Türkmenistan Ženewada migrasiýa boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy

Amul Info ·

Türkmenistan Ženewada migrasiýa boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 15–16-njy sentýabrda Ženewada geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar. Çärede gaçybatalga gözleýän adamlaryň hukuklaryny goramak, ejiz toparlara goldaw bermek we migrasiýa akymlaryny netijeli dolandyrmak meseleleri ara alnyp…

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen gaçybatalga ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar .

2026-njy ýylyň 15–16-njy sentýabrynda BMG-niň Gaçybatalgalar boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG GÝKM) ştab-kwartirasynda geçirilen maslahat 1951-nji ýyldaky Gaçybatalga baradaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlandy. Çärä dürli ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň metbugat bölümi habar berdi.

Maslahatyň dowamynda gaçybatalga gözleýän adamlaryň degişli hyzmatlara elýeterliligini üpjün etmek, ilatyň ejiz toparlaryny ýüze çykarmak we adam söwdasynyň pidalaryny goramak boýunça netijeli mehanizmleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar halkara tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, migrasiýa akymlaryny netijeli dolandyrmak we milli gaçybatalga ulgamlaryny halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça strategik çemeleşmeleri seljerdiler.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde şeýle okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Источник: Amul Info