Türkmen türgenleriniň Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlaryndaky medallarynyň sany 11-e ýetdi

Amul Info ·

Türkmen türgenleriniň Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlaryndaky medallarynyň sany 11-e ýetdi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynda 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç medal gazandy. Altyn medallara Annagurban Allaberdiýew we Nurmuhammet Baýdogdyýew mynasyp boldular. Ýaryşda dünýäniň 109 döwletinden 3000-den gowrak…

Türkmenistanyň ýygyndy topary Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde dowam edýän Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, gazanan medallarynyň umumy sanyny 11-e ýetirdi. Bu barada MilliInfo habar berýär.

Türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň arasynda 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç medal bar.

Altyn medallara milli göreş boýunça +100 kg agram derejesinde çykyş eden Annagurban Allaberdiýew hem-de alyş göreşiniň erkin usulynda +100 kg agram derejesinde ýaryşan Nurmuhammet Baýdogdyýew mynasyp boldular.

Kümüş medallary bolsa alyş göreşiniň nusgawy usulynda 80 kg agram derejesinde Mekan Nurberdiýew , erkin usulynda 60 kg-da Abdyresul Durdyýew we 80 kg-da Silapberdi Nuryýew gazandylar.

Bürünç medallaryň eýeleri hökmünde kuraş boýunça +100 kg-da Ylham Kemalow , ssirym boýunça +100 kg-da Pälwan Gurbangeldiýew , gyrgyz göreşinde 84 kg-da Atageldi Tejendurdyýew , gazak göreşinde 60 kg-da Serdar Babamyradow , guştini milli kamarbandide +100 kg-da Begli Hojammaýew hem-de guleşde +100 kg-da Zyýamuhammet Saparow çykyş etdiler.

Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary 40-dan gowrak etnosport görnüşini öz içine alýar. Halkara sport ýaryşyna dünýäniň 109 döwletinden 3000-den gowrak türgen gatnaşýar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde bu ýaryşlarda 14 türgen we 7 tälimçi çykyş edýär.

Источник: Amul Info