“GaffneyCline”: Türkmenistanyň energetika pudagy ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar
Amul Info ·

«GaffneyCline» kompaniýasynyň bahalandyrmagyna görä, Türkmenistanyň energetika pudagynda «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi, Hazar deňzindäki gözlegler, TAPI gaz geçirijisi we infrastruktura taslamalary möhüm ugurlaryň hatarynda durýar. Şeýle hem önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň…
Türkmenistanyň energetika pudagy gaz çykaryşyny artdyrmak, Hazar deňzinde gözleg işlerini giňeltmek, sebit infrastrukturasyny ösdürmek we önümçilik proseslerine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar.
Bu barada «Turkmen Energy Forum» tarapyndan ýaýradylan «GaffneyCline» halkara energetika konsalting kompaniýasynyň sebit boýunça direktory Stiw Trewersiň makalasynda bellenilýär.
Kompaniýanyň bahalandyrmagyna görä, halkara energetika pudagynyň Türkmenistanyň uly serişde mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasy barha artýar. Häzirki döwürde esasy üns serişdeleriň özleşdirilmeginden başga-da, taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, infrastruktura mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, täze bazarlara çykmagyň ýollarynyň ösdürilmegine we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilýär.
Bu ugurda «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dowam etdirilmegi möhüm taslamalaryň biri hökmünde görkezilýär. Käniň dördünji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi täze ulanyş guýularynyň burawlanmagyny hem-de harytlyk gazyň önümçiligini artdyrmak üçin gaz taýýarlamak infrastrukturasynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň energetika pudagynyň geljegi uly ugurlarynyň ýene biri Hazar deňzindäki gözleg işleriniň giňeldilmegidir. «GaffneyCline» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 1-nji blokda ýerleşýän «Magtymguly» känindäki A8 baha beriş-ulanyş guýusy geçirilen synaglaryň dowamynda ýokary mümkinçilikleri görkezdi. Sebitde täze geljegi uly meýdançalary ýüze çykarmak maksady bilen geologik we seýsmiki barlaglar hem dowam etdirilýär.
Makalada Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre çenli bolan bu gaz geçirijisi Türkmenistanyň tebigy gaz serişdelerini Günorta Aziýanyň ösýän bazarlary bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilendir.
«GaffneyCline» Türkmenistanyň gaz serişdeleriniň we degişli infrastrukturasynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhümdigini belleýär. «Galkynyş» käniniň özleşdirilmegi gaz çykaryş kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýän bolsa, TAPI taslamasy Türkmenistanyň gazyny täze sebit bazarlaryna çykarmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.
Kompaniýanyň bahalandyrmagyna görä, gaz serişdeleriniň özleşdirilmegi, Hazar deňzinde gözleg işleriniň alnyp barylmagy, infrastruktura mümkinçilikleriniň giňeldilmegi hem-de uzak wagt bäri ulanylýan önümçilik aktiwleriniň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagy halkara operatorlary, inžiniring we hyzmat kompaniýalary, tehnologiýa öndürijileri hem-de konsalting guramalary üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döredýär.
«GaffneyCline» «Turkmen Energy Forum-yň» tehniki hyzmatdaşy bolup, 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň bilelikdäki guramaçylarynyň hataryna girýär.
Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşiniň täze tapgyry diňe bir ýurduň serişde binýadynyň möçberi bilen däl, eýsem taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen hem kesgitlener.