Garaşsyzlyk toýumyzy mynasyp zähmet sowgatlaryna besleýärler
Turkmenistan RSS Feed ·
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna guwandyryjy zähmet sowgatlary bilen barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri şu günler saldamly hyzmatlary bitirýärler.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna guwandyryjy zähmet sowgatlary bilen barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri şu günler saldamly hyzmatlary bitirýärler. Iri toplumyň Balkan welaýatyndaky zähmet toparlary-da nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýärler.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bedew batly ösüşlerinden ruhlanýan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlary hem şanly ýylymyzyň geçen döwründe ýokary ykdysady görkezijileri gazandylar. Has takygy, Goturdepe buraw işleri müdirligi boýunça üstümizdäki ýylyň geçen 8 aýynda 33 müň 196 metre derek 45 müň 199 metr çuňluk burawlamaklygyň hötdesinden abraý bilen geldiler. Şeýlelikde, meýilnamada bellenilenden jemi 12 müň metrden gowrak çuňluk artyk burawlanyp, ösüş depgini 136 göterimden gowrak berjaý edildi. 33 müň 363 metr çuňlugyň ulanyş maksatly bolup durýandygy, 11 müň 836 metriniň hem gözleg maksatly çuňluklardygy aýratyn bellärliklidir.
Şu günlerde bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk taryhy senesini guwandyryjy zähmet sowgatlaryna besleýän goturdepeli burawlaýjylar önümçiligiň öň hatarlarynda bolup, göreldeli
zähmet çekýärler. Olar ajaýyp dabaralara, şanly wakalara püre-pür bolýan taryhy eýýamymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň önümçilik meýilnamalaryny-da möhletinden öň üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Bu ugurda burawlaýjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän döwrebap şertleridir mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, täze-täze sepgitlere tarap buýsançly gadamlar bilen barýarlar.