paslynda, has takygy 28-nji sentýabrda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy.     Bu ýerde dünýä meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanyp guralan sergi diňe bir halkymyza däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlara hem baýramçylyk şatlygyny paýlady.      Jemi 7 aýlawdan ybarat bolan baýramçylyk at çapyşyk dabarasynda ahalteke bedewleri özleriniň ýyndamlyklaryny, güýç-kuwwatyny, çydamlylygyny hem-de taýsyz gözelliklerini ýene-de bir gezek ykrar etdirdiler.     Bu dabaralar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy bilen utgaşyp, gözel Köpetdagyň eteginde hakyky türkmen toýuna mahsus baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi.     Ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, atçylygy, sporty ösdürmekde uly aladalar edýän Mähriban Arkadagymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!   Ogulşat SAPAROWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň V ýyl talyby.
    3
  • Gyşky sport oýunlary - biziň ýurdumyzda
    Gyşky sport oýunlary - biziň ýurdumyzda
    Ahal infoAhal info
    Sportuň gyşky görnüşleri diýip aýazly gyş aýlary döwründe oýnalýan sportuň oýunlaryna düşünilýär. Sportuň gyşky görnüşlerine köplenç, lyžada, konkide we sankide typmak degişli edilýär. Adatça, sportuň şular ýaly görnüşleri bilen diňe howanyň temperaturasy gyşyna 0⁰С-den ýokary bolmaýan sebitlerde meşgullanyp bolýar. Ýöne, emeli döredilen gar örtügi we emeli buzluk hem sportuň gyşky görnüşleri bilen islendik klimatly şertlerde meşgullanmaklyga mümkinçilik berýär. Yssy klimatly ýerlerde hokkeý oýny oýnalanda-da emeli döredilen buzluklaryň örän uly ähmiýeti bardyr.     Sportuň gyşky görnüşleriniň iki toparyny tapawutlandyrmak bolýar: umumy indiwidual we toparlaýyn oýnalýan görnüşler. Sportuň gyşky görnüşleriniň umumy indiwidual toparyna lyža çapyşyklaryny, dag lyžasyny, snouborody, tramplinadan lyža bökmekligi, buzda tans oýnamaklygy, sankida ýaryşmaklygy, skeletony, bobsleýi hem-de gar ýodalaryndaky typmaklygy degişli etmek bolýar. Toparlaýyn oýnalýan görnüşlerine şaýbaly hokkeý, pökgüli hokkeý we kýorling degişlidir. Sportuň gyşky görnüşleriniň arasynda dünýä boýunça iň meşhury hokkeý hasaplanylýar.     Sportuň gyşky görnüşleriniň ajaýyplygy hem-de täsinligi olaryň gelip çykyş taryhy barada bilmeklige gyzyklanma döredýär. Demirgazyk sebitlerde gyş aýlarynda garyň köp ýagmagy we buzuň emele gelmegi sanki, lyža, konki ýaly transport serişdeleriniň köpelmegine getiripdir. Bu transport serişdeleri hem öz gezeginde gyş pasly üçin dürli hili oýunlaryň we sportuň köp görnüşleriniň peýda bolmagyna getirýär. Ýylyň aglaba böleginde otrisatel temperaturaly gyş pasly dowam edýän döwletlerde sportuň gyşky görnüşleri has hem meşhurlyga eýedir. Buzda hokkeý oýnamak, konkide çapyşmak, pökgüli hokkeý oýnamak ýaly görnüşler açyk asmanyň astynda oýnalmaga niýetlenilendir, ýöne şeýle bolsa-da, XX asyryň ortalaryndan başlap, sportuň bu görnüşleri bilen hem ýörite gurlan binalarda meşgullanylyp başlanylýar. Sportuň 60-a golaý gyşky görnüşleri bolup, olaryň häzirki wagtda giňişleýin ýaýranlaryndan buzda tans oýnamaklygy, şort-treki, konkide çapyşygy, şaýbaly hokkeýi, dag lyžasyny, biatlony, fristaýly, skibordy, telemarky, bobsleýi, sanki sportyny, skeletony, kýorlingi, rinkboly, aýsştoky, pökgüli hokkeýi, ringetti we beýlekileri görkezmek bolýar.     Hokkeý, buzda tans oýnamak, slalom, lyža gonkileri, biatlon yssy klimatly ýerleriň ýaşaýjylary üçin sportuň iň täsin görnüşleri hasaplanylýar. Biziň Watanymyz Türkmenistanda gyşyna howanyň temperaturasy günorta sebitlerde +20+25 ⁰C–ä çenli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň çäklerinde tomus aýlarynda bolsa, howanyň temperaturasynyň +45+47 ⁰C-ä çenli ýokarlanýandygyny görmek bolýar. Emma Gündogaryň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sportuň ýokardaky ady agzalan görnüşlerine gyzyklanma bildirilip, olar bilen meşgullanmaga uly üns berilýär.     Biziň ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap kemala getirmek, ýetginjekleriň arasynda sportuň gyşky görnüşlerini has hem  kämilleşdirmek maksady bilen emeli gar örtükli ýörite lyža ýollarynyň döredilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Buzly köşgüň döredilmegi bilen ýaşlaryň arasynda dünýä boýunça iň meşhur sport oýny bolan hokkeý giň gerime eýe bolup ugraýar. Ondan soňra sportuň gyşky görnüşleri boýunça 2 sany buzly arenadan we 10 müň orunlyk tomaşaçy zalyndan ybarat bolan sport toplumynyň döredilmegi bilen ýurdumyzyň türgenleriniň bu görnüşler boýunça işjeň taýýarlanyp, halkara olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna mümkinçilik döretdi.     Güýçli türgenleri taýýarlap, olimpiýa derejesine çykmak üçin ökde trenerleriň elinde bir däl-de, birnäçe ýyllaryň dowamynda taýýarlanmaklyk zerurdyr. Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri mundan hem has ösüp, gelejekde Türkmenistan döwletimiziň bu ugurda dünýä arenasynda tanaljakdygyna ynanýarys!   Orazjemal SYRAÇMUHAMMEDOWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba Hojalyk uniwersitetiniň talyby.
    7
  • Tejen etrabynda mugallymlaryň arasynda mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi
    Tejen etrabynda mugallymlaryň arasynda mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi
    Ahal infoAhal info
    “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyny dabaralandyrmak we Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 30-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça  geçirildi.     Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi.   Diýseň çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda ýer eýeleri  netijeli oýun görkezip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 36-njy mekdep, 3-nji orny bolsa 42-nji mekdebiň mugallymlary eýelemegi başardylar.   Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.   Myrat Çaryýew Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy
    24
  • 13 ýaşly türkmen gyzy Moskwa şäherinde geçirilen küşt ýaryşynda kümüş medal gazandy
    13 ýaşly türkmen gyzy Moskwa şäherinde geçirilen küşt ýaryşynda kümüş medal gazandy
    Ahal infoAhal info
    Moskwada küşt boýunça geçirilen abraýly ýaryşda 13 ýaşly türkmen gyzy Mähri Agamyradowa ikinji orny eýeledi. M.M.Botwinnigiň ýadygärligine bagyşlanan açyk halkara ýaryş Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýadan we Özbegistandan wekilleri jemledi.   8-nji tapgyrda Mähri Agamyradowanyň (FIDE reýtingi – 1583) hem-de dünýä we Ýewropa çempionatlarynyň baýraklarynyň birnäçesini eýelän russiýaly Anna Şuhmanyň arasyndaky duşuşyk altyn medalyň eýesini mälim etdi. Iki aý mundan öň Batumide (Gruziýa) geçirilen dünýä çempionatynyň blis ýaryşynda Annany ýeňen ildeşimiz nusgawy usuldan geçen nobatdaky dartgynly duşuşykda rus küştçüsinden asgyn geldi. Şeýlelikde, 8 utukdan 5,5 utuk toplan türkmen gyzy ikinji orna mynasyp boldy.
