Türkmenistanda 2026-njy ýylyň güýzki harby gulluga çagyryş möwsümi başlanýar
Amul Info ·

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň oktýabr–dekabr aýlarynda nobatdaky harby gulluga çagyryş geçiriler. 18 ýaşy dolan we harby gullukdan boşadylmaga ýa-da möhlet yza süýşürmäge hukugy bolmadyk erkek raýatlar, şeýle hem 27 ýaşa çenli degişli raýatlar çagyryşa degişli…
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň oktýabr–dekabr aýlarynda harby gulluga nobatdaky çagyryşy geçirmek we bellenen gulluk möhletini tamamlan harby gullukçylary ätiýaçlyga goýbermek hakynda Permana hem-de degişli Buýruga gol çekdi.
Permana laýyklykda, 2026-njy ýylyň oktýabr–dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşun bölümlerinden we harby edaralaryndan harby borjuny doly ýerine ýetiren çagyryş boýunça gullukçylary ätiýaçlyga goýbermek göz öňünde tutulýar.
Şol döwürde harby gulluga çagyryş hem geçiriler. Çagyryş gününe 18 ýaşy dolýan we harby gullukdan boşadylmaga ýa-da möhlet yza süýşürmäge hukugy bolmadyk erkek raýatlar, şeýle hem harby gulluga çagyryşy yza süýşürmek hukugyny ýitiren 27 ýaşa çenli raýatlar harby gulluga çagyrylar.
Degişli resminama çap edilen pursadyndan güýje girýär.
Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga hem gol çekdi. Buýruga laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Prezidentiň Howpsuzlyk gullugynyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylaryna bellenen gulluk möhletini tamamlan harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda ätiýaçlyga goýbermegi üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýle hem ätiýaçlyga goýbermek meýilnamalaryna laýyklykda, söweşjeň we jemgyýetçilik-gumanitar taýýarlygy boýunça tapawutlanan harby gullukçylary aýratyn höweslendirmek göz öňünde tutulýar.