Türkmen küştçi gyzlary Samarkantda geçýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Argentinanyň ýygyndysyny ýeňdiler

Turkmenistan RSS Feed ·

Türkmenistanly küştçi gyzlaryň ýygyndysy Samarkantda dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda dördünji ýeňşini gazandy.

Türkmenistanly küştçi gyzlaryň ýygyndysy Samarkantda dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda dördünji ýeňşini gazandy. Bäşinji tapgyrda milli ýygyndymyz reýtingde 28-nji orunda durýan Argentinanyň toparyndan 2,5:1,5 hasabynda üstün çykmagy başardy. Argentinanyň toparynyň birinji tagtasynda halkara grossmeýster, galan üç tagtasynda bolsa halkara ussatlar çykyş edýärdi.

Duşuşyga çenli argentinaly küştçi gyzlar ýaryşyň ilkinji üç tapgyrynda ýeňiş gazanypdylar. Diňe dördünji tapgyrda olar ýaryşyň esasy dalaşgärlerinden bolan Özbegistanyň ýygyndysyndan 1:3 hasabynda asgyn geldiler. Şonuň üçin ortaça reýtingi 2057 bolan we ýaryşda 55-nji belgide ýerleşdirilen Türkmenistanyň ýygyndysy bilen duşuşykda hünärmenler has ýokary derejeli Argentinanyň toparyna artykmaçlyk berýärdiler. Emma tagtalarda dowam eden bäsleşikler iň batyrgaý çaklamalary hem puja çykardy.

Milli ýygyndymyza ýeňşi üçünji we dördünji tagtalarda çykyş eden FIDE-niň zenan ussady Jahan Rejepowa (reýtingi 2027) hem-de Mähri Agamyradowa (1939) getirdi. Jahan Rejepowa zenan halkara ussady Anapaola Borda Rodasy (2204), Mähri Agamyradowa bolsa zenan halkara ussady Anna Laura Skarsini (2212) ýeňdi.

Ikinji tagtada FIDE-niň zenan ussatlygyna dalaşgär Leýla Şöhradowa (2101) zenan halkara ussady Mariýa Hose Kamposdan (2230) ýeňilse-de, birinji tagtada çykyş eden FIDE-niň ussady Lala Şöhradowa (2147) halkara grossmeýster Kandela Be Fransisko Gekamburu (2268) bilen deňme-deň oýnap, toparyň umumy üstünligine öz mynasyp goşandyny goşdy.

Bu ýeňişden soň Mergen Kakabaýewiň tälim berýän topary ýaryş tertibinde ýene-de 10 basgançak ýokary galyp, 8 utuk bilen 190 zenan ýygyndysynyň arasynda 26-njy orny eýeledi. Toparymyzyň öňdäki dört liderden tapawudy bary-ýogy 2 utuk bolmagy bellenilmäge mynasypdyr.

Erkekler ýygyndysy hem mynasyp çykyş etmegi başardylar. Bäşinji tapgyrda 65-nji belgide ýerleşdirilen, ortaça reýtingi 2383 bolan Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy hem özünden ep-esli ýokary reýtinge eýe bolan Slowakiýanyň topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Slowakiýanyň topary ýaryşda 38-nji belgide ýerleşdirilip, onuň düzüminde üç grossmeýster we bir halkara ussat çykyş edýär.

Türkmen toparynyň ýeke-täk ýeňşini ikinji tagtada çykyş eden halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (2384) gazandy. Ol grossmeýster Piter Mihaligi (2543) ýeňmegi başardy.

Birinji we üçünji tagtalarda çykyş eden grossmeýster Saparmyrat Ataýew (2503) hem-de FIDE-niň ussady Amanmuhammet Hommadow (2389) degişlilikde grossmeýster Jergus Peçak (2538) we halkara ussat Samir Sahidi (2478) bilen deňme-deň oýnadylar. Dördünji tagtada çykyş eden Şahruh Turaýew (2222) bolsa grossmeýster Ýuraý Druskdan (2459) asgyn geldi.

Bäş tapgyrdan soň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň şägirtleri 7 utuk bilen açyk ýaryşa gatnaşýan 206 toparyň arasynda 36-njy ornuny saklamagy başardylar.

11 tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamynda geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasy 27-nji sentýabrda tamamlanar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed