“Ýigit” 50 gektarda paprika ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär
InAshgabat · · kaka, ahal

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Ýigit” hojalyk jemgyýeti paprika görnüşli bolgar burçuny ösdürip ýetişdirmegiň meýdanyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat relizinde habar berilýär. Kärhanada geçen hasyl möwsüminde paprika ýyladyşhana şertlerinde 5 gektar meýdanda synag görnüşinde ösdürilip ýetişdirildi. Synagyň netijesinde gowy hasyl alnandygy aýdylýar. Şu ýylyň önümçilik meýilnamalaryna laýyklykda, paprika ekilýän meýdany 50 gektara çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ugurda degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Continue reading “Ýigit” 50 gektarda paprika ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär at InAshgabat.