Ananas tagamly ak ýertudana — paýnberri

Amul Info ·

Ananas tagamly ak ýertudana — paýnberri

Paýnberri — reňki, görnüşi we özboluşly tagamy bilen adaty ýertudanadan tapawutlanýan ak miwedir. Onuň ak ýüzünde gyzyl çigitleri bolup, tagamynda bolsa ananasa mahsus ýakymly öwüşgin duýulýar. Ýürek şekilli bu kiçijik miwe örän ýumşak we suwly bolany üçin çalt zaýalanýar. Paýnberri ter görnüşde…

Amerikanyň günbatar kenarýaka sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýän paýnberri adaty ýertudanalardan reňki we özboluşly tagamy bilen tapawutlanýan miweleriň biridir.

Paýnberri ýertudana bilen ýakyn görnüşde bolup, miwäniň daşky reňki ak, gabygyna ýapyşyp duran çigitleri bolsa gyzyl bolýar. Şol sebäpli bu kiçijik miwe uzakdan gülgüne öwüşginli ýaly görünýär.

Käbir adamlar paýnberriniň tagamyny adaty ýertudana meňzedýärler. Ýöne onuň esasy aýratynlygy ananasa mahsus bolan tagamynyň we hoşboý ysynyň bolmagydyr. Hut şu özboluşlylygy sebäpli hem bu miwe ananas bilen ýertudana görnüşiniň birleşmesini ýatladýar.

Ýürek şekilli paýnberriniň ululygy adatça 1,5–2,5 santimetre ýetýär. Miwesi örän ýumşak we suwly bolansoň, çalt zaýalanýar. Şonuň üçin ak ýertudanany uzak aralyklara daşamak kyn bolýar.

Ýetişen paýnberrini sowadyjyda doňduryp saklamak, iýmezden ozal bolsa gowy ýuwmak maslahat berilýär. Bu miwe terligine iýilmek bilen birlikde, kokteýlleri we goýy miweli içgileri taýýarlamakda hem ulanylýar.

Mundan başga-da, paýnberri süýjüliklere we desertlere, gök önümlerden taýýarlanýan dürli tagamlara, duza ýatyrylan işdäaçarlara hem-de et üçin taýýarlanýan marinadlara goşulyp bilýär.

Özboluşly reňki, görnüşi we ananas bilen ýertudana mahsus tagamlaryň utgaşmagy paýnberrini häzirki zaman miwe görnüşleriniň arasynda üýtgeşik önüm hökmünde görkezýär.

Источник: Amul Info