«Eni Turkmenistan Limited» täze tender üçin deslapky arza kabul edýär

Amul Info ·

«Eni Turkmenistan Limited» täze tender üçin deslapky arza kabul edýär

«Eni Turkmenistan Limited» №10132004 belgili täze tenderiň öňüsyrasynda gyzyklanma bildirýän kompaniýalardan deslapky arzalary kabul edýär. Tender tehniki gözegçilik, enjamlaryň we desgalaryň ýagdaýyny barlamak hyzmatlaryny öz içine alýar. Gatnaşmak isleýän kompaniýalar zerur resminamalary 2026-njy…

«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy tehniki gözegçilik hyzmatlary boýunça geçiriljek täze tenderiň öňüsyrasynda gyzyklanma bildirýän kompaniýalardan deslapky arzalary kabul edip başlady.

Kompaniýa №10132004 belgili tenderiň çäklerinde içkin hem-de giňişleýin barlamak, şeýle hem enjamlaryň we desgalaryň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça hyzmatlary satyn almagy meýilleşdirýär.

Tenderiň tehniki aýratynlyklary we beýleki jikme-jik talaplary bäsleşigiň resmi tapgyrynda gatnaşyjylara ýetiriler.

Tendere gatnaşmaga gyzyklanýan kompaniýalar geljekki bäsleşige gatnaşmak niýetini görkezýän resmi arzasyny «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasynyň şertnamalar we üpjünçilik bölümine Rejep.Abashov@eni.com hem-de Aleksey.Butenko@eni.com elektron poçta salgylary arkaly ibermeli.

Deslapky saýlama tapgyryndan geçmek üçin gatnaşyjy kompaniýalardan hereket edýän hasaba alyş we esaslandyryjy resminamalarynyň doly toplumyny tabşyrmak talap edilýär.

Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabry, sagat 23:59-a çenli . Şeýle hem wagtyň Türkmenistanyň ýerli wagty boýunça hasaplanýandygy bellenilýär.

Источник: Amul Info