Teatryň täze sahna eseri — şanly baýrama toý sowgady

Turkmenistan RSS Feed · · lebap

Teatryň täze sahna eseri — şanly baýrama toý sowgady

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary eşretli zamanamyzyň nurana dünýäsini açyp görkezýän sahna eserleri bilen birlikde şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzyň täsin gudratyny, maşgala gymmatlyklaryny, nesil terbiýesini, mukaddes däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän sahna oýunlaryny hem yzygiderli sahnalaşdyrýar.

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary eşretli zamanamyzyň nurana dünýäsini açyp görkezýän sahna eserleri bilen birlikde şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzyň täsin gudratyny, maşgala gymmatlyklaryny, nesil terbiýesini, mukaddes däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän sahna oýunlaryny hem yzygiderli sahnalaşdyrýar. Ýaňy-ýakynda teatryň döredijilik topary Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Gorkut ata» eposynyň «Däli Garçar» boýy boýunça ýazan «Tekepbir gyz» sahna eseri esasynda ýaş, zehinli režissýor Döwran Joraýewiň sahnalaşdyran we tomaşaçylara hödürlän «Oguz ýigidi» spektakly ýokardaky aýdylanlara aýdyň mysal bolup biler.

Bu sahna eseri taryhy döwürlerde türkmen halkynyň maşgala gatnaşyklaryny, asylly ýörelgelerini, nesil terbiýesini, türkmen zenanlarynyň päk ahlaklylygyny açyp görkezýär. Sahna oýnunyň gahrymany öz tekepbirligi bilen tanalýan Tulpar gyz gaýyn öýünde oguz ýigidiniň hem-de bu öýüň uly gelniniň täsiri bilen öz maşgalasyny söýýän, tutanýerli, eli işli, sarpaly, mylaýym gelin bolup ýetişýär.

Bu şowly çykan sahna eserinde Tulpar gyzyň keşbini döreden Gülälek Jumaýewanyň zähmetiniň ýerine düşendigini bellemek bolar. Oňa Tulpar gyzyň tekepbirlik bilen öz gyz doganlaryna, töweregindäkilere daraýan häsiýetlerini, dünýägaraýşyny, gaýduwsyzlygyny açyp görkezmek başardypdyr. Spektaklda Garçar begiň we onuň enesiniň keşplerini döreden Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejepowyň we Akjagül Suhanowanyň ussatlyklary, Tulpar gyzyň aşygy Helebaýyň keşbini janlandyran halypa aktýor Nurýagdy Döwletowyň, Çerrik bilen Gulamyň oýun-henek gatyşykly keşplerinde oýnan Taýly Allaberdiýewiň we Babamyrat Aşyrowyň ynamly hereketleri täze sahna eseriniň şowly çykmagyny üpjün edipdir.

Teatr sahnasynda döreden özboluşly keşpleri bilen sungatyň çuňluklaryna aralaşan tejribeli aktýorlar Garçar begiň aýaly Gülharman hatynyň keşbini döreden Gülälek Şaýmerdanowanyň, Bineg begiň we Sumsun yzçynyň keşplerinde oýnan Çary Dolyýewiň hem-de Çary Rahmankulowyň hem tomaşaçylary wakalaryň yzyna düşürip bilendiklerini bellemek bolar.

Teatryň täze sahna eserinde ýene-de bir bellenilmeli zatlaryň biri halypa aktýorlar bilen ýaş artistleriň hereketleriniň sazlaşygydyr. Spektaklyň dowamynda Meňlitäç Döwletowanyň, Akmaýa Halymowanyň, Oguzhan Taşewiň, Muhammet Borjakowyň, Remezan Allaberdiýewiň döreden keşplerine hem teatr muşdaklary ýokary baha berdiler.

Bu taryhy hem-de gülküli spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Haýtyýewiň, yşyklandyryjysy Wepa Sadykowyň, spektakly saz bilen bezän Azyz Akyýewiň hem zähmetleriniň ýerine düşüp, täze sahna oýnunyň mazmuny bilen sazlaşýandygyny aýtmak bolar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Garaşsyzlyk ganatym, Watanym – seždegähim» atly teatr bäsleşiginde bu sahna oýnuna gowy baha berilmegi, bu sahna oýnunyň režissýory Döwran Joraýewiň «Režissýoryň täze gözlegleri üçin» atly ýörite baýragyna, Helebaýyň keşbini döreden Nurýagdy Döwletowyň hem «Iň gowy erkek adamyň keşbi üçin» atly baýragyna mynasyp bolmaklary lebaply sungat ussatlarynyň täze sahna eseriniň şowly çykandygyna şaýatlyk edýär.

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň täze sahna oýny onuň döredijilik toparynyň berkarar Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp toý sowgadydyr.

Источник: Turkmenistan RSS Feed