TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORMATLY SERDAR BERDIMUHAMEDOWA
yashlar.gov.tm ·

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi bagtyýar ýaşlarymyzy bilimler dünýäsine has çuňňur aralaşmaga ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen utgaşýan bilimler baýramynyň şanyna guralýan çäreleriň döwlet berkararlygymyzyň mizemezligini, milli bilim ulgamynyň okgunly ösüşini giňden dabaralandyrjakdygyna pugta ynanýaryn. Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda belleýşiňiz ýaly, Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şoňa görä, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylym-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okaýan il ozar...», «Zehin zehinden zyýada» diýen paýhasly jümleleri döreden pederlerimiziň toplan tejribelerine eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, täze taryhy döwürde milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky özara baglanyşykly işler bilim ulgamynyň binýadyny has-da berkitmek bilen, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Sarpasy belent Prezidentimiz! Jemgyýetiň ösüşinde bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ykdysady kuwwaty...