«Türkmenfilm» täze kinofilm üçin zehinli ýaşlary kastinge çagyrýar

Amul Info ·

«Türkmenfilm» täze kinofilm üçin zehinli ýaşlary kastinge çagyrýar

🎬 «Türkmenfilm» ýaş zehinleri kastinge çagyrýar Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze drama filminde keşp janlandyrmak isleýän zehinli ýaşlar üçin kasting yglan etdi. 📅 5-nji sentýabr, sagat 12:00 📍 Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgi Kasting ýaşlaryň aktýorçylyk…

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze kinofilmde keşp janlandyrmaga isleg bildirýän zehinli we döredijilikli ýaşlar üçin kasting yglan etdi .

Sazly sahnalara we gyzykly wakalara baý täze dramanyň režissýory Ýusup Baýramow bolup, filmiň surata düşürilişine gatnaşmak isleýän ýaşlar üçin ýörite seçip alyş geçiriler.

Kasting 5-nji sentýabrda sagat 12:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäre ýaşlaryň aktýorçylyk başarnyklaryny görkezmegi, döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmagy we kino sungatynda ilkinji tejribelerini toplamagy üçin amatly mümkinçilikdir.

Kastinge gatnaşmak isleýänler goşmaça maglumatlary +993 61-48-81-13 we 60-15-67 telefon belgilerinden alyp bilerler.

Täze taslama ýaş zehinleriň milli kinematografiýa ulgamyna goşulmagyna we döredijilik ukyplaryny ösdürmegine täze ýol açar.

Источник: Amul Info