Ýewropada yssy howa sebäpli 32 müňden gowrak adam aradan çykdy

Amul Info ·

Ýewropada yssy howa sebäpli 32 müňden gowrak adam aradan çykdy

🌡️🇪🇺 Ýewropada şu ýylyň tomsunda aşa yssy howa sebäpli 32 müňden gowrak adamyň aradan çykandygy baradaky deslapky maglumatlar ýaýrady. Hasaplamalar Awstriýa, Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa, Niderlandlar, Portugaliýa we Ispaniýany öz içine alýar. Bilermenler sanlaryň soňky seljermelerde üýtgäp…

Ýewropanyň birnäçe ýurdunda şu ýylyň tomsunda adatdan daşary yssy howa hasaba alyndy. Deslapky maglumatlara görä, iýulyň ortasyndan awgustyň ortasyna çenli dowam eden yssy howanyň netijesinde Ýewropada 32 müňden gowrak adam aradan çykdy.

Bu barada «Kronen Zeitung» neşiriniň maglumatlaryna salgylanyp, «SIA» habar berdi.

Hasaplamalar Awstriýa, Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa, Niderlandlar, Portugaliýa we Ispaniýany öz içine alýar. Yssy howa bilen bagly iň köp ölüm ýagdaýy Germaniýada hasaba alyndy.

Bilermenleriň bellemegine görä, häzirki görkeziji entek gutarnykly däl. Degişli maglumatlaryň täzeden seljerilmegi bilen yssy howanyň adam ölümlerine täsirine degişli sanlaryň üýtgemegine garaşylýar.

Hünärmenler aşa ýokary temperaturanyň, esasan-da, garry adamlar we saglyk ýagdaýy gowşak bolan raýatlar üçin uly töwekgelçilik döredýändigini belleýärler. Şeýle döwürlerde uzak wagtlap günüň aşagynda bolmakdan gaça durmak we bedeniň suw balansyny saklamak möhüm çäreleriň hatarynda görkezilýär.

Источник: Amul Info