Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

port.com.tm ·

Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

| Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy                       Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe … Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy Читать далее »

| Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.

Onlaýn duşuşykda gurama agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda integrasiýasy we sebitara arabaglanyşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem YHG ýurtlary bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça garaýyşlar beýan edildi.

Türkmen tarapy sebitdäki maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen YHG agza ýurtlarynyň telekeçileriniň gatnaşmagynda yzygiderli bilelikdäki sergileri we işewürlik maslahatlaryny geçirmeklige ünsi çekdi. Şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň YHG döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin we durnukly esasda ösdürmäge taýýardygy bellenildi.

Habarda bellenişi ýaly, duşuşyk sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm meýdança boldy.

13.08.2026

Источник: port.com.tm