Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 74-iş belgili buýrugy

TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 74-iş belgili B U Ý R U G Y «Binalaryň üçekleri we üsti» atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 46-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk, şähergurluşyk işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn : 1. «Binalaryň üçekleri we üsti» atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar). 2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 30-njy aprelinde 861 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Binalaryň üçekleri we üsti» atly TGK 2.03.10-01* belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 16-njy aprelinde çykaran MB-31 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. 3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary gözegçilik etmeli. Ministr A.Geldiýew Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 74-iş buýrugy bilen tassyklanyldy “Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary I bap. Umumy düzgünler 1. Şu “Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 46-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk, şähergurluşyk işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini bellenilen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy. Şu Kadalaryň düzgünleri pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmanydyr. 2. Rulonly, mastika materiallardan, tolkunlaýyn listlerden, doly zawod taýýarlygyndaky gurnama demirbeton plitalardan, bir bitewi demirbetondan, ýekeleýin materiallardan, dürli maksatly binalar we desgalar üçin metal listlerden çerdakly we çerdaksyz binalaryň üçegi we üsti taslananda şu Kadalary berjaý etmek zerurdyr, degişli kadalar bilen binalaryň üstüniň aşagyndaky giňişliklere hem-de üstüne ýörite talaplar bildirilýän binalar we desgalar muňa girmeýär. 3. Binalaryň üsti taslananda şu Kadalar bilen bir hatarda, ýangyna garşy göreş kadalary, seýsmiki sebitlerde, çökýän ýerlerde we işlenilip geçilýän çäklerde gurluşyk kadalary, şeýle hem ekologiýa kadalary ýaly degişli ýörite kadalaşdyryjy resminamalar arkaly bildirilýän talaplary nazara almak zerurdyr. Ýaşaýyş jaýlary bir hatara üznüksiz sepleşdirilen ýagdaýynda çerdak jaýlaryny we çerdaksyz üçekleriniň diňe ikisini utgaşdyrmaga ýol berilýär. Beýleki ähli halatlarda ýangyna garşy bellenen talaplara laýyklykda ýangyna garşy diwarlary ýerine ýetirmek zerurdyr. 4. Binalaryň üçegi we üsti üçin ulanylýan materiallar döwlet we pudaklaýyn standartlaryň, tehniki şertleriň, sanitariýa-arassaçylyk we ekologiýa kadalaryň talaplaryna, olar bolmadyk halatynda bolsa, şol materiallar üçin tehniki resminamalaryň Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen bellenilen tertipde ylalaşylan talaplaryna laýyk gelmelidir. Ýurdumyzyň çäginiň daşyndan getirilen materiallar üçin sertifikatlar (güwänamalar) we olaryň ähtibarlygyna, uzak möhletli ulanylyp boljakdygyna we fiziki, himiki häsiýetleriniň we radiasiýa derejesiniň zyýansyzdygyna güwä geçýän beýleki resminamalar bar bolan ýagdaýynda, şol materiallaryň ulanylmagyna ýol berilýär. Önümçilik we ammar jaýlarynda binalaryň üstünde ýanýan we kynlyk bilen ýanýan bina üsti ýyladyjysynyň materiallary ulanylan ýagdaýda ýangyna garşy göreş zolaklarynyň arasyndaky meýdanlaryň möçberi, ýangyna garşy zolaklary gurmak, şeýle hem binalaryň üstüniň ýangyna garşy diwarlar bilen kesişýän ýerlerini ýangyna garşy bellenen talaplara laýyklykda taslamak gerekdir. 5. Taslama resminamalarynda şulary görkezmek zerurdyr: 1) döwlet standartlaryna we tehniki şertlere ýa-da beýleki resminamalara salgylanmak bilen, binalaryň üçeginiň we üstüniň gurluşyny, materiallaryň hem-de önümleriň adyny we kysymyny; 2) ýapgytlyk derejesini, deformirleme sepleriň ýerleşýän, suwakarlaryň, lagym turbalarynyň, zenit çyralarynyň, şemalladyjy şahtalaryň, radio we teleantenalarynyň daýançlarynyň hem-de gapdal saklaýjy urganlarynyň we binalaryň üstüne çykýan beýleki parçalaryň ýerleşýän ýerlerini, şeýle hem diwarlara, parapetlere, şahtalara, şemalladyjy çykgytlara we beýleki gurluş parçalaryna ýanaşýan ýerlerinde binalaryň üçeginiň hem-de üstüniň detallary; 3) hökmany tehnologiki talaplary, şeýle hem ekologiki howpsuzlygy üpjün edýän talaplary; 4) binalaryň üstünde işler geçirilen mahaly ýangyndan goramak we ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek baradaky çäreleri; 5) posa garşy örtükleriň ýerlerini we olary çalmagyň tertibini, şeýle hem olara bildirilýän esasy talaplar; 6) hökmany antiseptiki zyýansyzlandyrma we ýangyn goragyna işläp taýýarlama degişli gurnawlaryň elementleri, detallary, önümleri, materiallary we onuň usullary. 6. Şu Kadalarda ulanylan adalgalar “Ulanylan esasy adalgalar” atly şu Kadalara 1-nji goşundyda berilýär. Şu Kadalarda talaplary göz öňünde tutulyp, salgylanylan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň “Peýdalanylan kadalaşdyryjy hukuknamalara we kadalaşdyryjy resminamalara salgylanmalaryň sanawy” atly şu Kadalara 2-nji goşundyda getirilendir. II bap. Binalaryň üçegi §1. Binalaryň üçeginiň toparlara bölünişi we olary seçip almak 7. Binalaryň üçegi şu esasy alamatlary boýunça toparlara bölünýär: 1) depesiniň eňňitligi boýunça - tekiz eňňitli 0 - 2,5%, ýapgyt eňňitli 2,5 - 10%, 10%-den köp derejede eňňit we üýtgäp durýan eňňitli - egri ýagdaýda; 2) taýýarlanyş usuly boýunça - zawodda ýasalan parçalardan gurnama we gurnalyp ýerine ýetirilen üçekler; 3) jemleniş-gurnaýyş çözgüdi boýunça - çerdakly we çerdaksyz; 4) binalaryň üsti üçin ulanylan materiallar boýunça - rulonly we mastika materiallaryndan, gurnama hem-de bir bitewi demirbeton plitalardan, listleýin, ýekeleýin materiallaryndan ýasalanlary; 5) ýylylygy saklamak derejesi boýunça - ýyladylan we sowuk; 6) esasy göteriji gurnawlary boýunça - gurnama demirbeton, agaçdan jebislenen stropila ulgamy, profilirläp düşemek bilen gurluş taýdan metal ulgamlary, ýerli däp bolan gurnawlar hem-de metal örtük-jebisleme ulgamlary; 7) suw akdyryş usuly boýunça - içinde, daşynda gurnalan, gurnalmadyk suwakarlar bilen. 8. Binanyň üsti, örtügi, ýylylyk materiallary, çerdagyň diwary, çerdagyň basyrgysy, çerdagyň basyrgysyndan ýokarda ýerleşen gurawlaryň parçalary (elementleri) binanyň üçeginiň düzümine girýär. Rulonsyz we üsti örtülmeýän binalaryň üsti bolan çerdakly üçeklerde binanyň üst örtügi binanyň üstüniň wezipesini hem ýerine ýetirýär. Çerdakly üçekler sowuk, açyk we ýyly çerdaklar bilen gurlup bilner. Çerdaksyz üçekler şemalladylýan howa gatlagy bilen we şemalladylmaýan - tutuş bitewi gurnawlar bilen taslanýar. Olar gurnalyp ýerine ýetirilip we zawodda taýýarlanylan toplumlaýyn panellerden ýasalyp bilner. Binalaryň üstüniň jemleme-gurnawçylyk çyzgytlary “Üçekleriň jemleme- gurnawçylyk çyzgydynyň mysallary” atly şu Kadalara 3-nji goşundyda berilýär. 9. Binalaryň üstüniň görnüşi we gurnawlary şu Kadalaryň onunjy we on birinji böleklerinde bellenen talaplary hasaba almak bilen şu Kadalaryň 1-nji tablisasyna laýyklykda saýlap alynýar. 1-nji tablisa Binalaryň görnüşi Üçekleriň görnüşleri we gurnawlary çerdakly çerdaksyz senagatda öndürilen elementlerden gurnalyp örtmek bilen şemalladyl-ýan şemalladyl-maýan Ýaşaýyş jaýlary: 4 gata çenli we 4 gat ýol berilýär ýol berilýär ýol berilýär ýol berilýär 5 we ondan köp gat ýol berilýär ýol berilmeýär ýol berilýär ýol berilmeýär* Jemgyýetçilik binalary: 4 gata çenli we 4 gat ýol berilýär ýol berilýär ýol berilýär ýol berilýär** 5 we ondan köp gat ýol berilýär ýol berilýär ýol berilýär ýol berilmeýär Mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary: 4 gata çenli we 4 gat ýol berilýär ýol berilýär ýol berilýär ýol berilmeýär Önümçilik binalar, gaňatly: 9 metre çenli gerimi bolan ýol berilýär ýol berilýär ýol berilýär ýol berilýär 9 metrden köp gerimi bolan ýol berilmeýär ýol berilmeýär ýol berilýär ýol berilýär *Şemalladylmaýan üçekler buýrujy tarapyndan berilýän taslamaklyga tabşyrygynda tehniki gatyň öwezini dolujy çäreler bilen esaslandyrylan halatynda ygtyýarly edaranyň ylalaşmagy bilen ýol berilýär. **Saglygy goraýyş edaralarynda üst örtüginiň aşagynda tehniki gaty gurnamagy göz öňünde tutmak zerurdyr, ýylylyk tehniki taýdan esaslandyrylan ýagdaýynda şemalladylmaýan çerdaksyz üçekleri gurnamaklyga ýol berilýär. 10. Ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini, adatça çerdakly taslamak gerekdir. Aýratyn binagärlik-meýilleşdiriş çözgütleri bolan binalar üçin, degişli tehniki taýdan esaslandyrylan ýagdaýynda (tehniki gaty bolanda) çerdaksyz şemalladylýan üçekleri gurmaga ýol berilýär. Jemgyýetçilik binalarda çerdakly we çerdaksyz üçekleri ulanmaga ýol berilýär. Gaňat gerimi 9 metrden köp bolmadyk köp gatly önümçilik binalarynda adatça çerdakly üçekleri ulanylmalydyr. Gaňat gerimleri has uly binalarda olaryň näçe gatdan ybaratdygyna garamazdan, şemalladylýan we şemalladylmaýan çerdaksyz üçekleri ulanmaga ýol berilýär. Sowuk we açyk çerdakly üçekleri howa ýagdaýy babatdaky ähli sebitlerde ulanmaga ýol berilýär. 11. Üçekler şu talaplary hasaba almak bilen taslanylmalydyr: 1) gatlaryň sanyna garamazdan, üçekden içki suwakaryň bolmagyna binalaryň ähli görnüşinde ýol berilýär, (içki suwakaryň guýguçlarynyň iň uly aralygy 48 metrden uly bolmaly däldir) şunda ýaşaýyş jaýlarynda otaglaryň çäklerinde suwakarlary oturtmaga ýol berilmeýär; 2) daşky gurnalan suwakarda suw akdyryjy turbalaryň aralygy 24 metrden uly kabul edilmeýär; 3) daşky suwakarlary, beýikligi 3 gatdan köp bolmadyk binalarda ýol berilýär; 4) daşky tertipsiz ýerleşdirilen suwakarlar ulanylanda binalaryň girelgeleriniň we ýokarky gatlaryň balkonlarynyň ýokarsyna suw üzňeleýji erňeklerini gurmak zerurdyr. Karniziň çykyp duran ýeri azyndan 60 santimetr bolmalydyr. Tertipsiz ýerleşdirilen suwakarlaryň ähli elementlerinde (karnizler, balkonlar, friz daşlary we başgalar) akyp gelýän suwlar binanyň ýüz tarapyna düşmezligi üçin ternawlary göz öňünde tutmalydyr. Jemgyýetçilik binalarynda daşky tertipsiz ýerleşen suwakarlary ulanmaga ýol berilmeýär. §2. Üçekleri gurmaga bildirilýän talaplar 12. Bina “Üçekleriň jemleme-gurnawçylyk çyzgydynyň mysallary” atly şu Kadalara 3-nji goşundynyň 2-nji suratyna laýyklykda, çerdakda jaýyň uzaboýuna zowwam geçýän beýikligi 1,6 metrden az bolmadyk ugurdaş geçelge bilen üpjün edilmelidir. Gurnama demir-beton elementlerden ýasalan tekiz we ýapgyt üçeklerde çerdagyň beýikligi diwarlardaky we merkezi suwýygnaýyş lotoklaryň aşagynda azyndan 1,2 metr bolmalydyr (şu Kadalaryň 3-nji goşundysynyň 1-nji suratynyň “d”, “e”, “g”, “h” bentleri). Ýekeleýin ýa-da list görnüşli materiallardan örtülen ýapgyt eňňit üçeklerde çerdagyň beýikligi karnizleriň golaýynda azyndan 0,4 metr bolmalydyr (şu Kadalaryň 3-nji goşundysynyň 1-nji suratynyň “a”, “b”, “ç” bentleri). 13. Çerdaga we üçege çykalgalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda 903 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 19-njy awgustynda çykaran MB-65 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda 927 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly TGK 2.08.01-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran MB-66 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly TGK 2.08.01-15 belgili hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda 1222 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda göz öňünde tutmaly. Liftler bilen enjamlaşdyrylan jaýlarda çerdaga we üçege çykalgalary liftleriň maşyn otaglary bilen ýanaşyk otaglardan göz öňünde tutmalydyr. 14. Sowuk çerdagy şemallatmak üçin üst örtükde açylýan penjireleri, olaryň meýdanynyň üçek gatlagyň meýdanyna azyndan 1/500 gatnaşykly, jaýyň her uzaboýundaky tarapynda göz öňünde tutulmaly. Ýokarky gatyň otaglarynyň öte gyzmagyny kemeltmek maksady bilen jaýyň her tarapyndaky parapet panellerinde üçegiň 1/50 meýdanyna barabar bolan meýdanly deşikleri ýerleşdirmek zerurdyr. Açyk çerdakly diwarlaryň şemalladyş deşikleriň ölçegleri hasaplanylyp kesgitlenýär. Ýaşaýyş jaýlaryň her uzaboýundaky tarapynda deşikleriň meýdanynyň çerdak gatlagyň meýdanyna bolan gatnaşygy azyndan, 4 - 8 gatly jaýlarda 1/30 we azyndan 1/16 barabar - 9 gat we ondan beýik jaýlarda bolmaly. Çerdaga atmosfera ygallarynyň aralaşmazlygy üçin daşky diwar germewleriň dik kesiginde howa sorujy-çykaryjy deşiklere egri ýa-da basgançak görnüşde getirilmeli. Güýçli şemally we tozanly - tupanly etraplarda çerdagyň diwaryndaky deşiklere, şeýle hem üst örtükde açylýan penjirelerde žalýuzlary gurnamaly. 15. Açyk we ýyly çerdakly üçeklerde şemalladyş bloklary çerdak gatlagyň derejesinde kesilýär we onuň üstünden 0,6 - 0,9 metr beýiklikli beton uçlar bilen, şemalladyş kanallaryň kesigini gaýtalap tamamlanýar. Şemalladyş howanyň gyzgyn çerdakdan aýrylmagyny jaýyň her blok-bölümçesine bir sany basyrmada gurnalýan sorujy şahta arkaly göz öňünde tutmaly. Sorujy şahtanyň beýikligini şemalladyşy hasaplanyp kesgitlenmeli. Şunda şahta ýanaşýan jaýyň diwarynyň basyrmasyndan 0,5 metr beýik bolmaly. Lagym we zir-zibil geçirijileriň diregleriniň, ýerli sorujy ulgamlarynyň, düzüminde 1-nji we 2-nji derejeli howply (zyýanly) maddalary ýa-da partlama howply maddalary bolan umumy alşylýan sorujy ulgamlaryň, şeýle hem mehaniki gönükdirilen howa sorujy ulgamlaryň şemalladyş howasynyň açyk we ýyly çerdagyň giňişligine aralaşmagyna ýol berilmeýär. Ýyly çerdagyň çägine girýän gatlaklaryň lojiýalaryň üstündäki bölekleri hökmany ýylylyk üzňeleýjiniň düşelmegine degişlidir. 16. Şemallandyryş şahtalaryň agzynyň ýerleşişiniň beýikligini şeýle göz öňünde tutmaly: 1) ýapgyt üçeklerde: a) şahta bilen ýendowyň aralygy 1,5 metre çenli bolan ýagdaýynda ýendowdan 0,5 metr beýiklikde; b) şahta bilen ýendowyň aralygy 1,5 metrden 3 metre çenli bolan ýagdaýynda ýendow bilen deňlikde; ç) şahta bilen ýendowyň aralygy 3 metrden uly bolan ýagdaýynda ýendowyň ýapgydyndan 10º beýiklikde bolan çyzykda; 2) üçeksiz üstlerde - örtügiň ýokarsyndan 0,6 metr beýiklikde; 3) ýapyk parapetlerde - parapetden 0,5 metr ýokarda; 17. Çerdaksyz üçekleri saklamak, ýylylyk we gidroüzňeleýji wezipeleri ýerine ýetirýän panellerden taslamak maslahat berilýär. Panelleri netijeli ýyladyş gatlaklary bilen bilelikde, bir gatlakly ýa-da köp gatlakly taslamak gerekdir. 