Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde demir ýol pudagynyň iri kompaniýalary bilen gepleşik geçirýär
Amul Info ·

🚆🇹🇲 Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde demir ýol kompaniýalary bilen gepleşik geçirýär Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekiliýeti Berlinde geçirilýän «InnoTrans 2026» sergisine gatnaşyp, demir ýol pudagynyň iri kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirýär. «Alstom», «Huawei…
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekiliýeti Berlinde geçirilýän «InnoTrans 2026» halkara ulag sergisine gatnaşýar. Serginiň 22-nji sentýabrda geçirilen ilkinji gününde türkmen wekiliýeti demir ýol pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk we gepleşik geçirdi.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri «Techne Kirow GmbH», «INFRA LLC», «CRRC Nanjing Puzhen Co. Ltd», «Alstom», «Huawei Technologies Co. Ltd» we «Schwihag AG» kompaniýalarynyň sergi meýdançalaryna baryp gördüler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini we pudakda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýeti işewür duşuşyklardan başga-da, «InnoTrans 2026» sergisiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy. Sergide demir ýol ulaglary, ulag infrastrukturasyny ösdürmek we pudakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar, enjamlar hem-de tehniki çözgütler görkezilýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň işewür gepleşikleriniň maksatnamasy 23-nji sentýabrda hem dowam eder. Şol gün «Vossloh AG», «ArcelorMittal», «System7 Railtechnology GmbH» we «Pandrol» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri Beýik Britaniýanyň Ulag ministrliginiň we Beýik Britaniýanyň Demir ýol senagaty assosiasiýasynyň (RIA) wekilleri bilen duşuşarlar.
24-nji sentýabrda bolsa «voestalpine Railway Systems GmbH», «SRT Srl», «ARBZ» we «Kzeso, LLC» kompaniýalary bilen gepleşikler geçiriler. Şeýle-de wekiliýetiň sergi ekspozisiýasy bilen tanyşlygyny dowam etdirmegi göz öňünde tutulýar.
«InnoTrans 2026» demir ýol ulaglaryna, ulag infrastrukturasyna we pudagyň döwrebap tehnologiýalaryna bagyşlanan iri halkara sergileriň biridir. Çäräniň çäklerinde dürli ýurtlaryň demir ýol pudagynyň wekilleri, tehnologiýa öndürijileri we hünärmenleri özara tejribe hem-de işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin duşuşýarlar.