«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy

science.gov.tm ·

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda dostlukly aragatnaşyk gurýarlar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ähli esasy ugurlarda, şol sanda bilim we ylmy-tehniki ugurda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň baştutanlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge özara gyzyklanmalaryny görkezýär. Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň ylym we tehnologiýa boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we çuňlaşdyrmak barada bilelikdäki tagallalary esasynda, 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Forumyň esasy maksady, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy we innowasiýa hyzmatdaşlygynyň esasyny düzüp biljek, geljegi uly innowasiýa, ylmy we tehnologiki ugurlary kesgitlemekden, iki ýurduň ylmy guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermekden ybarata boldy. Forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we Tehnologiýa ministrligi tarapyndan guraldy. Forumyň işine Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylmy institutlarynyň we ylmy merkezleriniň, uniwersitetleriniň alymlary, döwlet edaralarynyň wekilleri, innowasiýalar boýunça ekspertler, has kämil tehnologiýalar we innowasion önümler babatda gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň işiniň netijesinde, Rezolusiýa kabul edilip, onda ylmy-tehnologik ugurda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen teklipler görkezildi.

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we
deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda dostlukly aragatnaşyk gurýarlar. Biziň ýurtlarymyzyň
arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ähli esasy ugurlarda, şol sanda bilim we ylmy-tehniki ugurda amala
aşyrylýar. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň baştutanlarynyň arasyndaky
ikitaraplaýyn duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge özara
gyzyklanmalaryny görkezýär.
Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň ylym we tehnologiýa
boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we çuňlaşdyrmak barada
bilelikdäki tagallalary esasynda, 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III
türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi.
Forumyň esasy maksady, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda
ylmy we innowasiýa hyzmatdaşlygynyň esasyny düzüp biljek, geljegi uly innowasiýa, ylmy we
tehnologiki ugurlary kesgitlemekden, iki ýurduň ylmy guramalarynyň arasynda göni
gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermekden ybarata boldy.
Forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň
Ylym we Tehnologiýa ministrligi tarapyndan guraldy.

Forumyň işine Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylmy institutlarynyň we
ylmy merkezleriniň, uniwersitetleriniň alymlary, döwlet edaralarynyň wekilleri, innowasiýalar
boýunça ekspertler, has kämil tehnologiýalar we innowasion önümler babatda gyzyklanma
bildirýän kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň işiniň netijesinde, Rezolusiýa kabul edilip, onda ylmy-tehnologik ugurda
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gönükdirilen teklipler görkezildi.

Источник: science.gov.tm