18. Çerdaksyz üçeklerde şemalladylýan howa gatlaklaryny we kanallary ýylylyk üzňeleýji örtüginiň üstünde onuň ýokarky zolagynda ýerleşdirmeli. Howa gatlagynyň ýa-da ähli kanallaryň üçege görä uzaboýuna kesiginiň meýdany üçegiň gapdal proeksiýasynyň meýdanynyň 1/500-inden az bolmaly däldir. Gatlagyň iň dar ýeriniň galyňlygy azyndan 50 millimetr bolmalydyr. Gatlaklar we kanallar daşky howa bilen iki sany daşky fasad arkaly birleşmelidir. Her bir fasadda howa sorujy - çykaryjy deşiginiň meýdany şemalladylýan gatlagyň kesişýän ýeriniň meýdanyndan az bolmaly däldir. Deşigiň öňünde şemalyň akymyny azaldýan tutulary we ekranlary oturtmak bolmaýar. 19. Binalaryň üçeklerinde şemalladylmaýan howa gatlaklaryny (boşluklaryny) howanyň otnositel çyglylygy 60%-den köp bolmadyk jaýyň üstünde ýol berilýär. 20. Ýanýan we kynlyk bilen ýanýan materiallardan profilirlenen metal düşekli we ýylylyk üzňeleýji gatlagy bolan jaý örtüklerinde 250 millimetr uzynlyga şol düşelen örtügiň boşluklaryny onuň diwarlara, deformirleme seplere, çyralaryň diwarjyklaryna, şeýle hem ýendowyň hem-de binanyň üstüniň eşegarkasynyň her bir tarapyndan galtaşýan ýerlerinde ýanmaýan materiallar bilen doldurmak gerekdir. Şol ýerlerde metaly poslamakdan goramagy, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda 50 belgili karary bilen tassyklanylan “Emal EP-5116. Tehniki şertler ” atly TDS-25366-82 talaplaryna laýyklykda bitumy ýa-da daş kömür-epoksid emalyny we başgalary ulanmagy göz öňünde tutmalydyr. Daşky ýangyna garşy göreş basgançaklaryň we ýokaryk çykylýan basgançaklaryň ýerleşýän ýerlerinde şol basgançaklaryň biri hökmünde suw bilen doldurylmadyk, şertli suw geçirijiligi 80 millimetr bolan, turbanyň ýokarky we aşaky uçlarynda birleşdirijiler oturdylan daşarky turbageçirijileri göz öňünde tutmak gerekdir. 21. Saklaýjy profilirlenen polat düşekli örtüklerde ýanýan materiallar, çalt ot alýan we ýanýan suwuklyklar hem-de gaz bolan abzallary we enjamlary oturtmaga ýol berilmeýär. 22. Ýyladylýan jaýlaryň üstünden ýyladylmaýan jaýlaryň we telärleriň üstüne suw geçirmegi taslamaga ýol berilmeýär. 23. Gurnalýan demir-beton bilen üsti örtülen (binalaryň üsti rulonsyz we örtüksiz) çerdak üçeklerinde ýekeleýin materiallardan we metal listlerden üsti örtülen çerdak üçeklerinde çerdak örtüginiň gurnawynyň seýsmiki täsire çydamlylygy hasaplanylmaýar. Çerdak örtügi seýsmiki täsiri kabul edýän berk gapdal diskiň wezipesini ýerine ýetirýär. Binalaryň monolit demirbetondan edilen üsti hem seýsmiki täsiri kabul etmeli däldir. III bap. Binalaryň üsti (üst örtügi) §1. Binalaryň üstüniň derejeleri we olaryň görnüşini seçip almak 24. Binalaryň üsti şu esasy alamatlar boýunça derejelere bölünýär: 1) taýýarlanylyş usuly boýunça - zawod tarapyndan dolulygyna taýýarlanylan ýagdaýda we gurnalyp ýerine ýetirilen ýagdaýda; 2) ulanylyş häsiýeti boýunça - ulanylýan we ulanylmaýan; 3) peýdalanylan materiallar boýunça - rulonly we mastiki materiallardan, demirbetondan, monolit we gurnama demirbeton plitalardan, ýekeleýin materiallardan (çerepisalar, asbestosement listler we başgalar), metal materiallardan (stropilalar boýunça binanyň üstüni örtmek üçin ulanylýan polat materiallardan we saklaýan profilirlenen örtükden). 25. Binalaryň üstüniň görnüşini ýapgytlygyna baglylykda şu Kadalaryň 2-nji tablisasy boýunça, gurluşyk sebitlerini bolsa şu Kadalaryň ýigrimi altynjy bölegini hasaba almak bilen, binanyň üstüne düşýän täsire baglylykda seçip almaly. Has uzak wagtlap ulanyp boljak we uly ulanyş harajatlaryny talap etmeýän material hökmünde howa ýagdaýlaryna çydamly gurnama we monolit demirbetondan binalaryň üstüni örtmek has ýaramly bolup durýar. 2-nji tablisa Binalaryň üstüniň görnüşi Ýapgyt-lygy, % Binalaryň üstüne düşýän täsir gyzyşy1) 2) C° çenli, şondan köp bolmazdan mehaniki urgular3) kg sm, şondan köp bolmazdan aşgarly erginler4) kislotaly erginler4) 1. Çüýremeýän esasda rulonly materiallardan we mastikalardan, armirlenen aýna materiallardan: a) Çagyldan gorag gatlagy bilen 0 - 10-dan az 65 1 ýol berilýär11) ýol berilýär6) b) Digir-digir dökülýän ýa-da reňklenilen gorag düzümli materiallardan ýokarky gatlak bilen 10 - 257) 75 1 ýol berilýär12) ýol berilýär6) ç) Rulonly elastomerli 1,5 - 2,5 75 ýol berilmeýär ýol berilmeýär ýol berilmeýär 2. Ulanyşdaky, aşakdaky gorag gatlagy bilen, rulonly we mastikaly materiallardan: a) Sement-çäge ergininden 1,5-e çenli 65 5 ýol berilýär ýol berilmeýär b) Beton we armosement plitalaryndan 1,5-e çenli 65 10 ýol berilýär ýol berilýär ç) Çäge asfaltbetondan 1,5-e çenli 65 5 ýol berilýär ýol berilmeýär 3. Demirbeton: a) Gurnama (rulonsyz we örtüksiz binanyň üsti) 5 - 10 80 5 ýol berilýär ýol berilmeýär b) Monolit (ulanylýany) 2,5-e çenli 80 10 ýol berilýär ýol berilmeýär 4. Ýekeleýin materiallardan: a) Asbestsement listleri 10 - 20 80 ýol berilmeýär ýol berilýär ýol berilmeýär b) Çerepisa azyndan 27 80 ýol berilmeýär ýol berilýär ýol berilýär 5. Metal: a) Binanyň üsti üçin listleýin polat 8 - 33 100 5 ýol berilýär ýol berilmeýär b) Profilirlenen örtük 10-a çenli 100 5 ýol berilýär ýol berilmeýär ç) bir ülňi ştamplanan ýa-da sozulyp ýasalan listler* 8 - 33 100 5 ýol berilýär ýol berilmeýär d) metalçerepisa* 8 - 33 100 5 ýol berilýär ýol berilmeýär 1) Binanyň üstüniň gyzmagynyň temperaturasy iýul aýy üçin gurluşyk ýylylyk tehnikasynyň we gurluşyk howa ýagdaýyny öwrenişiň ölçegleri boýunça (tehnologiki ýylylyk bölünip çykmasyny, gün radiasiýasyny hasaba almak bilen) hasaplanylyp kesgitlenilýär. Binanyň üstüniň gyzyş temperaturasyny azaltmak üçin açyk reňkdäki gorag gatlagynyň materiallaryny (çagyly) ulanmak gerek. Şöhleli ýylylyk çykarýan ýerli çeşmeler täsir eden ýagdaýynda binanyň depesiniň degişli ülüşleri aşagyndan asma ekranlar bilen goralmalydyr. 2) Ýylylyk bölünip çykyşy ýokary derejede bolan, gyzyş temperaturasy 80°С-den ýokary bolup biljek binalaryň örtüginiň ülüşlerinde galyňlygy 3 millimetr bolan keşbirlenilen tekiz polat listlerden binanyň üstüni basyrmagy göz öňünde tutmaga ýol berilýär. 3) Mehaniki täsirler agramy 10 kilograma barabar bolan gaty zatlaryň 1 metr beýiklikden düşýän urgusyna şertli ýagdaýda deňleşdirilýär: a) ýiti uçlary we gerişleri bolan gaty zatlar süýrelende. b) agramy 1 kilograma barabar bolan agaç piller we gaýry zatlar bilen iş geçirilende; ç) agramy 5 kilograma barabar bolan metal piller we gaýry zatlar bilen iş geçirilende mehaniki täsir etmek; 4) Binalaryň üstüne wagtal-wagtal yzgar alyp durýan, önümçilik netijesinde bölünip çykýan, düzüminde zyýanly täsir edýän maddalar bolan zatlaryň täsir etmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. 5) Mastikalar şu Kadalaryň 4-nji tablisasynyň bellikleriniň 2-nji we 3-nji bentlerini hasaba almak bilen, goşulýan goşundylardan ybarat bolmalydyr. 6) Gorag gatlagy üçin ulanylýan çagyl kislotanyň täsirine durnukly, atylyp çykan jynslardan bolmalydyr. 7) Binanyň üstüniň aýratyn halatlarda ýol berilýän 25%-den köp bolan ýapgyt ülüşlerinde ol 1,5 metrden köp uzynlykda bolanda ýylylyga has ýokary çydamly mastikalary ulanmaga we suw üzňeleýji halyny 2´25 millimetr ölçegdäki tol çüýleri bilen berkidilýän rulonly materiallaryň giňligini hem-de binanyň üstüniň meýdany boýunça azyndan 70 millimetr ýaýradyp ýerleşdirmegiň zerurdygyny hasaba almak bilen, binanyň üstüniň aşagyndaky esasa berkidilen antiseptirlenen agaç reýkalara 200 millimetrden berkidilmegini göz öňünde tutmak zerurdyr. 8) Zerur halatlarda suw üzňeleýji halysynyň üstüne şu Kadalaryň kyrk altynjy bölegine laýyklykda gorag reňk düzümlerini çalmagy göz öňünde tutmak zerurdyr. 9) Rulonly we mastikaly materiallardan gidroüzňeleýjili binalaryň ulanylýan üstünde gorag örtügi bolup durýan pol “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşundynyň 1-nji suratyna laýyklykda gidroüzňeleýjiden çagyl-çäge gatlak ýa-da şemalladylýan howa gatlagy bilen bölünen bolmalydyr. Çagyl-çäge gatlagy ýel bilen getirilýän ösümlik tohumlarynyň gögerip çykmagyndan goralan bolmalydyr. 10) Monolit betondan edilen ulanylýan binalaryň üsti şol birwagtyň özünde gidroüzňeleýji we gorag gatlagynyň wezipesini ýerine ýetirýär, şonuň üçin hem şolarda bölüji gatlak talap edilmeýär; 11) Mastikalar 3 - 5% mukdarda hlorpolietilen lakdan ybarat goşundydan, bitumdan we diňe karbonat jynslarynyň (mel, hek) üwelen doldurma garyndylaryndan ybarat bolmalydyr. 12) Suw üzňeleýji halysyna 1:2 gatnaşykda krowelit mastikasyny, esasyny nairit (NT) düzýän gumerleýji düzümi ýa-da esasyny hlorsupfirlenilen polietilin we bitum düzýän düzümi çalmagy göz öňünde tutmak zerurdyr. Aşgarly gatyň galyňlygy 0,5 mm bolmaly. 26. Rulonly we mastikaly materiallardan binalaryň üstüni esasan 1,5 - 2,5% ýapgyt bolanda ulanmaly, ýapgytlyk 10%-den köp bolanda bolsa şunuň ýaly binalaryň üstüni göz öňünde tutmaga degişli esaslandyrylan ýagdaýynda ýol berilýär. Gurnama demirbeton plitalardan binalaryň üstüni, esasan 5 - 10% ýapgyt bolanda, monolit plitalardan bolsa 2,5%-e çenli ýapgyt bolanda ulanmaly. Metal listlerden we ýekeleýin materiallardan ýasalan binalaryň üstüni 8 - 33% ýapgyt bolanda, çerepisalardan bolsa azyndan 27% ýapgyt bolanda ulanmaly. Profirlenilen polat düşelýän materiallardan binalaryň üsti ulanylanda nola barabar ýapgyda ýol berilýär. Monolit demirbetondan binalaryň üsti adatça ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň, sport desgalarynyň we başgalarynyň ulanylýan üçekleri üçin ulanylýar. Ýekeleýin materiallardan gurnalýan binalaryň üsti gurnama bolup durýar we esasan, az gatly gurluşykda hem-de 5 gatdan köp bolmadyk binalarda ulanylýar. 27. Binalaryň üstüniň ygtybarlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur halatlarda taýýarlaýan zawodda suw üzňeleýji gatlagy gurnamak ýa-da şu Kadalaryň altmyş birinji we altmyş ikinji bölekleriniň talaplaryna laýyklykda ýörite betony ulanmak bilen, gurluşyk babatda ýokary derejedäki taýýarlygy bolan örtükleriň senagat kärhanalarynda taýýarlanylan gurnawlaryny ulanmagy göz öňünde tutmak zerurdyr. 28. Binalaryň üstüniň gurnawlaryny, materiallary, kompozisiýalary we ýelmenilýän mastikalary Türkmenistanda ulanylýan standartlara hem-de tehniki şertlere laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen ylalaşylyp göz öňünde tutmak gerekdir. Daşky we bezeg-timarlaýyş örtgileri bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýär. §2. Rulonly we mastikaly materiallardan binalaryň üsti 29. Rulonly we mastikaly materiallardan binalaryň üstüniň gurnawlaryny olaryň ýapgytlygyna we ulanylýan materiallara (şol sanda kompozision materiallara) baglylykda şu Kadalaryň 3-nji tablisasyna laýyklykda göz öňünde tutmak gerekdir. Binalaryň üstüniň rulonly we mastikaly materiallardan örtükleriniň parçalarynyň çözgütlerini “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşunda laýyklykda, şeýle hem bitum pastalaryndaky mastikadan üçegi gidroüzňeligi taslamak hem-de gurmak boýunça bellenen tertipde tassyklanan Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda göz öňünde tutmalydyr. 3-nji tablisa Binanyň üstüniň ýapgytlygy,% Binanyň üstüniň görnüşi Esasy suwdan üzňeleýji halysy Suwdan üzňelik halysynyň üsti boýunça gorag gatlagy P-1 1 - 1,5 (tekiz eňňitli) Rulonly Däp bolup galan rulonly materiallardan꞉ a) ýelmenýän mastikaly ruberoidyň (rulonly materiallaryň) 5 gatlagy; b) eredilýän materiallaryň 2 gatlagy; ç) plýonkaly materiallaryň (bitum, polimer, polimer-bitum we başgalar) 3 gatlagy Çagylyň, antiseptirlenen bitum mastikasynyň gatlagy P-2 1 - 1,5 Mastikaly Mastikaly (bitum, polimer, rezin-bitum we başgalar) armirlenen çüýremeýän materiallar (aýnakendiri, aýna tory we başgalar) 8 - 10 millimetr galyňlykda Şonuň ýaly ýa-da bitum-rezin mastikaly P-3 1,5 - 2,5 (tekiz eňňitli) Rulonly, mastikaly Ýokarky gatlagyň ýylylyga durnuklylygy babatdaky talaplara laýyk gelýän, 6 - 8 millimetr galyňlykdaky rulonly materiallaryň we mastiki kompozisiýalaryň 3 gatlagyndan (3 - 4 sagadyň dowamynda azyndan 80ºС) Şonuň ýaly we digir-digir sepilýän material bilen P-4 2,5 - 10 (tekiz we ýapgyt eňňitli) Rulonly, mastikaly Şonuň ýaly, 3 - 4 sagadyň dowamynda azyndan 85ºС barabar ýylylyga durnukly we minus 10ºС-dan ýokary bolmadyk durnuklylykda Şonuň ýaly P-5 10 - 25 (eňňitli) Rulonly, mastikaly Şonuň ýaly 3 - 4 sagadyň dowamynda azyndan 90ºС barabar ýylylyga durnukly we minus 10ºС-dan ýokary bolmadyk durnuklylykda rulonly materiallardan we mastikadan 5 - 6 millimetr galyňlykda 2 gatlakdan ybarat Şonuň ýaly we açyk reňkdäki atmosferanyň täsirine durnukly gorag reňki (mysal üçin, lak BT-177) Bellikler 1. Reňkli iri digir-digir sepilýän materialy bolmadyk, alýumohlorfosfat düzümi, suwuk aýna ýa-da beýleki atmosfera täsirine durnukly materiallar bilen reňklenilen materiallardan ýokarky gatlagy bolan binalaryň üstüniň uzak wagtlap durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin binanyň üstüni bitumly-polimerli ýa-da beýleki atmosfera täsirine durnukly düzüm bilen gorag üçin reňklemegi göz öňünde tutmak maslahat berilýär. 2. Binanyň üstüniň çalt gopýan ülüşlerinde çagyldan gorag gatlagyna derek reňklenilýän düzümi göz öňünde tutmak gerek. 3. Mastikaly binalaryň üstünde aýna tory boýunça agramy boýunça 1:2 gatnaşykda taýýarlanylan bitumyň (“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili karary bilen tassyklanylan “Gurluşyk nebit bitumy. Tehniki şertler” atly TDS-6617-76 belgili döwletara standartyna laýyklykda) kerosindäki ergini bilen esasyny suwamagy göz öňünde tutmak gerekdir. Armirlenen aýna tory bilen mastika ulanylyp gurlan binalaryň üstünde mastikanyň we armirlenen düşekleriň gatlaklaryny bir gatlak azaltmaga ýol berilýär. 4. Binalaryň 10 - 25% ýapgytlygy bolan eňňit üstünde, eger olaryň ýokarky gatlagynda digir-digir we teňňe görnüşli düşelýän materiallar ulanylmadyk bolsa, binalaryň üstüni reňklemegi göz öňünde tutmak zerurdyr. Reňklemegi 2 - 3 ýyldan gaýtalap durmalydygyny taslamada görkezmek gerekdir. 5. Ýapgytlygy pes bolan we ygtybarlylygy üpjün edilen binalaryň üstünde 4 - 5 millimetr galyňlykdaky maýyşgak materiallardan suw üzňeleýji halysyny esasa ýelmemezden erkin ýagdaýda düşemäge ýol berilýär, şunda şolaryň üstünden soňra 40 millimetr galyňlykda çagyl gatlagyny düşemek bilen, maýyşgak materiallardan bolan düşegi öz aralarynda deslapdan ýelmemeli. Maýyşgak materiallardan bolan bir gatlakly bina üsti gurmagy iki gatlakly bina üsti paneller taýýarlananda örtülýän gidroüzňelik gatlagy hökmünde göz öňünde tutmaga ýol berilýär. 6. Rulonly binalaryň üsti gurlanda çüýremeýän esasdaky materiallar ileri tutup ulanmalydyr. 