Dominikan Respublikasynyň wekili «Dünýä gözeli – 2026» bäsleşiginde ýeňiş gazandy

Amul Info ·

Dominikan Respublikasynyň wekili «Dünýä gözeli – 2026» bäsleşiginde ýeňiş gazandy

👑 «Dünýä gözeli – 2026» bäsleşiginde Dominikan Respublikasynyň wekili ýeňiş gazandy 5-nji sentýabrda Wýetnamyň Nýaçang şäherinde geçirilen halkara gözellik bäsleşiginde Dominikan Respublikasynyň wekili baş baýragy eýeledi. Ikinji orun Ispaniýa, üçünji orun Malaýziýa berildi. Bäsleşige 111 ýurduň…

Dominikan Respublikasynyň wekili «Dünýä gözeli – 2026» halkara gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 5-nji sentýabrda Wýetnamyň Nýaçang şäherinde geçirildi. Ýaryşyň netijelerine görä, ikinji orny Ispaniýanyň, üçünji orny bolsa Malaýziýanyň wekili eýeledi. Bu barada TASS habar berdi.

Şu ýyl geçirilýän bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen milli gözellik ýaryşlarynda ýeňiş gazanan 111 gyz gatnaşdy.

«Dünýä gözeli» halkara gözellik bäsleşigi ilkinji gezek 1951-nji ýylda geçirilipdi. 2026-njy ýyldaky ýaryş onuň taryhynda 73-nji gezek guraldy.

Bäsleşik dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlemek bilen bir hatarda, gatnaşyjylaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny halkara derejesinde tanyşdyrmak üçin hem mümkinçilik döredýär.

Источник: Amul Info