TÜRKMENIŇ BUÝSANJY
yashlar.gov.tm ·

Serdar Berdimuhamedow Beýik taryh — beýik geljege binýat, Bu bir röwşen ykbalydyr türkmeniň. Geçmişe buýsançdyr, şu güne şöhrat, Bedew ruhy ahwalydyr türkmeniň. Jümle-jahan gözelligi görkünde, Alys-alys ýollar onuň erkinde, At myratdyr, at ganatdyr türkmende, Ol kämillik kemalydyr türkmeniň. Niçik gudrat eneleriň yhlasy, Göýä güller açan köňül sährasy, Nepis haly — eýýamlaryň mirasy, Şanly ömür beýanydyr türkmeniň. Mydam goraga sak, hüşgär hem düşbi, Wepaly alabaý — dostlugyň keşbi, Asyrlaryň uzak menzilin geçdi, Hemişelik hemrasydyr türkmeniň. Owazasy ýedi yklyma ýaýran, Beýik sungatyna giň dünýä haýran, Halkyň göwni bolup gülleýär zaman, Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň. 06.09.2026ý. turkmenistan.gov.tm