SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINI ILERLETMEK — DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

yashlar.gov.tm ·

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINI ILERLETMEK — DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. ...Säheriň sergin çagynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Bu bolsa adamlaryň şähdini açyp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenarynda-da ýokary ekologiýa derejesini saklamak boýunça amala aşyrylýan işler oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenjiň dowamynda soňky ýyllarda keşbi tanalmaz derejede özgeren Awazanyň ajaýyp gözelliklerini synlady. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi netijesinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, deňiz kenarynda sport çäreleriniň hem yzygiderli guralýandygyny bellemek gerek. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan sport çärelerine uly höwes...

Источник: yashlar.gov.tm