Balkan welaýatyndaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat edip biler

Awtomekdep täzelikler · · balkan

Balkan welaýatyndaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat edip biler

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň çäginde gurulýan «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» awtomobil ýoly sagatda 580, bir gije-gündizde bolsa 14 müň awtoulaga hyzmat eder. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Bu ýol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurulýar. Jemi uzynlygy 250 kilometr çemesi bolan awtomobil ýoly 2028-nji ýylda ulanyşa berler. Bellenilişi ýaly, ýoluň ugrunda sekiz sany awtobus duralgasy, ýangyç guýujy beketleriň birnäçesi, şeýle-de durmuş maksatly desgalaryň ençemesi peýda bolar. Şeýle hem ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölüner. Onuň iki tarapynda hem päsgelçiliksiz gorag germewleri gurnalar.

Источник: Awtomekdep täzelikler