30. Üst örtügini rulon materiallardan gurnamak üçin ýelmenilýän (gyzgyn we sowuk) mastikalary hem-de plýonkaly materiallary ýelmemegi, şol sanda ýörite kebşirlemegi ulanmagy binalaryň üstüniň görnüşine we ýapgytlygyna baglylykda bellemek gerekdir. Şunda şu Kadalaryň 4-nji tablisasynyň maglumatlaryny peýdalanmaly, şeýle hem binalary we desgalary posdan goramagyň usullary we tehnologiýasy boýunça Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda 1715 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşyk gurnawlaryny posdan goramak. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.03.11-2023 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2023-nji ýylyň 15-nji maýyndaky 211-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, «Gurluşyk gurnawlaryny posdan goramak. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.03.11-2023 belgili hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2025-nji ýylyň 18-nji martynda 1866 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşyk gurnawlaryny we desgalaryny posdan goramak. Işleri geçirmek” atly TGK 3.04.01-2025 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda 12-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurluşyk gurnawlaryny we desgalaryny posdan goramak. Işleri geçirmek” atly TGK 3.04.01-2025 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny berjaý etmeli. 4-nji tablisa Mastikanyň görnüşleri Gurnamak üçin mastikanyň gatlaklarynyň sany Galtaşýan ýerleri ýapgytlygy bolan binalaryň üstüniň ülüşleri, % 2,5-dan az 2,5 dan – 10 çenli 10 - 25 Bitumly-emulsion mastika 4 gatlakly örtük 3 gatlakly örtük 3 gatlakly örtük 3 gatlakly örtük Bitumly-polimer mastika 4 gatlakly örtük 3 gatlakly örtük 3 gatlakly örtük 3 gatlakly örtük Bellikler 1. 2,5%-e çenli ýapgytlygy bolan binalaryň üstünde bitumly mastikalar karton esasynda antiseptirlenilmedik rulon materiallary ýelmemek üçin bitumyň agramynyň 4 - 5%-ne barabar mukdarda kremniý ftorly ýa-da ftorly natrini goşmak arkaly ýa-da bolmasa beýleki fungisidleri goşmak arkaly antiseptirlenilmelidir, şeýle mastikalar üçin içini dolduryjylar hökmünde pes sortly asbest ulanylmalydyr. 2. 10%-e çenli ýapgytlygy bolan, aşgarly maddanyň täsir etmegi mümkin bolan binalaryň üsti üçin ulanylýan bitumly mastikalara gury madda hasaplanyňda bitumyň agramynyň 3 - 5%-ne barabar mukdarda hlorsulfonolietilen lakdan goşundylar hem-de karbonat jisiminden (mel, hek) bolan, ownuk üwelen içi doldurylýan materiallar goşulmalydyr. 3. Binalaryň üsti üçin penopolistiroly ulanmak bilen, penopolistrol, mineral pamyk, aýna plastikasy plitalary we kompozitli ýyladyjylar boýunça ýerine ýetirilen garaýag we sowuk (erginlerdäki) bitum mastikalaryny ulanmaga ýol berilmeýär. 4. Sowuk mastikalary aýna materiallardan esasy bolan ruberoidleri ýelmemek üçin ulanmaga ýol berilmeýär. 5. Üýtgäp duran ýapgytlygy bolan, mysal üçin, segment fermalary bilen örtülen binalaryň üsti üçin mastikanyň kysymy binanyň üstüniň has uly ýapgytlyk derejesi boýunça bellenilýär. 31. Binalaryň üstüniň ýoýulmagynyň (deformirlenmegi) öwezini dolmak we şol ýerde çişip pakgarmagyň döremeginiň öňüni almak üçin ýylylyk üzňeleýji plitalaryň we suw üzňeleýji halysynyň esasynyň arasynda binanyň üstüniň uzynlygyna ýylylyk üzňeleýji plitalarynyň arasyndaky yşlar boýunça 2 - 3 metrden 100 millimetr inlilikdäki ýelmenilmedik zolagy, bugüzňeligi we düşelen tekizleýji gatlakda bolsa (üçek eňňidi 8%-den köp bolmadyk) ýagdaýynda suw üzňeleýji halysynyň aşaky gatlagynda zolaklaýyn ýa-da nokatlaýyn ýelmemegi göz öňünde tutmaly. Zolaklaýyn ýa-da nokatlaýyn görnüşli ýelmemek gyradeň bolmalydyr we rulon materiallaryň ýelmenilýän örtüginiň meýdanynyň 25 - 35%-ni düzmelidir. Şunda olary düşemegi binanyň üstüniň uzyn boýuna göz öňünde tutmaly, düşegiň ýokarky erňegi bolsa binanyň üstüniň eşegarka ülüşinde azyndan 1 metre barabar ters tarapa geçmelidir. Karnizlerde we binanyň üstüniň çykyp duran gurnawçylyk parçalara galtaşýan ýerlerinde ýelmenilen ülüşleriň ählisinden daşyna howanyň çykmagynyň mümkinçiligini göz öňünde tutmak zerurdyr. 32. Rulonly we mastikaly materiallar ulanylan binalaryň üstünde esasyň mümkin bolan ýoýulmalary bolan ülüşlerde (örtükleriň gurnalýan bloklarynyň arasyndaky ýendowlarda, goýumly deformirleme sepleriň aşagynda) jaýryklaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin esasyň bozulmalaryny suwdan üzňeleýji halynyň uly binýadyna gaýtadan paýlamak üçin esasa galtaşdyryp rulon materiallardan 1 metre çenli inlilikde ýoýulmalary paýlaýyş zolagyny çekmegi göz öňünde tutmak gerekdir. 33. Ýapgytlygy 2,5% we ondan köp bolan binalaryň üstünde ýendow ülüşlerinde esasy suw üzňeleýji halyny rulonly-bitumly binalaryň üstünde ulanylýan materiallardan (rulonly binalaryň üsti gurlanda) iki gatlak bilen ýa-da iki sany mastiki gatlak, armirlenen aýna materiallary (mastikaly binalaryň üsti gurlanda) bilen ýa-da bolmasa maýyşgak materiallaryň bir gatlagy bilen (maýyşgak materiallardan binalaryň üsti gurlanda) berkitmegi göz öňünde tutmaly, şolar bolsa azyndan 750 millimetr egrelýän ugurdan binanyň üstüniň tutuş uzynlygy boýunça çalynmalydyr. 34. Ýapgytlygy 10% we ondan köp bolan binalaryň üstüniň bitumly rulonly materiallardan ýerine ýetirilen ýendowlarynda esasy suw üzňeleýji halynyň berkidilýän ini boýunça gorag gatlagyny düşemegi göz öňünde tutmak gerekdir. 35. 2,5% we ondan köp ýapgytlygy bolan binalaryň üstünde eşegarka her bir tarapdan 250 millimetr inlilikde binalaryň üsti rulonly materiallar bilen gurlanda rulonly serişdäniň bir gatlary bilen hem-de binalaryň üsti mastikadan gurlanda armirlenen aýnakendiri ýa-da aýna tory goşulyp mastikanyň bir gatlagy bilen berkidilmelidir. 36. Bitum materiallaryndan ýasalan rulonly binalaryň üstünde esasy suwdan üzňeleýji halynyň gatlary binalaryň üstüniň diwarlara, şahtalara, çyralara we deformasiýa seplere galtaşýan ýerlerinde binalaryň üsti basyrylanda ulanylýan rulonly materiallaryň üç gaty bilen güýçlendirilmelidir (ýokarky gaty iri digir-digir materiallar sepilen ýa-da folga gatly bolmalydyr), elastomer materiallaryndan ýasalan binalaryň üstünde bolsa, “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşundynyň 2-nji suratyna laýyklykda elastomer materiallarynyň bir gatlagy bilen berkidilmelidir. 37. Bitum materiallaryndan ýasalan binalaryň üstünde goşmaça suw üzňeleýji halysynyň gatlagyny ýelmemek üçin şu Kadalaryň 4-nji tablisasyna laýyklykda ýokary derejede ýylylyga durnukly mastikany ulanmagy göz öňünde tutmak gerek. Diwarlaryň beýikligi 250 millimetre çenli bolanda suw üzňeleýji halysynyň gatlagy olaryň ýokarky erňegine çenli ýetirilmelidir. Has beýik bolanda suw üzňeleýji halysynyň gatlagyny dik üst taraplara berkitmek gerekdir. 38. Goşmaça suw üzňeleýji halysynyň ýokarky erňegi berkidilmelidir we sinklenilen polatdan ýa-da parapet plitalardan ýasalan gorag öňlügi bilen atmosfera ygallarynyň akyp aralaşmagyndan goralmalydyr. Gorag öňlüklerini öz aralarynda suw geçmez ýaly edip birleşdirmek we parapet plitalarynyň arasynyň sepleri jebisleýji (germetik) mastika bilen doldurylmalydyr. 39. Daşyndan suw akdyrylanda bitum materiallaryndan ýasalan rulonly we mastikaly binalaryň üstünde karniz ülüşleri 400 millimetr inlilikde esasy suw üzňelik halysynyňky ýaly serişdäniň iki gatlagy bilen berkidilmelidir. Elastomer materiallaryndan ýasalan binalaryň üstünde şol bölekler şol inlilikde şeýle serişdäniň iki gatlagy bilen berkidilmelidir. Daşky diwardan daşa çykýan karnizleriň böleklerinde binanyň üstüniň ýapgytlygy karnize galtaşýan ülüşlerdäkiden az bolmaly däldir. 40. Binalaryň üstünden turbalary, şahtalary, şemalladyjylary we beýleki gurluşlary çykarmak üçin binanyň üstüni saklaýan plitalarda ýa-da düşek örtüginde bulgur görnüşli demirbeton gurnawlary ýa-da azyndan 300 millimetr beýikligi bolan flanesler bilen polat patrubkalary oturtmaly. Şolar boýunça binanyň üstüniň esasyny 45° galdyrmagy göz öňünde tutmak, binalaryň üstünde bitum materiallaryndan suw üzňeleýji halysyny şol materiallaryň iki gatlagy bilen berkitmek gerekdir. Mundan başga hem bu ýerler “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşundynyň 4-nji suratyna laýyklykda sinklenen polatdan ýasalan saýawan bilen goralmalydyr. 41. Anker boltlary oturdylýan ýerlerde patrubkalary we saýawanlary oturtmakdan başga şu Kadalaryň kyrkynjy bölegindäki ýaly gurnamany göz öňünde tutmak gerekdir. 42. Gorag öňlükleri, deformasiýa seplerdäki beklenilen ýerler, daşky guramaçylykly suwakaryň parçalary, parapetleri hem-de karnizleriň asylýan ýerlerini timarlamak üçin şulary göz öňünde tutmak gerekdir: 1) galyňlygy 0,5 - 0,8 millimetr bolan sinklenen polady (“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2022-nji ýylyň 16-njy fewralyndaky 43-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan “List görnüşinde sowuklygyna sozulan prokat. Sortament” atly TDS 1784-2022 talaplaryna laýyklykda); 2) suw üzňeleýji halyny we gorag öňlügini betondan üst örtüge berkitmek üçin sinklenilen ýa-da poslamaga garşy reňk urlan 4´40 millimetr ölçegdäki polat zolaklary (“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2008-nji ýylyň 30-njy dekabryndaky 220 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Zolaklanan polat gyzgynlygyna sozulan prokat önümler” atly TDS 103-2006 talaplaryna laýyklykda); 3) binalaryň üsti üçin 3,5´40 ölçegdäki sinklenen çüýleri (“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Bina üsti çüýleri. Gurnaw we ölçegler” atly TDS-4030-63 talaplaryna laýyklykda); 4) jebisleýji (germetik) mastikalary: Elastesil 137-181, Tioprol UI-32 we beýleki mastikalar, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Polimer gurluşyk jebislendiriji we dykyzlandyryjy materiallar we önümler. Toparlanyş we umumy tehniki talaplar” atly TDS-25621-83 talaplaryna laýyklykda. 43. Binanyň üstüniň gorag gatlagy üçin “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 26-njy dekabryndaky 1/279 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Gurluşyk işleri üçin çagyl. Tehniki şertler” atly TDS 905-2016 talaplaryna laýyklykda çagyl gury, tozansyzlandyrylan, 5 - 10 millimetr ölçegdäki digir-digir we aýaza çydamlylygy boýunça 100-den pes bolmadyk kysymda bolmalydyr. Gorag gatlagy üçin görkezilen talaplara laýyk gelýän owradylan daş owuntyklaryny ulanmaga ýol berilýär. Çagyldan gorag gatlagynyň galyňlygy 10 millimetr, ýanýan ýylylyk üzňeleýji materiallaryndan ýerine ýetirilen binalaryň üstünde bolsa 20 millimetr bolmalydyr. Çagyldan gorag örtügini 2 millimetr galyňlykdaky gyzgyn mastikada düşemelidir. Mastikanyň ýylylyga durnuklylygy şu Kadalaryň 4-nji tablisasyna laýyklykda ýelmenilýän mastikanyň ýylylyga durnuklylygyndan pes bolmaly däldir. Ýapgytlygy 0 - 1,5% bolan binalaryň üstünde gorag gatlagyny düşemek üçin ulanylýan bitumly we bitum-rezinli mastikalar olaryň çişmegine garşy külke görnüşli gerbisidleri: bitumyň agramyna 0,3 - 0,5% mukdarda simazini (“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “50%-li we 80%-li simazin-ezilýän tozlar. Tehniki şertler” atly TDS-15123-78 talaplaryna laýyklykda) ýa-da 1 - 1,5% mukdarda 2,4D amina, natriý duzuny goşmak bilen antiseptirlenilmelidir. 44. Binalaryň ulanylýan üstüniň gorag gatlagy bolan poluny beton, armosement we beýleki plitalardan ýa-da 50-den pes bolmadyk kysymly sement-çäge ergininden ýa-da ýylylyga durnuklylygy 80°С-dan pes bolmadyk, galyňlygy 30 millimetrden az bolmadyk çäge garylan asfaltbetondan göz öňünde tutmak gerekdir. Gorag gatlaklary üçin ulanylýan materiallaryň aýaza durnuklylygy boýunça kysymy F100-den pes bolmaly däldir. Monolit düşelýän materiallardan bolan gorag gatlagynda jebisleýji (germetik) mastikalar bilen doldurylýan bir-birine dik ugurlarda 1,5 metrden köp bolmazdan 10 millimetr inlilikdäki ýylylyk-ýerleşiş yşlaryny göz öňünde tutmak zerurdyr. 45. Plita görnüşli materiallardan gorag gatlagy bolan binalaryň ulanylýan üstünde plitalary azyndan 30 millimetr galyňlykda kwars çägesiniň gatlagynda plitalary düşemegi göz öňünde tutmak gerekdir. Binalaryň ulanylýan üstüniň esasy suw üzňeleýji halysynyň üsti boýunça gorag gatlagy düşelýänçä şu Kadalaryň kyrk üçünji bölegine laýyklykda çişmegine garşy antiseptirlenen, 2 millimetr galyňlykdaky binalaryň üsti üçin gyzgyn mastikanyň tutuşlaýyn gatlagyny düşemegi göz öňünde tutmak zerurdyr. Binalaryň üstüniň ulanylýan ülüşlerine geçelgeleriň gurnawyny binalaryň ulanylýan üstüniň gurnawlary ýaly kabul etmek ýa bolmasa geçelgeler üçin agaçdan gözenek-gözenek düşegi göz öňünde tutmak gerekdir. 46. Binalaryň üstüne suw üzňeleýji halysy boýunça aşgarly önümçilik babatda bölünip çykan maddanyň täsir etmegi mümkin bolanda, degişli kysymly syrçasy görnüşinde gorag reňkleýji düzümlerini, krowlelit mastikasyny, nairit esasyndaky gummirleýji düzümi hlorsulfopolietilen lagy esasyndaky düzümi we bitumy 1:2 gatnaşykda baglaşdyryjy maddanyň agramynyň 10 - 14%-i mukdarda alýuminiý külkesini goşmak bilen, çalmagy göz öňünde tutmak zerurdyr. Şonda emele gelen gorag gatlagynyň galyňlygy azyndan 0,5 millimetr bolmalydyr. 47. Rulonly ýa-da mastikaly materiallardan bolan üstleriň suw geçirmezligini 48 sagatdan az bolmadyk wagtlap emeli suw guýmak arkaly barlanýar. Binanyň suwdan doldurylýan üstünde suwuň akdyrylýan ýerinde binanyň üstüni gönüden-göni suw çüwdüriminiň täsirinden goraýan agaç ýa-da metal şitleri göz öňünde tutmak zerurdyr. 48. Bitumly emulsion mastikalardan gurnalan binalaryň üstüni örtmegiň gurnawçylyk parçalaryny we olaryň kysymlaryny “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşundynyň we bitum pastalaryndaky mastikadan üçegi we gidroüzňeligi taslamak hem-de gurnamak boýunça bellenen tertipde tassyklanan gurluşyk kadalarynyň talaplaryna şeýle hem, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2015-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky 1/191 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Bitum emulsion pasta we mastika. Tehniki şertler” atly TDS 439-2015 laýyklykda kabul etmek gerekdir. 49. Gurluşyk babatda ýokary derejedäki taýýar ýagdaýda bolan toplumlaýyn plitalarda we gurnama bloklarynda degişlilikde rulonly suw üzňeleýji halysynyň azyndan bir ýa-da iki gatlagy bolmalydyr. 50. Adatça, jaý üstlere esas hökmünde, üsti tekizleýji gatlaksyz örtügiň gurnawçylyk parçalary göz öňünde tutulmalydyr, şol sanda: 1) gysylmada zerur berkligi bolan ýylylyk üzňeleýji gatlagy (T-1 - T-7, T-9, T-10, T-16); 2) üsti tekiz göteriji plitalary. Demirbeton plitalarynyň üst tarapyny ýylmamak üçin ortaça 5 millimetr galyňlykdaky 50 kysymly sement-çäge ergini maslahat berilýär. 