Türkmen hünärmeni Merkezi Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçylygyna saýlandy

Amul Info ·

Türkmen hünärmeni Merkezi Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçylygyna saýlandy

Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň baş kätibi, halkara derejeli emin Çarygeldi Mämmedow Merkezi Aziýanyň täze döredilen Agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň orunbasary wezipesine saýlandy. Täze federasiýa sebitde agyr atletikany ösdürmäge we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy…

Türkmenistanly sport hünärmeni Çarygeldi Mämmedow Merkezi Aziýanyň täze döredilen Agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň orunbasary wezipesine saýlandy.

Bu çözgüt Özbegistanda geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionatynyň çäklerinde Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Merkezi Aziýanyň sebitleýin federasiýasyny döretmek boýunça geçiren guramaçylyk ýygnagynda kabul edildi.

Ýygnagyň netijesinde Özbegistanyň wekili Şahrillo Mahmudow täze döredilen federasiýanyň prezidentligine saýlandy. Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň baş kätibi, halkara derejeli emin Çarygeldi Mämmedow bolsa onuň orunbasary wezipesine bellenildi.

Merkezi Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň döredilmegi sebitde bu sport görnüşini ösdürmek, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we türgenleriň hem-de hünärmenleriň tejribe alyşmagyny giňeltmek babatda möhüm ädimleriň biri bolup durýar.

Türkmen hünärmeniniň täze sebitleýin guramanyň ýolbaşçy düzümine saýlanmagy onuň halkara sport ulgamyndaky tejribesine we hünär derejesine bildirilýän ynamyň görkezijisi hökmünde çykyş edýär.

Täze wezipede Çarygeldi Mämmedowa Merkezi Aziýada agyr atletikanyň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we türkmen sportunyň abraýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna goşant goşmakda üstünlikler arzuw edilýär.

Источник: Amul Info