Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynyň binýady pugtalandyrylar

Amul Info ·

Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynyň binýady pugtalandyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden, Balkan we Lebap welaýatlaryndaky sement zawodlarynyň bökdençsiz işlemegini we önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek boýunça degişli resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, enjamlary we…

Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden, Balkan we Lebap welaýatlaryndaky sement zawodlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek hem-de önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen degişli resminama gol çekdi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine garamagyndaky sement zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Bu çäreler sement önümçiliginde ulanylýan enjamlaryň we önümçilik infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, kärhanalaryň netijeli hem-de durnukly işledilmegine gönükdirilendir.

Zawodlaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň güýçlendirilmegi ýurdumyzda gurluşyk serişdelerine bolan islegi kanagatlandyrmakda hem-de milli gurluşyk senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Источник: Amul Info