Paýtagtda we sebitlerde 31-nji Awgustdan, 6-njy Sentýabr aralygyndaky howa maglumaty
Amul Info ·

🌤 31-nji awgust – 6-njy sentýabr: Türkmenistanda howa Bu hepdede käbir sebitlerde howanyň salkynlamagyna we ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Aşgabatda gündizlerine +29...+38°C, Lebapda +26...+39°C, Maryda +27...+38°C, Ahalda +27...+39°C bolar. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hepdäniň ilkinji…
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa tomsuň soňky hepdesine görä az-kem salkynlar hem-de ýagyşly bolar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär :
Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 11 — 13 metrden 15 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +20 gradusdan +24... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +31 gradus maýyldan +36... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 14 — 19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +20 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +18 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.