Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Amul Info ·

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisde ykdysadyýet, oba hojalygy, nebitgaz, energetika, ulag we bilim ulgamlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany 2027-nji ýylyň bugdaý ekişine 2-nji sentýabrda, pagta ýygymyna bolsa 9-njy sentýabrda…
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ykdysadyýet, nebitgaz, energetika, oba hojalygy, ulag we bilim ulgamlary bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisine taýýarlyk görmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça görülýän işler barada hem hasabatlar diňlenildi.
Oba hojalygy boýunça 2027-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlyk görülýändigi, pagta ýygymyna degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi .
Şeýle hem täze okuw ýylyna taýýarlyk, täze bilim edaralaryny ulanmaga bermek, 1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” noutbuklaryny gowşurmak we sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça bir aýlyk geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Awazada geçirilen halkara maslahatyň netijelerini durmuşa geçirmek hem-de demir ýol ulgamynyň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da maglumat berildi.
Mejlisiň ahyrynda döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi.