HALKYŇ SAGLYGY BARADAKY ALADA – DÖWRÜŇ MÖHÜM WEZIPESI
yashlar.gov.tm · · baherden, ahal

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şypahanada ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — melhemler mekany” atly kitabynda ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň esasynda şypahana ulgamyny ösdürmek we ýurdumyzyň halkara derejeli şypahana merkezi hökmündäki ägirt uly kuwwaty beýan edilýär. Türkmen topragy bejeriş häsiýetli mineral çeşmelere baýdyr. Olaryň ählisi halkymyzyň hyzmatyna gönükdirilýär. Döwlet Baştutanymyz ir bilen türkmen tebigatynyň gözel künjeginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna geldi. Halkymyzyň saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda şypahana düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan we lukman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp, şypahanada täze gurulýan binalar toplumynyň we has-da döwrebaplaşdyrylýan binalaryň häzirki ýagdaýyna, olaryň üpjünçilik hem-de enjamlaşdyrylyş derejesine degişli taslamalar, ugurdaş desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda 400 orunlyk täze şypahana...