    23
  • AFK-nyň Aşgabatda geçirilýän PRO derejeli tälimçilik okuwynyň birinji we ikinji tapgyrlary tamamlandy
    AFK-nyň Aşgabatda geçirilýän PRO derejeli tälimçilik okuwynyň birinji we ikinji tapgyrlary tamamlandy
    Ahal infoAhal info
    AFK-nyň Aşgabatda geçirilýän PRO derejeli tälimçilik okuwynyň birinji we ikinji tapgyrlary tamamlandy. Bu tälimçilik okuwynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar nazaryýetdir tejribe sapaklaryna gatnaşdylar.   Tälimçilik okuwynyň UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Gennadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Moldowaly hünärmene bu ugurda ýerli hünärmen, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow ýardam berýär.  
    20
  • Türkmen türgenleri Saud Arabystandaky geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar
    Türkmen türgenleri Saud Arabystandaky geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar
    Ahal infoAhal info
    Türkmen agyr atletikaçylary 2023-nji ýylyň 4 — 17-nji sentýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça 88-nji dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Çempionata ýurdumyzdan 15 sany türgen gatnaşar. Bu dünýä çempionatyna 117 ýurtdan 700-den gowrak türgen gatnaşar.   Çempionat 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky saýlama ýaryşlaryň biridir.   
    17
  • Türkmen küştçüleri «Başkent Open 2023» halkara festiwalynda
    Türkmen küştçüleri «Başkent Open 2023» halkara festiwalynda
    Ahal infoAhal info
    Türkmen küştçüleri 15 – 20-nji awgust aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen «Başkent Open 2023» halkara festiwalyndan ajaýyp netijeler bilen dolandylar. 8 ýurtdan 600 küştçiniň gatnaşmagynda geçen halkara küşt festiwaly ulularyň arasynda ýaş derejeleriň dördüsi (A, B, C, D), çagalaryň arasynda bolsa üçüsi (10, 12, 14 ýaşa çenli) boýunça ýaryşlary özünde jemledi. Türkmen küştçüleriniň ikisi bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi başardylar.   Bu ýerdäki küştçüleriň iň güýçlüleriniň bäsleşigi bolan A derejeli ýaryşda ildeşlerimizden halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew (2482 reýting) çykyş etdi. Ol ikinji tapgyrda ýeňlişe sezewar bolandygyna garamazdan, şondan soň netijeli oýun görkezmegiň hötdesinden geldi. 4 duşuşygyny ýeňiş, 3 oýnuny bolsa deňlik bilen tamamlan türkmen küştçüsi iň ýokary netijeleri görkezen küşt ussatlarynyň hataryna goşuldy. Mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk gazanan ildeşimiz ikinji orna eýe çykdy. Ildeşimiziň utuklarynyň sany diňe 7,5 utuk jemlän gruziýaly Nikolaz Petriaşwiliniňkiden (2458 reýting) az boldy.  
    15
  • Türkmen türgenleri uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatyndan 16 medal bilen dolandylar
    Türkmen türgenleri uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatyndan 16 medal bilen dolandylar
    Ahal infoAhal info
    Türkmen türgenleri Çolpan-Ata şäherinde geçen uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatyndan 16 medal bilen dolandylar.   Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň uniwersal söweş görnüşiniň hem uly ösüşlere eýe bolýandygy şu ugur bilen meşgullanýan türgenlerimiziň iri ýaryşlarda gazanýan netijelerinde aýdyň beýanyny tapýar. Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň eýe bolan netijeleri bu hakykatyň nobatdaky görkezijisine öwrüldi. Yklymyň nobatdaky çempionaty 10-dan gowrak döwletden 100-e golaý türgeni kabul etdi.  
    14
  • Uşuçy ýetginjeklerimiz Makaoda geçen Aziýa çempionatynyň medallaryna eýe boldular
    Uşuçy ýetginjeklerimiz Makaoda geçen Aziýa çempionatynyň medallaryna eýe boldular
    Ahal infoAhal info
    Türkmenistanyň uşu boýunça ýygyndy topary Makaoda geçen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda uly üstünlik gazandy. Türgenlerimiz çempionatyň medallarynyň üçüsini eýelediler.      56 kilograma çenli agram derejesindäki dartgynly göreşlerde çykyş eden Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Gudrat Öwezgeldiýew ýygyndy toparymyza ýaryşyň ilkinji medalyny getirdi.    Türkmen türgeni Makaodan, Eýrandan we Gazagystandan bolan türgenleriň arasynda ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezdi we hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
    21