«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
tdh.gov.tm ·
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, ajaýyp zamanamyzy wasp etmek, il içinden zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu aýdymçy ýaşlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: