Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi
Amul Info ·

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepalyň demirgazyk sebitlerindäki suw joşgunlary we süýşgünler zerarly Prezident Ramçandra Paudelä we Premýer-ministr Balendra Şaha çuňňur gynanç bildirdi. Döwlet Baştutany gurban bolanlaryň ýakynlaryna medet, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda…
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudela hem-de ýurduň Premýer-ministri Balendra Şaha ýurduň demirgazyk sebitinde emele gelen suw joşgunlarynyň we süýşgünleriniň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara ýetirenligi zerarly çuňňur gynanç bildirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.