Ýorunja ösümligi
GoroglyGorogly
275
Ýorunja ösümligi
Ýorunja ösümligi Ýorunja bede taýýarlamak üçin ulanylýar. Ol ösümlik beloklaryna baý bolup, ýerini çalşyp bolmaýan aminokislotalary saklaýar. Şeýle hem belogyñ, karotiniñ, kalsiniñ, magniniñ ýokary mukdarda saklanyşy bilen häsiýetlendirilýär. Ýorunja 2-30 C gögerip bilýär, tohumyñ gögerijilik ukyby 50 C çenli, 5-60 C we ondan hem aşak doñaklyga çydap bilýär. Ýorunja alabaharda 70 C ösüp başlaýar. Gowy şertlerde çyglylyk we ýylylykda (20-220) ýeterlik bolanda orulandan 40-45 günden soñ döwri başlaýar. Ol 33-400 C çenli yssa durnuklydyr. Ýorunjanyñ baldagynyñ we şahajyklarynyñ sany onuñ gürlügine, topragyñ hasyllylygyna bagly bolýar. Olarda baldaklaryñ sany 3-5-den 40 çenli bolup bilýär.Ýorunjanyñ esasy görnüşleriniñ arasyndaky özara syna aýratynlyklary. Olaryñ gülleriniñ reñki we miweleriniñ şekilleridir. Köpýyllyk ýorunjanyñ ähli güşleri ösümlikleriñ tipine degişlidir. Ýorunja örän tiz boý alyp ösýär. Ol orulandan 10 günden soñ täze baldajyklar emele getirip, onuñ boýy 10 sm ýetýär. Ýylda 5-7 orum edip bolýar, şol sebäpli ýorunja örän ýokary önümli hasaplanylýar. Sary ýorunja pes boýly, haýal ösýär, ýylda bir ýa-da iki orum edilýär. Şol sebäpli ol ekilýän ýa-da gök ýorunjadan önümliligi pesdir. Sary ýorunja sowuga, duza örän çydamly, şeýle hem zyýankeşlere we dürli kesellere durnuklydyr. Ýorunja däneli ekinlerden bugdaýdan, darydan, sudan otundan, mekgejöwenden soñ ekişe has gowy bolýar. Ýorunja ekilýän meýdany haşal otlardan arassa we çüýrüntgä baý topraklarda ýokary hasyl berýär. Eger ýorunjadan öñ başga ekin ekilşe taýýarkanýar, ýorunja ekilmezden öñ bahar aýlary ilki dyrmyk soñra çizel borona geçirilip taýýarlanylýar. Ekiljek meýdan gowy tekizlenen bolmaly. Eger-de ýorunja ekiljek meýdan gowy tekizlenmedik ýagdaýda gögeriş almak kyn bolýar. Ekilýän döwri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek has gowy netije berýär. Esasan superfosfat berilse her gektara 50-60 kg möçberde gowy netije berýär. Ýorunja ekilmezden öñ gowy arassalanmalydyr. Ony dine däne arassalaýjy maşynlardan geçirip ekmeli. Ýorunja ekilende tutuşlaýyn ekilýär. Bir gektar ýere ýorunja ekmek üçin suwarymly şertlerde azynda 14-16 kg tohum sepmeli. Ekiş ýörite ýorunja ekýän ekijiler bilen geçirilýär. Tohumy ekmegiñ çuñlugy 2-3 sm barabardyr. Ýorunja gögerip çykandan soñra ideg işleri talap edýär. Ol 6-7 sany hakyky ýapragy emele getirende ösüş suwlary talap edýär. Suwuñ mukdary 600-800 m3/ga çenli tutulýar. Galan suwlar her orumdan soñ berilýär. Kesellere, mör-möjeklere agrotehniki, biologiki, himiki çäreler ulanylýar. Ýorunjanyñ her orumy gülländen soñra orulyp alynýar. Tohum üçin hasyly bolsa kösükleri doly bişenden soñra ýörite maşynlaryñ kömegi bilen geçirilýär. Gülnur Otyzowa Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ýorunja ösümligi makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy
Meşhur habarlar
Beýlekiler
  • Azerbaýjanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi
    Azerbaýjanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi
    OrientOrient
    2-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
    5
  • Guterriş: BMG Türkmenistan bilen bilelikdäki işleri dowam etdirmäge umyt bildirýär
    Guterriş: BMG Türkmenistan bilen bilelikdäki işleri dowam etdirmäge umyt bildirýär
    OrientOrient
    Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Zuzana Çaputowa, Sloweniýanyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar, Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel gutlag hatlaryny ýolladylar.
    3
  • Aşgabatda fransuz dokumental filmi görkeziler
    Aşgabatda fransuz dokumental filmi görkeziler
    OrientOrient
    Aşgabatdaky Fransuz instituty 5-nji oktýabrda “Unudylan Fedçenko buzlugy” atly dokumental filme tomaşa etmäge çagyrýar. Ol fransuz ýazyjysy, “Albert Londres” baýragynyň laureaty, Fransuz barlagçylar jemgyýetiniň agzasy Sedrik Gra tarapyndan 2022-nji ýylda ekrana goýberildi.
    4
  • Türkmenistanda kazynyň wezipesinde bolmagyň aňryçäk ýaşy kesgitlendi
    Türkmenistanda kazynyň wezipesinde bolmagyň aňryçäk ýaşy kesgitlendi
    OrientOrient
    Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinde aňryçäk ýaşy 70 ýaş, beýleki kazylaryň aňryçäk ýaşy 65 ýaş hökmünde kesgitlenendir. Ýöne Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň teklipnamasy boýunça ýaş çägi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýene 5 ýyl uzaldylyp bilner.
    6
  • Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi
    Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi
    OrientOrient
    Günäsini ak ýürekden boýun alanlar indi ejir çeken bilen ylalaşmak we ýagdaýlaryň üýtgemegi netijesinde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksinden gelip çykýan sanksiýalardan doly boşadylyp bilner.
    14
  • Bütindünýä deňiz güni
    Bütindünýä deňiz güni
    GoroglyGorogly
    Bütindünýä deňiz güni Bütindünýä deňiz güni BMG-niň ulgamyndaky halkara baýramçylyklaryň biridir. Bu sene, 1978-nji ýyldan bäri hökümetara deňiz geňeş guramasynyň (Halkara deňiz guramasy, IMO) mejlisiniň 10-njy mejlisiniň karary bilen bellenilip geçilýär. Ol 1980-nji ýyla çenli 17-nji martda bellenip, soň bolsa senesini sentýabryň soňky hepdesiniň bir gününe geçirmek kararyna gelindi we 2023-nji ýylda 28-nji sentýabrda bellenilýär. Bütindünýä deňiz gününiň maksady, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni deňizde we ummanlarda aşa köp balyk tutmagy, suwuň hapalanmagy we global ýylylyk sebäpli düzedip bolmajak zyýana, şeýle hem geljekki nesiller üçin deňizleriň biologiki, tebigy we dynç alyş baýlyklaryny gorap saklamagyň derwaýys meselelerine çekmekdir. Iň möhüm wezipeler hem deňiz ulaglarynyň daşky gurşaw howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, deňiz gurşawynyň, esasanam nebitiň hapalanmagynyň öňüni almak, bioresurslary goramak we brakonerlige garşy göreşmek bolup durýar. BMG-niň maglumatlaryna görä, soňky 100 ýylda tunes, treska, marlin ýaly balyk görnüşleri 90% tutuldy. Her ýyl deňizlere we ummanlara, takmynan, 21 million gap nebit guýulýar. Uly suw desgalaryna zyňylan sintetiki galyndylar ýylda bir million deňiz guşuny we 100 müň sany deňiz süýdemdirijisini öldürýär. Soňky 100 ýylda global ýylylyk sebäpli planetanyň uly suw howdanlarynda suwuň derejesi 10-25 santimetr ýokarlandy. Mundan başga-da, harytlary deňiz arkaly daşamak, halkara harytlary daşamagyň iň täsirli we tygşytly usuly hökmünde deňizleriň we ummanlaryň ekoulgamlaryny hem bozýar. Galyberse-de, dünýä söwdasynyň 80%-i deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Şonuň üçin howpsuz we netijeli halkara ýük daşamagynyň ösüşi, ýaşyl ykdysadyýet we durnukly ösüş ugrundaky geljekki taslamalaryň açarydyr. Bu meseleleriň ählisini öňe sürmek, HPG-nyň işinde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Energiýanyň netijeliligi, täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, işgärleri taýýarlamak, deňiz howpsuzlygy, gämi dolandyryşy we infrastrukturany ösdürmek - bu meseleleriň ählisi global standartlaşdyrmagy talap edýär. Şonuň üçin her ýyl belli bir möhüm ekologiýa mowzugyna bagyşlanan Bütindünýä deňiz güni dürli ekologiýa, daşky gurşaw we bilim çäreleri hem-de ýörişler bilen bilelikde geçirilýär.   Muhammet BATYROW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Bütindünýä deňiz güni makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy
    3
  • Bütindünýä binagärlik güni
    Bütindünýä binagärlik güni
    GoroglyGorogly
    Bütindünýä binagärlik güni Her ýylyň oktýabr aýynyň birinji duşenbesinde binagärleriň hünär baýramçylygy bolan Bütindünýä binagärlik güni bellenilýär. Şeýle-de bolsa, ol diňe bir tassyklanan binagärler tarapyndan däl, eýsem binagärlik eserlerini bilýänler tarapyndan hem bellenilip geçilýär. Bütindünýä binagärlik güni, Halkara binagärler bileleşigi (UIA) tarapyndan 1985-nji ýylda döredildi. Iýul aýynyň ilkinji duşenbesi dynç alyş güni hökmünde saýlandy. Emma 1996-njy ýylda UIA-nyň 20-nji Baş Assambleýasy geçirilmegi bilen, dynç alşy BMG-niň halkara günler ulgamynda bellenilýän Bütindünýä Habitat gününiň hormatyna oktýabr aýynyň birinji duşenbesine geçirmek kararyna gelindi. Her ýyl baýramçylygyň mowzugy binagärler bilen baglanyşykly saýlanýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda Bütindünýä binagärlik güni mynasybetli, UIA-nyň kömegi bilen binagärleriň bilimlerini we tejribelerini paýlaşyp, meseleleriň çözülmegine gatnaşyp biljek binalaryň we desgalaryň gurluşygy we dikeldilmegi bilen baglanyşykly forumlar, maglumatlar we konferensiýalar guralýar. Binagärligi halaýanlar hem bir gapdalda durmaýarlar. Baýramçylyk mynasybetli olar üçin hem dürli sergiler we gezelençler gurnalýar.   Aýgül HALLYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Bütindünýä binagärlik güni makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy
    2
  • Täzelenen Tesla Model Y Hytaýda satuwa çykarylýar
    Täzelenen Tesla Model Y Hytaýda satuwa çykarylýar
    GoroglyGorogly
    Täzelenen Tesla Model Y Hytaýda satuwa çykarylýar Tesla garaşylmadyk ýagdaýda oktýabr aýynyň başynda Tesla Model Y-ny Hytayda satuwa çykardy. Täzelenmek barada aýdanymyzda, soňky hepdelerde çykan täze Model 3 ýaly üýtgeşiklikleri aňlatmaýarys. Şu wagta çenli has çäkli üýtgeşmeleri gören “Y Model” -iň hakyky täzelenmesine 2024-nji ýylda garaşylýar. Daşky dizaýna göz aýlasak, ilki bilen 19 dýuým tigirleriň üýtgändigini görýäris. Öňki kümüş tigirleriň ýerine, täze Model 3-de bolşy ýaly gara reňkler çalşyldy . Şeýle hem, kabinadaky agaç şkafyň dokma materialy bilen çalşylandygyny bellemelidiris. Tesla Model Y-nyň tehniki aýratynlyklary hem gowulaşdy. Täze wersiýada sagatda 0-100 km tizlik 5,9 sekunt alýar. Adatça bu gezek 6,9 sekunt töweregi boldy. Bu öndürijiligiň gowulaşmagynyň diňe adaty wersiýa degişlidigini bellemelidiris. Uzyn aralyk we ýerine ýetiriş wersiýalarynda hiç hili üýtgeşme ýok. https://gorogly.com/tehnologiya/renkini-uytgedyan-elektrik-awtoulag/ Aralyk nukdaýnazaryndan, CLTC standarty Model Modeliň diapazonyny 545 km-den 554 km-e çenli ýokarlandyrdy. Energiýa ätiýaçlygynyň artdyrylan görnüşinde diapazon takmynan 30 km - 660 km-den 688 km çenli ýokarlandy. Öndürijilik wersiýasynyň diapazony üýtgewsiz galýar. “Tesla Model Y” -yň Hytaýdaky bahasy 263,900 ýuandan başlaýar. Täzelenen Tesla Model Y Hytaýda satuwa çykarylýar makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy
    17