Türkmenistanda nazary mehanika boýunça VI internet ders bäsleşigi geçiriler
Amul Info ·

Türkmen oba hojalyk instituty 30-njy oktýabrda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda nazary mehanika boýunça VI internet ders bäsleşigini geçirer. Bäsleşik sagat 14:00-da başlanar, gatnaşmak üçin arzalar 22-nji oktýabra çenli kabul edilýär. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň…
Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda nazary mehanika boýunça VI internet ders bäsleşigini geçirer . Bäsleşik 30-njy oktýabrda sagat 14:00-da başlanar. Oňa gatnaşmak üçin arzalar 22-nji oktýabra çenli kabul edilýär.
Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady talyplaryň nazary mehanika boýunça taýýarlyk derejesini kesgitlemek, bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek hem-de çuňlaşdyrmak, şeýle-de olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge höweslendirmekden ybarat.
Şeýle hem bäsleşik ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, ylmy maglumatlaryň alyş-çalşygyny ýola goýmaga, professor-mugallymlar bilen talyplaryň arasynda ylmy pikir alyşmalary giňeltmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, halkara ders bäsleşiklerinde ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edip biljek zehinli talyplary ýüze çykarmak we goldamak göz öňünde tutulýar.
Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ähli ugurlary we hünärleri boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji ýyl talyplary gatnaşyp biler.
Her ýokary okuw mekdebi bäş talypdan köp bolmadyk topar bilen gatnaşyp biler. Gatnaşyjy talyplar we olaryň ýolbaşçy mugallymy baradaky maglumatlar 22-nji oktýabra çenli tohi_tm@sanly.tm elektron poçta salgysyna iberilmelidir.
Maglumatda fakultetiň, hünäriň we okuw ýylynyň ady, gatnaşyjylaryň familiýasy we ady, toparyň ýolbaşçysynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçta salgysy hem-de telefon belgisi görkezilmelidir.
Bäsleşik şahsy hasap boýunça test görnüşinde geçirilýär. Gatnaşyjylara jemi 50 ýumuş hödürlenýär. Olaryň 30-sy 1 baldan bahalandyrylýan test soraglary, 20-si bolsa 2 baldan bahalandyrylýan test meseleleridir.
Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt berilýär.
Bäsleşigiň geçirilşine Zoom programmasy arkaly gözegçilik ediler. Test ýumuşlary Türkmen oba hojalyk institutynyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň dowamynda aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, kömekçi serişdeleri we maglumat göterijilerini ulanmak gadagan. Daşyndan kömek alan, beýleki gatnaşyjylar bilen gürleşen ýa-da kitaplardan we gazetlerden peýdalanan gatnaşyjy bäsleşikden çykarylar.
Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden dörediler. Eminler gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren işlerini bahalandyryp, netijeleri jemleýärler.
Eminler toparynyň çözgütleri boýunça arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. Jemleýji çözgüdi eminler toparynyň başlygy kabul edýär we bu çözgüt gaýtadan seredilmäge degişli däldir.
Ýeňijiler toplanan ballaryň jemi boýunça hem şahsy, hem-de toparlaýyn hasapda kesgitlener. Baýrakly orunlaryň sany gatnaşyjylaryň umumy sanyna baglylykda paýlanýar:
Bäsleşigiň jemleri www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
Goşmaça maglumat üçin: Türkmen oba hojalyk institutynyň guramaçylyk topary: +993 63 887557, +993 65 931638 E-poçta: tohi_tm@sanly.tm