Dünýä liderleri Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutladylar
Awtomekdep täzelikler ·

Birnäçe ýurtlaryň Prezidentleri we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary türkmen halkynyň Milli Lideri we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi. Döwlet Baştutanlar Türkmenistan bilen dostlukly halklaryň bähbidine çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirldiler. Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Günorta Koreýanyň, Belarusyň we Ukrainanyň Prezidentleri, Ermenistanyň we Russiýanyň Premýer-ministrleri, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary gutladylar.