51. Ýeňil beton fibrolit plitalaryndan penoaýnadan ýasalan plitalardan we monolit guýlan betondan digir-digir ýylylyk üzňeleýjiniň üstünden (digir-digir keramzitbeton) 15 millimetr galyňlykdaky B-3.5 görnüşli (50 kysymly) sement-çäge ergininden (T-11, T-12) berkitmäni (tekizleýji gatlagy) göz öňünde tutmak gerekdir. 52. Ulanylmagy diňe gurnalyp ýerine ýetirilen örtükleriň çäklendirilen meýdanynda (1000 m2-dan köp bolmadyk) ýol berilýän sepilýän ýyladyjy materiallar boýunça (T-14) erginiň granullaryň arasyna aralaşmagynyň öňüni almak üçin 25 (30 - 50 mm) millimetr galyňlykdaky 100 kysymly bolan B-7.5 görnüşli ýokary derejedäki gaty sement-çäge ergininden berkitme (tekizleýji gatlagy) guýmak zerurdyr. Şunda ýylylyk üzňeleýji gatlagynyň ýokarky bölegine dökülýän materiallaryň has ownuklaryny ýaýratmak we dykyzlandyrmak zerurdyr. 53. Güýz-gyş döwründe monolit plitalyk ýyladyjy gatlagyň aşagynda binanyň üstüniň aşaky böleginiň esasy hökmünde iki tarapyndan kerosindäki bitumyň ergini bilen suwap, 15 millimetr galyňlykdaky, gysylanda berkligi 50°С bolan ýagdaýynda 0,8 MPa (8 kgg/sm2-den) az bolmadyk çäge asfaltbetondan tekizleýji gatlagy, materiallary ýaýratmak bilen gurlan binalaryň üstünde bolsa galyňlygy 10 millimetr bolan tekiz asbestosement listlerinden gurnama esasy (“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Asbestsement tekiz listler” atly TDS-18124-95 talaplaryna laýyklykda) göz öňünde tutmaga ýol berilýär. Şunda listleriň burçunda 50´50 santimetr ölçegdäki listleriň kesilen böleklerini düşemegi göz öňünde tutmaly, listleriň arasyndaky yşlara bolsa ini 150 millimetr bolan aýna matanyň zolaklaryny ýelmemeli. Ýyldyrymdan gorag torlar düşelende 30 millimetr galyňlykdaky tekizleýji gatlagy göz öňünde tutmak gerekdir. 54. Berkitmelerde 6´6 metrden köp bolmadyk meýdany bolan ülüşlerde, çägeli asfaltbetondan ýasalan binalaryň üstünde bolsa 4´4 metrden köp bolmadyk meýdany bolan ülüşlerde 5 millimetre çenli ini bolan, berkitmäniň üst tarapyny bölýän, sement-çäge ergininden temperatura-ýerleşiş yşlaryny göz öňünde tutmak gerekdir. Uzynlygy 6 metr bolan göteriji plitaly örtüklerde bu ülüşler 3×3 metr bolmalydyr. Tekizleýji gatyň temperatura-ýerleşiş yşlary saklap duran plitalaryň gapdal yşlarynyň aşagynda we monolit ýylylyk üzňeleýji gatlaklarynda temperatura-ýerleşiş yşlarynyň aşagynda ýerleşmelidir. Sepleri jebislendiriji mastika bilen doldurmaklygy maslahat berilýär. 55. Tekizleýji gatlakda (berkitmelerde), monolit guýulýan ýylylyk üzňeleýji materiallarynda we üst tarapy saklaýan plitalaryň (dykyzlandyrylmadyk örtükleriň) gapdal sepleşiklerinde temperatura-ýerleşiş yşlary boýunça ruberoid goýlup aşaklygyna 150 millimetr inlilikde zolagy düşemegi hem-de suw üzňeleýji halysynyň aşaky gatlagyny zolaklaýyn ýa-da nokatlaýyn ýelmemek göz öňünde tutulmaýan mahaly olaryň iki tarapyny 25-30 millimetr inlikde ýelmemek göz öňünde tutulmaly. 56. Binalaryň üstüniň diwarlara, şahtalara we beýleki gurnawçylyk parçalaryna galtaşýan ýerlerinde binalaryň üstüniň esasy hökmünde ulanylýan ýylylyk üzňeleýji materiallaryndan ýa-da ýeňil betondan, sement-çäge ergininden we çägeli asfaltbetondan azyndan 100 millimetr galyňlygy bolan, 45° burç bilen gurnawlaryň gyradeň gapdal üst tarapy we geçýän ýapgyt erňekler suw üzňeleýji halynyň esasy bolup hyzmat etmelidir. Şol ýerlerde kerpiçden örülen diwarlary 100 kysymly B-3.5 görnüşli sement-çäge ergini bilen suwamagy göz öňünde tutmak gerekdir. Panelleri berkitmek üçin diwaryň tekizliginden çykyp duran metal çykyndylar şolara metal gözenekleri kebşirlenilip suwalýar. 57. Betondan, sement-çäge ergininden we sement garylan beýleki materiallardan guýlan esaslaryň üst tarapyny 1:2 - 1:3 gatnaşykda taýýarlanylan kerosindäki bitumyň ergini bilen suwamagy göz öňünde tutmaly. 58. Binalaryň üstüniň aşaklaýyn ülüşlerinde beýikligiň üýtgäp durýan ýerlerinde (daşarky guramaçylyksyz suwakarda) azyndan 750 millimetr inlilikde şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda gorag gatlagyny göz öňünde tutmak gerekdir. §3. Gurnama demirbeton plitalardan binalaryň üsti 59. Gurnama demirbeton plitalaryndan binalaryň üsti çerdak örtüklerinde peýdalanylýar we saklamak we suwgorag wezipelerini utgaşyklylykda ýerine ýetirýän, zawod tarapyndan doly taýýar edilen panellerden ybaratdyr we bir bitewi gurnawçylyk hem-de gurnama elementleri görnüşinde ýerine ýetirilýär. 60. Üst örtügiň demirbeton parçalary niýetlenilen wezipesi boýunça şulara bölünýär: 1) suwuň akmagy üçin ýapgyt üst taraplary (eňňitleri) emele getirýän üstüni örtüş plitalaryna (binalaryň üstüniň panellerine); 2) suwy içki suwakar ulgamyna akdyrmak we sowmak üçin lotok plitalaryna (suw akdyryjy lotoklara); 3) binalaryň üstündäki panelleri öz aralarynda we olaryň beýleki germewlere galtaşýan gurnawlaryndaky sepleri örtmek üçin ýapyjy plitalara (ýapyjylara). 61. Gidroüzňeligiň görnüşine ýa-da usulyna baglylykda üst örtügiň demirbeton parçalary şulardan ýerine ýetirilýär: 1) suwüzňeleýji mastika, reňkleme ýa-da siňdiriş düzümlerinden (rulonsyz binanyň üsti gurlanda); 2) üsti goşmaça suwüzňelemezden, ähli gorag wezipelerini ýerine ýetirýän, atmosferanyň täsirine durnukly betondan (üsti örtülmeýän binalaryň üsti gurlanda). 62. Rulonsyz binalaryň üstüniň örtüginiň demirbeton parçalary gysylanda berkligi boýunça kysymy azyndan B25 derejedäki, suw geçirijiligi boýunça azyndan W6 we aýaza durnuklylygy boýunça azyndan F200 bolan betondan ýerine ýetirilýär. Üsti örtülmeýän binalaryň üsti üçin gysylma bolan berkligi boýunça kysymy azyndan - B25 bolan suw geçirijiligi boýunça azyndan W8 bolan, aýaza durnuklylygy boýunça azyndan F300 bolan dartgynlanlýan ýa-da adaty betony ulanmak gerekdir. 63. Çerdakly üst örtükleri, adatça, lotok babatda paneller sazlaşykly ýerleşende binalaryň üstüniň panelleri suw akdyryjy lotoga hem-de çerdagyň daşky diwarlaryna diremek bilen uzaboýuna gurnawçylyk çyzgydy boýunça çözülýär. 64. Çerdakly üst örtüginiň gurnawçylygy temperatura-çyglylyk we seýsmiki täsirlere panelleriň birleşýän ýerinde hem-de daýanç düwünlerde erkin üýtgemelere mümkinçilik bermelidir. 65. Binalaryň üstüniň panelleri we suw akdyryjy lotoklar, adatça, gapyrgalaýyn, eplenýän gaňatynyň göräleýin egrelmesi 1/200-den köp bolmadyk balka çyzgydy boýunça taslanylýar. Gurnama üst örtüginde kesilmedik gurnawlaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär. 66. Üst örtügiň demirbeton bölekleri armatura bilen armirlenilýär: 1) adatylary - gurnawlaryň kesişýän ýeriniň gysga zolagynda yzgar alýan üst tarapy ýerleşdirilende; 2) deslapdan berkidilenleri - gurnalmalaryň kesişýän ýeriniň uzaldylan zolagynda yzgar alýan üst tarapy ýerleşdirilende. 67. Üst örtügiň demirbeton parçalarynda berklik, gatylyk we jaýrylmaga durnuklylyk babatdaky hasaplamasyny beton hem-de demirbeton gurnawlaryny taslamak boýunça görkezilen gurluşyk ölçeglerine hem-de kadalaryna laýyklykda geçirmek gerek. 68. Üst örtügiň parçalarynyň daşarky (ýüz tarapdaky) gatlagyndaky betonda olary taýýarlamagyň, bir ýere üýşürmegiň, daşamagyň, gurnamagyň we ulanmagyň barşynda dartylyp duran gatylyklaryň ýüze çykmagyna we olaryň jaýryk atmagyna ýol berilmeýär. Mastikaly, reňkli we siňdirilýän düzümler bilen gidroüzňelenen binalaryň üstüniň parçalarynda gidrogoragyň zawod tarapyndan goýulmagynyň barşynda şolary düzedip gitmegiň hökmany şertlerinde betonyň daşy aýrylýan pursatynda jaýryklary gysga wagtlap açmaga ýol berilýär. 69. Taslama resminamalarynda binalaryň üstüniň panelleriniň we suw akdyryjy lotoklaryň “ýüz tarapy aşak” ýagdaýynda taýýarlamagyň zerurdygyny görkezmek gerekdir. Şunda gidroüzňeleýji üst örtügi bilen binalaryň üstüniň parçalarynyň ýüz tarapy “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2020-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky 361-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Önümler demirbetondan we betondan gurluşyk üçin. Umumy tehniki şertler. Kabul etmekligiň, belliklemekligiň, daşamaklygyň we saklamaklygyň düzgünleri” atly TDS 1468-2020 talaplaryna laýyklykda A2-den we üst örtügi bolmazdan A1-den pes bolmadyk derejä laýyk gelmelidir. 70. Binalaryň üstüniň panelleri azyndan 5% ýapgytlyk bilen düşelýär. Suw akdyryjy lotoklaryň düýbi azyndan 2% ýapgytlykda bolmalydyr. 71. Binalaryň üstüniň panelleriniň polunyň we yş örtükleriniň galyňlygy gorag gatlagynyň galyňlygy 20 millimetr bolanda azyndan 40 millimetr, suw akdyryjy lotoklaryň düýbüniň galyňlygy bolsa azyndan 60 millimetr bolmalydyr. 72. Binalaryň üstüniň parçalarynyň bir-birine sepleşýän ýerleri we olaryň üçegiň beýleki parçalaryna galtaşýan ýerleri suwakaryň üstünden azyndan 80 millimetr ýokarda ýerleşmelidir. 73. Şu Kadalaryň altmyş dördünji bölegine laýyklykda binalaryň gurnama demirbeton üstüniň parçalaryny direglere hem-de bir-birine berkitmek temperatura-çyglylyk we seýsmiki taýdan täsir ýüze çykanda binalaryň üstüniň parçalarynyň üýtgemeginiň erkin ýagdaýda ýüze çykmagyny üpjün etmelidir, ýöne olaryň diregden sypmagyna ýol berimeli däldir. §4 .Monolit demirbeton plitalardan binalaryň üsti 74. Monolit demirbeton plitalardan binalaryň üsti üçin şu Kadalaryň altmyş ikinji bölegine laýyklykda fiziki-mehaniki häsiýeti bolan betony ulanmak gerekdir. Maksadalaýyklygy boýunça dartgynlanýan betony ulanylmagy ileri tutulýar. 75. Monolit betondan binalaryň üstüne düşelýän gatlak onuň üst örtüginiň gurnawynyň düzümine girýär we esasan, suwgorag wezipelerini hem-de poluň wezipelerini ýerine ýetirýär. Üçegiň beýleki gurnawçylyk parçalary (göteriji, ýylylyk üzňeleýji we beýleki parçalar) bellenilen tertipde kabul edilýär. 76. Binalaryň üstündäki gatlak azyndan 40 millimetr galyňlykdaky, deformasiýa sepleriň çäklerinde kesilmedik monolit demirbeton plitadan ybaratdyr. Plita ýogynlygy 6 millimetre çenli bolan simleri we zerur halatlarda beýleki armatura önümlerini peýdalanmak bilen, 100´100 millimetr we 100´150 millimetrdäki öýjükleri bolan kebşirlenilýän gözenekli gurnawçylyk armatura bilen armirlenilýär. 77. Demirbeton plitalar 0 - 1,5% ýapgytlyk bilen tekiz eňňitli ýagdaýda, basgançakly görnüşde (açyk tomaşa jaýlarynyň münberleri, münberiň aşagyndaky jaýlar bilen we başgalar) gurlup bilner. Basgançakly plitalaryň gapdal ülüşlerini 1%-e deň ýapgytlyk bilen taslamak gerekdir. Plitalaryň aýry-aýry ülüşleri 2,5% ýapgytlykda bolup biler. 78 . Temperatura-çyglylyk we seýsmiki täsirlerde plitalaryň üýtgäp durmagynyň erkin ýagdaýda ýüze çykmagyny üpjün etmek üçin olaryň esasa berkitmegini aradan aýyrmak we deformasiýa sepleri döretmegi gerekdir. Sepleriň arasyndaky aralyk adaty demirbeton üçin 6 metrden köp bolmazdan, özi dartgynlanýan demirbeton üçin (dartgynlanýan betonyň esasynda) 24 metrden köp kabul edilýär. 79. Basgançaklaýyn plitalarda diňe olaryň radial oky boýunça deformasiýa seplerň bolmagyna ýol berilýär. Tekiz plitalarda deformasiýa sepleri özara perpendikulýar ugurlarda döretmek gerekdir. 80. Deformasiýa seplerde garyşyk plitalaryň betonyny timarlamak bilen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2017-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky 157 -iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Tükmenistanyň ölçegleriň bütewiligini üpjün ediş döwlet sistemasy. Ölçeg serişdeleriniň barlagy. Guramagy we geçirmegiň tertibi” atly TDS 589-2017 talaplaryna laýyklykda, sinklenilen polat listden sazlaýjylary göz öňünde tutmak gerekdir. 81. Plitanyň dik üst tarapyna birleşmeler gurlanda bir bitewi dik tekizligi emele getirmek bilen, degişli gurnawçylyk armirleme bilen, şol plitada azyndan 200 millimetr beýiklikdäki germewi gurmaly. 82. Plitalaryň gurnawçylygy üstündäki suwuň suw akdyryjy enjama doly akdyrylmagyny ýa-da şu Kadalaryň altmyşynjy, altmyş birinji, altmyş dokuzynjy, ýetmişinji we ýetmiş birinji böleklerine laýyklykda taslanylan guýma demirbetondan bolan suw akdyryjy lotoklar göz öňünde tutmalydyr. 83. Monolit demirbetondan binalaryň üstüniň, deformasiýa sepleriň we galtaşýan düwünleriň tehniki çözgüdi “Üçekleriň jemleme- gurnawçylyk çyzgydynyň mysallary” atly şu Kadalara 3-nji goşunda laýyklykda amala aşyrylýar. 84. Taslama resminamalarynda monolit demirbetondan gurulýan binalaryň üstüne bildirilýän hökmany talaplar getirilmelidir. §5. Ýekeleýin materiallardan binalaryň üsti 85. Asbestosement listleri*, keramiki, sement-çäge we bazalt-sement çerepisalary binalaryň üsti gurulýan ýekeleýin materiallar hökmünde peýdalanylýar. *Ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalaryň, bejeriş-öňüni alyş edaralaryň, çagalar baglarynyň we mekdepleriň üstüne asbestosement listleri ulanmaklyga ýol berilmeýär. 86. Binalaryň üstüniň gurnawçylygy ýapgytlyklygyna we ulanylýan materiallara baglylykda şu Kadalaryň 5-nji tablisasyna laýyklykda göz öňünde tutmak gerekdir. 87. Ýekeleýin materiallardan binalaryň üsti, adatça, brusoklardan agaç gapyrgada örülýär we agaçdan hem-de metaldan ýasalan gapdal goýlan we asma stropilalar görnüşindäki saklaýjy gurnawlar arkaly saklanylýar. Gapdalyndan goýulýan demirbeton stropilalary hem peýdalanmak mümkindir. Çerdakly üçekleriň agaç gurnawlary antipirenler bilen işlenilip geçilmelidir we antiseptirlenilmelidir. 88. Tolkunlaýyn asbestsement listlerden binalaryň üsti burçlaryny süýşürmek we kesmek arkaly listleri berk jebisleşdirmek bilen örülýär. Binalaryň üstüniň bir ugrunyň tersine onuň üstüni basyrýan asbestsement listiniň gyrasy beýleki basyrylýan asbestsement listiniň gyrasy bilen üsti basylmalydyr. Binalaryň üstüniň bir ugrunda asbestsement listleri yzygiderlikde azyndan 150 millimetr we 300 millimetrden köp üst-üste däldir. Üçegiň eňňit ugry boýunça asbest-sement listleriniň biri-biriniň üstüne düşýän bölegi azyndan 150 mm we köp bolanda 300 mm bolmalydyr. 89. Asbestsement listleriniň birleşýän ýerlerini jebis ýapmak üçin jebisleýji (germetik) mastikalary göz öňünde tutmak gerekdir. 90. Binalaryň asbestsement listlerden guralýan üsti taslanylanda adaty listleriň garşylyklaýyn gapdal burçlary kesilen bolmalydyr. Karnizlerdäki, eşegarkadaky we gyradaky listleriň bir kesilen burçy bolmalydyr. Başlangyç karnizlerdäki we ahyrky eşegarkadaky listleriň burçlaryny kesmek göz öňünde tutulmaýar. 91. Asbestsement listleri polat demirbeton gapyrgalara berkitmegi sinklenilen polat gaňyrçaklaryň ýa-da skoplaryň kömegi bilen, agaç brusoklara bolsa sintlenilen hyrly çüýleriň kömegi bilen göz öňünde tutmak zerurdyr. Listlerini agaç brusoklaryna degişli tehniki şertleriniň talaplaryna laýyk gelýän sinklenilen çüýler bilen berkitmäge ýol berilýär. Gaňyrçaklar, skoblar, hyrly çüýler we sinklenilen çüýler sinklenilen polat şaýbalar we ýumşak prokladkalar bilen üpjünlenilen bolmalydyr. 600 Pa çenli ýel düşmek babatda hasaplanylanda adaty binalaryň üstüniň listlerinde berkidiş materiallary üstüni örtýän berkitmeden (bir liste bir berkitmeden) hasaplap, listiň güberçek tolkunynda aşaky paýa boýunça oturdylýar. Karnizlerdäki we gyradaky üstüni örtýän listlerde üstüni örtýän tolkundan soňky gelýän tolkunyň gerşinde, eşegaralardaky listlerde we ikinji tolkundaky gerişlerde bolsa ýokarky paýalar boýunça berkitmeler oturdylýar. 600 Pa-dan köp ýel düşýän mahaly listleri berkitmek üçin üstüni örtýän tolkundan soň gelýän tolkunyň gerşinde goşmaça berkitmeler oturdylýar. 92. Tolkunlaýyn asbestsement listlerden gurulýan binalaryň üstünde deformasiýalaryň öwezini dolmak üçin her 12 - 18 metrden deformasiýa sepler goýmagy göz öňünde tutmak gerekdir. Uzynlygy 25 metre çenli bolan binalarda asbestsement listlerden gurulýan binalaryň üstünde deformasiýa sepler zerur däldir. 93. Binalaryň üstüniň eşegarka böleginde eşegarka asbestsement detallar ulanylanda tolkunlaryň arasyndaky oý ýerleri 150 millimetr uzynlykda 50 kysymly sement ergini bilen doldurmagy göz öňünde tutmak gerekdir. 94. Şemalladyjy bloklar, şahtalar we beýleki inženerçilik enjamlary goýulýan ýerlerde sinklenilen polatdan geçiş detallaryny we gorag öňlüklerini hem-de olaryň bloklaryň, şahtalaryň ýa-da enjamlaryň diwarlaryna jebis birleşdirilmegini göz öňünde tutmak gerekdir, şolar bolsa binalaryň üstüniň eşegarka böleginde ýerleşdirilmelidir. 5-nji tablisa Binalaryň üstüniň ýapgytlygy, azyndan % Ulanylýan materiallar Listleriň diregleriniň arasyndaky gaňatlar, millimetr, şundan köp däl 10 Ugurdaş we gapdal birleşmelerini jebisleşdirmek bilen UW-6 kysymly berk asbestsement tolkunlaýyn listler 1250 20 Şonuň ýaly, jebisleşdirilen birleşmeler bolmazdan 1250 10 Ugurdaş we gapdal birleşmelerini jebisleşdirmek bilen UW-7,5 kysymly birmeňzeşleşdirilen (unifisirlenen) asbestsement tolkunlaýyn listler 1500 20 Şonuň ýaly, jebislendirilen birleşmeler bolmazdan 1500 33 Şonuň ýaly, 9 metre çenli uzaboýuna tolkunlaýyn listlerini ulanmak bilen 525 27 Bir ülňi ştamplama, erňekli, keramiki çerepisalar 310 45 Bir ülňi ştamplama, erňekli, sement-çäge çerepisalar 310 50 Lentaly, erňekli, keramiki çerepisalar 333 50 Lentaly, tekiz, keramiki çerepisalar 160 8 Bir ülňi ştamplama, sozulan listler, profilirlenen örtük 350 8 Metalçerepisa 350 Bellikler 1. UW-7,5 kysymyndaky asbestsement listleri, esasan, önümçilik binalarynyň we desgalarynyň, senagat hem-de oba hojalyk kärhanalarynyň üsti üçin ulanmaklygy maslahat berilýär: 1) UW-6 kysymyndaky asbestsement listleri ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik we oba hojalyk binalarynyň çerdakly üst örtükleri üçin; 2) UW-7,5 kysymyndaky asbestsement listleri senagat kärhanalarynyň önümçilik we kömekçi binalary üçin ulanmak maslahat berilýär. 2. Däne saklamak üçin ammar binalarynda binalaryň üstüniň ýapgytlygyna garamazdan, listleriň arasyndaky birleşýän ýerlerini jebislendirmegi göz öňünde tutmak zerurdyr. 3. Esaslandyrylan ýagdaýynda beýleki kysymly asbestsement listleri ulanmaga hem ýol berilýär. Ýapgytlygy 25% bolan binanyň üstüne tolkunlaýyn listler ulanylanda eňňidiň ugruna listleriň ýapjalýan ýerleri azyndan 200 millimetr bolmalydyr, binalaryň üstüniň eňňidiniň uzynlygy 9 metrden köp bolmaly däldir. 95. Binalaryň üstüniň diwarlara galtaşýan ýerinde binanyň üsti üçin ulanylýan sinklenilen polatdan gorag öňlügini göz öňünde tutmak gerekdir, onuň ýokarky ujy bolsa diwara berkidilmelidir hem-de jebislendirilmelidir. Gorag öňlüginiň aşaky ujy onuň azyndan bir tolkunynyň üstüni ýapmalydyr. Binalaryň üstüniň eňňit ugry boýunça gorag öňlükleriniň azyndan 100 millimetr ilgençegi bolmalydyr. 96. Antennalaryň durýan ýerleri we dartyjy urganlaryny berkitmek üçin dürli oklar listleriň gerşindäki deşigiň içinden geçmelidir, saklaýan gurnawlar bilen berk ýagdaýda birleşdirilmelidir we suwuň syrygyp akmagyndan goralmalydyr. 97. Binalaryň üstünde eşegarkanyň ugry bilen, binalaryň üstüniň ýapgyt ugry boýunça gapdal diwarlaryň ýanynda, deformasiýa sepler boýunça, şeýle hem şemalladyjy we beýleki enjamlara barylýan ýerlerde tagtadan 400 millimetr inlilikdäki tagta düşekleri düşemegi göz öňünde tutmak zerurdyr. 98. Binalaryň üstüniň asbestsement listlerden ýasalan kysymlaryny “Asbestosement tolkunlaýyn listlerden üst örtügiň parçalarynyň çözülişi” atly şu Kadalara 5-nji goşunda laýyklykda kabul etmek gerek. 99. Binalaryň asbestsementden edilen üstünde ýyladylan üst örtüklerde üst örtügiň saklaýan plitalarynyň arasynda yşlar boýunça, plitalaryň diwarlara, deformasiýa seplere galtaşýan ýerlerinde, şahtalaryň we turbalaryň üst örtüginiň üstünden geçilýän ýerlerde bugüzňeleýji gatlagyny göz öňünde tutmak zerurdyr. 100. Asbestsement listleriniň deformirlenmegini azaltmak üçin olary daş tarapyndan kremnili organiki suwuklyk bilen gidrofobizirlemegi ýa bolmasa, boýag bilen reňklemegi göz öňünde tutmak gerekdir. 101. Asbestsementden binalaryň üstüniň mümkin boldugyça has ýönekeý görnüşi bolmalydyr. Eger binalaryň üstüniň karniz ülüşleri goňşulykdaky binalar tarapyndan gün radiasiýasyndan goralyp kölege düşýän bolsa, binalaryň üstündäki listleriň uzaboýuna hem-de gapdal birleşmelerini jebislendirmegi göz öňünde tutmak zerurdyr. 102. Asbestsement listlerdäki deşikleriň diametri olaryň gyzmagynyň öňüni almak üçin berkidilýän parçanyň okunyň diametrinden 2 - 3 millimetr uly bolmalydyr. 103. Ýyladylýan üst örtügi we binalaryň asbestsementden üsti bolan köp gaňatly binalar taslanylanda olaryň ortaky bölegindäki ülüşlerde şu Kadalaryň otuz dördünji we otuz bäşinji böleklerinde görkezilenlere laýyklykda rulonly materiallardan binalaryň üstüni örtmegi göz öňünde tutmaga ýol berilýär. 104. Binalaryň çerepisaly üsti gurlanda ýapgytlyklar şu Kadalaryň 5-nji tablisasyna laýyklykda çerepisalaryň görnüşine baglylykda kabul edilýär. 105. Çerepisalar daýanç sütünleriniň brusoklaryna çişler we çişleriň ýörite deşiginden geçirilýän sinklenilen sim bilen berkidilýär. §6. Metaldan ýasalan üstler 106. Binalaryň metaldan ýasalan üsti şu Kadalaryň 2-nji tablisasyna laýyklykda kabul edilen gurnawlara hem-de üçekleriň ýapgytlygyna baglylykda aşakdaky görnüşlerde taslanylmaly: 1) sinklenen we sinklenmedik üçeklik polatdan δ=0,5÷1,0 mm; 2) hasaplanan agram güýjüne baglylykda dürli kysymly düşelýän profirlenen polat materiallardan; 3) bir ülňi ştamplama we sozulyp (tolkunlaýyn) ýasalan listlerden δ=0,5÷1,0 mm, daşky şekili şifer ýa-da çerepisa we başgalar. Sinklenilmedik (gara) listli polady ýa-da profilirlenen düşelýän materiallary iki tarapyna olif we reňk çalnan ýagdaýda peýdalanmaga ýol berilýär. 107. Binalaryň we desgalaryň üstüni örtmek üçin 0,5 - 0,7 mm galyňlykdaky, agramy 4,0 - 6,5 kg/m2 bolan metal profilleri ulanmaly. Üst örtügi üçin uzynlygy 800-den 6000 mm çenli we peýdaly ini 1100 mm bolan, ştamplanyp we sozulyp (tolkunlaýyn) ýasalan listler (metalçerepisa) ulanylýar. 108. Üst örtügiň aşagyna esas hökmünde sozulan profilden, antiseptik tagtada (brusdan) ýasalan metaldan, agaçdan ýa-da agaç bilen utgaşdyrylan gözenek gurnalýar. Agaç gözenegi ulanylanda, 25 mm galyňlykdaky antiseptik tagtalary arasyny açyp düşemegi ýa-da 350 - 400 mm-den köp bolmadyk aralyk bilen 50´50 mm antiseptik brusoklardan düşemegi göz öňünde tutmak gerekdir. Karniziň ülüşinde 700 - 750 mm inlilikde 25 mm galyňlykdaky tagtany tutuşlygyna düşemek gerekdir. Eşegarkanyň iki tarapy boýunça endowlarda we gerişlerde bir tagtanyň inindäki tagta düşegi ulanylýar. 109. Gözenege binalaryň üsti örtülýän listleri berkitmek üçin şol polat zolaklaryndan gyrkylan bölekleri peýdalanmak we olary dik duran epin ýerlerine epip bükmek gerekdir. Karniz asylmalaryny saklamak üçin ini 25 - 36 millimetr, galyňlygy 5 - 6 millimetr we uzynlygy 450 millimetr bolan zolakly polatdan T görnüşli myhlary peýdalanmak gerek. Ternawlary berkitmek üçin galyňlygy 5 - 6 millimetr, ini 16 - 25 millimetr we uzynlygy 420 millimetr bolan zolakly polatdan gaňyrçaklar ýasalýar. Gaňyrçaklarda we myhlarda üç sany deşik burawlanyp deşilýär, şolaryň ikisine çüý kakylýar, ätiýaçdaky üçünji deşik bolsa, deşikleriň biri düşelen tagtalaryň arasyndaky yşa gabat gelen halatynda peýdalanylýar. 110. Polat listleri we gözenekleri karniz asylmalaryna berkitmek we gyrkylan polat bölekleri berkitmek üçin diametri 3,5 - 4,0 millimetr we uzynlygy 40 - 50 millimetr bolan telpegi uly, binalaryň üsti üçin ýörite taýýarlanylan çüýleri peýdalanmak gerekdir. Myhlary we gaňyrçaklary kakmak üçin ýogynlygy 3,5 - 4,0 millimetr we uzynlygy 50 - 100 millimetr bolan adaty gurluşyk çüýleri ulanylýar. 111. Binalaryň üsti üçin sinklenilen polat ulanylanda, şolar berkidilýän ähli detallar we çüýler hem sinklenilen bolmalydyr. 112. Binalaryň üsti üçin ulanylýan polat listleri bir-biri bilen bir hem-de iki gat dik duran we ýatan epin ýerleri bilen birleşdirilýär. Dik duran (gerişdäki) epin ýerler binalaryň üstüniň eňňit ugrunda, ýatanlary bolsa gapdallygyna eňňit ugruna aşaklygyna eplenmek bilen ýerleşýärler. Bir gat epin ýerler binalaryň üstüniň ýapgyt tarapynda, iki gatlary bolsa binalaryň üstüniň az derejede ýapgyt ýerlerinde we suw has köp toplanýan ýerlerde (želoblarda, ýendowlarda we başgalarda) peýdalanylýar. Her bir fals boýunça gözenegiň brusogy ýa-da düşelen tagta hökman bolmalydyr. 113. Listli polatdan ýasalýan binalaryň üstüni guramaçylyksyz we guramaçylykly daşky suwakarlar bilen göz öňünde tutmak gerekdir. Guramaçylykly suwakarly binalaryň üsti gurlanda suw binalaryň üstüni guramakda ulanylýan ýaly polatdan ýasalan diwardaky we asma ternawlardan, lotoklardan, guýguçlardan hem-de suw akýan turbalardan akdyrylýar. Suw akýan turbalar bir-birinden 12 - 20 metr aralykda ýerleşdirilýär. 114. Saklaýan profilirlenen düşelýän materiallar “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşunda laýyklykda detallar bilen ýyladylýan üst örtüklerde rulonly ýa-da mastikaly binalaryň üsti üçin esasyň saklaýan parçasy hökmünde ýa-da sowuk ýagdaýda üsti örtülýän özbaşdak binalaryň üsti hökmünde peýdalanylyp bilner. 115. Profilirlenip düşelen listleriň ugurdaş tarapy boýunça bir tolkun arkaly bir-biriniň üstüni basmalydyr. Binanyň üstüniň eňňit ugry boýunça list aşagyndan azyndan 100 millimetr örtmelidir. 116. Binalaryň üstüniň esasy hökmünde şeýle hem, özbaşdak binalaryň üsti hökmünde göteriji profilirlenen düşek özi deşýän şaýbaly boltlar we jebislendirýän prokladkalar bilen berkidilip prokatdan metal paýalar ýa-da metal pürsleýin fermalar ýa-da gurluş gurnawlarynyň ýokarky halkalary boýunça düşelýär. Boltlar üçin deşikler öz ýerinde burawlanylýar. Listleri dýubeller atylyp, bellenen talaplara laýyklykda kebşirlenilip elektrik arkaly berçinlenilip berkidilmegine ýol berilýär. IV bap. Düwünler we galtaşýan ýerler 117. Dürli kysymdaky binalaryň üstüniň düwünlerini we galtaşýan ýerlerini taslamagyň umumy ýörelgesi şundan ybaratdyr, ýagny düwünleriň hem-de galtaşýan ýerleriň gurnawlary üst örtügiň we binalaryň üstüniň kabul edilen gurnawlaryna laýyk gelmelidir. Şeýlelikde, ýekeleýin materiallardan doly gurnama üçekleriň we binalaryň üstüniň düwünleri hem-de galtaşýan ýerleri, esasan, ýörite görnüşi (konfigurasiýasy) bolan gurnalýan we ýekeleýin parçalardan ýerine ýetirilmelidir, tutuşlygyna suw üzňeleýji halydan ybarat bolan binalaryň üstüniň düwünleri hem-de galtaşýan ýerleri bolsa zerur halatlarda degişli ýagdaýda berkidilen binalaryň üstünde ulanylýan halynyň gurnawyny dowam etdirýän tutuşlaýyn gurluş görnüşinde hem ýerine ýetirilmelidir. 118. Binalaryň üstüniň 450 millimetrden ýokary beýiklikde diwarlara galtaşýan ýerleri “Üçekleriň jemleme-gurnawçylyk çyzgydynyň mysallary” atly şu Kadalara 3-nji goşundynyň 2-nji suratyna laýyklykda ýerine ýetirilmelidir. 119. Üst örtügiň diwarlara, çyralaryň diwarlaryna, örtüginden geçýän şahtalaryna hem-de üst enjamlaryna galtaşýan ýerlerinde bugüzňeligini ýylylyk üzňeleýji gatlagynyň galyňlygyna deň beýiklige galdyrylmalydyr, deformasiýa yşlaryň ýerleşýän ýerlerinde bolsa metal sazlaýjynyň (kompensatoryň) gyra erňegini basmalydyr. 120. Binalaryň belentliginiň üýtgäp durýan ýerlerinde üýtgäp duran yşlar, binalaryň üstünde ulanylýan sinklenilen polatdan ýasalan sazlaýjylary hem-de gorag örtükleri bolmalydyr. Deformasiýa sepleriň gurnawçylygy binalaryň temperatura-ornaşmak babatda üýtgäp durmalary ýüze çykan mahaly binalaryň üstünden ygalyň geçmezligini üpjün etmelidir. Dykylýan deformasiýa seplerde ýumşak mineral-pamyk plitalary we boýrany ulanmak gerekdir. 121. Rulonly we mastikaly materiallardan gurulýan binalaryň üstünde deformasiýa sepleri “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşundynyň 3-nji suratyna laýyklykda 0,7 millimetr galyňlykdaky listli polatdan göz öňünde tutmak gerekdir. 122. Rulonly we mastikaly materiallardan gurlan binalaryň üstünden turbalary çekmegiň çözgüdini “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşundynyň 4-nji suratynda getirilen mysaly peýdalanmak bilen göz öňünde tutmak gerekdir. V bap. Seýsmiki taýdan bildirilýän talaplar 123. Kerpiçden diwarlary örülýän binalar üçin şemalladylmaýan çerdaksyz üçekleriň gurnama demirbeton karniz plitalaryny berkitmek üçin 510 millimetr aralyk bilen diwaryň ähli uzynlygy boýunça örülýän ýerlere birleşdirijileri goýmak zerurdyr. 124. Beýikligi 400 millimetrden ýokary bolan diwarlaryň ýokarky üst örtüginiň aşagyndaky ülüşler armirlenilmelidir we seýsmiki ýagdaýlara garşy guşak guýlup berkidilmelidir. 125. Rulonsyz üçekleriň binalaryň üstündäki parçalaryny berkitmegi seýsmiki taýdan täsir etmek ýüze çykan pursatynda olaryň sütünlerden sypmagynyň mümkinçiligini aradan aýyrmak bilen göz öňünde tutmak gerekdir. 126. Gapyrgalara düşek örtüklerini berkitmek özi deşik deşýän boltlar bilen (çetki sütünlerde her tolkunly gerişde, aralykdaky sütünlerde bolsa başaşa tolkunly gerişlerde) düşek örtügini öz aralarynda birleşdirmek bolsa utgaşdyrylan berçinler bilen ýerine ýetirilýär. VI bap. Ýangyna garşy talaplar 127. Ýaşaýyş jaýlaryň 2 we ondan köp gatly, beýikligi 10 metr we ondan beýik bolan jemgyýetçilik we önümçilik binalaryň üçekleriniň bütin perimetri boýunça ýanmaýan germew göz öňünde tutulmaly. Germewiň beýikligi azyndan 0,6 metr bolmaly. Germew hökmünde parapeti ulanmaga ýol berilýär. Parapetiň beýikligi 0,6 metrden pes bolan ýagdaýynda ony üst örtüginden ýokary 0,6 metre çenli bolar ýaly gözenekli germew bilen galdyrmaly. Binalaryň ulanylýan üstlerinde jaýlaryň ýa-da desgalaryň beýikligine garamazdan germew gurnamak hökmanydyr. Germewiň beýikligi azyndan 0,9 metr bolmaly. 128. Köpugurly binalarda ýokarky ýagtylyk çyralary (dik asman çyralary) olary tüsse çykaryş ulgamynda ulanylanda ýangyn dörän ýagdaýynda açylyşy awtomatiki, distansion we el bilen herekete getirijileri bolmalydyr, ýöne silikon aýnadan ýasalan çyralar ulanylanda gorag gözenegi hem bolmalydyr. 129. Ýaşaýyş jaýlaryň ýyladyş örtügi otda ýanmaýan bolmalydyr. 130. Demirbeton gatlary we profilirlenen düşegi boýunça iki sany ýangyn goraýjy araçäk bilen üpjün edilen ýagdaýynda otda ýanýan ýyladyş örtüginiň ulanylmagyna ýol berilýär: 1) meýdany 50 m2 bolan otda ýanýan ýyladyş örtügiň perimetri boýunça ýanmaýan ýyladyş örtügi bilen ýangyna garşy zolaklardan germew edilýär we ýyladyş örtügiň üstünden sement-çäge tekizleýji gatlagy ýa-da galyňlygy azyndan 30 mm bolan ýeňil beton örtülýär; 2) meýdany 500 m2 bolan otda ýanýan ýyladyş örtügi jaýyň boýunyň keseligine ýerleşdirilen ini 6 metr bolan ýanmaýan ýyladyş örtüginden goşmaça ýangyna garşy zolaklardan germew edilýär. 131. Basgançagyň gözeneklerinden binanyň üstüne ýa-da çerdaga çykalgalary binanyň funksional ýangyn howplulygyndan we ölçeglerinden baglylykda, ýöne azyndan bir çykalga her aşakdaky ýagdaýa: 1) jaýyň her üsti çerdakly doly we doly däl 100 metr uzynlygyna we azyndan 1 çykalga üsti çerdaksyz binanyň her doly we doly däl 1000 m2 meýdanyna, şeýle-hem jaýlaryň şu görnüşlerine: adamlaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan binalarynda, tomaşaçylyk we medeni-aň-bilim edaralarynda, ilata hyzmat etme kärhanalarynda, bilim edaralarynda, ylmy we taslama edaralarynda; 2) ýangyn basgançaklarda önümçilik we ammar binalaryň we desgalaryň perimetri boýunça her 200 metrden. Şu aşakdakylary göz öňünde tutmazlyga ýol berilýär: 1) eger-de jaýyň ini 150 metrden geçmeýän bolanda jaýyň esasy öň tarapynda ýangyn basgançaklaryny; 2) bir gatly, üst örtüginiň meýdany 100 m2-dan köp bolmadyk binanyň üstüne çykalgany. 132. Basgançagyň gözeneklerinden binanyň üstüne ýa-da çerdaga çykalgalary basgançak marşlaryndan çykalganyň öňi meýdançaly, ölçegi azyndan 1×1 metr bolan ikinji derejeli ýangyna garşy gapylardan göz öňünde tutmaly. Binalaryň çerdaklarynda ölçegleri azyndan 1×1 metr gapylardan, lýuklardan, penjirelerden geçýän üzňe basgançaklar bilen enjamlaşdyrylan üstüne çykalga göz öňünde tutulmalydyr. Mansardaly jaýlarda germewleýji gurnawlaryň çerdak boşluklarynda lýuklary göz öňünde tutulmalydyr. Binalaryň üstleriniň dürli beýikliginiň 1 metrden köp bolan araçäginde (şol sanda üste swetoaerasion çyralary galdyrmak üçin) ýangyn basgançaklaryny göz öňünde tutmalydyr. Eger binanyň üstüniň meýdany 100 m2-den köp bolan her bir böleginde öz basgançagy bar bolsa, onda binalaryň üstleriniň dürli beýiklikleriniň 10 metrden köp bolan araçäginde ýangyn basgançaklary göz öňünde tutulmaýar. 133. 10-dan 20 metr beýiklige galdyrmak üçin we binalaryň üstleriniň dürli beýiklikleriň 1-den 20 metre çenli bolan araçäginde 1 derejeli ýangyn basgançaklary ulanylýar. 20 metrden ýokary beýiklige galdyrmak üçin we binalaryň üstleriniň dürli beýiklikleriniň 20 metrden köp bolan araçäginde 2 derejeli ýangyn basgançaklary ulanylýar. Basgançaklar otda ýanmaýan materiallardan ýerine ýetirilýär we penjirelere 1 metrden az bolmadyk ýakynlykda ýerleşdirilýär. 134. Ähli ýangyna durumlylyk derejedäki binalaryň üstlerini, stropilalaryny, we çerdak örtükleriniň gözeneklemelerini otda ýanýan materiallardan ulanmaga ýol berilýär. Şunda stropilalaryny we çerdak örtükleriniň gözeneklemelerini ýangyn goragy bilen işläp bejermeli. Çerdakly binalarda otda ýanýan materiallardan stropilalary we çerdak örtükleriniň gözeneklemeleri gurnalanda binalaryň üstlerine otda ýanýan materiallardan ulanmaga ýol berilmeýär. VII bap. Üçekleriň we binalaryň üstüniň ýylylyk üzňeligi 135. Üst örtügiň taslamasy işläp düzülende germewleýji gurnawyň ulanyş şertlerini we binanyň ulanylşynda energotygşytlylyk talaplaryny göz öňünde tutmak maslahat berilýär. 136. Çerdakly üst örtügiň, çerdaksyz şemalladylýan üçekleriň ýa-da daşarky howa bilen şemalladylýan gatlakdan aşakda ýerleşýän çerdaksyz şemalladylýan üçegiň gurnawynyň gatlagynyň ýylylyk saklaýyş derejesi ýylyň sowuk döwri üçin Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji awgustynda 1090 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Gurluşyk ýylylyk tehnikasy» atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2017-nji ýylyň 28-nji iýulynda çykaran MB-55 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Gurluşyk ýylylyk tehnikasy” atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda (mundan beýläk- TGK 2.01.03-17) bellenen talaplaryndan az bolmaly däldir. 137. Ýylyň maýyl döwründe howanyň içerki hasaplama temperaturasy bellenen tertipde tassyklanylan ýyladyş, wentilýasiýa we kondisionirlemegi taslamak babatynda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda bellenen talaplara laýyklykda daşarky howanyň hasaplama temperaturasyndan 3ºС-dan geçmeýän ýaşaýyş jaýlarynda, şeýle hem jemgyýetçilik we önümçilik binalarynda ýylylyk üzňeleýjy gatlagyň galyňlygyny şeýle şert boýunça, ýagny iýul aýynda üçekden jaýa aralaşýan ýylylyk akymynyň dykyzlygy bir gije-gündizde ortaça 12 Wt/m2-dan geçmez ýaly edip hasaplamak maslahat berilýär. Şu şertler berjaý edilende çerdakdaky üst örtügiň we çerdaksyz üçekleriň ýylylyk saklaýyş derejesini hasaplamak talap edilmeýär. 138. Üçekleriň howa we bug syzdyryjylyga bolan garşylygy “Gurluşyk ýylylyk tehnikasy” atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda bellenen talaplardan az bolmaly däldir. 139. Üçekleriň talap edilýän ýylylyk, howa we bug syzdyryjylyga bolan garşylygy üçegiň ähli meýdanynda, şol sanda karnizlere, daşky diwarlara, dik kanallara we goşmaça gurnamalara ýakynlaşýan ýerlerdäki gurnama parçalaryň sepleşýän ýerlerinde hem üpjün edilmelidir. 140. Bugüzňeligini örtmegiň zerurlygy “Gurluşyk ýylylyk tehnikasy” atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda bellenen talaplara laýyklykda hasaplamak bilen kesgitlenilýär. Bugüzňeleýji örtügini ýylylyk üzňeleýji örtüginiň gatlagyndan aşakda üçegiň içerki üst tarapyndan ýerleşdirmek gerekdir. Bugüzňeleýji örtügi “Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi” atly şu Kadalara 4-nji goşunda laýyklykda göz öňünde tutmalydyr. 141. Üçekleriň gurnawynyň materiallarynda yzgar agram babatda yzgar toplanýan döwürde çyglylygyň artyşyny hasaba almak bilen, “Gurluşyk ýylylyk tehnikasy” atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda bellenen talaplara laýyklykda kadalaşdyrylýan derejeden geçmeli däldir. 142. Çerdak gatlaryň we örtükleriniň talap edilýän ýylylyk geçirijililige garşylygyny üpjün edýän ýylylyk üzňeleýji materiallaryny saýlamagy ýylylyk üzňeligini gurnamaklyga birwagtlaýyn, binanyň otaglarynyň ýyladyşyna we kondisionirlemegine ulanyşda ediljek çykdajylary, şeýle hem gurnawynyň bellenen ulanyş möhletinde gündelik abatlaýyş çykdajylary hasaba almak bilen amala aşyrmak maslahat berilýär. 143. Çerdak örtükleriniň (gatlarynyň), çerdaksyz örtükleriniň “Gurluşyk ýylylyk tehnikasy” atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda bellenen talaplara laýyklykda kesgitlenen ýylylyk geçirijilige garşylygyň talap edilýän derejesini üpjün etmek üçin häzirki zaman netijeli ýylylyk üzňeleýji materiallaryny ulanmak maslahat berilýär. Deňeşdirilende pes dykyzlyk we az ýylylyk geçirijilik häsiýetli mineral pagtadan, bazalt we aýna süýümlerinden ýasalan gaty ýylylyk üzňeleýji plitalary, ekstrudirlenen penopolistirol plitalary (şu Kadalaryň bir ýüz ýigrimi dokuzynjy böleginiň talaplaryny hasaba almak bilen) ýa-da penoaýna (penosteklo) ulanmak ileri hasaplanýar. Şunda ýylylyk üzňeleýji materiallary ykdysady maksada laýyklygynyň şerti boýunça saýlamagy maslahat berilýär. Çerdak örtüklerinde (gatlarynda), çerdaksyz we ýapgyt üst örtüklerinde ulanylýan ýylylyk üzňeleýji materiallarynynyň hyzmat ediş möhleti üçegiň ýa-da üst örtügiň ulanyş temperatura-çyglylyk tertibine, şeýle hem mehaniki güýçleriň täsirine baglylykda standartlaşdyrylan tehniki şertleri boýunça bellenilýär. Ýylylyk üzňeleýjiniň materiallary ýangyn howpsuzlyk talapalaryna laýyk, uzak wagtda ýylylyk üzňeleýji häsiýetini saklamalydyr, bio-suw durnukly häsiýetli, ulanyş döwründe zäherli we ýakymsyz ysly madda bölüp çykarmaýan bolmalydyr. Ekstrudirlenen penopolistiroly ulanmak diňe şemalladylmaýan çerdaksyz üçekleriň we ýyly çerdaklaryň köpgatly örtüklerinde, ýöne çerdaksyz şemalladylýan üçeklerde diňe sepleşýän ýerlerinde, germewleýji gurnawlaryň bilen gurnawlaryň beýleki elementleriniň birleşmelerinde ýol berilýär. 144. Üçekleriň ähli görnüşlerinde könelişen, az haýyrly, ýylylyk geçirijilik lо görkezijisi 0,10 Wt/(m×°С)-dan ýokary ýylylyk üzňeleýji materiallarynynyň ulanylmagyny çäklendirmek maslahat berilýär. Geçirijilik görkezijisi lо=0,07 Wt/(m×°С) we ondan az bolan häzirki zaman netijelikli (effektiw) ýylylyk üzňeleýji materiallaryny ulanmak ileri tutulýar. Durmuş maksatly jaýlaryň üçeklerinde lо=0,05 Wt/(m×°С) we ondan az bolan ýylylyk üzňeleýji materiallaryny ulanmak ileri tutulýar. Çerdaksyz önümçilik binalarynyň örtüklerinde görkezijisi lо=0,14 Wt/(m×°С) we ondan az bolan ýylylyk üzňeleýji materiallaryny ulanmaga ýol berilýär. 145. Ýyladyjy gatlagy hökmünde külke we içinden howa geçýän ýylylyk üzňeleýji materiallary ulanylanda olary galyňlygy 20 - 50 millimetr bolan sement-çäge ýa-da asfalt-beton tekizleýji gatlagy bilen örtmek gerekdir. 146. Külke we içinden howa geçýän ýylylyk üzňeleýji hökmünde däneleriniň ululygy 15 millimetre çenli we dykyzlygy 200 - 300 kg/m3 çägindäki bolan gabardylan wermikulit, ownuk däneli gabardylan fraksiýasy 5 millimetre çenli we dykyzlygy 200 - 400 kg/m3 çägindäki bolan perlit çägesi, ýöne 500 kg/m3-den köp bolmaly däldir, şeýle hem dykyzlygy 400 kg/m3-dan köp bolmadyk keramzit çagyly ulanmak maslahat berilýär. 147. Külke ýyladyjyny tekiz, gury we tozansyzlandyrylan örtügiň üstünden galyňlygy 6 santimetrden köp bolmazdan, maýak reýkalar boýunça 2-den 4 metre çenli zolaklar şeklinde ýerleşdirilmelidir. Ýylylyk üzňeleýji gatlagy birmeňzeş we üznüksiz bolmalydyr. Soňky gatlaklar, ozalky goýlan gatlaklar dykyzlandyrylanandan soňra düşelýär. 148. Şemalladylýan çerdaksyz we çerdakly üçeklerde ýylylyk üzňeleýji gatlagy ýanmaýan ýa-da kynlyk bilen ýanýan materiallardan bolmalydyr. Şunda ýylylyk üzňeleýji gatlagyň aşagyndaky düşelýän esas ýanmaýan materiallardan bolmalydyr. 149. Şemalladylmaýan örtüklerde agaç we onuň esasynda ýasalan ýylylyk üzňeleýji materiallary ulanmaga ýol berilmeýär, sementi birleşdirýän fibrolit muňa girmeýär. 150. Sowuk we açyk çerdakly çerdak örtügi ýylatmak üçin mineral pagtadan ýasalan, bazalt we aýna süýümlerinden ýasalan, 20 - 50 millimetr galyňlykda sement-çäge palçygyndan ýa-da asfaltbetondan armirlenen tekizleýji gatlagy bilen gurnalan gaty ýylylyk üzňeleýji plitalary ulanmak maslahat berilýär. 151. Çerdaksyz üçekleriň ýylylyk üzňeligi gurnalmazdan öň aşakdaky işleri ýerine ýetirmek zerur: 1) bugüzňeleýji gatyny ýerleşdirmeli; 2) içki suwakarlaryň girdapjyklaryny we arassaçylyk tehniki turbalaryny oturtmak; 3) ýyladyjylary getirmek üçin ýörite gurmalary ýerleşdirmeli (ýylylyk üzňeleýji profilirlenen örtügi boýunça gurnalanda). Ýylylyk üzňeleýji plitalary bugüzňeleýji gatynyň üsti bilen esasa zolaklaýyn çalynýan bitum mastikasy arkaly ýelmemeli, zolaklaryň ini 10-dan 12 santimetre çenli, esasyň ininiň 1 metrine ikiden bire çenli zolak hasapdan ýelmeşdirilmeli ýa-da hasaplamagyň netijesinde bugüzňeleýji gatynyň bolmazlygynda gurylygna ýelmeşdirilmeli. Plitalar iki gatdan ýerleşdirilmeli. Ýokarky duran plitalaryň sepleşen ýeri aşaky plitanyň sepleşen ýeri bilen gabat gelmeli däldir. Ýyladyjynyň sepleşen ýeriniň yşlary birmeňzeş dykyzlykdaky ýylylyk üzňeleýji materialy bilen doldurylmalydyr. 152. Üsti tolkunlaýyn asbestsement listlerden, metal listlerden, metalçerepisa, çerepisa we beýleki listlenen, ýekeleýin we rulon üst örtük materiallardan taýýarlanan ýapgyt üçeklerde ýyladyjy hökmünde ýanmaýan ýylylyk üzňeleýji materiallar ulanmalydyr. Süýümli materiallary mineral, bazalt pagtadan we sintetiki baglaşdyryjyly aýna süýümlerinden ýasalan plitalary ýa-da düşekleri ulanmak makul bilinýär. 153. Ýyly çerdaklar gurnalanda stropilalaryň aralaryndaky boşluklary ýylylyk üzňeleýji materiallar bilen doldurylýar. Ýyladyjyny atmosfera täsirinden goramak üçin ony daş tarapyndan ýel we gidroüzňeleýji materiallar bilen örtülmelidir. Ýyladyjyny jaýlaryň içindäki ýyly howadan gelýän çygdan goramak üçin ony iç tarapyndan bugüzňeleýji material bilen örtülmelidir. Bugüzňeleýji örtügi ýyladyjynyň içki (aşak) tarapyndan ýerleşdirilmeli. Bugüzňeleýji örtügi hökmünde ýörite bug geçirmeýän plýonka görnüşli materiallary, talap edilýän bug geçirijilige garşylygyna baglylykda ulanmagy maslahat berilýär. Folgasy jaý tarapynda ýerleşdirilýän folgirlenen bugüzňeleýji örtüklerini ulanmak netijeli hasaplanýar, sebäbi bu ýylylyk beriş koeffisiýentiniň şöhle gaýtaryjy düzüminiň hasabyna ýylylyk üzňeleýjiden ýylylyk akymynyň azalmagyna mümkinçilik berýär. Bu halatda bugüzňeleýji bilen içki gözenegiň arasynda kiçiräk yş göz öňünde tutmaklygy maslahat berilýär. 154. Ýylylyk üzňeligi jaýyň iç tarapyndan gurnalanda bugüzňeleýji örtügi ýylylyk üzňeleýji gatlagyň üstünden gös-göni gurnawyň göteriji detallaryna (pürs, stropila, karkas) berkitmek bolýar ýa-da garalama tagta örtügine agaç reýkalar bilen ýa-da ýeňil metal ugrukdyryjylar bilen berkidilýär. Gurnamak aşakdan ýokarylygyna, keseligine goýulýan tyglary biri biriniň üstüne 100 mm az bolmadyk aralyga çykarmak bilen alyp barylýar. Bugüzňeleýji materialyň sepleşmeleri germetik lentalar bilen ýelmenmelidir. Bugüzňeleýji örtügiň ýyrtylmagyna ýol berilmeýär. Ýyrtylan jebis däl ýerleri germetizirlenmelidir. 155. Ulanylýan çerdaklaryň ýapgyt üçekleriniň örtüginiň gurnawlary esasy funksional wezipesinden başga, üst örtügiň aşagyndaky boşlugyň sesden goragyny üpjün etmelidir. 156. Germewleýji gurnawlaryň ýylylyk geçirijilige talap edilýän garşylygyny üpjün etmek üçin ýyladyjyny bir ýa-da iki gat plitalardan we düşeklerden ýerleşdirmeklige ýol berilýär. 157. Ýyladyş shemasyny saýlamak ýapgyt üçegiň üstüniň basyrlyş gurnamasynyň konstruktiw aýratynlygyndan, stropilalaryň kese kesiginiň beýikliginden, şeýle hem üst örtügiň elementlerini gurnamak boýunça geçirilmeli işleriň tehnologik ýagdaýyna baglydyr. Aşakdaky ýyladyş shemalary ulanmagy maslahat berilýär: 1) stropilalaryň arasynda ýerleşdirilen ýyladyjyly (göteriji karkas ýyladyjynyň içinde ýerleşýär - ýyly zolakda); 2) stropilalaryň arasynda we stropilalaryň üstündäki karkasda ýerleşdirilen ýyladyjyly (göteriji karkas ýyladyjynyň içinde ýerleşýär (şu Kadalaryň 1-nji suratynyň “a” kiçi bendi); 3) stropilalaryň arasynda we stropilalaryň aşagyndaky karkasda ýerleşdirilen ýyladyjyly (göteriji karkas sowuk zolakda ýerleşýär (şu Kadalaryň 1-nji suratynyň “b” kiçi bendi). 1-nji surat – Ýapgyt üçekleriň ýyladyş shemalary a) stropilalaryň arasynda we stropilalaryň üstündäki karkasda ýerleşdirilen ýyladyjyly; b) stropilalaryň arasynda we stropilalaryň aşagyndaky karkasda ýerleşdirilen ýyladyjyly. 1 - üst örtügi; 2 - kontr gözenek; 3 - goýuşdyrylýan pürsler; 4 - gidroüzňeleýji bug geçirýän diffuzion membrana; 5 - ýylylyk üzňeleýji üçin gözenek; 6 - ýylylyk üzňeleýji; 7 - stropila; 8 – bugüzňeligi ; 9 - jaýyň içki bezegi. Haçan-da ýylylyk tehniki hasaplamalar netijesinde ýyladyjynyň galyňlygy stropilanyň inine deň ýa-da ondan kiçi bolan ýagdaýynda, ýyladyşyň has ýönekeý shemasynyň ýerine ýetirilişi saýlanmalydyr - ýylylyk üzňeleýji stropilalaryň arasynda ýerleşdirmeli. Haçanda ýyladyjyny stropilalaryň üstünde, arasynda we karkasda ýerleşdirilen halatynda has netijeli shema hasaplanýar. Şu shemada aşakdaky ýylylyk üzňeleýji material stropilalaryň arasynda ýerleşdirilýär, ýokarkysy bolsa, stropilalaryň üstünden gurnalan kontr gözenekde ýerleşdirilýär. Şeýle shemanyň artykmaçlygy aşakdakylarda jemlenýär: 1) stropilalaryň üstünden ýyladyjynyň ýokarky gatlagy bilen örtülende sowugyň köpürjikleriniň täsiriniň azalmagynda; 2) örtügiň göteriji elementleriniň uzak möhletli bolmagynda, olaryň howanyň temperatura-çyglylygynyň üýtgeýän täsirinden goralmagy esasynda; 3) üst örtügiň aşagyndaky jaýyň peýdaly boşlugynyň giňelmeginde. 158 . Ýapgyt üçegiň ýylylyk üzňeleýjisinde ýyladyjy gatlagyň we üst örtügiň arasyndaky çyglary aýyrmak üçin şemalladylýan howa gatlagy gurnalýar. Howa gatlagyň galyňlygy aşakdakylardan az bolmaly däl: 1) tolkunlaýyn we profilirlenen materiallardan basyrylan üst örtügi üçin 30 mm; 2) tekiz materiallar bilen basyrylan üst örtügi üçin 50 mm. 159. Çerdakly, çerdaksyz we ýapgyt üçegiň üst örtügi taslananda häzirki zaman, uzak möhletli we ulanylanda berk bolan basyrma materiallary göz öňünde tutmaly, şunda olar ýyladyjynyň çyglylykdan goralmagyny we onuň ýylylyk üzňeleýji häsiýetiniň saklanmagyny hasaba almak bilen jaýyň umumy atmosfera täsirinden goragyny, üpjün etmelidir. Üst örtügiň görnüşi we materialy saýlanylanda, şeýle hem taslanylýan üçekleriň “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda häzirki zaman energiýa netijeliligi boýunça talaplary göz öňünde tutulmalydyr. 160. Pes gatly (5 gata çenli) çerdaksyz üçekli we rulonly üst örtükli durmuş maksatly ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalaryň durky täzelenende, bular ýaly üçekleri çerdakly üst örtükli aglaba ýekeleýin materiallardan we netijeli ýylylyk üzňeleýji materiallardan ýasalan ýyladyjyly üçekler bilen çalyşmaly. 161. Bar bolan jaýlaryň durkuny täzelemek işleriniň, taslamasyna we gurluşygyna girişmezden ozal, olaryň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň hakyky ýylylyk tehniki görkezijilerini kesgitlemek üçin germewleýji gurnawlaryň, umumy üçegiň tehniki ýagdaýynyň barlagyny geçirmeli. Çerdaksyz üçekleriň we çerdak örtüginiň konstruktiw elementleriniň we gatlaklarynyň detallarynyň (bugüzňeleýji, ýylylyk üzňeleýji, gidroüzňeleýji we başgalar) fiziki taýdan könelişmeginiň derejesine baglylykda bu elementleriň we detallaryň bölekleýin ýa-da tutuş täze döwrebap netijeli materiallardan ýasalan “Gurluşyk ýylylyk tehnikasy” atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda bellenen talaplara laýyklykda edilýän ýylylyk geçirijilige garşylygy we beýleki talaplara jogap berýän elementlere we detallara çalşylmagy zerurdyr. Eger-de täze tehniki çözgütleri pes dykyzlykly, netijeli ýylylyk üzňeleýji materiallarynyň ulanmagynyň hasabyna germewleýji gurnawlaryň öz agramynyň has ulalmagyna getirmeýän ýagdaýynda, täze germew gurnawlaryň gatlaklaryny bar bolanlaryň üstünden gurnamak maslahat berilýär. Bu bolsa az çykdajylar bilen jaýyň ýylylyk goragyny goşmaça ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. 162. Ähli howa şertli etraplarda sowuk we açyk çerdakly üçekleri ulanmaga ýol berilýär. Şunda açyk çerdakly üçekleri ileri tutulýar. “Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna 1-nji goşundy Ulanylan esasy adalgalar 1. Üçek - binany atmosfera ýagynyň düşmeginden goraýan örtügiň ýokarky elementi. 2. Çerdak - örtükler, diwarlar we çerdakly örtükler bilen çäklendirilen geçiş giňişligi. 3. Sowuk çerdak - çerdak örtüginde hasaplama ýylylyk üzňeligi bilen çerdagyň üstünden howa çekýän şemalladyş kanallaryny çykarmagy göz öňünde tutýan çerdagyň görnüşi. 4. Açyk çerdak - diwarlardaky hasaplama kesişmeleriň deşiginiň üsti bilen daşarky howa bilen işjeň şemalladylýan çerdagyň möçberinde howa çekýän şemalladyjy tarapyndan howanyň goýberilmegini göz öňünde tutýan çerdagyň kysymy. Ýylylyk üzňeleýji örtük binanyň gatlarynyň arasyndaky örtükde gurulýar. 5. Ýyly çerdak - ony gurnama howa çekiş şahtasynyň üstünden uzaltmak bilen çerdagyň ýapyk möçberinde howa çekýän şemalladyjy tarapyndan howanyň goýberilmegini göz öňünde tutýan çerdagyň görnüşi. Ýylylyk üzňeleýji çerdagyň daşky germewlerinde gurnalýar. 6. Çerdaksyz şemalladylýan (şemalladylmaýan) üçek - geçiş giňişligi bolmadyk, daşarky howa bilen şemalladylýan tekizligi ýa-da onuň ýokarky böleginde ýylylyk saklaýan gatlagyň üstünde ýerleşýän kanallar bolan (bolmadyk) üçek. 7. Üst örtügi - çerdakly we çerdaksyz üçekleriň şol bir wagtda göteriji, gidroüzňeleýji, ýyly çerdakda bolsa, ýylylyk üzňeleýji wezipeleri ýerine ýetirýän ýokarky germewleýji gurnawy. 8. Binanyň üsti - binalary we desgalary howa faktorlaryndan we täsirlerinden goramak üçin niýetlenen ýokarky germew. 9. Arkajyk - ýokarky kese duran üçegiň gapyrgajygy, suw üçin goýulan sakajyk. 10. Binanyň rulonsyz üsti - reňklenýän, mastikaly ýa-da siňdirilen gidroüzňelik mastikaly ýa-da ruberoidly dolulygyna zawodda taýýarlanylan gurnama demirbetondan binanyň üsti. 11. Binanyň ulanylýan üsti - öz esasy niýetlenilen maksadyndan, ýagny otaglary howanyň täsirinden goramakdan başga hem umumylykda alnanda peýdalanylýan meýdanyň giňeldilmegine getirýän beýleki maksatlar üçin hem ulanylýan binanyň üsti. 12. Üsti örtülmeýän binanyň üsti - üst tarapynda gidroüzňelik materiallary bolmazdan dolylygyna zawodda taýýarlanylan gurnama demirbeton plitalardan binalaryň üsti. 13. Binanyň üstüniň aşagyndaky esas - ýylylyk üzňeleýjiniň üstüne suw üzňeleýji haly (rulonly ýa-da mastikaly) ýelmenýän göteriji plitalaryň ýa-da tekizleýji gatlagyň üst tarapy. Asbestsement süýümli listlerden gurnalan binalaryň üstünde - listleri berkitmek üçin daýançlar (paýalar ýa-da eşegarkalar). 14. Esasy suw üzňeleýji düşegi (binalaryň rulonly we mastikaly üstüniň düzüminde) - mastikalarda rulonly materiallaryň gatlagy ýa-da aýna materiallary bilen armirlenen, yzygiderlilikde binalaryň üstüniň aşaky böleginiň esasynda ýerine ýetirilýän mastikalaryň gatlagy. 15. Goşmaça suw üzňeleýji düşegi (binalaryň rulonly we mastikaly üstüniň düzüminde) - rulonly materiallardan ýa-da gurluşyk materiallary bilen armirlenen, ýendowlarda, karniz ülüşlerinde, dürli gurnawçylyk parçalaryna galtaşýan ýerlerde esasy suw üzňeleýji halyny güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilýän mastika gatlagy. 16. Gorag gatlagy - binalaryň üstüniň esasy suwdan goraýan halynyň mehaniki zeper ýetmeden, gönüden-göni howanyň täsirinden, gün radiasiýasyndan we binanyň üstüniň üst tarapynda ýangynyň ýaýramagyndan goraýan parçasy. 17. Binanyň üstüniň plitasy - gurnama demirbeton üçegiň (örtügiň) esasy saklaýjy parçasy, ol bolsa rulonly we mastikaly binanyň üstüniň esasy ýa-da saklaýan we örtýän wezipeleri ýerine ýetirýän (rulonsyz we üsti örtülmedik binanyň üsti) dolulygyna zawodda taýýarlanylan parçasy bolup hyzmat edip biler. 18. Suw akdyryjy lotok - guramaçylykly suw akdyrmagyň ulgamynda binanyň üstünden ygallary toplamak hem-de aýyrmak üçin hyzmat edýän gurnama demirbeton çerdakly üçegiň legen görnüşli parçasy. 19. Ýendowa - üçegiň ýapgytlarynyň suw gaýtmak üçin kesişýän ýerleri. 20. Yş bekleýji - doly gurnama üçegiň esasy parçalarynyň arasyndaky sepleri örtmek üçin goşmaça gurnama demirbeton ýa-da listli materiallardan ýasalan parça. 21. Damjalyk ternaw - üçekden we beýleki elementlerden gaýdýan suwuň fasad tekizligine düşmegine böwet bolýan gurnaw. 22. Ternaw - daşky guramaçylykly suw akdyryjy ulgamyň üsti bilen binanyň üstünden suwy toplamak we aýyrmak üçin hyzmat edýän, esasan, listli polatdan eplenilip ýasalýan parça. 23. Ýagtylyk (dik asman-zenit çyralar) - örtüginiň çüýşelenen gurnawy ýagtylandyrmak üçin niýetlenen bölegi. 24. Deflektor - otaglardan howa sorýan turbanyň (şahtanyň) daşky böleginiň ujyndaky gurnaw. 25. Parapet - üçegiň, dalanyň (terrasanyň), balkonyň germew hökmünde gyrasyndan geçýän beýik bolmadyk bütewi diwar. 26. Howalandyryş penjiresi - üçegiň ýapgydynda ýerleşen çerdak otagyny ýagtylandyrmak we howalandyrmak üçin niýetlenen penjire. 27 Stropila - agaçdan, polatdan we demirbetondan bolup bilýän ýapgyt üçekleri göteriji gurnawy. 28. Üst örtügiň ýapgydy - üst örtügiň meýdanynyň onuň uzynlygyna bolan gatnaşygyndan düşýän göterim (%) ýa-da gradus (°) otnositel ululykda görkezilen, üst örtügiň iň beýik ýapgydynyň we kese tekizlikdäki onuň proýeksiýasynyň arasyndaky burç. 29. Ýangyn basgançaklaryň 1-nji görnüşi - üst örtüge çykylýan meýdançaly 2,5 metr beýiklikden başlaýan dikligine polatdan 0,70 metr inlikdäki basgançak. 10 metr beýiklikden basgançaklar her 0,70 metr aralykda merkezi basgançakdan 0,45 metr süýşürilen, 0,35 metr radiusda ýaý halka (duga) bolmaly. Üst örtüge çykylýan meýdançada 0,6 metr beýiklikde germew bolmaly. 30. Ýangyn basgançaklaryň 2-nji görnüşi - polatdan marş şekilde ýapgydy 6:1-den artyk bolmadyk, 0,70 metr inlikde, ýeriň derejesinden 2,5 metr beýiklikden başlanýan, azyndan her 8 metr aralykda meýdançaly tutawaçly basgançak. 31. Düýpli bina - gurluşygyna çuňlaşdyrylan binýadynyň gurulmagy üçin ýer işleriniň we gurluşyk-gurnama işleriniň geçirilmegi, göteriji we germewleýji gurnawlaryň, inžener kommunikasiýalaryň geçirilmegi talap edýän islendik desga. 32. Kömekçi binalar (senagat kärhanalaryň) - kärhananyň ýa-da gurulýan desganyň işçilerine we işgärlerine medeni-durmuş taýdan hyzmat etmek, şeýle hem edara-hojalyk we tehniki gulluklaryň ýerleşdirilmegi üçin bina. 33. Wagtlaýyn binalar we desgalar - gurluşyk döwri üçin ýörite salynýan ýa-da wagtlaýyn ýaramly edilýän (hemişelik), gurluşygyň, gurluşyk-gurnama işlerini guramagyň we ýerine ýetirmegiň işgärlerine hyzmat etmek üçin zerur bolan binalar (ýaşaýyş, medeni-durmuş we beýlekiler) we desgalar (önümçilik we kömekçi maksatly). 34. Bugüzňeligi - germewleýji gurnawlaryň içki tarapyndaky olary howadaky suw buglarynyň kondensatlaryndan goraýan suw we bug syzdyrmaýan materialdan bolan üzňelik gatlagy. “Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna 2-nji goşundy Peýdalanylan kadalaşdyryjy hukuknamalara we kadalaşdyryjy resminamalara salgylanmalaryň sanawy 1. “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny. 2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda 903 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 19-njy awgustynda çykaran MB-65 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary. 3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda 927 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly TGK 2.08.01-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 21-nji awgustyndaky MB-66 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly TGK 2.08.01-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary. 4. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda 1222 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary. 5. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda 1715 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşyk gumawlaryny posdan goramak. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.03.11-2023 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2023-nji ýylyň 15-nji maýyndaky 211-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, «Gurluşyk gurnawlaryny posdan goramak. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.03.11-2023 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary. 6. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2025-nji ýylyň 18-nji martynda 1866 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurluşyk gurnawlaryny we desgalaryny posdan goramak. Işleri geçirmek” atly TGK 3.04.01-2025 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda 12-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurluşyk gurnawlaryny we desgalaryny posdan goramak. Işleri geçirmek” atly TGK 3.04.01-2025 Türkmenistanyň gurluşyk kadalary. 7. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanylan ýyladyş, wentilýasiýa we kondisionirlemegi taslamak babatynda Türkmenistanyň gurluşyk kadalary. 8. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji awgustynda 1090 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Gurluşyk ýylylyk tehnikasy» atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2017-nji ýylyň 28-nji iýulynda çykaran MB-55 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Gurluşyk ýylylyk tehnikasy” atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary. 9. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili karary bilen tassyklanylan TDS-25366-82 “Emal EP-5116. Tehniki şertler ” döwletara standarty. 10. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili karary bilen tassyklanylan TDS-6617-76 “Gurluşyk nebit bitumy. Tehniki şertler” döwletara standarty. 11. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2022-nji ýylyň 16-njy fewralyndaky 43-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS 1784-2022 “List görnüşinde sowuklygyna sozulan prokat. Sortament” döwletara standarty. 12. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2008-nji ýylyň 30-njy dekabryndaky 220 belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS 103-2006 “Zolaklanan polat gyzgynlygyna sozulan prokat önümler” döwletara standarty. 13. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS-4030-63 “Bina üsti çüýleri. Gurnaw we ölçegler” döwletara standarty. 14. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS-25621-83 “Polimer gurluşyk jebislendiriji we dykyzlandyryjy materiallar we önümler. Toparlanyş we umumy tehniki talaplar” döwletara standarty. 15. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 26-njy dekabryndaky 1/279 belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS 905-2016 “Gurluşyk işleri üçin çagyl. Tehniki şertler” döwletara standarty. 16. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS-15123-78 “50%-li we 80%-li simazin-ezilýän tozlar. Tehniki şertler” döwletara standarty. 17. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2015-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 1/191 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Bitum emulsion pasta we mastika. Tehniki şertler” atly TDS 439-2015 belgili döwletara standarty. 18. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS-18124-95 “Asbestsement tekiz listler” döwletara standarty. 19. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2020-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky 361-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS 1468-2020 “Önümler demirbetondan we betondan gurluşyk üçin. Umumy tehniki şertler. Kabul etmekligiň, belliklemekligiň, daşamaklygyň we saklamaklygyň düzgünleri” döwletara standarty. 20. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2017-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky 157-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS 589-2017 “Tükmenistanyň ölçegleriň bütewiligini üpjün ediş döwlet sistemasy. Ölçeg serişdeleriniň barlagy. Guramagy we geçirmegiň tertibi” döwletara standarty. 21. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2018-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky 22-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS 15588-2014 “Ýylylyk izolýasiýaly penopolistirol plitalar. Tehniki şertler” döwletara standarty. 22. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndaky 01-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS-16136-2003 “Ýylylyk izolýasiýaly perlitbitum plitalary. Tehniki şertler” döwletara standarty. 23. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili karary bilen tassyklanylan TDS-5742-76 “Ýylylyk izolýasiýaly öýjükli betondan önümler” döwletara standarty. 24. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2021-nji ýylyň 2-nji dekabryndaky 357-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS-9573-2012 “Ýylylyk izolýasiýaly sintetiki baglaşdyryjyda mineralpamyk plitalar. Tehniki şertler” döwletara standarty. 25. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 25-nji awgustyndaky 1/176 belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS 845-2016 “Çagyl, daş owuntygy (çagyl) we çäge emeli öýjükli. Tehniki şertler” döwletara standarty. 26. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili karary bilen tassyklanylan TDS-12865-67 “Çişirilen wermikulit” döwletara standarty. 27. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2021-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky 259-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan TDS 1671-2021 “Güberçek perlit çägesi we çagyly. Tehniki şertler” döwletara standarty. 28. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili karary bilen tassyklanylan TDS-20916-87 “Ýylylyk izolýasiýaly rezol fenoloformaldegid smolalaryň esasynda penoplast plitalary. Tehniki şertler” döwletara standarty. 29. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili karary bilen tassyklanylan TDS-7313-75 “HW 785 emaly we HW 784 lagy. Tehniki şertler” döwletara standarty. 30. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndaky 1/05 belgili karary bilen tassyklanylan TDS 793-2016 “Polietilen plýonkasy. Tehniki şertler” döwletara standarty. 31. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky 50 belgili karary bilen tassyklanylan TDS-10296-79 “Izol. Tehniki şertler” döwletara standarty. “Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna 3-nji goşundy Üçekleriň jemleme- gurnawçylyk çyzgydynyň mysallary §1 Suw akdyrmak 1-nji surat a) daşky guramaçylyksyz; b) diwardaky ternawly daşky guramaçylykly; ç) asma ternawly daşky guramaçylykly; d) daşky guramaçylykly, gurnama demirbeton parçalarda üçek, diwardaky suw akdyryjy lotoklar bilen; e) içki guramaçylykly, gurnama demirbeton parçalarda üçek, diwardaky suw akdyryjy lotoklar bilen; f) içki guramaçylykly, lotoksyz; g) içki guramaçylykly, merkezi suw akdyryjy lotoklary bilen, daşky diwarlaryň üstündäki paýalary bilen, gurnama demirbeton parçalardan ýasalan üçek; h) içki guramaçylykly, merkezi suw akdyryjy lotoklary bilen, daşky diwarlaryň üstündäki paýalar bolmadyk, gurnama demirbeton parçalardan ýasalan üçek. §2 Çerdakly üçekler 2-nji surat a) eňňit binalaryň üsti bolan, açyk penjireden şemalladylmak bilen, howa çekýän şemalladyjynyň stoýaklary içinden geçirilmedik sowuk çerdak; b) eňňit binalaryň üsti bolan, açyk penjireden şemalladylmak bilen, howa çekýän şemalladyjynyň stoýaklary içinden geçirilen sowuk çerdak; ç) ýapgyt ýa-da tekiz eňňitli binalaryň üsti bolan, daşky diwar germewlerdäki deşikden şemalladylmak bilen, howa çekýän şemalladyjynyň stoýaklary içinden geçirilen sowuk çerdak; d) guramaçylykly suw akdyryjysy diwardaky lotokly, binalaryň üsti ýapgyt eňňitli açyk çerdak; e) guramaçylykly suw akdyryjysy merkezi lotokly, binalaryň üsti ýapgyt eňňitli açyk çerdak; f) ýyly çerdak. §3 Çerdaksyz üçekler 3-nji surat a) şemalladylýan howa gatlakly, içki suw akdyryjyly we gapdallaýyn potolokly; b) şemalladylýan howa gatlakly, daşky guramaçylyksyz suwakarly we gapdallaýyn potolokly; ç) şemalladylmaýan, içki guramaçylykly suw akdyryjyly we gapdallaýyn potolokly; d) şemalladylmaýan, içki suw akdyryjyly, ýapgyt potolokly. Ýapgytlygy birsydyrgyn (binalaryň tekiz eňňitli üsti); e) şemalladylmaýan, daşky guramaçylyksyz suw akdyryjyly, ýapgyt potolokly. Ýapgytlygy üýtgäp durýan (binalaryň birsydyrgyn bolmadyk üsti). Belgilemeler: 1 - binalaryň üsti, 2 - çerdakly üst örtügi, 3 - ýyladyjy, 4 - şemal düşýän penjire, 5 - howa çekýän şemalladyjynyň durýan ýeri, 6 - şemalladyjy deşik, 7 - gurnama howa çekýän şahta, 8 - howa gatlagy. Ýekeleýin ýa-da listleýin materiallardan binalaryň üsti 1-nji surat Suw akdyrmak. “Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna 4-nji goşundy Binalaryň rulonly we mastikaly üsti bilen üst örtüginiň parçalarynyň çözgüdi 1-nji surat. Üst örtüginiň elementleriniň mysallary. 2-nji surat. Binalaryň üstüniň sepleşýän ýerleriniň mysallary. a - 450 millimetrden ýokary beýikligi bolan diwarlara. b - şonuň ýaly, şu Kadalaryň bir ýüz on sekizinji bölegi boýunça çäreler ýerine ýetirilen ýagdaýynda. 1 - esasy suw üzňeleýji halysy; 2 - digir-digir sepme örtügi bilen ruberoitden daşky gatlagy bilen bilelikde goşmaça suw üzňeleýji düşeginiň gatlaklary; 3 - gorag gatlagy; 4 - sinklenen, binalaryň üsti üçin ulanylýan polatdan gorag öňlügi; 5 - jebislendiriji mastika; 6 - berkidiji parçalaryň oklary (suw üzňeleýji haly gatlaklary, gorag öňlükleri berkitmek üçin); 7 - daşky howa bilen baglanyşdyrýan diffuzion gatlagy. 3-nji surat. Deformasiýa sepler i ň çözgüdiniň mysallary. a - sinklenilen polatdan ýarym aýlaw sazlaýjylar bilen yşyň ini 60 millimetre çenli bolanda (goýulmalaryň ini 500 - 1000 millimetr bolanda sazlaýjy galyňlygy 3 - 4 millimetr listli polatdan ýasalýar). b - gurnama beton detallardan diwarlary bilen. 1 - esasy suw üzňeleýji halysy; 2 - goşmaça suw üzňeleýji halysynyň gatlagy; 3 - ruberoid düşegi (gury); 4 - gorag gatlagy; 5 - bugüzňeleýji örtügi (hasaplama boýunça); 6 - ýyladyjy materiallardan üstüni doldurma parçasy; 7 - sinklenen polatdan 80 millimetr radiusly sazlaýjy; 8 - sinklenilen binalaryň üsti üçin ulanylýan polatdan towlama detal; 9 - ýanmaýan mineral pamykdan ýyladyjy gatlak; 10 - berkidiji parçalaryň oklary; 11 - bitum bilen ýelmemek; 12 - suw üzňeleýji halysynyň ýokarky gatlagy; 13 - sinklenen polatdan ýasalan öňlük; 14 - her 600 millimetrden 40´40 millimetr ölçegdäki polat zolaklar; 15 - V görnüşli sazlaýjy. 4-nji surat. Turbalary çekmegiň çözgüdiniň mysallary. 1 - esasy suw üzňeleýji halysy; 2 - gorag gatlagy; 3 - goşmaça suw üzňeleýji halysynyň gatlaklary; 4 - berkidiji parçalaryň oky; 5 - sinklenen binalaryň üsti üçin ulanylýan polatdan ýasalan örtük; 6 - epinli tegelek ýa-da göniburçly polat patrubkalar; 7 - smolalanan esgi; 8 - gysyjy hamut; 9 - jebisleşdiriji mastika; 10 - içinden geçirilýän turba. 5-nji surat. Suwakarlaryň oturdylýan ýerlerinde binalaryň üstüni gurmagy çözmegiň mysallary. a - binalaryň ulanylýan üstünde. b - binalaryň ulanylmaýan üstünde. 1 - esasy suw üzňeleýji halysy; 2 - gorag gatlagy; 3 - 2 gat rulon materiallary; 4 - ganarlyk mata gatlagy; 5 - tekizleýji gatlagy; 6 - suwakaryň guýgujynyň gapagy; 7 - suwakaryň goparylyp aýrylýan gapagy; 8 - gysyş halkalary; 9 - azyndan 15 millimetr galyňlykda düşelen çagyl; 10 - sement-çäge ergini ýa-da kwars çägesi; 11 - beton ýa-da armatura-sement plitkalary; 12 - sement-çäge ergini; 13 - şaýbaly oturdylýan gaýka; 14 - mineral pamyk; 15 - gysyjy hamut; 16 - termowkladyş; 17 - suwakaryň torly gorag gapakly okarasy. Esasy suw üzňeleýji halysyny şu Kadalaryň 3-nji tablisasy boýunça kabul etmeli. Ýylylyk üzňeleýjiniň görnüşleri şu Kadalaryň “Ýylylyk üzňeleýjileriniň görnüşleri” atly 6-njy goşundysynda, bugüzňeleýji örtükleriniňki bolsa “Bugüzňeleýji örtüginiň görnüşleri” atly 7-nji goşundyda berilýär. “Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna 6-njy goşundy Ýylylyk üzňeleýjileriniň görnüşleri Ýylylyk üzňeleýjiniň görnüşi Ýylylyk üzňeleýjiniň materiallary Berkligi, kgg/sm², azyndan gysylanyna epinine T-1 Penopolistirol (TDS-15588-2014) ýa-da penopoliuretan plitalaryň ýa bolmasa bezeg üçin penoplastlardan edilen plitalaryň antipirenlerini penopolistirol ýa-da penepoliuretan esasyna goşmak bilen 1,5 1,8 T-2 Bezeg üçin penoplastlardan edilen penopoliuretan ýa-da penopolistiriol monolit gatlaklaryň antipirenlerini penopolistirol ýa-da penepoliuretan esasa goşmak bilen 1,5 - T-3 Gidromassadan ýasalýan ýokarky gatylykdaky gidrofobizirlenen mineral plitalar 1 - T-4 Şonuň ýaly, gysylyp öndürilýän usulda 0,8 - T-5 Gidrofobizirlenen aýnaplast plitalary 0,6 - T-6 Perlitoplastbeton plitalar 2 - T-7 Plitalar: perlitfosfogel plitalary 4,5 2,5 ýeňil agramdaky perlitden ýasalan plitalar 3 2 T-8 Perlitbitum plitalary (TDS-16136-2003) - 2 T-9 Perlitbitum monolit gatlak 1,5 - T-10 Gidrofobizasiýaly öýjükli betondan bir ölçege getirilen plitalar 8 - T-11 Plitalar: ýeňil betondan 5 - öýjükli betondan (TDS-5742-76) 8 - fibrolit - 4 penoaýnadan 5 - gazbetondan 5 - T-12 Monolit düşelen ýeňil ýylylyk üzňeleýji betonlar (esasan, toplumlaýyn plitalaryň düzüminde) 2 - T-13 Gaty we ýarym gaty mineralpamyk plitalar (TDS-9573-2012) - - T-14 Tutýan göwrümi boýunça agramy 600 kgg/m3 çenli bolan keramzit (TDS 845-2016), şungizit, wermukulit (TDS-12865-67), perlit (TDS 1671-2021) we beýleki ýylylyk üzňeligi üçin gömmeler (esasan, toplumlaýyn plitalaryň düzüminde) - - T-15 Rezol fenoloformaldegid smolalaryň esasynda penoplast plitalary (TDS-20916-87) 2 2,6 Bellikler 1. T-1, T-6, T-15 ýylylyk üzňeleýjiniň gysylma bolan berkligi 10% çyzyklaýyn deformasiýasynda kesgitlenilýär. 2. Ýylylyk üzňeleýji T-7 görnüşli plitalar zeper ýetmegini azaltmak we çyg çekmeginiň öňüni almak üçin oňa deslapdan ruberoid ýelmemek maslahat berilýär. 3. T-14 görnüşli ýylylyk üzňeleýjide onuň üstünden has ownuk granullar düşelmelidir we ol dykyzlandyrylmalydyr. 4. Monolit düşelýän ýylylyk üzňeleýji gatlaklar (T-9, T-12 görnüşli) azyndan 3´3 metr ölçegdäki ülüşde temperatura görä üýtgeme sepler bilen bölünmelidir. Profilirlenen polat düşelýän örtükler bilen örtülen ýerlerde bu yşlar paýalaryň we fermalaryň aşagynda ýerleşmelidir, demirbeton plitalar ulanylan örtüklerde bolsa saklaýan plitalaryň ujundaky sepleşýän ýerleriň aşagynda ýerleşmelidir. 5. T-15 görnüşli ýylylyk üzňeligiň profilirlenen polat düşek örtükleri bilen gönüden-göni galtaşmagyna ýol bermeli däldir. 6. T-1 kysymyndaky ýylylyk örtügi ulanylanda gysylanda 1 kgg/sm2 berkligi bolan plitalaryň ulanylmagyna agram düşende berkligini ýokarlandyrmak üçin deslapdan ruberoid ýelmenilen şertlerinde ýol berilýär. Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna 7-nji goşundy Bugüzňeleýji örtüginiň görnüşleri Örtügiň görnüşi Bugüzňeleýji örtüginiň materiallary Bug aralaşmagynyň hasaplanylan garşylygy, m2ç mm rt st/g B-1 Gyzgyn bituma ýelmenen we üstünden bitum örtülen ruberoid (ýylylyk üzňeleýji materiallary ýelmemek üçin) 12,3 B-2 Gyzgyn bituma ýelmenen ruberoid 10,3 B-3 Kukerduz mastika ýelmenen we üstünden şol mastika bilen örtülen ruberoid 16,4 B-4 Bitum-kukerduz mastika ýelmenen ruberoid 13,1 B-5 Ruberoid 8,3 B-6 1 gezek gyzgyn bitum bilen reňklemek 2 B-7 1 gezek bitum-kukerduz mastikasy bilen reňklemek 4,8 B-8 Şonuň ýaly 2 gezek reňklemek 8,1 B-9 2 gezek poliwinilhlorid lagy bilen reňklemek (TDS-7313-75) 29 B-10 Hlorkauçuk lagy bilen 2 gezek reňklemek 26 B-11 Bitum-kukerduz mastika ýelmenen, 200 millimetr galyňlykdaky polietilen plýonkasy (TDS 793-2016) 1000 B-12 Izol (TDS-10296-79) 40 B-13 Bitum emulsiýa mastikasy (pasta) 10 Bellikler 1. Bugüzňeleýji örtügi üçin RKM-350B, RKM-350W kysymly ruberoid göz öünde tutulýar. 2. Saklaýan demirbeton plitalaryň beton üst örtükleri boýunça B-1 - B-4 bugüzňeleýji örtügi taslanylan mahaly taslama kysymy 50 bolan sement-çäge ergini bilen 5 millimetr galyňlykda suwamak göz öňünde tutulyp biliner. 3. P-2 kysymyndaky üst örtüklerde (şu Kadalaryň 4-nji goşundysy) panelleriň arasyndaky uzaboýuna we gapdal sepleşýän ýerlerinde bugüzňeleýji örtügi üçin jebislendiriji (germetik) mastikalary ulanmagy göz öňünde tutmak zerurdyr. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 09-njy sentýabrynda 1967 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy

Источник: TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI