Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 68-iş belgili buýrugy

TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 68-iş belgili B U Ý R U GY «Senagat kärhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlaryny taslamak boýunça gözükdiriji. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.04.20-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 46-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk, şähergurluşyk işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn : 1. «Senagat kärhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlaryny taslamak boýunça gözükdiriji. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.04.20-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar). 2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary gözegçilik etmeli. Ministr A.Geldiýew Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 68-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyldy «Senagat kärhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlaryny taslamak boýunça gözükdiriji. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.04.20-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary I bap. Umumy düzgünler 1. Şu «Senagat kärhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlaryny taslamak boýunça gözükdiriji. Taslamagyň kadalary» atly TGK 2.04.20-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 46-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, şähergurluşyk işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, görkezmelerini bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy. 2. Şu Kadalaryň talaplary pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk - hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, binagärlik, şähergurluşyk, taslama we gurluşyk işleri amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir. 3. Şu Kadalar senagat kärhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlaryny taslamagyň kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet üpjünçiligini guraýar we düzgünleşdirýär. 4. Şu Kadalar senagat kärhanalarynyň gurulýan we durky täzelenýän önümçilik hem-de kömekçi jaýlarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlaryny taslamaga degişlidir. 5. Şu Kadalar aýry-aýry mehanizmleriň we elektrotehnologik gurnamalaryň (peçleriň, kebşirleýji maşynlaryň, metallary elektrik uçgunlary bilen işläp bejerýän gurnamalaryň) senagatyň käbir pudaklaryna mahsus bolan aýratyn elektrik enjamlary we elektrik herekete geçirijilerini taslamaga degişli däldir. 6. Senagat kärhanalarynda güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlary taslananda şu Kadalaryň talaplaryndan başga-da, «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň we «Elektrik energetikasy baradaky kadalary tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 28-nji maýynda çykaran 14263 belgili karary bilen tassyklanan, Elektrik we ýylylyk energiýalaryndan peýdalanmagyň kadalarynyň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2023-nji ýylyň 13-nji iýulynda 1720 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Umumy düzgünler» atly Elektroenjamlaryň gurluşynyň kadalary I bölümini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Energetika ministriniň 2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda çykaran 145 belgili buýrugy bilen tassyklanan, «Umumy düzgünler» atly Elektroenjamlaryň gurluşynyň kadalary I bölüminiň (mundan beýläk – EGK I-nji bölümi) talaplaryna laýyklykda berjaý edilmelidir. 7. Senagat kärhanalarynda güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlary boýunça taslama resminamalarynyň we iş çyzgylarynyň möçberi hem-de mazmuny Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2021-nji ýylyň 30-njy aprelinde 1465 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Gurluşykda kadalaşdyryjy resminamalaryň döwlet ulgamy. Esasy düzgünler. Işläp taýýarlamagyň, beýan etmegiň, resmileşdirmegiň we tassyklamagyň düzgünleri» atly TGK 1.01.01-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2021-nji ýylyň 25-nji martynda çykaran MB-30 buýrugy bilen tassyklanan, «Gurluşykda kadalaşdyryjy resminamalaryň döwlet ulgamy. Esasy düzgünler. Işläp taýýarlamagyň, beýan etmegiň, resmileşdirmegiň we tassyklamagyň düzgünleri» atly TGK 1.01.01-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň (mundan beýläk - 1.01.01-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) talaplaryna laýyk gelmelidir. 8. Senagat karhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlarynyň taslamasy ykdysady taýdan maksada laýyk görülýän harajatlaryň iň az möçberi boýunça saýlanyp alynmalydyr. Olaryň deňeşdirilýän görnüşleri tehniki derejesi, berkligi we ulanyşdaky amatlylygy boýunça şol obýekte bildirilýän talaplary kanagatlandyrmalydyr. 9. Senagat kärhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlary taslananda häzirki zaman tehniki çözgütler we täze elektrik enjamlar göz öňünde tutulmalydyr. Taslamada senagat usullarda elektrik gurnaýyş we taýýarlaýyş işlerini wagtynda geçirmegiň mümkinçiligini döretmek boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr. 10. Senagat kärhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik gurnamalarynda ulanylýan elektrik enjamlar we materiallar bu enjamlaryň we materiallaryň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryny kanagatlandyrmalydyr. 11. Elektrik enjamlarynyň we materiallarynyň gurluşy, ýerine ýetirilişiniň görnüşi, gurmagyň usuly we izolýasiýanyň topary elektrik ulgamynyň nominal güýjenmesine we daşky gurşawyň şertlerine laýyklykda saýlanyp alynmalydyr. 12. Senagat kärhanalarynyň güýç we yşyklandyryjy elektrik enjamlarynyň taslamalary elektrik üpjünçiliginiň taslamasy, şeýle hem tehniki, sanitar-tehniki we beýleki görnüşli enjamlaryň taslamalary bilen özara baglanyşykly bolmalydyr. 13. Elektrik gurnamalaryň elementleri – transformatorlar, generatorlar, elektrik hereketlendirijiler, apparatlar, elektrik geçirijiler, kabeller, paýlaýjylar (şinalar) kadaly iş şertlerinde aşa gyzmagynyň öňüni almak üçin, olaryň uzak wagtlap işläp biljek ýol berilýän ýüklenmede (geçirijiler we kabeller – kese kesiklerde) ýa-da kuwwatlykda saýlanyp alynmalydyr. Tehnologik bozulmadan soňky iş düzgünlerinde diňe izolýasiýanyň könelmegine getirýän, ýöne onuň weýran bolmagyna ýa-da gurnamanyň işleýşiniň bozulmagyna howp salmaýan aşa ýüklenmelere ýol berilýär. 14. Olary iýmitlendirýän torlarda elektrik energiýasynyň hilini ýaramazlaşdyryp bilýän elektrik kabul edijileri (gaýtadan-gysga wagtlaýyn, wagtal-wagtal iş tertibinde işleýän elektrik hereketlendirijiler, kebşirleýji abzallary, dugaly elektrik peçlerini), şeýle hem elektrik energiýany wentil özgerdijileriniň üsti bilen kabul edýän elektrik kabul edijileri bolan elektrik gurnamalarynyň taslamalarynda «Türkmenstandarlary» baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary esasynda 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen «Elektrik energiýasy. Tehniki enjamlaryň elektromagnit laýyklygy. Umumy maksatly elektrik üpjünçilik ulgamlarynda elektrik energiýasynyň hiliniň kadalary» atly TDS-13109 (mundan beýläk - TDS-13109) göz öňünde tutulan çäreler ýerine ýetirilmelidir. 15. Haçan-da nazarda tutulýan ulgamdan diňe ýokarda görkezilen elektrik kabul edijiler iýmitlenýän ýagdaýynda, olaryň kadaly işlemegi üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň hili üpjün edilmelidir. TDS-13109 laýyk gelýän elektrik energiýasynyň hili bolsa, nazarda tutulýan ulgamyň umumy maksatlara niýetlenen ulgam bilen birigýän ýerinde üpjün edilmelidir. 16. Jaýlaryň içki meýilnamalarynyň we kesikleriniň hem-de daşky gurnamalaryň çyzgylarynda partlama we ýangyn döremek howpy bolan meýdançalaryň çäkleri, EGK-nyň I-nji bölüminiň talaplaryna laýyklykda gurşawyň şertleri boýunça jaýlaryň topary, şol jaýlarda partlama howpuny döredip biljek ulgamlaryň derejeleri we toparlary, şeýle hem mümkin boldugyça, partlama hem-de ýangyn döretmek howpy bolan gazlaryň we buglaryň atlary görkezilmelidir. 17. Taslamanyň düşündiriş ýazgysynda we çyzgysynda elektrik enjamlaryny zeminlemek we nollamak boýunça görkezmeler bellenmelidir. Şunda EGK-nyň 1-nji bölüminiň talaplary berjaý edilen hemme şertlerinde zeminleýji hem-de gorag nol geçirijiler hökmünde jaýyň gurnawlary göz öňünde tutulmalydyr, gorag zeminlemesi hökmünde hem, ýyldyrymdan goraýjy hökmünde hem jaýlaryň demir-beton binýatlarynyň (fundamentleriniň) armaturalary göz öňünde tutulmalydyr. Şu maksat üçin demir-beton gurnawlarynyň we binýatlaryň (fundamentleriň) çyzgylarynda hemme goýulýan şaýlar we armaturalar boýunça elektrik zynjyrynyň üznüksizligi göz öňünde tutulmalydyr. 18. Wentil özgerdijiler we beýleki enjamlardan elektrik togy alýan elektrik kabul edijiniň bölümleriniň ulgamdan elektrik togy alýan kondensatorly batareýalarynyň reaktiw kuwwatynyň öwezini dolmaklyk diňe ýokary garmonikaly süzgüçleriň ynamly işlemegi üpjün edilen ýa-da ilkinji kononik garmonikanyň tolkunynda ýaňdan sazlanan şertlerde ulanylmalydyr. 19. Radio päsgelçiliklerini basyp ýatyrmak üçin çäreleri görmegiň zerurlygy senagat radio päsgelçilikleriniň ýol berilýän kadalaryna laýyklykda kesgitlenmelidir. II bap. Güýç elektrik enjamlary §1. Umumy talaplar 20. Güýç elektrik enjamlaryny taslamaklyk taslanylýan obýektiň aýratynlygy hem-de geljekki ösüşi nazarda tutulyp alnyp barylmalydyr, olar taslamanyň tehnologik we gurluşyk bölümlerinde göz öňünde tutulýar. Elektrik ýüklenmeleriň ähtimallyk artmagy, haçan-da ol talap edilende, transformatorlary çalşyrmak ýa-da goşmaça oturtmak, paýlaýjy enjamlarda panelleri ýa-da öýjükleri köpeltmek, elektrik ulgamynyň şahalaryny artdyrmak ýoly bilen göz öňünde tutulmalydyr. Munuň üçin takyk oturdylýan (taslamanyň sanawnamasynda sanalan) ätiýaçlyk enjamlarynyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldir. Takyk gurnamak üçin diňe hakyky oturdylýan elektrik kabul edijileriň sanyny we kuwwatlylygyny hem-de garaşylýan ýüklenmeleri hasaba alýan enjamlar saýlanyp alynýar. 21. Elektrik ýüklenmeler adatça, senagat enjamlarynyň elektrik ýüklenmesini kesgitlemeklik boýunça tehniki-kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda ulanyş koeffisiýenti we iň ýokary koeffisiýent usuly bilen kesgitlenmelidir. Bu ýagdaýda, seh podstansiýalarynyň transformatorlarynyň kuwwatlylygy, çalt üýtgeýän ýüklenme tertiplerinden başga ýagdaýlarda, ýarym sagatlyk iň ýokary ýüke esaslanyp däl-de, has ýüklenmeli çalşykda (smenada) ortaça energiýanyň sarp edilişine esaslanyp kesgitlenmelidir. Çalt üýtgeýän ýüklenme tertibi ýagdaýynda, taslama transformator kuwwatlylygyny ýarym sagatlyk iň ýokary ýüklenmä esaslanyp saýlamagyň zerurlygyny esaslandyrmalydyr. Haçan-da bu mümkin bolanda, hemme ýagdaýlarda hasaplama ýüklenme işiň hakyky garaşylýan tehnologik gurluşy, gurnamanyň öndürijiligi we aýry-aýry mehanizmleriň ýüklenmesi hasaba alnyp, tehnologik maşynlaryň pasportlarynyň maglumatlarynyň esaslarynda, bu maglumatlar bolmadyk ýagdaýynda bolsa, şonuň ýaly taslanan gurnamada ýüze çykarylan koeffisiýentleriň kömegi bilen kesgitlenmelidir. Kadalaşdyryjy-tehniki resminamalarda elektrik ýüklenmeleriň hasaplama koeffisiýentiniň ähmiýetiniň çäkleri getirilen ýagdaýlarynda, ortadan ýokary ähmiýetliligini ulanmaklyga diňe taslamada zerur bolan esaslandyrmalar bolanda ýol berilýär. Ätiýaçlandyrmak üçin ulanylýan elektrik gurnamalaryň transformatorlary, generatorlary, şeýle hem abzallary, şinalary, kabelleri, geçirijileri we beýleki şaýlary tehnologik bozulmadan soňky iş düzgünlerindäki ýüklenmeleri hasaba almak bilen saýlanyp alynýar. Ýüklenmeler EGK-nyň I-nji bölüminiň talaplaryna, şeýle hem taýýarlaýjy kärhanalaryň ýa-da ýörite hasaplanyp çykarylan tehnologik kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda kesgitlenýär. 22. Ähli ýagdaýlarda elektrik herekete getirijilik şertleri boýunça muňa ýol berilýän bolsa, üýtgeýän elektrik togy bilen işleýän elektrik hereketlendirijileri ulanmaklyk maslahat berilýär. Üýtgemeýän elektrik tok bilen işleýän elektrik hereketlendirijileri diňe tizligini giňden we emaý bilen sazlanmagyny talap edýän mehanizmler üçin (eger-de asinhron hereketlendirijileriň tizligini sazlamaklyk bellenilen tehniki tertibi üpjün etmese ýa-da tygşytly bolmasa) we gaýtalanýan-gysga wagtlaýyn ýa-da arakesmeli we arakesmesiz iş tertibinde işleýän mehanizmler üçin ulanmaga ýol berilýär. Mehanizmleriň tizligini sazlamak usulyny saýlap almaklyk elektrik geçirijiniň taslamasynda esaslandyrylan bolmalydyr. 23. Elektrik herekete getirijiniň we töwerekdäki gurşawyň şertleri boýunça ýol bererli ähli ýagdaýlarda, hususan-da, kuwwatlylygy 100 kWt we ondan-da ýokary bolan uzak wagtlap işleýän, sazlanmaýan mehanizmler (wentilýatorlar, howa saklaýjylar, sorujular, basyş dörediji enjamlar, elektrik tok özgerdijileriň geçirijileri, owradyjy maşynlar) üçin sinhron hereketlendirijileri ulanmaklyk teklip edilýär. Şeýle hereketlendirijileri ulanmakdan ýüz öwürmeklik taslamanyň tehniki bölüminde ýa-da elektrik geçirijiniň taslamasynda esaslandyrylan bolmalydyr. Sinhron elektrik hereketlendirijileriň işledilmegi mümkin bolan ýagdaýynda, olary ýönekeý gurluş ülňe boýunça ulgamdaky doly güýjenmä gös-göni birikdirmekligi göz öňünde tutulmalydyr. §2. Podstansiýalar, transformatorlar, özgerdijiler, paýlaýjy gurluşlar we elektrik jaýlary 24. Podstansiýalaryň sany we ýerleşdirilmeli ýerleri hem-de sehlerde ýa-da olaryň golaýynda ýerleşdirilmeli transformatorlaryň hem-de özgerdiji enjamlaryň sanlary we kuwwatlyklary elektik enjamlarynyň taslamalary ýerine ýetirilende saýlanyp alynmalydyr ýa-da (eger-de kärhananyň ýa-da obýektiň elektrik üpjünçilik taslamasy öň ýerine ýetirilen bolsa) anyklanmalydyr. Eger-de, gurşawyň we hyzmat etmegiň şertleri päsgelçilik döretmeýän bolsa, hemme ýagdaýlarda sehleriň içinde giňişlikde oturdylýan toplumlaşdyrylan podstansiýalar ulanylmalydyr. Seh transformatorlarynyň sanyny we kuwwatlylygyny saýlap almaklyk ýüklenmäniň udel dykyzlygyndan, obýektiň (daşynyň, sehiň bölüminiň) doly hasaplama ýüklenmesinden, elektrik energiýanyň bahasyndan we beýleki meselelerden «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryndan ugur alnyp, amala aşyrylmalydyr. Ýüklenmäniň dykyzlygy 380 W-dan 0,2 kWA/m2 güýjenmede bolanda, kuwwatlylygy 1000 kWA çenli bolan we dykyzlygy 0,2 - 0,3 kWA/m2 bolanda - kuwwatlylygy 1600 kWA transformatorlary ulanmak maksadalaýykdyr. Dykyzlygy 0,3 kWA/m2 dan köp bolanda, kuwwatlylygy 1600 kWA ýa-da 2500 kWA bolan transformatorlary ulanmaklygy tehniki-ykdysady hasaplamalar bilen anyklamak maksadalaýykdyr. Neýtraly gönümel zeminlenen 1000 W çenli güýjenmeli ulgamda, bir fazanyň utgaşmagyndan gorag işiniň ygtybarlyk şerti boýunça kuwwatlylygy 250 kWA bolanda «ýyldyz-aýlaw-aýlaw» sarymly, kuwwatlylygy 400 kWA we ondan ýokary bolanda «üçburç-ýyldyz» sarymly transformatorlar ulanylmalydyr. 25. Senagat sarp edijileriniň uly elektrik hereketlendirijileriniň başlangyç toklaryndan elektrik sarp edijilerine şok ýüklerini, şeýle hem üýtgeýän ýükleri ýa-da ýygy-ýygydan kommutasiýa operasiýalary bilen elektrik sarp edijilerine üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlaýyn paýlaýjy podstansiýalarda pes woltly, bölünen sargyly transformatorlar göz öňünde tutulmalydyr. Görkezilen podstansiýalarda pes güýjenmeli bölüji gurallary, iki ýekeleýin seksionirlenen ikilenji güýjenmeli şin ulgamy boýunça ýerine ýetirmek gerek. 26. Bölüji podstansiýalarda ulanylýan, daşky we içki 10 (6) kW güýjenmeli toplumlaýyn bölüji gurluşlaryň görnüşi, seriýasy hem-de dizaýn ýerine ýetirilişi (bir ýa-da iki taraply hyzmat edilişi, tigirlenýän elementleriniň sany, işçi we aýrylýan elektrik toklar, öçürip-ýakyjynyň görnüşi, howadan ýa-da kabelden goşulanlar we beýlekiler) adatça, şu aşakdakylar ýaly kesgitlenilýär: 1) iýmitlendirýän podstansiýalar üçin - senagat kärhanalaryny birikdirmäge (goşmaga) rugsat berýän tehniki şertler; 2) senagat kärhanasynyň peseldiji podstansiýalar üçin-taslamaga tehniki buýurma. Ussahananyň podstansiýalarynda kabel baglanyşygy bolmalydyr. 27. Ýokary dykyzly gurluşykly ýerlerde, şeýle-hem senagat zyňyndylary ýa-da çägeleriň tozamagy bilen ýokary derejede howanyň hapalanýan ýerlerinde ýerleşýän bölüji podstansiýalarynda bölüji gurallary ulanmakda elogaz izolýasiýasyny göz öňünde tutmalydyr. 28. Ygtybarlylygy boýunça elektroüpjünçiligiň aýratyn derejeli iýmitlenmesinde arakesme rugsat berilmeýän aýratyn derejeli senagat kabul edijileri üçin, elektrik togy zynjyrda bir ýa-da birnäçe gezek awtomatiki gaýtadan birikdiriji (mundan beýläk - AGB), howa setinde gysga wagtly näsazlygynda, ätiýaçlygy awtomatiki birikdiriji (mundan beýläk - ÄAB) gurluşlaryny, şeýle-hem sygym elektrik tok zynjyrlarynda 35(6) güýjenmeli wakumly ýa-da elegazly öçürijileri göz öňünde tutmaklyk maksadalaýykdyr. Wakumly öçürijileri ýokary sanly kommunikasion aýlawlarda ulanmak gerekdir. Ýertitremelere sezewar bolýan ýerlerde paýlaýjy podstansiýalarda bakly elegaz öçürijileri oturtmaklygy göz öňünde tutmalydyr. 29. Pes woltly howa ulgamyň bölüji gurallaryny goşmak bilen, 35 kW çenli güýjenmeli bölüji ulgamy gaýtadan güýjenmeli bolmagyndan goramak üçin, gurak transformatorlaryň kuwwatly elektro hereketlendirijisini gaýtadan güýjenmelikden çäklendirýänleri we aýyrýanlary göz öňünde tutmalydyr. 110 kW güýjenmeli ulgamyň elementlerini goramak üçin, şol sanda gazoizolirlenen bölüji gurallary ýokary güýjenmelerden goraýan çäklendirijileri göz öňünde tutmalydyr. 30. Elektrik üpjünçiligi üznüksiz bolan ikinji topara girýän elektrik kabul edijiler üçin we üçünji topara girýän elektrik kabul edijiler üçin adatça, hemişelik durýan (göçürilmeýän) abzally, 1000 W çenli güýjenmeli toplumlaýyn gurluşlary ulanmaklyk üçin şu aşakdakylar göz öňünde tutulmalydyr: 1) eger-de olar elektrik jaýynda oturdylýan bolsa, şitleriň açyk panellerinde oturdylýar; 2) elektrik hünäri bolmadyk işgärler üçin elýeterli ýerde ýa-da gurşawyň şertleri boýunça gorag germewi talap edilýän ýerde oturdylýan bolsa, ýapyk görnüşli geçirijileriň panellerinde ýerleşdirilýär. 31. Dolandyryjy beketleriň şitleri (mundan beýläk - DBŞ) diňe elektrik geçirijini awtomatlaşdyrmak zerurlygyny ýa-da gabamak işini we nobatçylyk dolandyryşyny amala aşyrmagy ýeňilleşdirmek üçin dolandyryjy abzallaryň oturdyljak ýerlerini merkezleşdirmek zerurlygy ýa-da daşky gurşawyň täsirinden abzallary goramak zerurlygy bilen äşgär bolan ýagdaýlarda göz öňünde tutulmalydyr. Galan ýagdaýlarda olary elektrik kabul edijileriň gös-göni golaýynda ýerleşdirmek mümkinçiligi üçin degişli derejede ýerine ýetirilen gutuly, magnitli işe girizijileri göz öňünde tutmaklyk teklip edilýär. Köp sanly (bäşden köp) magnitli işe girizijileri umumy gurnawda merkezleşdirip ýerleşdirmeklik teklip edilmeýär. 32. Haçan-da, transformator podstansiýalaryň ýüklenmesi, esasan, dolandyryşyň şit ulgamyna (mundan beýläk - DŞU) birikdirilen elektrik kabul ediji bilen kesgitlenýän halatynda adatça, paýlaýjy enjamyň transformator toplumlaşdyrylan transformator podstansiýalaryň (mundan beýläk - TTP) 1000W çenli şkafly enjamyny oturtmakdan gaça durup, transformatordan çykýan uçlaryny gös-göni DŞU-nyň panelleriniň giriş şinalary bilen birikdirilmegi göz öňünde tutulmalydyr. 33. Gyzgyn, tozanly sehlerde, şeýle hem himiki aktiwli gurşawy bolan sehlerde podstansiýalary oturtmaklyk ýörite bölünip berlen otaglarda göz öňünde tutulmalydyr. Şunda transformatordan otag üçin howanyň täzelenip durulmagy göz öňünde tutulmalydyr, 1000 W çenli paýlaýjy şit abzally otaglar we beýleki elektrik otaglary üçin otagyň içine tozanyň, çygyň we himiki aktiw gazlaryň düşmeginiň öňüni almak çäreleri (dykyzlandyrylan gapyly tambur, arassa howany üflemek) göz öňünde tutulmalydyr. 34. Üýtgeýän elektrik togunyň energiýasyny hemişelik elektrik toguna öwürmek üçin adatça, ýarym geçirijili göneldiji (wiprýamitel) enjamy bolan toplumlaýyn özgerdiji podstansiýalar göz öňünde tutmalydyr. 35. Taslamasy kabul edilen özgerdiji gurnamalaryň ýerleşdirilmegi, gurnamalara hyzmat edýänleriň howpsuzlygy, şeýle hem gurluşyk bölümleri, ähli kysymly özgerdiji podstansiýalar üçin howa çalşygy hem-de ýyladyşy EGK-nyň I-nji bölüminiň talaplaryna laýyk gelmelidir. 36. Hemişelik nobatçy işgärleri bolýan elektrik jaýlarynyň taslamalarynda (elektromaşyn zallarynda, aýratyn ýokarlandyrylan ýygylykly elektromaşynly generatorlar we statiki özgerdiji podstansiýalarda gury transformatorlaryň oturdylmaly ýerlerinde) güwwüldä garşy çäreler, zerurlyk ýüze çykan bolsa, şeýle-de ýokarlandyrylan we ýokary ýygylykly meýdanlaryň zyýanly täsirinden hyzmat edýän işgärleri goramagyň çäreleri göz öňünde tutulmalydyr. Hyzmat edýän işgärleriň hemişe bolýan ýerlerinde oturtmak üçin degişli enjamlar saýlanyp alynmalydyr (suw bilen sowadylýan ýokarlandyrylan tizlikli gorag gutyly maşynlar we generatorlar, şahsy wentilýatorlaryň ýerine aýry-aýry iş otaglaryna eltilen howa täzeleýji merkezli ulgam). Elektrotehniki jaýlaryň gurluşyk bölümlerini işläp taýýarlamak baradaky tabşyryklarda sesleri ýatyrmaklyga we hyzmat edýän işgärleri olardan üzňeleşdirmeklige degişli talaplar göz öňünde tutulmalydyr (maşyn zaly bilen dolandyryjy şitleriň arasyny aýna penjireler bilen ýapmak). §3. Toguň we güýjenmäniň ulgamlary, neýtrallaryň iş düzgünleri, güýjenmäniň gyşarmalary 37. Güýç elektrik enjamlarynyň taslamalarynda adatça, üýtgeýän elektrik tokda işleýän kabul edijileriň we gurnamalaryň ulanylmagy göz öňünde tutulmalydyr. Üýtgemeýän toguň ulgamyny şu aşakdakylarda ulanmagy göz öňünde tutmalydyr: 1) üýtgeýän togy ulanyp bolmajak tehnologik işiň dowamlylygy üçin (elektroliz, galwanotehnika); 2) tehnologik işiň dowamlylygynyň şertleri boýunça üýtgemeýän toguň ulanylmagy zerur bolan ýörite enjamlarda (kontaktly kebşirlemek, flýusyň aşagynda ýa-da gorag gaz giňişliginde awtomatik kebşirlemek, gyzgynlyga durumly splawlary we ýokary hilli arassa seýrek metallary almak üçin dugaly howa basyşly peçler üçin ýörite enjamlar, elektrokreking); 3) şu Kadalaryň ýigrimi ikinji böleginiň görkezmelerine laýyklykda geçirijileri üýtgemeýän elektrik tokda işleýän elektrik hereketlendirijili mehanizmleriň elektrik hereketlendirijilerini üpjün etmek üçin. 38. Güýç enjamlardaky üýtgeýän toguň hemişelik durýan kabul edijilerini üpjün etmek üçin toguň we güýjenmäniň ulgamlaryny şu aşakdakylara gollanyp saýlamalydyr: 1) üç we bir fazaly 380 W elektrik kabul edijilerini iýmitlendirmek üçin üzňeleşdirilen ýa-da gönümel zeminlenen neýtrally üç fazaly 380 W üýtgeýän tok ulgamyny hem-de üç we bir fazaly 380 W elektrik kabul edijilerini we bir fazaly 220 W elektrik kabul edijilerini iýmitlendirmek üçin gönümel zeminlenen ýa-da üzňeleşdirilen neýtrally 380/220 W ulgamy ulanmak haýsydyr bir islendik ýerli şertler päsgel bermeýän ähli ýerlerde we eger-de tehniki-ykdysady hasaplamalar bilen has ýokary güýjenmeleriň ulanylmagy subut edilmedik halatlarda gerekdir. Şu ulgamlardan üpjün edilýän üç fazaly elektrik kabul edijileriň iň ýokary kuwwaty adatça, 630 A toguň güýjüne kontaktorlaryň ulanylmagyna ýol berilýän ululykdan geçmeli däldir; 2) şahadaky 500 W güýjenme bilen üç fazaly elektrik kabul edijileri üpjün etmek üçin üzňeleşdirilen aralyk geçirijili üç fazaly 500 W üýtgeýän toguň ulgamyny diňe hereket edýän gurnamalar durky täzelenende ýa-da giňeldilende ulanylmalydyr. Şu ulgamdan üpjün edilýän üç fazaly elektrik kabul edijileriň iň ýokary kuwwatlylygy adatça, 630 A toguň güýjüne kontaktorlaryň ulanylmagyna ýol berilýän ululykdan geçmeli däldir; 3) 660 W üç we bir fazaly elektrik kabul edijileri üpjün etmek üçin üzňeleşdirilen ýa-da neýtraly gönümel zeminlenen aralyk geçirijili üç fazaly 660 W üýtgeýän toguň ulgamy we 660 W üç we bir fazaly elektrik kabul edijileri hem-de 380 W bir fazaly elektrik kabul edijileri üpjün etmek üçin neýtraly gönümel zeminlenen aralyk geçirijili 660/380 A ulgamy tehniki-ykdysady esaslandyrmalar bolanda (şu Kadalaryň otuz sekizinji böleginiň 1-nji bendi) şu 380 we 380/220 W bilen çalşyrmaklyk taslamada göz öňünde tutulmalydyr. Şu ulgamdan üpjün edilýän üç fazaly elektrik kabul ediji adatça, 630 A toguň güýjüne kontaktorlaryň ulanylmagyna ýol berilýän ululykdan geçmeli däldir; 4) eger-de, tehniki-ykdysady hasaplamalaryň esasynda, kärhanalar boýunça kuwwaty paýlamak boýunça elektrik üpjünçiliginiň taslamasy kabul edilen bolsa, 6 kW şahalaýyn güýjenme bilen güýç üç we bir fazaly elektrik kabul edijileri (elektrik hereketlendirijileri, özgerdijileri, elektrik peçlerini) üpjün etmek üçin üzňeleşdirilen üç sany aralyk geçirijili üç fazaly 6 kW üýtgeýän toguň ulgamy ulanylmalydyr. Şeýle ýagdaýda has pes güýjenmede 630 A toguň güýjüni kontaktorlar bilen amala aşyrmagy dolandyryp bolmaýan elektrik hereketlendirijileriň hemmesiniň gös-göni şu ulgamdan üpjün edilmegi göz öňünde tutulmalydyr; 5) eger-de, tehniki-ykdysady hasaplamalaryň esaslarynda kärhanalar boýunça kuwwaty paýlamak üçin elektrik üpjünçiliginiň taslamasy tarapyndan kabul edilen bolsa, kuwwatly üç we bir fazaly elektrik kabul edijileri (elektrik hereketlendirijileri, özgerdijileri, elektrik peçlerini) şahalaryň ugry boýunça 10 kW güýjenme bilen üpjün etmek üçin üzňeleşdirilen üç sany aralyk geçirijili, üç fazaly 10 kW üýtgeýän elektrik tokly ulgam ulanylmalydyr. Şeýle ýagdaýda has pes güýjenmede 630 A toguň güýjüni kontaktorlar bilen amala aşyrmagy dolandyryp bolmaýan 10 kW güýjenme üçin elektrik senagaty tarapyndan öndürilýän elektrik hereketlendirijileriň hemmesiniň gös-göni şu ulgamdan üpjün edilmegi göz öňünde tutulmalydyr. 10 kW güýjenme üçin taýýarlanmaýan hereketlendirijiler we beýleki elektrik kabul edijiler toparlaýyn ýa-da hususy transformatorlar arkaly şu ulgamdan kuwwat almalydyrlar. 39. Kuwwatly gurluşlardaky üýtgemeýän elektrik tokda işleýän elektrik hereketlendirijileri elektrik tok bilen üpjün etmek üçin elektrik tok we güýjenme ulgamlary saýlanyp alnanda şu aşakdakylara gollanylmalydyr: 1) sehler boýunça paýlamak we kadaly işlemekleri güýjenmäniň sazlanmagyny talap etmeýän elektrik kabul edijileri elektrik tok bilen üpjün etmek üçin hemme ýagdaýlarda zeminlenilmedik polýusly iki geçirijili 220W ulgamy ulanmalydyr; zeminlenen bir polýusy bolan ýa-da şeýle bolmadyk 110 we 440W üýtgemeýän toguň iki geçirijili ulgamy hem-de zeminlenen neýtral geçirijili 2×110 we 2×220W üç geçirijili ulgamy, tehniki-ykdysady esaslandyrmalar bolanda, aşakdaky görkezilen ýagdaýlarda ulanmaklyga ýol berilýär; 2) «generator-hereketlendiriji» (G-H) we «tiristor özgerdiji-hereketlendiriji» (T-H) ulgamy boýunça işleýän gurnamalar üçin 1200 W we şoňa çenli güýjenmeli üýtgemeýän toguň ulanylmagyna ýol berilýär. Saýlanyp alnan güýjenmäniň ululygy taslamada esaslandyrylan bolmalydyr. 40. Işlände dolandyryş saplary işçiniň elinde bolýan göçme mehanizmlerde oturdylan göçme elektrik kabul edijileriň ýa-da elektrik kabul edijileriň iýmitlenmesi, EGK-nyň I bölüminiň talaplaryna laýyklykda, daşy hökman zeminlenip, güýjenmesi 380 W-dan ýokary bolmadyk ulgamdan gönümel amala aşyrylmalydyr. Şeýle zeminleme talap edilmeýär, haçan-da elektrik kabul edijileriň iki gat üzňeleýjisi bolanda ýa-da paýlaýjy transformatoryň üsti bilen ýa-da 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmeli üýtgeýän toguň ýa-da 110 W hemişelik toguň ulgamyndan iýmitlendirilýän bolan halatynda. Paýlaýjylar hökmünde adatça, ikinji güýjenmesi 220 W-dan ýokary bolmadyk transformatorlary ulanmaklyk göz öňünde tutulmalydyr. 41. Oňaýsyz şertlerde, haçan işiň ýerine ýetirilýän ýeriniň çakliligi sebäpli toguň urmak howpy artanda, mysal üçin işgäriň iş ýagdaýy oňaýsyz bolanda, berk zeminlenilen uly metal bilen galtaşygy bolanda (uly gazanlarda, gaplarda işlänlerinde), göçme mehanizmlere elektrik tok bermek üçin 2W-dan köp bolmadyk güýjenmäni ulanmaklyk göz öňünde tutulmalydyr. Goşmaça gorag serişdeleri (dielektrik ellikler, gorag düşekleri) ulanylan ýagdaýlarda, ýokary, ýöne 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmäni ulanmagy göz öňünde tutmaklyga ýol berilýär. 42. Pes güýjenmeli göçme mehanizmleriň elektrik kabul edijileriniň elektrik tok bilen üpjünçiligi adatça, ştepselli aýryjylaryň (razýomlaryň) ýa-da «gulaşykly» gysgyç bilen üpjün edilen öçürijileriň kömegi bilen elektrik kabul edijileriň birikdirilmeli hemişelik oturdylan transformatorlary arkaly amala aşyrylmagy göz öňünde tutulmalydyr. Peseldiji transformatorlaryň daşy zeminlenilen, ýokary güýjenmäniň (660 W we şoňa çenli) girizilýän uçlarynyň gysgyçlary tötänden galtaşmalardan goralan bolmalydyr. Şeýle hem şu maksatlar üçin göçme transformatorlaryň ulanylmagyna ýol berilýär, şu ýagdaýda (660 W we şoňa çenli) ýokary güýjenmeli ulgama göçme transformatorlary birikdirmek üçin abzal şu Kadalaryň bir ýüz on üçünji böleginde görkezilen talaplary kanagatlandyrmalydyr. Göçme transformator aýratyn howply zolakdan daşda oturdylmalydyr, onuň daşy fazaly geçirijiler bilen umumy gatlajykda ýerleşen ýörite geçiriji (bir fazaly üçin - üçünji we üç fazaly üçin - dördünji) bilen zeminlenilen (nollanylan) bolmalydyr, ýokary güýjenmeleriň girizilýän uçlarynyň gysgyçlary bolsa tötänden galtaşmalardan goralan bolmalydyr. 43. Elektrik kabul edijileriň işi dolandyrylanda we awtomatlaşdyrylanda aşakdaky güýjenmeleriň ulanylmagyna ýol berilýär: 1) hem hemişelik oturdylan, hem-de asma ýekebara elektrik kabul edijileri dolandyrmagyň ýönekeýje, köp ugurly bolmadyk zynjyryndaky (guýujy sehiň kesiji bölümlerindäki süýşýän daş ýonujylaryň elektrik hereketlendirijilerindäki ýaly) elektrik kabul edijileriň esasy zynjyryndaky ýaly, hat-da 660W we şoňa çenli üýtgeýän toguň güýjenmesiniň derejesine çenli. Şunda dolandyryş abzallarynyň daşynyň, elektrik kabul edijileriň daşynyňky ýaly, zeminlenilmegi göz öňünde tutulmalydyr ýa-da olaryň daşlary mehanizmleriň ýa-da jaýlaryň metal gurnawlarynyň kömegi bilen öz aralarynda birikdirilen bolmalydyr; 2) elektrik kabul edijileriň toparyny dolandyrmagyň we awtomatlaşdyrmagyň ulgamynda, şol sanda köp ugurly zynjyrlylarynda - ýere baglylykda 250 W-dan köp bolmadyk güýjenme. 44. Dolandyryş ulgamy, elektrik kabul edijileriň esasy zynjyryndaky güýjenme ýitende şu zynjyryň ugrundaky abzallaryň hemmesi öçer ýaly we olary diňe operatoryň buýrugy ýa-da bellenilen maksatnama boýunça awtomatik taýdan gaýtadan işleder ýaly görnüşde gurnalmalydyr. Mehanizmiň öz-özünden işlemek mümkinçiligini üpjün etmäge zerur bolan sähelçe wagt geçenden soň, ýokarda agzalan ulgamlaýyn abzallaryň öçürilmeginiň göz öňünde tutulmagyna ýol berilýär. Güýjenme ýitende esasy zynjyry öçürmeýän abzallar bilen ülňeleri diňe şu Kadalaryň bir ýüz onunjy böleginde görkezilen şertlerde ulanmaklyga ýol berilýär. 45. Elektrik tok çeşmesiniň ýerleşişi, şeýle hem kuwwatly ulgamyň geçirijileriniň şahalary, gurnawlary we kesimleri kadaly ulanylan şertlerde, kuwwatly elektrik kabul edijileriň gysgyçlaryndaky güýjenmäniň üýtgemesi şu Kadalaryň «Güýç elektrik kabul edijileriň gysgyçlarynda güýjenmäniň ýol berilýän gyşarmalary» atly goşundysynda görkezilen ululykdan, kuwwatly elektrik kabul edijileriň işiniň netijesinde emele gelýän yrgyldy ýygylyklary, iş ýerlerini yşyklandyrýan çyralaryň güýjenmesiniň üýtgemesi bolsa kadalaşdyrylýan elektrik energiýasynyň hiline bildiriýän talaplaryň ýol berýän möçberinden geçmeli däldir. §4. Sehleriň içindäki elektrik enjamlarynyň we ulgamlarynyň shemalary hem-de gurnawlary 46. Güýç gurluşlardaky elektrik kuwwatyny paýlamak üçin hasaplanan iň az çykdaýjyly bolan, ulanylanda zerur bolan ygtybarlylyk, howpsuzlyk, amatlylyk derejelerini we önümçilik arassaçylygyny üpjün edýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny hasaba alýan iň tygşytly ulgam saýlanyp alynmalydyr. Peseldiji podstansiýalaryň, iýmitlendiriji merkezleriniň we bölüji nokatlarynyň şinalary birlik seksionerli ulgamynda göz öňünde tutmak gerek. Güýjenmesi 400/230 (380/220) we 230/127 (220/127) W şitleriň şinalary, awtomatiki gaýtadan goşulýanlar bilen (mundan beýäk - AGG) seksionirlenmelidir birinji derejeli elektrokabul edijileri bolanda we ätiýaçlyk togy awtomatik girizijisiz (mundan beýläk - ÄAG) ikinji hem-de üçinji elektrokabul ediji bar bolanda. Poluň aşagyndaky turbalaryň içindäki («modul ulgamy» diýlip atlandyrylýan) geçirijiler, adatça, diňe önümçiligiň zyýansyzdyrylan şertleri talap edilýän senagat kärhanalarynyň jemgyýetçilik jaýlary we sehleri üçin göz öňünde tutulmalydyr. Ugurdaş tehnologik akymly (önümçilik şahaly) enjamlarda kuwwaty paýlamagyň ulgamy tehnologik bozulmada (heläkçilikde) öçürlende ýa-da onuň haýsy hem bolsa bir enjamyny (bir transformatoryny, bir ulgamyny, bir paýlaýjy nokadyny) barlamak ýa-da abatlamak üçin öçürlende diňe bir tehnologik akyma (önümçiligiň bir şahasyna) degişli mehanizmleri öçürer ýaly edilip gurnalmalydyr. 47. Transformatorlaryň, enjamlaryň, abzallaryň we geçirijileriň pes agramda kadaly işleýän tertibinde göz öňünde tutulýan ÄAB kuwwaty paýlamagyň gurluşy adatça, diňe elektrik bilen üpjün etmekde birinji derejeli elektrik kabul edijileri elektrik tok bilen üpjün etmek üçin ulanylmalydyr. Eger-de, birinji derejeli elektrik kabul edijileriň kuwwaty transformatorlaryň nominal kuwwatynyň diňe uly bolmadyk bölegini üpjün edýän bolsa, awtomatik işledijileriň ýa-da kontaktorlaryň kömegi bilen sehlerdäki paýlaýjy nokatlardaky ÄAG-niň üpjün edijilik mümkinçiligi ulanylmalydyr. ÄAB-siz ülňelerde: 1) berilýän agramlaryň merkezlerinde ýerleşdirilýän bir transformatorly podstansiýalary göz öňünde tutmalydyr; 2) iki transformatorly podstansiýalary diňe taslamada zerur esaslandyrmalar bolanda ulanmaklyga ýol berilmelidir; 3) transformatorlaryň nominal kuwwaty, hasaplama agramyna takmynan deň kabul edilmelidir; 4) eger-de, zerurlyk bolanda, transformatorlardan paýlaýjy enjama tarap 1000W çenli güýjenmeli çykýan uçlarynda şinalary bölümlere bölmek üçin el bilen işe girizijili üzňeleşdiriji abzal oturdylmalydyr; 5) görkezilen ýagdaýlarda, goraýjy abzallary (awtomatik öçürijileri) paýlaýjy şitlerdäki durnuksyz abzallary goramak üçin diňe toguň gysga utgaşmasynyň hasaplamalarynyň maglumatlary boýunça zerur bolan ýagdaýlarda oturtmaklyk göz öňünde tutulmalydyr. Elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy boýunça birinji derejeli elektrik kabul edijilere degişli edilende, mehaniki bölümdäki ätiýaçlyklar (elektrik we bug herekelendirijili mehanizmler, sowadyjy suwly gaplar) hasaba alynmalydyr, işleýän we ätiýaçlykdaky mehanizmleriň elektrik togunyň ÄAG üçin transformatorlardaky, abzallardaky we şahalardaky ätiýaçlyklaryň zerurlygy taslamada esaslandyrylan bolmalydyr. Diňe bir uly möçberli önümçilikdäki işiň alamatlary üçin elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy boýunça ikinji derejeli elektrik kabul edijilere degişli edilmeli däldir. Uly möçberli önümçilikleriň, şol sanda metallary sowuk işläp bejeriji, maşyn gurluşyk kärhanalarynyň (sehleriň) we şolara meňzeş zawodlaryň (awtoulag, traktor, oba hojalyk maşynlary, stanoklary öndürýän) elektrik kabul edijileriniň aglabasy adatça, elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy boýunça üçünji derejelä degişli bolmalydyr. Şulara meňzeş önümçilikde (kärhanalarda, sehlerde), elektrik üpjünçiligiň heläkçilikli arakesmesi «önümleriň köpçülikleýin az goýberilmegine» ýa-da «işçileriň köpçülikleýin işsiz durmagyna» getirip biljek elektrik kabul edijili bölümleriniň biri ýa-da birnäçesi bolanda, şu bölümleriň elektrik kabul edijileri elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy boýunça diňe has ýokary derejeli elektrik kabul edijilere degişli edilmelidir. Şeýle bölümler we elektrik kabul edijiler saýlanyp görkezilende taslamada olaryň zerur esaslandyrmalary bolmalydyr. 48. Ýerli şertleriň päsgelçilik bermeýän ýagdaýlarynda sehleriň podstansiýalaryndan (transformatorlardan, generatorlardan) iri elektrik kabul edijilere we sehleriň paýlaýjy nokatlaryna elektrik kuwwatyny paýlamak üçin, esasy ulgamy, şol sanda transformator-blok gurluşyny, ýagny ulgamy elektrik tok beriji ulgam üçin aralykdaky paýlaýjy nokatlaryň we sehdäki gorag derejeleriniň mümkin boldugyça az sanlysy bilen podstansiýalara paýlaýjy şitlersiz şahany (magistrallar) ulanmalydyr. Transformator-magistral bloklarynyň çyzgytlaryny kada bolşy ýaly, oturdylan transformatorlaryň sanyndan geçmeýän magistrallaryň toplumlaşdyrylan transformator podstansiýalaryndan (TTP) gaýdýan geçirijileriň sany boýunça ulanylmalydyr. Transformatorly podstansiýalardan barýan elektrik tok beriji transformatoryň nominal güýjünden geçýän geçirijilik ukyby bolan goragly kuwwatly şinaly geçirijeleri bolan kuwwatly paýlaýjy çyzgydy ulanmakdan gaça durmalydyr. Mümkin boldugyça, elektrokabul edijiniň magistraly boýunça, dürli tehnologiki ugurlarda iýmitlendirmeleri aradan aýyrmak gerek. Gönümel podstansiýanyň transformatoryna baş magistraldan gaýry, adatça diňe bir uly bolmadyk paýlaýjy enjamy birikdirmeklige ýol berilýär, haçan-da bu elektrik yşyklandyryşyny we şuňa meňzeş beýleki ýükleri üpjün etmek üçin zerur bolsa, olaryň öçürilmegi baş magistral bile öçürilmegine ýol berilmeýän halatynda. Eger-de, magistral çyzgydyny ulanmaklyga sarp edijileriň ýerleşýän ýerleri, gurşawyň şertleri ýa-da tehniki-ykdysady maglumatlar päsgelçilik döredýän bolsa, podstansiýalardaky paýlaýjy şitlerden gaýdýan ulgamlary elektrik tok bilen üpjün edýän radial gurluşlar kuwwatly elektrik sarp edijileri, sehleriň güýç paýlaýjy nokatlaryny we dolandyryş şit ulgamlary (mundan beýläk - DŞU) elektrik tok bilen üpjün etmek üçin ulanylmalydyr. 49. Sehiň meýdanynda ýygjam edilip ýerleşdirilen uly kuwwaty bolmadyk elektrik sarp edijileriň köp sanlysyna (metal işläp bejerýän, agaç işläp bejerýän sehleriň stanoklarynyň elektrik hereketlendirijilerine) elektrik kuwwatyny paýlamak üçin adatça, dolandyryş we gorag abzallarynyň kömegi bilen podstansiýalaryň şinalaryna ýa-da magistrallaryna birikdirilýän paýlaýjy şahalar ulanmalydyr. Tehnologik mehanizmleriň gaýtadan meýilleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýan we muňa gurşawyň şertleriniň mümkinçilik berýän ýerlerinde maşynlara elektrik tok geçirijilerden güýjenmäni aýyrmazdan (beýleki elektrik kabul edijileriň işinde arakesmesiz) täze sarp edijileri birikdirmäge we aýrylýan sarp edijileri ulgamdan aýyrmaga mümkinçilik berýän, «ştepselli şinageçirijileri» diýlip atlandyrylýan ýaly görnüşli paýlaýjy magistrallary ulanmaklyk teklip edilýär. 50. Aýry-aýry şahalara bölünen gorag abzallarynyň toplanan ýeri bolan güýç paýlaýjy nokatly paýlaýjy magistrallaryň radial gurluşlary, şu Kadalaryň kyrk dokuzynjy bölegine laýyklykda ýük göterijileriň bolmagynyň, gurşawyň şertleriniň, elektrik kabul edijileriň ýerleşýän ýerleriniň we beýleki ýerli şertleriň päsgelçilik berýän ýerlerinde ulanylmalydyr. Güýç paýlaýjy nokatlardan, aýratyn-da awtomatik işe girizijisi bolan nokatlardan pes amperli (15-20 A çenli) elektrik kabul edijileri elektrik tok bilen üpjün etmegiň radial gurluşyny ulanmakdan gaça durmalydyr. Haçan-da, magistraldan elektrik kabul edijilere aýrylýan şahalaryň gorag abzallary (mysal üçin AP-50) dolandyryş abzaly hökmünde ulanylmak mümkin bolanda (nol goraglylygyny üpjün etmeklik üçin işe girizijileriň ýa-da kontaktorlaryň ulanylmagy hökman däl ýerlerde) elektrik kabul edijileriň kuwwatyna garamazdan, güýç paýlaýjy nokatlardan olary elektrik tok bilen üpjün etmegiň bähbitli gurluşlarynyň ýerine (eger-de muňa ýerli şertler päsgel bermeýän bolsa) esasy magistraldan elektrik tok bilen üpjün etmekligi ulanmaklyk teklip edilýär. Güýç paýlaýjy nokatlardan elektrik tok bilen üpjün etmegiň radial gurluşynda şu Kadalaryň bir ýüz birinji we bir ýüz ikinji böleklerine gollanyp, goraýjyly nokatlary ulanmaklyk teklip edilýär. 51. Baş magistrallara (şu Kadalaryň kyrk sekizinji bölegi) diňe ýokary elektrik kuwwatyny sarp edijileri (paýlaýjy magistrallary, güýç paýlaýjy nokatlary we aýratyn has kuwwatly elektrik kabul edijileri) elektrik tok bilen üpjün etmek üçin, mümkin boldugyça az sanly şahalar birikdirilmelidir. Meýdançalardan hyzmat etmeklik göz öňünde tutulýan ýük göterijileri elektrik tok bilen üpjün etmek üçin niýetlenen paýlaýjy magistrallaryň asma geçirijileri (trolleýleri), şol geçirijilerden ýük göterijileriň sarp edýän togunyň kuwwatyna bagly bolmazdan, baş ugra birikdirilmelidir. 52. Ýerli şertleriň päsgelçilik bermeýän ýagdaýlarynda, esasy magistral jaýyň polunyň 3-4 metr ýokarsyndan geçirilmelidir, munuň özi esasy ugurdan paýlaýjy ugra, güýç paýlaýjy nokatlara we kuwwatly elektrik kabul edijilere çenli köp bolmadyk uzaklygy hem-de elektrik kuwwatynyň az ýitgisini üpjün eder. Şu esasy magistrallary zawodyň öndüren jemlenen şinageçirijileri görnüşinde göz öňünde tutmaklyk teklip edilýär. Esasy magistrallar üçin şeýle şinageçirijiler, şeýle hem ştepsel şinageçirijileri şu Kadalaryň kyrk dokuzynjy bölegine laýyklykda elektrik kuwwatyny paýlamak üçin ulanylýan hemme ýagdaýlarda ulanylmalydyr. 53. Eger-de, esasy magistral poluň 3-4 metr ýokarsyndan geçirilende sehiň beýleki boşluklarynda oturdylan elektrik kabul edijilere tarap şahalary geçirmeklige kynçylyk döreýän bolsa, ýa-da dürli podstansiýalardan elektrik tok bilen üpjün edilýän şahalaryň arasynda birikdirme oturdylanda, şeýle hem ýük göterijileriň gymyldysyz durýan böleginde haýsy hem bolsa bir sebäplere görä, baş ugry olardan aşakdan geçirmeklik maksada laýyk däl diýlip hasap edilýän göterijileriň geçitlerinde kynçylyk döreýän bolsa, baş ugry fermalaryň aşaky guşagynyň derejesinde ýa-da (esaslandyrylan ýagdaýlarda) elektrotehniki köprüjikler boýunça geçirmeklik teklip edilýär. Şu ýagdaýlarda esasy magistrallar zawotda öndürilen toplumlaýyn şinageçirijiler görnüşinde ýerine ýetirilmelidir, ýöne ýangyn we partlama döremejek jaýlarda olar fermanyň aşaky guşagy boýunça, üzňeleşdirilen diregleriň üstünden, şol sanda ýük göterijisiz boşluklaryň uly bolmadyk beýikliginden geçirilen açyk elektrik tok geçirijiler görnüşinde hem ýerine ýetirilip bilner. Bir gatly jebis (monolit) jaýlaryň tehniki gatlarynda esasy magistrallar ýapyk (goragly) toplumlaýyn daşly geçirijiler görnüşinde ýerine ýetirilmelidir. Tehniki gatlarda açyk elektrik tok geçirijilerini çekmeklige, diňe kadadan çykma ýagdaýynda ýol berilýär. Zawotda öndürilýän toplumlaýyn daşly asma geçirijiler, adatça mis daşly ýerine ýetirilýär. Olar göçme gurallary elektrik tok bilen üpjün etmek üçin ulanylýar (konweýýerli ýygnama işlerinde). Köpri şekilli ýük göterijileriň we beýleki göteriji ulag serişdeleriniň baş asma geçirijileri üçin şeýle daşly geçirijiler haçan-da, daşy açyk asma geçirijiler ulanylanda darlyk edýän ýa-da elektrik togunyň ýokary derejede urma howpuna ýol berilmesiz ýagdaýlarda ulanylmalydyr. Alýumin erginli şinasy bolan trolleý şinageçirijiler ähli halatlarda ulanylyp bilner. 54. Paýlaýjy enjamlar - şitler, güýç paýlaýjy nokatlar, dolandyryş beketleri mümkin boldugyça, elektrik kabul edijilere ýakyn ýerleşdirilmelidir. 55. Elektrik jaýlarynda ýerleşdirilen paýlaýjy şitleriň töwereginde kabelleri we geçirijileri polat turbalaryň içi bilen geçirmegiň ýerine, olary joýajyklaryň ýa-da ýarymgat kabel kanallarynyň içi bilen geçirmeklik göz öňünde tutulmalydyr. 56. Jaýlarda we desgalarda ýerleşen sehlerde ýangyna durnukly ýa-da üzňeleşdirilen kabellerden II-nji derejeli ýangyna durnukly taýýarlanýan ulgamlary, adatça, gurnawlaryň we diwarlaryň ýüzünden, tegekleriň, gutularyň içi bilen ýa-da sim urganlaryndan (troslardan) asylyp geçirilmelidir. Şeýle mümkinçiligiň bolmadyk ýerinde (ugurlaryň käbir ýerleriniň diwarlarynyň göwrümleri zerarly, elektrik geçirijileri mehaniki täsirden goramak ýa-da olary örtmek zerurlygy, kabelleriň we geçirijileriň köp sanlysynyň ýanmak mümkinçiliginde oduň täsirinden polat gurnawlary goramak zerurlygy sebäpli) geçirijiler garjaşdyrylyp ulanylmalydyr, ýagny bir ýerde turbalaryň içi bilen, başga ýerde açyk görnüşde geçirilmelidir. Güýç we gözegçilik kabeller hem-de geçirijiler poldan näçe ýokardan geçirilendigine garamazdan, elektrotehniki jaýlaryň we kabel desgalarynyň çäklerinde açyk görnüşde geçirilmelidir. Güýç we gözegçilik kabelleriniň köp geçýän ýeri bolan polat guýujy hem-de beýleki sehlerde olary geçirmek üçin elektrikli kebşirlenen polat turbalaryň gysga aralygyndan kabul edijilere çenli uçlary barýan kabelleri ýapjagazlar we ýerasty kabel kanallar arkaly geçirmek usulyny ulanmagy göz öňünde tutmaklyk teklip edilýär. Geçirijilere mehaniki zeper ýetme ähtimallygynyň az bolan önümçilik jaýlarynda, zerur bolan ýagdaýlarda, polat turbasyz, açyk görnüşde geçirmekligi ulanmaklyk teklip edilýär. 57. Tehnologik mehanizmlerde oturdylýan elektrik enjamlar üçin, adatça, metal torjagaz bilen örtülen geçirijileri ýa-da metal ýeňlik bilen örtülen ýa-da metal daşly geçirijileri açyk görnüşde geçirmeklik usuly ulanylmalydyr. Ýük göterijilerde gutulardaky we tegeklerdäki geçirijileri açyk görnüşde geçirmeklik usuly ulanylmalydyr. Polat turbalarda geçirmeklige diňe daşky gurnamalaryň ýük göterijilerinde, metallurgiýa zawodlarynyň partlama howply we gyzgyn sehlerinde, şeýle hem geçirijä ýag degmek howpy bolan ýerlerde ýol berilýär. 58. Polat kabelleriň ýa-da geçirijileri direglerini mehaniki zeper ýetmelerden goramak üçin polat tagtasyndan (listinden) ýasalan gorag örtüklerini, açyk geçirilýän kabelleri we geçirijileri ýanmaýan diwarlaryň hem-de örtük diwarlarynyň içinden geçirmek üçin bolsa plastmassa, asbestsement ýa-da keramiki (ýeňil) turbalar ulanylmalydyr. 59. Haçan-da, elektrik ulgamyny geçirmek üçin polat turbalary ulanmaklyk tehniki taýdan esaslandyrylan ýa-da bellenen tertipde tassyklanan kadalaýjy resminamalar bilen ýol berilýän ýagdaýynda, aşakdakylar göz öňünde tutulmalydyr: 1) güýç we gözegçilik kabellerini hem-de geçirijilerini birlikde umumy turbalara EGK-nyň I-nji bölüminiň talaplary boýunça ýol berilýän iň ýokary derejesini üpjün eder ýaly görnüşde turbalary doldurmagy; 2) her bir enjam, hereketlendiriji, kabel linýasy, paneller üçin aýry-aýrylykda däl-de, şeýle enjamlaryň toplumy üçin ätiýaçlyk turbalar; 3) işçi sowma turbalaryň sanynyň 20%-den geçmeýän sowma turbalaryň mukdary; 4) partlama howpy bolmadyk jaýlar üçin - elektrik bilen kebşirlenen ýuka diwarly turbalarda ýa-da suw-gaz geçiriji ýeňil polat turbalarda elektrik ulgamyny geçirmeklik; hususan-da durmuş jaýlarynyň we senagat kärhanalarynyň önümçilik däl jaýlarynyň (barlaghanalaryň, zawodyň dolandyryjy edarasynyň we beýlekileriň) üçeklerinde güýç ulgamyň elektrik geçirijilerini geçirmek üçin - ýuka diwarly elektrikli kebşirlenen turbalary ulanmaklyk. 60. Partlama howpy bolan meýdançalarda elektrik ulgamy, suw-gaz geçiriji adaty turbalarda geçirilmelidir. 61. Bloklarda kabelleri ýerasty geçirmek üçin betondan, asbestsementden taýýarlanan (ýeňil) bloklar we metaldan däl turbalar ulanylmalydyr. 62. Baş we paýlaýjy magistrallar hem-de olardan gaýdýan şahalaryň her biri abzallar bilen üpjün edilmelidir, şolaryň kömegi bilen tehnologik bozulma (heläkçilik) ýagdaýlarda sehiň işgärleri tarapyndan olar elektrik tok berijilerden howpsuz öçürilmelidir. Şu abzallaryň oturdylmaly ýerleri EGK-nyň I-nji bölüminiň talaplaryna laýyklykda, güýç elektrik enjamlaryň taslamasynda kesgitlenýär. Ştepsel daşly geçirijilerden şu abzallara gaýdýan şahalar üçin şahalaryň gutusynyň gapagy açylanda, şahalardaky togy öçürýän goraglyklar toplumy hyzmat edip biler. Sehiň paýlaýjy gurluşyna elektrik tok berýän ulgamyň ahyrynda (elektrik kabul edijileriň şkaflarynda, güýç paýlaýjy nokatlarda, dolandyryş beketleriniň şitlerine geçirijileriň girýän ýerlerinde) şahanyň başyndaky ýerde oturdylýan abzalyň amala aşyrýan goragyny gaýtalaýan abzaly, esasan hem öçürijini oturtmaklyk göz öňünde tutulmaly däldir. Elektrik tok berýän şeýle şahanyň ahyrynda gyssagly ýagdaýlarda (ýangyn dörände, heläkçilik ýagdaýlarda) paýlaýjy enjamy gyssagly öçürmek üçin abzal, esasan öçüriji (rubilnik) göz öňünde tutulmalydyr. Haçan-da, şahanyň başyndaky abzal tehnologik bozulmada (heläkçilikde) öçürmek üçin aňsat elýeterli bolan ýagdaýynda, sehiň paýlaýjy gurluşyna girýän ýerinde heläkçilikde öçürmek üçin şeýle abzaly oturtmaklygy göz öňünde tutmazlyga ýol berilýär. Sehiň paýlaýjy gurluşyna geçirijileriň girýän ýerinde ýokarda ýatlanýan öçürijiniň (rubilnigiň) ýerine awtomatik öçüriji diňe şu enjama magistraldan (daşly geçirijiden) ýapyk şaha bilen elektrik tok berilen ýa-da ÄAB bilen amala aşyrmak üçin şeýle öçüriji zerur bolan ýagdaýynda ygtyýar berilýär. Bahalarynyň gymmatlygy we gysga utgaşan (mundan beýläk - GU) toga dinamiki durnuklylygynyň pesligi sebäpli awtomatik öçürijileri ýokary kuwwatly togy aýryjysyz awtomatik däl öçürijileriň ýerine ulanmaga ýol berilmeli däldir. 63. Ýerli şertlere baglylykda, elektrik kabul edijileri dolandyryjy abzallar şu aşakdaky ýaly oturdylmalydyr: 1) sehlerde, diwarlarda, sütünlerde ýa-da gurnawlarda dolandyrylýan mehanizmleriň golaýynda açyk görnüşde ýa-da toplumlar boýunça ýerleşdirilen görnüşde. Şu ýagdaýlarda sehiň gurşawynyň täsirinden goramagyň talaplaryny kanagatlandyrýan örtüjeklerdäki abzallar ulanylmalydyr. Mehanizmleri dolandyrmak üçin (adatça el bilen) ýönekeý gurluş gerek bolan ýagdaýlarda, şeýle ýerleşdirmeklige ýol bermeklik maksada laýykdyr; 2) sehiň gurşawynyň täsirinden goramagyň talaplaryny kanagatlandyrýan şkaflarda ýa-da kadaly gurşawy bolan sehiň meýdançalarynda oturdylan açyk panellerde. Şu ýagdaýlarda adatça, (goraýjy örtüjeksiz) açyk abzallar ulanylmalydyr. Şu Kadalaryň otuz birinji böleginde görkezilen ýagdaýlarda dolandyryş beketleri hökmünde agaç gyýaklarynda (reýkalarda) ýa-da panellerde ýygnalan abzallar ulanylyp bilner. Şeýle beketleriň zerur bolan şaýly şkaflaryny we panellerini gös-göni sehde, dolandyrylýan mehanizmleriň ýerleşýän ýerlerinde ýerleşdirmeklik teklip edilýär. Haçan-da, köp sanly mehanizmleriň işini awtomatik dolandyrmagyň we gabamagyň çylşyrymly gurluşy ulanylan ýagdaýlarda, abzallaryň şeýle ýerleşdirilişine artykmaçlyk berilmelidir; 3) şu Kadalaryň otuz üçünji böleginiň talaplaryny kanagatlandyrýan, dolandyryjy beketleriň üzňeleşdirilen elektrik jaýlaryndaky (mundan beýläk - DBJ) şitlerde açyk ýerleşdirilýär. Şu ýagdaýlarda, şitleri açyk ýerine ýetirilen aýry-aýry abzallar bilen, şu Kadalaryň otuz birinji böleginiň talaplaryny kanagatlandyrýan ýagdaýlarda bolsa dolandyryş beketlerinden jemlemeklik teklip edilýär. Abzallaryň şeýle ýerleşdirilmegi haçan-da, elektrik kuwwatyny paýlaýyş gurluşynyň we dolandyryşy nobatçylaşdyrmak hem-de awtomatlaşdyrmak gurluşynyň nukdaýnazaryndan bir nokada toplamaklyk tehniki hem-de ykdysady taýdan maksada laýyk bolanda, töwerekdäki gurşawyň aýratyn şertlerine görä bolsa (partlamak howpy bolan gazlar, kirşen ýaýranda) olary sehleriň gös-göni şkaflarynda ýerleşdirmeklik ýol berilmesiz bolan ýa-da kynçylyk döreden ýagdaýlarynda göz öňünde tutulmalydyr. 64. Taslamada goraglyklaryň (predohranitelleriň) çalt ereýän goýumlarynyň howpsuz çalşyrylmagyny üpjün edýän, elektrik tokly bölümlere tötänden galtaşylmagyndan we gysga utgaşyp duran ulgama goýumlar ýalňyşlyk bilen goýulanda ýanykdan goraýan serişdeler (göterilýän üzňeleşdirilen gysaçlar ýa-da ýörite şitjagazlar) göz öňünde tutulmalydyr. Ereýji goýumlar çalşyrylýan wagtdan başga wagtlar hem goralýan şahanyň seýrek öçürilmeginiň talap edilýän ýagdaýlarynda, şu şahany goramak üçin herekete getirijiniň kömegi bilen öçürilýän ereýji goýumly toplumlaýyn abzallar ulanylmalydyr («işlediji blok – goraglyk», «ereýji goraglyk – öçüriji»), goraglyklar we öçürijiler ýa-da gaýry öçürijiler görnüşinde aýry-aýry abzallardan toplanan enjamlary diňe toplumlaýyn abzallaryň ýok ýerinde ulanmaklyga ýol berilýär. Üznüksiz elektrik tok bermegiň şertleri boýunça ereýji goýumlaryň islendik toparynyň çalşyrylýan wagtynda enjamlaryň hemmesini öçürmäge ýol berilýän ýagdaýlarda, hususy şahalary öçürmegiň ýerine enjamlaryň hemmesini öçürmekligiň mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr. 65. Taslamada awtomatik öçürijileri howpsuz barlamak, sazlamak we ownuk abatlamak mümkinçilikleri göz öňünde tutulmalydyr. Munuň üçin üzňeleşdirilen önümlerden taýýarlanan gapdaky hemişelik oturdylýan awtomatik öçürijiler («oturdylýan» öçürijiler) olara barýan we olardan gaýdýan geçirijiler panelleriň arka ýüzünden barar ýaly görnüşde amala aşyrylyp, şitlerde, öçürijileriň özlerini bolsa şitiň arka tarapyna barmak zerurlygy bolmazdan we kommutasiýany bozmazdan panelleriň öň tarapyndan geçirilen nurbatlardan üzňeleşdirilen gurallaryň kömegi bilen aýryp bolar ýaly oturdylmalydyr. Taslamada görkezilen talaplary berjaý etmek mümkin bolmadyk ýagdaýlarda, öçüriji ýa-da bölüji abzallaryň kömegi bilen barlanylýan stasionar oturdylan enjamyň bir tarapyndan, zerur bolanda iki tarapyndan hem güýjenmäni aýyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr: 1) eger-de, elektrik tok bermekligiň üznüksizlik şertleri boýunça barlanýan ýa-da derňelýän öçüriji ulgamdan aýrylýan wagtda hemme şitlerden (bölümden) ýa-da magistrallardan güýjenmäni aýyrmaklyga ýol berilýän bolsa, awtomat öçürijileriň her biriniň öňünde öçüriji ýa-da bölüji abzallary göz öňünde tutmaklyk talap edilmeýär; 2) transformatordan (generatorlardan, elektrik tok sazlaýjylardan) ätiýaçlyk togy bar bolan şite çykýan geçirijileriň uçlarynda oturdylan öçürijiler üçin öçürijiniň we şitiň şinalarynyň arasynda bir bölüji abzal ýeterlikdir, çünki beýleki tarapdan güýjenmäni transformatory öçürmek bilen aýryp bolar; 3) bölümleriň öçürijileri üçin bölüji abzallar onuň her tarapyndan oturdylmalydyr; 4) dolandyryş bekediniň şitine girýän radial şahanyň ahyrynda oturdylan öçürijiler üçin ätiýaçlyk togy bolmadyk güýç paýlaýjy nokatlara bölüji abzallary oturtmaklyk talap edilmeýär, çünki zerur bolan ýagdaýlarda, güýjenmäni elektrik tok beriji şahanyň başynda oturdylan abzal bilen aýryp bolar. Öçüriji ýa-da bölüji abzallarda «görünýän üzülmäniň» bolmagy hökman däldir, ýöne abatlanýan wagtda oňa göçme zeminlemäni goýmak mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr. Aýryjy abzallaryň ýerine gurnamalar üçin şino düşekligini göz öňünde tutmaklyga ýol berilýär, tehnologik dowamlylygyň şertleri boýunça düşeklikleri aýyrmak üçin olaryň öçürilmegine ýol berilýär. 66. Süýşürilýän awtomatik öçürijiler üçin aşakdaky ýagdaýlary göz öňünde tutmaklyk teklip edilýär: 1) iş ýagdaýy, şunda öçürijileriň hem baş, hem kömekçi zynjyrlarynyň aýyrma birikdirmeleriniň hemmesi ygtybarly berkidilen we öçüriji öz wezipelerini amala aşyrmaga taýýar bolmalydyr; 2) gözegçilik ýagdaýy, şunda öçürijiniň baş zynjyrlarynyň aýyrma birikdirmeleri iki tarapdan hem aýrylan, ýerli we merkezden dolandyryşyň zynjyrlarynyň hem-de duýduryş abzallarynyň zynjyrlarynyň aýyrma birikdirmeleri işledilen bolmalydyr. Şu ýagdaýda, elektrik tok sarp edijiniň gysajyna töwekgelsiz güýjenme bermeklikde dolandyryş ulgamy öçüriji tarapyndan barlanylýar; 3) abatlaýyş ýagdaýy, şunda hem baş zynjyrlaryň, hem öçürijileriň we duýduryş abzallarynyň zynjyrlarynyň aýyrma birikdirmeleriniň hemmesi ygtybarly aýrylan bolmalydyr; şu ýagdaýlarda öçürijiniň özi we oňa birikdirilen şaha derňelýän ýa-da sazlanýan ýagdaýynda bolmalydyr. §5. Tehnologiki enjamyň elektrokabul edijisini, şol sanda özara ätiýaçly elektrokabul edijisini umumy ulanylýan elektroulgamyna çatmaklyk 67. Elektrokabul edijini (mundan beýläk - EKE) iýmitlendirýän liniýanyň kesimini EKE-iň nominal elektrik togy boýunça saýlap almaly. Gysga wagtly gaýtalanýan tertipde işleýän EKE üçin – uzak möhletli tertipde işleýäne goşulan elektrik tok boýunça. saýlap almaly. Has kuwwatly EKE üçin eger-de, onuň hakyky ýüklenmesi belli bolsa, iýmitlendirýän kesim liniýasynyň ýüklenmesini hasaba alyp saýlap almaly. Haçanda, tehnologik mehanizmde birnäçe EKE oturdylan ýagdaýynda-da, iýmitlendirýän liniýanyň kesimini birwagtda işleýän EKE-iň bellenen kuwwatlylygynyň jemi boýunça saýlap almaly. 68. EKE iýmitlendirýän liniýany goramaklyk, paýlaýjy enjamda (mundan beýläk - PE) bellenilen şinageçirijilerden ýa-da beýleki ýerlerden bölünýän gorag apparatlary bilen amala aşyrylýar. Gorag apparatlary saýlap alnanda şu Babyň 8-nji paragrafyndaky düzgünleri ulanmaly. 69. Birnäçe parallel tehnologiki enjamlar ýa-da awtomatiki liniýalar oturdylanda, EKE bilen tehnologiki baglaşdyrylan her bir enjam, her bir liniýa kadaly tertipde özbaşdak çeşmeden iýmitlenýän, bir sany iýmit alýan PE-dan we transformatordan iýmitlendirilmelidir. 70. Çydamly toplumlaýyn elektroenjamlar bilen üpjün edilen tehnologiki enjamlar oturdylanda, olaryň umumy ulanyş setinden iýmitlenmegi, diňe girýän gurluşdan bolmaly. Girýän gurluşdan EKE çenli we beýleki tehnologiki enjamlarda ýerleşýän elektroenjamlara barýan kabeller diňe tehnologiki enjamlary ýasan zawodyň çyzgylary boýunça amala aşyrylmalydyr. 71. Elektroenergiýanyň hil görkezijilerini kadalaşdyrýan TDS-13109-97 boýunça ýokary talaplaryny talap edýän EKE-i, umumy ulanyş setine birikdirmeklik, ýörite tehniki serişdeleriň (stabilizatorlaryň, awtonom çeşmeleriň we beýlekileriň) kömegi bilen amala aşyrylmalydyr. 72. Senagat kärhanalarynyň gurluşyklarynda (kranlar, ýagtylandyrmalar, elektrogyzdyryjylar), olaryň işlemeginde ulanylýan elektrogurnaýyş işleri üçin gerek bolan EKE-i, gurluşygyň I nobatynyň düzümine girýän elektro beketlerine we PG çatmaklygy maslahat berilýär. 73. Güýç elektrogurnamalaryň ynamly işlemegi köp derejede EKE-niň özara ätiýaçly iýmitleniş ülňesine baglydyr. Özara ätiýaçly mehanizmler düzgün bolşy ýaly, elektroüpjünçiligiň ygtybarlylygy boýunça, EKE I derejesine we aýratyn toparyň I derejesine degişlidir. Özara ätiýaçly mehanizmleriň oturdylyşy, olaryň öçürilişi boýunça EKE II derejesine seýrek degişli bolýar. Soňkynyň iýmitlendirilişini, ÄAG elde dolandyrylýan enjamyny çalyşmak bilen I derejä degişli edilen, EKE ätiýaçlandyrmasy boýunça maslahatlaryna laýyklykda ýerine ýetirmeli. 74. EKE-iň özara ätiýaçlylygy üçin özbaşdak iýmitlenmek çeşmesi (mundan beýläk - ÖIÇ) sanlarynyň we ÄAG enjamyň talaplary EKE käbir bölümlerine degişli bolman, olary iýmitlendirýän PG-iň ýygnama şinasynyň bölümlerine degişlidir. §6. Güýç elektrogurnamalaryny dolandyrmak 75. Güýç elektrogurnamalaryny dolandyrmak ulgamyny adatça dolandyrmany merkezleşdirmegi we doly ýa-da bölekleýin nobatçy işgärleriň sanyny azaltmaklyk üpjün etmelidir. 76. Elektrogurnamalary awtomatlaşdyrmagy bilen, olaryň işini hemişelik nobatçysyz merkezleşdirilen gözegçilikli we dolandyryşly üpjün etmekligi mümkin boldugyndan göz öňünde tutmalydyr. 77. Elektroenjamlary dolandyrmagyň şu aşakdaky görnüşleriniň bolmagy mümkin: 1) ýerli dolandyrma (mundan beýläk - ÝD), tehnologiki mehanizmleriň golaýynda ýerleşýän ýerli dolandyryş apparatlarynyň kömegi bilen; 2) aralykdan dolandyrma (mundan beýläk - AD), ähli dolandyrma mehanizmlerini aralykdan dolandyrma pultunda (mundan beýläk - ADP) ýerleşýän operator amala aşyrýar. AD-a dolandyrma wagtynda, ÝD-ny ADP-da oturan operatoryň saýlap almasy boýunça rugsat edilmegi; 3) aralykdan awtomatiki dolandyrma (mundan beýläk - AAD), ADP bellenen merkezleşdirilen gözegçilik işlerinde, operatoryň beren görkezmelerini (tertibi, işletmäni, duruzmany saýlamak) häsiýetlendirýän, tehnologiki datçikleriň görkezmelerini awtomatiki usulda gaýtadan işlemekligi; 4) aralykdan toparlaýyn dolandyrmak (mundan beýläk - ATD), belli toparyň dolandyrma postundan, käbir mehanizmleri barlamaklygyň tertibini göz öňünde tutulmagy. Ähli güýç elektrogurluşlar ÝD bilen üpjün edilmelidir. Tehniki esaslandyrylan ýagdaýynda ÝD-dan başga ýerli çäklendirilen dolandyrma ulanmaga rugsat berilmelidir. 78. Dolandyrmanyň element bazasy relýe-kontakt apparatlary, kontaktsyz awtomatiki enjamlar, programirleşdirilen gözegçilik (mundan beýläk - PG) bolup biler. 79. Relýe-kontakt apparatlary düzgün boýunça, ÝD üçin ýönekeý shemasy bolan enjamlarda, gysga wagtly ýa-da uzak wagtly tertipde işleýän mehanizmlerde, ýönekeý algoritmleri bolan tehnologiki awtomatlarda ulanylmalydyr. 80. PG dolandyryş enjamy çylşyrymly algoritmli tehnologiki awtomatlar, çäklendirilen aralykdan dolandyrmasy, saýlama tertibi çylşyrymly shemaly beýleki enjamlarda, olaryň dykyzlanan maglumatlaryny dolandyryş nokadyna bermek üçin ulanylyp bilner. 81. AD we AAD düzgün bolşy ýaly, programirleşdirilýän gözegçilik edijeleriň bazasynda taslamak gerek. 82. PG ulanmaklyk, dolandyrma, habar berme, gorama we ölçeme funksiýalaryndan, başga-da elektrik enjamyň diagnostikasyny, enjamyň peswoltly komplekt gurnamalarynyň käbirleriniň arasyndaky dykyzlanan aragatnaşygy gurnamany, impuls we analogiki signallary, pes derejeli signallary gaýtadan işlemegi, görkezýän terminala we çap edýän enjama harply-sanly habarlary girizmegi-çykarmagy gurnamagy, dolandyrmanyň sanly signalyny we indikasiýasyny girizmegi-çykarmagy gurnamagy, sanly ölçeg enjamlary ulanmagy üpjün edýär. Analog signallary sanly enjama çykarmagy gaýtadan işlemeklik, olaryň gözegçilik-ölçeg enjamlaryna (mundan beýläk - GÖE-na) ikinji gezek barmazlygyny üpjün edýär. Ýaýran awtomatiki enjamlarda, operatoryň el apparatlarynyň goşulmagyndan başga merkezi dolandyryş pulty (mundan beýläk - MDP) displeý we funksional klawiatura bazasynda merkezleşdirilen dolandyrmany gurnamaklyk maslahat berilýär. 83. AAD-yň çylşyrymly ulgamynda tehnologiki datçikleriň signallaryny matematiki gaýtadan işlände, şu aşakdaky iki derejeli ulgamy ulanmaklyk maslahat berilýär: 1) aşaky derejede ýerli we aralykdan dolandyrmanyň, tehnologiki operasiýasynyň talaplaryny ýerine ýetirýän algoritmleriň hem-de çäklendirmeleriň gerekli böleginde, şeýle hem enjamy operatiw dolandyrmany ýerine ýetirýän tertibini üpjün edýän PG hem-de relýe-kontakt apparatlary ulanylýar; 2) ýokarky derejesinde, displeý we funksional klawiaturanyň kömeginde, tehnologiki datçikleriň gaýtadan işledilen signalyny operator bilen baglaşdyrmany üpjün edýän awtomatiki serişdeleri (PG, hasaplaýyş serişdelerini dolandyrýan) oturdylýar. 84. Ýaýran AAD ulgamynda, netijeleri çykarýan diagnostiki ulgama göz öňünde tutulmalydyr, olar düzgün bolşy ýaly aýratyn displeýde ýerleşdirilmelidir. Käbir ýagdaýlarda bu displeý MDP-yň tehnologiki displeýi bilen birikdirilip bilner. 85. Ähli güýç shemalar adatça, kontaktly apparatlary bilen (kontaktlar, goýberijiler) ulanyp amala aşyrylýar. Kontaktsyz güýç shemalar, tehniki esaslandyrylan ýagdaýynda kontaktsyz dolandyryş bekediniň bazasynda ýerine ýetirilýär, haçan-da kontaktly apparatlary ulanyp bolmadyk halatynda (işletmegiň ýygylygy ýokary bolanda, tizligi kadalaşdyrylanda). 86. Güýç gurluşlar özünde, PG signally güýç apparatlarynyň birleşme topuny jemlemelidirler. Tehnologik bozulma (heläkçilik) signallary (soňundaky heläkçilik öçürijiler we tehnologiki datçikler) güýç shemalar bilen relýe-kontakt derejesinde birikýärler. Aralyk reläniň heläkçilik galtaşmasy adatça, arasyny açmak üçin işlemelidir. Ähli güýç elektrogurluşlaryň ÝD bolmaly. ÝD ýerine bölek mehanizmlere barlaýan tertibi göz öňünde tutulan ATD ulanylyp bilner. 87. PG-ne girýän signallary (kontakt gurluşyndan çykýan signallar) bolup şu aşakdakylar durýar: 1) 24 W hemişelik elektrik toguň, reläniň gurak kontaktyny kommutirleýän 10 mA signaly; 2) 24 W hemişelik elektrik toguň signaly; 3) pes derejeli unifisirlenen analogiki signaly (elektrik tok we güýjenme); 4) termobugyň we termogarşylygyň unifisirlenen signaly. 88. PG-ne çykýan signallary (kontakt shemasyna girýän signallar) bolup aşakdakylar durýar: 1) 24 W hemişelik elektrik toguň aşakky derejedäki disket we impuls signallary; 2) pes derejeli unifisirlenen analogiki signallary. 89. Elektrokabul edijiniň dolandyrma we awtomatizasiýa işleriniň zynjyrynda aşakdakylary ulanmaklyga rugsat berilýär: 1) düzgün bolşy ýaly, güýjenme 250 W ýokary bolmaly däl (faza-nol üýtgeýän elektrik tok üçin we beýlekiler); 2) bitaraplyk çäklendirilen setde we ýeke elektrokabul edijili dolandyrmanyň ýönekeý ýaýradylmadyk zynjyrynda öňki, elektrokabul edijiniň esasy zynjyryndaky güýjenmäni ulanmaklyga rugsat berilýär, ýöne 660 W köp bolmaly däldir. 90. Dolandyrma shemasyna gözegçilik şeýle ýagdaýda gurnalmalydyr, EKE-nyň esasy zynjyryndaky güýjenmä ýitende, ol zynjyryň ugrunda duran ähli hatar apparatlar öçmelidir we olaryň gaýtadan işledilmegi, diňe operatoryň buýurmasy ýa-da bellenilen programma boýunça awtomatiki ýagdaýda bolmalydyr (nol goranmasy). Ýokarda agzalan hatar apparatlaryň öçmekligini, ÄAG sistemasynyň güýjenmäni dikeldenden soňra mehanizmleriň özbaşdak işlemegini üpjün etmek üçin gerek bolýan, gysga wagtdan soňra göz öňünde tutmaklyga rugsat berilýär. Nol goranmasy amala aşyrylmadyk, apparatlaryň elektrohereketlendirijisini dolandyryp ulanmak şeýle ýagdaýlarda (ýörite goragy bolan, aýratyn jaýda ýerleşdirilende), haçanda hereketlendirijini, ony ugrukdyrýan mehanizmleri diňe ýokary hünärli hünärmenler işledende rugsat edilýär. 91. Uzak wagtly tertipde işleýän EKE-i dolandyrmak üçin, güýçli apparatlar, goýberiş toguny käte işletmek we nominal togy öçürmek şertlerinde uzak wagtlap ulanmaga hasaplanan bolmaly. Olar şeýle-de, käbir duýdansyz ýagdaýlarda goýberiş toguny ynamly öçürmäge ýaramly bolmaly, ýöne şeýle ýagdaýlarda olaryň kontaktlary ýokary ulanyşda bolup bilerler «Türkmenstandartlary» Baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda 50 belgili karary bilen tassyklanan 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giren «Peswoltly elektromagnitli kontaktorlar. Umumy tehniki şertler» atly TDS-11206-93 (mundan beýläk - TDS-11206-93) boýunça ulanyş derejeleri AC-3, DC-2). Gaýtadan gysga wagtlyk tertipde işleýän EKE-i dolandyrmak üçin göýberiş ýygylygyna we uzak wagtlyk ulanyş şertlerine, diňe bir goýbermäge dälde göýberiş toguny öçürmäge laýyk hasaplanan apparatlary ulanmak gerek (TDS-11206-93 boýunça ulanyş derejeleri AC-3, DC-2). §7. Gysga utgaşma toklar 92. Güýç elektrik enjamlarynyň elementleri EGK-nyň I-nji bölüminiň talaplaryna we 1000 W çenli enjamlara degişli aşakda getirilen goşmaça görkezmeleriň talaplaryna laýyklykda gysga utgaşmadan barlanan bolmalydyr. 93. 1000 W çenli güýjenmeli ulgamlarda GU elektrik tok hasaplananda transformatora berlen toguň üýtgewsiz we onuň nominal güýjenmesine deň şertlerinden ugur alynmalydyr. 94. 1000 W çenli güýjenmeli enjamlarda GU elektrik tok hasaplananda, diňe bir gysga utgaşdyrylan zynjyryň hemme şaýlarynyň induktiw we aktiw garşylyklary hasaba alynman, şu zynjyrdaky geçiriji kontaktlaryň hemmesiniň (şinalardaky, geçirijileriň abzallara girýän we çykýan ýerlerindäki, abzallaryň aýrylýan kontaktlarynda we GU ýerdäki kontaktda) aktiw garşylyklary hasaba alynmalydyr. Kontaktlar we olaryň geçiriji garşylyklary hakynda ygtybarly maglumat bolmasa, 1600 kWA we şoňa çenli kuwwatlykly transformatorlardan elektrik tok berilýän ulgamyň GU elektrik togy hasaplananda aktiw garşylyklygy hasaba girizmek bilen, şu aşakdaky ýaly enjamlar üçin olaryň jemi garşylygyny hasaba almaklyk teklip edilýär: 1) beketlerdäki we podstansiýalardaky paýlaýjy enjamlar üçin - 0,015 Om; 2) ilkinji paýlaýjy nokatlardan elektrik tok berilýän abzallaryň gysaçlaryndaky ýaly, ikinji seh paýlaýjy nokatlar üçin hem - 0,025 Om; 3) ikinji paýlaýjy nokatlardan elektrik tok berilýän elektrik kabul edijileriň gös-göni ýanynda oturdylýan abzallar üçin - 0,03 Om. 95. şu Kadalaryň segsen dokuzynjy böleginiň talaplaryny nazara almak bilen, 1000 W çenli güýjenmeli enjamlarda GU elektrik tok hasaplananda urujy elektrik toguň (Ky) we doly elektrik toguň (K) hereket edýän iň ýokary ähmiýetini kesgitlemek üçin koeffisiýentleriň hasaplama belgileri Ky=K=1 kabul edilmelidir. 96. Goraýjy abzallar öçürmek ukybyna, awtomatik işledijiler we öçürýän goraýjyly abzallar bolsa, olar tarapyndan goralýan zynjyrdaky GU elektrik togy işletmek ukybyna eýe bolmalydyr. 4000 A çenli toga we 1000 W çenli güýjenmä awtomatik öçürijilere «Bir gezeklik aňryçäk kommutasion ukyplylygynyň» (mundan beýläk - BGAKU) ululygy çalt hereket edýän hemişelik elektrik toguny awtomatiki öçürijileri babatda bellenen tertipde kabul edilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alyp abzallary saýlap almaklyga ýol berilýär. Şeýle hem, taglymat taýdan mümkin bolan GU iň ýokary elektrik toklara durnuksyz bolan gorag abzallaryny eger-de, olary goraýan toparlaýyn abzal ýa-da ýokarda ýatan gorag derejeli abzal GU elektrik togy bada-bat öçürmegi üpjün edýän, olaryň ähmiýeti durnuksyz abzallaryň toparynyň her biriniň degişli BGAKU-yň togunyň ähmiýetinden az bolsa we eger-de, abzallaryň toparynyň hemmesiniň selektiw däl öçürilmegi heläkçilik howpuny salmaýan bolsa, gymmat bahaly enjamlaryň we materiallaryň zaýalanmagyna ýa-da tehnologik dowamlylygyň uzak wagtlap bozulmagyna getirmeýän bolsa, saýlap almaklyga ýol berilýär. 97. Şu Kadalaryň togsan altynjy bölegine laýyklykda, saýlanyp alnan GU elektrik toklara durnuksyz bolan awtomatik öçürijileri tehnologik akymlara (şahalara) bölüp, olary aýratyn duran panellere ýa-da güýç paýlaýjy nokatlara çykarmalydyr. Paýlaýjy enjamlara elektrik tok berýän şinalara şeýle öçüriji toparlar GU elektrik toklara durnukly gorag abzallarynyň topary üçin umumylarynyň üsti bilen birikdirilmelidir. Mysal üçin, zerur bolanda, haçan-da DŞU podstansiýalaryň paýlaýjy enjamy bolanda, durnuksyz öçürijileri, mümkin boldugyça aýratyn panellerde, esasy paýlaýjy şitiň golaýynda oturtmaklyga ýol berilýär. Haçan-da, awtomatik öçürijiler geçirijileriň transformatordan ýygnama şina çykýan ýerinde oturdylanda, şu Kadalaryň togsan ýedinji böleginiň talaplaryny kanagatlandyrýan ýagdaýlarda toparlaýyn gorag abzallary oturdylmasa hem bolar. 98. 1000 W çenli güýjenmeli elektrik enjamda gysga utgaşan tertip boýunça diňe EGK-nyň I bölüminde görkezilen elementler barlanylýar. GU elektrik toklarda gyzgynlyga durnuklylyk şertleri boýunça şu aşakdakylar bilen goralýan elementler barlanmaly däldir: 1) saýlanyp alnan nominal elektrik tokly ereýji goýumly goraglyklar; 2) enjamyň goralýan şaýyna berilýän güýje takmynan deň ýa-da ondan uzak wagtlap az-owlak geçýän nominal elektrik tokly ýylylyk boýunça ýazdyryjyly (ýa-da gorag häsiýetnamasy boýunça şolara meňzeş) awtomatik öçüriji. GU elektrik toga dinamiki durnuklylyk şertleri boýunça EGK-nyň I-nji bölüminde görkezilen şaýlar şu aşakdaky ýaly barlanmalydyr: 1) ereýji goraglyklar bilen goralanda şu Kadalaryň togsan dördünji we togsan bäşinji böleklerine laýyklykda kesgitlenen elektrik tok boýunça, ýöne şu kysymly ereýji goýumly ereýji goraglyklaryň geçirýän togunyň ähmiýetinden ýokary bolmaly däldir; 2) awtomatik öçürijiler bilen goralanda şu Kadalaryň togsan dördünji we togsan bäşinji böleklerine laýyklykda hasaplanan urujy elektrik tok (bada-bat ähmiýeti) boýunça we togy çäklendirijili öçürijilerde bolsa, olaryň geçirýän togunyň bada-bat ähmiýeti boýunça barlanmalydyr. Ýöne, şu Kadalaryň togsan dördünji we togsan bäşinji böleklerine laýyklykda hasaplanandan ýokary bolmaly däldir. §8. Dolandyryş, duýduryjy gorag apparatlar 99. Goraýjy we dolandyryjy apparatlar özleriniň görkezijileri boýunça (güýjenmesi, togy, ýygylygy, iş tertibi, mehaniki we elektriki könelmä durnuklylygy, öçürijilik ukyby) taslanýan enjamdaky işiň talaplaryny kanagatlandyrmalydyr. 100. Awtomatik öçürijileriň sazlanýan ýazdyryjylarynyň gozgalýan elektrik toklarynyň sazlamalaryny, sazlanmaýan ýazdyryjylarynyň nominal elektrik toklaryny we goraýjylarynyň ereýji goýumlarynyň nominal elektrik toklaryny hemme ýagdaýlarda, gurluşyň hakyky sarp edýänine laýyk gelýän mümkin bolan pes ýagdaýynda saýlap almalydyr, şunda bu abzallar: 1) garalýan enjamdaky hakyky sarp edilýän güýjüň iş tertibinde ölçeglerde artyk gyzmaly däldir; 2) taslanýan enjamyň ulanyş şertlerine häsiýetli bolan ululykda we dowamlylykda gysga wagtlyk artykmaç güýç berlende (elektrik hereketlendirijileri işe giriziş togy we öz-özüni işlediş togy, artykmaç tehnologik güýçler), enjam öçürilmeli däldir; 3) goralýan şaýlary näsaz işlände, mümkin boldugyça selektiw öçürmelidir. Haçan-da zeper ýetmelere, tehnologik dowamlylygyň agyr düzgün bozulmalaryna, uly ýitgilere ýa-da ilata kadaly hyzmat etmegiň düýpli düzgün bozulmalaryna getirmejek ýagdaýlarda, selektiw däl öçürmelere ýol berilýär. Diňe ýokarda görkezilen şertler boýunça bu zerur bolan ýagdaýlarda, EGK-nyň I bölüminde ýol berýän togunyň iň ýokarky sazlamasyny goýmaklyk kabul edilmelidir. 101. Senagat kärhanalarynyň elektrik ulgamlarynyň we gurnamalarynyň gorag abzallary hökmünde awtomatik öçürijileriň esassyz ulanmagyna ýol bermezden, ereýji goraglyklar giňden ulanylmalydyr. Goraýjylaryň gurnawçylyk taýdan ýerine ýetirilmegi olaryň funksional maksadyna we ulanyş şertlerine baglylykda saýlap alynýar. 102. Awtomatik öçürijiler şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanylmalydyr: 1) ereýji goraglyk bilen deňeşdirilende elektrik togy berilmegini has çalt üpjün etmek üçin (AGG, ÄAG); 2) awtomatik dolandyrmak zerurlygy bolanda, ereýji goraglyklar bilen deňeşdirilende elektrik toguny bermekligi has çalt üpjün eremek zerurlygynda we eger-de şunda selektiw däl öçürmegiň ähtimallygynyň aýgytly ähmiýeti bolmasa hem-de GU elektrik toguň çäklendirilmeginiň netijesi bolmasa; 3) ýygy-ýygydan tehnologik bozulmaly (heläkçilikli) öçürmelerde (enjamlar synagdan geçirilende, synaghana barlaglarynda). Galan ýagdaýlarda ereýji goraglyklary ulanmaklyk teklip edilýär. 103. Zerur bolan ýagdaýlarda awtomatik öçürijiler bilen yzygiderli birikdirilen, uly kommunikasion ukyby bolan ereýji goraglyklar bilen GU elektrik toklardan goramak mümkinçiliklerini göz öňünde tutmaklyk teklip edilýär. Şu maksat üçin geçirilýän GU elektrik toguň ululygyny çäklendirip we öçürijileriň kommunikasion ukybynyň diňe çägine ýakynlaşýan elektrik tokda enjamlary öçürip bilýän goraýjylar saýlanyp alynmalydyr, pes tehnologik bozulma (heläkçilik) elektrik toklar bolsa, diňe awtomatik öçürijiler bilen öçürilmelidir. Şeýle goraglyklar toplumy birnäçe ulgamyň durnuksyz awtomatik öçürijilerini gorap biler. 104. Ähli ýagdaýlarda guýma maddaly (mysal üçin, kwars çägesi guýulan) ereýji goraglyklar ulanylmalydyr. Dolduryjysyz ýapyk ereýji madda goýulan goraglyklar uly bolmadyk göçme desgalarda we şeýle goraglykly hereket edýän gurnamalar giňeldilende ulanmaklyga ýol berilýär. 105. Awtomatik öçüriji bilen goramaklyk amala aşyrylanda: 1) eger-de, aýratyn şertler gaýry öçürijileri ulanmaklygy talap etmeýän bolsa, sehleriň paýlaýjy enjamlarynda magistrallar şinogeçirijilerden bölünip aýrylýan şahalarda, şeýle hem 630 A we şoňa çenli hasaplanan elektrik tokly bölünip gaýdýan şahalary goramak üçin podstansiýalaryň şitlerinde «gurnalan» öçürijilerini (mysal üçin, A3100, A3700, AÝE2000, AP50 we ş.m.) ulanmaklyk teklip edilmelidir; 2) podstansiýalaryňky ýaly görnüşli kuwwatly, has agyr we gymmat bahaly öçürijiler (mysal üçin, «Elektron», 630 A we ondan hem ýokary göwrümli A3700, AWM) esasan 400 A az bolmadyk nominal elektrik tokly ulgamlary goramak üçin elektrik tok beriji transformatorlar ýa-da özgerdijiler bilen gös-göni baglanyşykly beketleriň paýlaýjy enjamlarynda ulanylmalydyr; 3) beýleki ýagdaýlarda we has pes elektrik tokly ulgamlary goramak üçin şeýle öçürijileri ulanmaklyga zerur esaslar bolanda kadadan çykma tertibinde ýol berilýär. 106. Elektrik hereketlendirijilere (dwigatellere) barýan şahalaryň gorag abzallary saýlanyp alnanda, şu aşakdakylar gollanylmalydyr: 1) 1000 W çenli güýjenmeli enjamlary artykmaç düşýän güýçden goramaklygy magnitli işe girizijilerde seteram ýerleşdirilýän ýylylyk releleriniň kömegi bilen amala aşyrmaklyk teklip edilýär şu maksat üçin şeýle hem, kontaktorlara oturdylýan aýry-aýry releleri ulanyp bolar. Kuwwatly EKE-i artykmaç düşýän güýçden goramakda, zerur bolan ýagdaýlarda elektrik tok transformatorlarynyň ýa-da gorag häsiýetnamaly elektrik tokdan yzlaýyn dahylly elektromagnit relýeleriniň üsti bilen işledilýän ýylylyk relýesi göz öňünde tutulyp bilner; 2) elektrik hereketlendirijilere barýan şahalary toguň gysga utgaşmasyndan goramaklygy artykmaç düşýän güýçden goraýjy ýylylyk relýesi GU elektrik tokda gyzgynlyga durnukly bolar ýaly edilip saýlanyp alynmalydyr. Eger-de, şu aşakda görkezilen abzallardan biri bilen goralýan elektrik hereketlendirijä gelýän şaha hasaplamalar bilen barlanmazdan, artykmaç düşýän güýçden goraýjy ýylylyk relýelerini gyzgynlyga durnukly diýip hasap etmäge ýol berilýär: 1) uzaklyga ýol berilýän toguň 4 essesinden köp geçmeýän nominal elektrik tokly, sazlanmaýan elektrik tok enjamly ereýji goýumly ýylylyk relýesini ýa-da iň ýokary uzaklyga ýol berilýän elektrik tokda sazlanýan enjamly reläni; 2) nominal togy uzaklyga ýol berilýän elektrik tokdan 2 esseden geçmeýän ýylylyk aýryjyly, awtomatik ýazdyryjyly sazlamaýan elektrik tok enjamly goralýan ýa-da iň uzaklyga ýol berilýän togy sazlaýan şaýly reläni; 3) iň uly uzaklyga ýol berilýän, elektrik tokdan 18 esseden geçýän, elektromagnit ýazdyryjyly (otseçkaly) kepillendirilen şaýly awtomatik öçürijili ýylylyk relýesini. Şu şertler bilen «zynjyra», ýagny GU elektrik tokdan goraýan umumy abzalyň biri bilen, ýöne elektrik hereketlendirijileriň her biri üçin hususy dolandyryjy we artykmaç düşýän güýçden goraýjy (magnitli işe giriziji) abzal bilen goragly umumy şaha birigip bilýän elektrik hereketlendirijileriň sany we her biriniň kuwwaty öňünden kesgitlenýär. 107. Öz-özüniň işledilmegini amala aşyrmaklygy talap edýän wajyp elektrik hereketlendirijileri aradan aýyrmak bilen, uzak wagtlap işlemeli EKE üçin nol goraglylygy üpjün edýän abzallary (magnitli işe girizijileri, kontaktorlary) ulanmaklyk teklip edilýär. Bu abzallar şeýle hem işe giriziş elektrik toklarynyň seýrek öçürilýän we nominal toguň öçürilýän şertlerine niýetlenen bolmalydyr. Olar örän seýrek ýagdaýlarda işe giriziş elektrik toklaryny ygtybarly öçürmäge ukyply bolmalydyr, ýöne şunda olaryň kontaktlarynyň çalt könelmegine ýol berilmelidir. 108. Gaýtadan-gysga wagtlaýyn işleýän EKE-i dolandyrmak üçin nollyk goraglylygy (kontaktorlary) üpjün edýän we şu aşakdaky şertlerde işletmegiň degişli tizligine işe girizmäge hem-de uzak möhlete işletmäge niýetlenen abzallary ulanmaklyk teklip edilýär: 1) eger-de, kadaly tertipde işlände iş wagtynyň dowamlylygy az bolanda (mehanizmiň nominal tizligine ýetirmek üçin zerur bolan wagtdan geçmeýän bolsa), işe giriziji elektrik toklary (1000 W çenli güýjenmeli elektromagnitli kontaktorlara TDS-11206-93 boýunça AS-4 we DS-4 toparlary ulanmaklyga) diňe bir ýol berlen şertlerde däl, eýsem öçürlende hem; 2) işe giriziş togy berlende we iş togy öçürilende TDS-11206-93 boýunça AS-4 we DS-4 toparlary ulanmaklyga) eger-de kadaly iş tertibinde iş döwrüniň dowamlylygy köp bolanda mehanizmi özüniň nominal tizligine ýetirmek üçin zerur bolan wagtdan ep-esli geçende. 109. Degişli şertlerde kadaly ulanylanda, güýjenme pese gaçyrylanda nollyk goraglyklar EKE-i öçürmeli däldir. Duýdansyz öçürilmegi ýaramaz netijeli howp salýan EKE üçin, ÄAB-niň ulgamy hereket edip başlandan soň, güýjenme öz kadasyna gelende we sähelçe wagt saklananda, öz-özüni işledýän nollyk goragy göz öňünde tutmaklyk teklip edilýär. 1000 W çenli gurluşlarda bu saklanmaklyk magnitli işe girizijilere ýa-da kontaktorlara goýulýan ýörite kömekçi enjamlar bilen amala aşyrylyp bilner. Güýjenme gysga wagtlyk ýitende mehanizmiň duýdansyz öçmegine ýol bermezlik üçin magnitli işe girizijileriň ýa-da kontaktorlaryň zynjyrlaryndaky uzak wagtlap işläp duran (öz-özüni yzyna gaýtaryjysy ýok) öçürijili «işlediş» düwmejigini çalşyrmaklyga, diňe şu Kadalaryň bir ýüz onunjy böleginde görkezilen ýagdaýlarda ýol berilýär. 110. Elektrik hereketlendirijileri dolandyrmak üçin nollyk goraglylygy amala aşyrmaýan abzallary ulanmaklyga hereketlendirijiler we olar bilen baglanyşykly enjamlar diňe hyzmat edýän hünärli işgärler üçin elýeterli bolan ýagdaýlarda ýol berilýär (ýörite germewi bar, aýratyn jaýda ýerleşdirilen). 111. Elektrik hereketlendirijileri dolandyrmak üçin awtomatik öçürijileri (magnit işledijeleriniň we kontaktorlaryň ýerine) ulanmaklyga diňe bu öçürijileriň tehniki şertlerine laýyklykda ýa-da taýýarlaýjy zawod bilen ylalaşylmak boýunça ýol berilýär. 112. Öçürijiler (rubilnikler) ulgamdaky güýjenmäni doly işe goýbermek we gysga utgaşan elektrik hereketlendirijileri öçürmek üçin diňe şu Kadalaryň bir ýüz onunjy böleginiň görkezmelerine laýyk gelýän we hereketlendirijiniň kuwwaty 10 kWt-dan geçmeýän ýagdaýlarda ulanylmalydyr. Hereketlendirijileri işletmek we öçürmek üçin niýetlenmedik öçürijiniň nominal togy şeýle hereketlendirijiniň nominal togundan 2,5 esse geçmelidir. Bu öçürijiniň dolandyrmak üçin gapdal tutawaçlary we işgärleri ýanykdan goraýan bütinleýin örtügi bolmalydyr. 113. Göçme EKE-i ulgama birikdirmek üçin hemişelik oturdylan ştepselli birikdirmeler ýa-da iki gulak gysaçly öçürijiler ulanylmalydyr. Olaryň öçürijileriniň (kuwwatyň ugry boýunça) öňünde oturdylan gabalan ştepselli birikdirmeler (ştepselli birikdirmeleri diňe öçürilen öçürijilerde öçürmek we işletmek mümkin) aşakda görkezilen güýjenmelerde kuwwaty 1 kWt-dan köp bolan EKE-de we şu aşakdaky güýjenmelerde ulanylmalydyr: 1) fazalaryň arasynda 36(42) W-dan köp bolanda - aýratyn howply jaýlarda; 2) ýer babatynda 127 W-dan ýokary bolanda - ýokary howpy bolan jaýlarda; 3) ýer babatynda 250 W-dan ýokary bolanda - ýokary howpy bolmadyk jaýlarda. Göçme geçirijileriň böleklerini özara birikdirmek üçin ulanylýan göçme ştepselli birikdirmeler üçin şeýle gabamaklyk talap edilmeýär. Şu ýagdaýlarda, hem hemişelik oturdylýan, hem göçme otnositel birikdirmeleriň hemmesi olaryň tötänden sypmak mümkinçiligini aradan aýyrýan enjam bilen üpjün edilmelidir. Hemme ýagdaýlarda iki gulak gyzaçlara göçme geçirijileri birikdirmek üçin diňe öçürilen öçürijide gapagy açyp bolar ýaly edilip, gapak açyk bolanda bolsa, gabaw aýrylmazdan öçüriji işlemez ýaly edilip iki gulak gysaçly öçürijiler gapaklar bilen gabalmalydyr. 114. Özara baglanyşykly mehanizmleriň toparynyň iň bolmanda biri işlemän duranda, olaryň toparynyň kadaly işlemegi mümkin bolmadyk üznüksiz tehnologik akymly enjamlarda (şol sanda yzygiderli ulag ulgamynda (mundan beýläk - YUU)) kadaly (normal) we tehnologik bozulma (heläkçilik) iş düzgündäki tehnologik dowamlylygyň talaplary bilen kesgitlenýän möçberde elektrik gabawy we aralykdan ýa-da awtomatlaşdyrylan dolandyryş otagyndan (mundan beýläk - ADO) göz öňünde tutulmalydyr. Şunda olar bilen baglanyşykly kömekçi mehanizmleri dolandyryş gurluşy esasy mehanizmleriň kadaly işlemegini we tehniki howpsuzlygyň hem-de senagatda arassaçylygyň umumy talaplaryny üpjün etmeklik hasaba alnyp, awtomatlaşdyrylyp, agregatlar boýunça işlenip taýýarlanmalydyr. 115. Ýönekeý YUU-nyň (çyzykly tehnologiki shema bilen) kömegi bilen enjamlarda adatça, diňe abatlamak maksady bilen ýerli gabawsyz dolandyryşa geçirmek mümkinçilikli ýerli gabawly dolandyryş ulanylmalydyr. Şunda dolandyryş gurluşyny örän takyk abzallary ulanmak bilen ýerine ýetirmäge ýol berilýär. 116. Çylşyrymly YUU-ly enjamlarda (şahaly tehnologiki shema bilen) adatça, zynjyrdaky pes elektrik toklary dolandyryşda ADD-ly gurluşyň ulanylmagy göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem gözegçiliksiz, logiki şaýlarda elektron we mikroprosessorly tehnikanyň bazasynda ADO-ly gurluşy ulanmaklygyň mümkinçiliklerine we ykdysady taýdan maksada laýyklygyna garamaklyk teklip edilýär. 117. ADO-ly (awtomatlaşdyrylan dolandyryş otagyndan) gurluşlary mümkin boldugyça, tehnologik dowamlylygyň we dolandyryjy enjamyň toplumlaýynlygynyň gurnawyny we awtomatikany düýpli üýtgetmezden, onuň aýry-aýry şaýlaryny goşmaça awtomatlaşdyrmagy kämilleşdirmäge ýol bermelidir. Olar ulanyşyň kadaly şertleri üçin otagly awtomatlaşdyrylan (aralykdan, gabalan) we aýry-aýry mehanizmler abatlanýan, sazlanýan, synalýan döwürlerinde ýerli (gabalmadyk) dolandyryş göz öňünde tutmalydyr. Bulardan başga-da, şeýle hem çylşyrymly tehnologik dowamlylygyň sazlanmagynyň yzygiderli dowamly gaýtalanmaly döwürleriniň garaşylýan enjamlarynyň işleri üçin ýerli gabalan dolandyryş gurluşynyň göz öňünde tutulmagyna ýol berilýär. Şu gurluşlara aýry-aýry bölümler boýunça awtomatik dolandyryşyň kömekçi gurluşyny girizmekligi we meýilnamalary saýlap almaklygy, şeýle hem hasaplaýjy maşynlaryň dolandyrýan YUU-ny dolandyrmak üçin ulanmak mümkinçiliklerini göz öňünde tutmaklyk teklip edilýär. 118. ADO-nyň duýduryjylarynyň yşykly we sesli ulgamlary esasy mehanizmleriň haýsy biriniň kadaly ýagdaýda işläp durandygyny, haýsy biriniň işe girizilmäge taýýardygyny, haýsy biriniň kadaly saklanandygyny we kadaly tertibiň bozulandygy üçin ýa-da zeper ýetmäniň netijesinde haýsy biriniň awtomatik durandygyny bilmäge islendik wagt nobatça mümkinçilik bermelidir. Duýduryş ulgamy awtomatik işlemelidir we akymyň tehnologik bozulma (heläkçilik) zerarly awtomatik togtamagyna haýsy mehanizmiň sebäp bolandygyny anyklamaga mümkinçilik bermelidir. 119. Hemme ýagdaýlarda mehanizmleri distansion we awtomatik, şol sanda YUU-nyň mehanizmleri bilen dolandyrylanda hyzmat edýän işgärleri öňünden (işe girizmezden öň) işe girizilýändigi hakynda habardar edýän sesli duýduryjylaryň zerurlygy göz öňünde tutulmalydyr. Işe girizilmezden öň duýduryşyň talap edilýän dowamlylygy, işe başlanýandygy baradaky habaryň berlişiniň usullary (nobatçy tarapyndan el bilen ýa-da awtomatiki usulda), duýduryşyň aýrylýan wagtynyň usuly (belli bir wagt saklanandan soň ýa-da soňkynyň ýa-da işe girizilýän mehanizmleriň aralygyndakylaryň kömegi bilen) taslamada kesgitlenmelidir. Eger-de, mehanizmleriň işleýän wagtynda, olaryň tehnologik dowamlylygyny dolandyrýan hyzmat ediji işgärleriň bu mehanizmleriň ýanynda hemişe durmaklary göz öňünde tutulmadyk we olar hyzmat edýän hünärli işgärler üçin kadaly elýeterli ýerde oturdylan bolsa, ýekelikde aralykdan işe girizilýän mehanizmler üçin (uzaklygyna garamazdan konweýerde işleýänlerden beýlekileri) sesli duýduryjylar hökman däldir. Şeýle mehanizmleriň ýanynda olaryň duýdansyz işlemeginiň mümkindigi üçin ünsli bolmagy talap edýän ýazgylaryň (asyklaryň) asylyp goýulmagy göz öňünde tutulmalydyr. Eger-de YUU-da mehanizmler işlände olaryň tehnologik dowamlylygyny dolandyrýan we ýanynda hyzmat edýän işgärleriň hemişe bolmagy hökman bolan mehanizmler bar bolsa, onda şeýle mehanizmli YUU-nyň bölümleri aralykdan işe girizilende, diňe bir işe girizilýändigi barada öňünden berilýän sesli duýduryjylar bolman, eýsem şol mehanizmleriň işe başlamaga taýýardygy barada öňünden habar berýän duýduryjylar hem bolmalydyr. YUU-nyň çylşyrymlylyk derejesine baglylykda, onuň üçin bir taraplaýyn gaty sesli nobatçy radioaragatnaşygy göz öňünde tutulmaklygy maslahat berilýär. 120. Ulanyşyň şertleri boýunça hyzmat edýän işgärleriň yzygiderli mejbury iş salyşmaly bolýan elektrik tokly bölümleri we onuň üzňeleşdirilmedik şaýlary, mysal üçin, induktiw gyzýan käbir enjamlaryň şaýlary, olar bilen tötänden galtaşmalardan germelen bolmalydyr. Olar açylanda germewleriň güýjenmäni öçürýän gabawlyklary bolmalydyr. Haçan-da şeýle enjamlaryň daşyny germemeklik iş ýüzünde mümkin bolmadyk ýagdaýynda, mysal üçin, dugaly peçleriň elektrodlary, onuň elektrik tokly bölümlerinde güýjenmäniň bardygyny ýa-da ýokdygyny duýdurýan we awtomatiki işleýän «işledildi» we «öçürildi» diýlen ýazgyly yşykly duýduryjylar göz öňünde tutulmalydyr. Bu duýduryjylar daşy germelmedik elektrik tokly bölümiň islendik ýerinden barylanda oňat görünýän bolmalydyr. Şeýle germewler ýa-da duýduryjylar 12 W-dan köp bolmadyk güýjenmeli enjamlar üçin hökman däldir. 121. Aýratynlyklaryna we suw sowadyjylyk derejelerine baglylykda, suw bilen sowadylýan şaýlary bolan elektrik enjamlarynda akymlaýyn (çüwdürimleýin) we ýylylyk basyşly relýeleriň birisiniň, ikisiniň ýa-da üçüsiniň oturdylmagy göz öňünde tutulmalydyr. Haçan-da, az wagtyň içinde zeper ýetmelere getirip biljek suwuň gelmegi kesilen ýa-da sowadýan suwuň gyzan ýagdaýlarynda, şeýle hem hyzmat edýän işgäri bolmadyk enjamlarda, relýe enjamy awtomaik öçürijä tolkun bermelidir. Galan ýagdaýlarda olar tehnologik bozulma (heläkçilik) ýagdaýda duýduryjylaryna ýardam bermelidir. III bap. Yşyklandyrjy enjamlar §1. Umumy talaplar 122. Elektrik bilen ýagtyltmaklyk taslananda şu aşakdakylar üpjün edilmelidir: 1) ýagtyltmagyň kadalary we ýagtyltmagyň hiliniň görkezijileri; 2) ýagtylygyň üznüksiz işlemegi; 3) yşyklandyryjy enjamlara hyzmat etmegiň amatlylygy we ony dolandyrmak; 4) zerur ýagdaýlarda bolsa - tehniki estetikanyň talaplaryna ýagtylygyň laýyk gelmegi. 123. Senagat kärhanalarynda emeli ultramelewşe şöhleli gurnamalar taslananda we ulanylanda, yşyklandyryjy enjamlaryň düzüminde uzak wagtlap täsir edýän sagaldyş ultramelewşe şöhleli gurnamalar göz öňünde tutulmalydyr ýa-da gysga wagtlaýyn täsir edýän ultramelewşe şöhlelendiriş gurnamalara (fotarilere) tok bermeklik üpjün edilmelidir. §2. Ýagtylyk derejesi we ýagtylygyň hili 124. Jaýy bellemek we görüliş ýagdaýynyň häsiýetnamasy bilen bilelikde jaýdaky tebigy ýagtylygyň şertleri nazarda tutulmalydyr. Bir jaýyň umumy ýagtylygynyň ulgamynyň çäklerinde gyzýan çyralar ýa-da razrýadly çyralar ulanylanda ýagtyltmak razrýadly çyralar üçin kada-ölçegler boýunça kabul edilmelidir. 125. Kombinirlenen yşyklandyryş ulgamy bilen, umumy yşyklandyryşdan yşyklandyryş derejesi, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda 1672 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Tebigy we emeli yşyklandyryş» atly TGK 2.01.06-2022 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda çykaran 91-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk - TGK 2.01.06-2022) göz öňünde tutulan derejä laýyk gelmelidir, şeýle hem ýerli yşyklandyryş enjamlary bilen yşyklandyrylan meýdanyň daşynda ýerine ýetirilen işler üçin ýeterlik bolmalydyr. 126. Kombinirlenen yşyklandyryş ulgamynda umumy ýagtylygyň paýy babatynda emeli ýagtylygy taslamak boýunça TGK 2.01.06-2022 jaýdaky umumy ýagtylykdan daşary iş ýerlerinde ýekelikde oturdylýan yşyklandyryjylara (suw ölçeýji aýnajyklara gözegçilik etmek üçin) ýa-da göçme enjamlara degişli däldir. 127. Umumy we ýerli ýagtylyk üçin dürli çeşmeler ulanylanda (gyzýan çyralar we razrýadly çyralar, ýagtylyk diodly lampalar), ýagtyltmagyň derejesi ýerli ýagtylygyň ýagtylyk çeşmesi üçin kada-ölçegler boýunça umumy ýagtylykdan saýlanyp alynýar. 128. Taslanýan desgalaryň otaglarynda ýalpyldyly ýa-da aýna şekilli, yşygy yzyna serpikdirýän, iş ýerleriniň üstki ýüzi bolanda serpikýän ýalpyldyny şu aşakdaky ýollar bilen çäklendirmeklik göz öňünde tutulmalydyr: 1) ýagtylygyň degişli ugruny saýlamak ýoly bilen, gorizontal üst üçin - yz gapdal düşýänini, dikligine duranlary üçin - üstki ýüzine ýokardan 45o burçdan köp däl gytak düşýänini; 2) seçelendiriji yşyklandyryjylary ulanmak bilen; 3) üstki ýüzi uly ýalpyldyly ýagtyldyjy enjamlar bilen; 4) hemme ýagtylygyň serpikdirilmeginiň paýyny artdyrmak bilen. 129. Iş ýeriniň üstki ýüzüne tebigy ýagtylygyň derejesine ýakynlaşdyrylan ýagtylyk bermekligi üpjün etmek zerurlygy bolanda, lýuminessent çyralary ulanylmalydyr, lýuminessent çyralaryny ulanyp bolmadyk ýagdaýynda bolsa, ýagtyldyjy galogen çyralary ulanylmalydyr. Şaýlaryň arasyndaky we olaryň ýüzündäki ýagtylyk gapma-garşylygyny artdyrmak zerurlygy ýüze çykanda bolsa, takyk wezipä laýyk gelýän ýagtylyk çeşmeleri ýa-da reňkli ýagtylyk süzgüçleri ulanylmalydyr. 130. Iş ýerleriniň üstki ýüzüne, mümkin boldygyça işläp duran adamynyň ýa-da önümçilik enjamynyň kölegeleri, aýratyn-da beýleki çeşmeleriň ýagtylygyndan gaýtalanýan ýa-da yzygiderli düşýän kölegeler düşmeli däldir. Kölegeleriň gowşamagyna lampalary ýerleşdirmek ýa-da yşyklandyryşyň şöhlelendirilen böleginiň paýyny ýokarlandyrmak arkaly ýetmeli. 131. Iň pes yşygyň ölçeg ähmiýetini üpjün etmek şertlerinde, yşyklandyryjylaryň deň ölçegli paýlanyşy çäklendirilmeýär, ýöne bir otagyň çäginde umumy yşyklyk bilen emele getirilýän iň ýokary keseleýin yşygyň gatnaşygyny ýagtylygyň iň pes derejesinden 5 esseden ýokary geçirmezlik teklip edilýär. 132. Ýagtylygy oňat serpikdirýän üstki ýüzi bolan (germewler, diwarlar) jaýlarda, mümkin boldugyça, şol üst ýüzlere ýeterlik ýagtylygy üpjün edýän lampalary ulanmaklyk teklip edilýär. 133. Haçan-da, jaýyň içinde alnyp barylýan işiň häsiýeti boýunça ýagtylygyň hiline aýratyn ýokary talap bildirilýän bolsa we eger-de, şol jaýlaryň ýa-da iş ýerleriniň öňden işlenip taýýarlanan ýagtyldyş usullary ýok bolsa, meýilleşdirilýän çözgütler tejribelik gurluşlarda deslapdan synap görmeklik teklip edilýär. §3. Yşyklandyryşyň görnüşleri 134. Jaýlaryň içinde beýleki görnüşli yşyklandyrmalaryň bardygyna garamazdan, iş üçin elektrik yşyklandyryjy enjamyň bolmagy hökmandyr. 135. Heläkçilik ýagdaý üçin yşyklandyrmalary, işgärleri ewakuasiýa etmek ýa-da işi dowam etdirmek üçin, şeýle hem çykylýan gapylaryň ýanyndaky yşykly görkezijiler, TGK 2.01.06-2022 göz öňünde tutulan ýagdaýlarda goýulmalydyr. Gurluşyk meýdany 250 m2 uly bolmadyk bir gatly jaýlarda we olarda partlama howply otaglar bolmasa, heläkçilikli ýagdaý yşyklandyryjylary hemişelik oturtmakda tehniki kynçylyk bolan ýagdaýynda, ony göterme akkumulýatorly yşyklandyryjylar bilen çalşyrmaklyga ýol berilýär. Hyzmat edýän işgärleriň mydamalyk bolmaýan elektrik jaýlarynda, şol sanda seh elektrik jaýlarynda işi dowam etdirmek üçin adatdan daşary ýagdaýda yşyklandyrmalar teklip edilýär. 136. Şu Kadalaryň bir ýüz otuz birinji bölüminde göz öňünde tutulan heläkçilik yşyklandyryşy gurmak, yşyklandyryş üçin kuwwat ätiýaçlyk derejesine garamazdan hökmanydyr. Eger-de, soňky elektrik tok beriji aýratyn iki bölüme bölünýän bolsa, onda gije-gündiz işlenýän otaglarda bu bölümlerden biri, eger-de yşyk, ýagtylyk çeşmeleri we elektrik tok bermek usuly babatynda heläkçilikli ýagdaýlarda yşyklandyryşyň talaplaryny kanagatlandyrýan bolsa, heläkçilik yşyklandyryşy hökmünde seredilip bilner. 137. Heläkçilik ýagdaýda ýagtylandyryjylary, mümkin boldugyça, iş üçin yşyklandyryjylardan bölmeklik teklip edilýär. Heläkçilik ýagdaýda ýagtyldyş üçin yşyklandyryjylary hususan, şu aşakdakylarda üpjün edilmelidir: 1) gije-gündiz işlemeýän jaýlarda iş üçin ýagtylyk yşyklandyryjylaryň 150 Wt-dan köp kuwwatlykda kysymyny, lýuminissent çyralary bolanda - 2 × 80 Wt-dan köp iş üçin ýagtylyk yşyklandyryjylarynyň 150 Wt-dan köp kuwwatlykdakysyny işlenmeýän jaýlarda; 2) haçan-da, iş yşyklandyryşy üçin kabul edilen ýagtylyk çeşmelerini heläkçilik ýagdaýda yşyklandyrmagy üçin ulanmaklyk gadagan edilen halatlarda; 3) heläkçilik ýagdaýda yşyklandyryjyny diňe heläkçilikli ýagdaýyň tertibinde işletmeklik niýet edilen, oňa elektrik tok bermeklik kuwwaty çäklendirilen çeşmelerden ätiýaçlandyrylan, ýa-da iş üçin we heläkçilik yşyklandyryş çyralarynyň güýjenmeleri dürli bolan ýagdaýlarda göz öňünde tutulýar. 138. Güýç elektrik kabul edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy II topara degişli edilýän jaýlarda, şeýle hem iş üçin ýagtylyk yşyklandyryjylarynyň hataryndan heläkçilik ýagdaýda ýagtylygynyň yşyklandyryjylary bölünip alnan gije-gündiz işlenýän jaýlarda, ewakuasiýa (göçüriş) üçin heläkçilik yşyklandyryşyň berýän ýagtylygyny, heläkçilik yşyklandyryjylarynyň işi dowam etmek üçin bellenen bahasyna çenli artdyrmaklyk teklip edilýär. Hususan-da, eger-de elektrik tok bermegiň şertleri boýunça bu mümkin bolsa, gije-gündiz işlenilýän içi giň otaglarda toplumlaýyn ulgamyň uzynlygyny gysgaltmak maksady bilen, heläkçilik ýagdaýda ýagtylyk üçin umumy ýagtylygyň yşyklandyryjylarynyň doly hataryny bölüp bermeklik teklip edilýär. 139. Işi dowam etmek üçin heläkçilik yşyklandyryşy, heläkçilik ýagdaýyň tertibinde hyzmat etmekligi talap edýän, bu halatda ewakuasiýa (göçüriş) üçin geçelgelerde heläkçilik yşyklandyryşy gurnalan, üstleri ýagtylandyrmagyň ýerli ýa-da çäklendirilen yşyklandyryjylar görnüşinde ýerine ýetirilip bilner. 140. Heläkçilik ýagdaýda ýagtylygyň yşyklandyryjylaryny, mümkin boldugyça, penjirelerden uzakda oturtmaklyk teklip edilýär. §4. Yşyklandyryş ulgamlary 141. Jaýlaryň içinde şu aşakdaky ulgamlar ulanylyp bilner: 1) umumy yşyklandyryş, birmeňzeş ýa-da lokallaşdyrylan (ýagny, yşyklandyrylan ýüzleriň ýerleşişini göz öňünde tutup, ýagtylyk akymy paýlamak); 2) jaýlaryň umumy yşyklandyrylmagyndan we aýry-aýry iş ýerleriniň ýerli yşyklandyrylmagyndan ybarat kombinirlenen yşyklandyryş. Jaýlarda diňe ýerli yşyklandyryş ulanylmagyna ýol berilmeýär. Umumy yşyklandyryş enjamlaryndan (iş üçin ýa-da heläkçilik ýagdaýda) yşyklandyryş enjamlary, nobatçylyk üçin ýagtylyk yşyklandyryjylary zerur bolsa tapawutlandyrylyp bilner. Islendik yşyklandyryş ulgamyna goşmaça, şu Kadalaryň bir ýüz kyrk sekizinji bölüminde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda göçme yşyklandyryş gurulmalydyr. 142. Kombinirlenen yşyklandyryş ulgamy, adatça, önümçilik jaýlary üçin ulanylmaly: 1) I, II, III, IV, Va we Vb razrýadlaryň (wizual) görüş arkaly işler ýerine ýetirilende; 2) eger-de işleriň häsiýetleri yşygyň hiline talap bildirýän bolsa, umumy yşykda ýerine ýetirip bolmaýan islendik razrýaddaky görüş arkaly işler ýerine ýetirilende (ýagtylygyň ugry berk kesgitli ýa-da üýtgeýän, ýagtylygyň düzümi ýörite spektral bolanda) ulanylmalydyr. Galan ýagdaýlarda umumy yşyklandyryş ulgamy ulanylmalydyr. 143. II, III, IV, Va we Vb razrýadlaryň (wizual) görüş arkaly işler ýerine ýetirilen otaglarda tehniki, ykdysady ýa-da arassaçylyk esaslandyrmalar bolanda, (iş orunlary örän ýygjam ýerleşen jaýlarda ýerli yşyklandyryjylary oturtmaklyga tehniki mümkinçilik bolmadyk ýa-da jaýyň hemme meýdançasynda işi ýerine ýetirmek mümkin bolan ýagdaýlarda) umumy yşyklandyryş ulgamyny gurmaga rugsat berilýär, şeýle hem umumy yşyklandyryş bilen yşyklandyryşyň hiline bolan talaplaryň doly ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. (Wizual) görüş arkaly işler zerurlygy bolan I razrýaddaky işler üçin umumy yşyklandyryjy ulgamyny oturtmaklyga, diňe kadadan çykma ýagdaýynda, ýerli yşyklandyryjylary oturtmaklyga tehniki mümkinçilik bolmasa hem ýol berilýär. 144. Ýerli yşyklandyryş göz öňünde tutulýan ýeke-täk üzňe ýerleşdirilen iş orunly önümçilik jaýlarynda (mysal üçin, gyzdyryjy gazanlar, suw ölçeýji aýnajyklar, aýry-aýry şitler we pultlar), stollaryna ýerli yşyklandyryjylar oturdylýan dolandyryş-edara ediş jaýlarynda, şeýle hem abatlamak, sazlamak we beýleki işler üçin göçme yşyklandyryjylar göz öňünde tutulýan jaýlarda, umumy yşyklandyryş ulgamyndan yşyklandyrmaklyk, umumy yşyklandyryş ulgamyň kada-ölçegleri boýunça, şol jaýlarda ýerine ýetirilýän işleriň häsiýetine laýyklykda kabul edilmelidir. Şunda ýerli yşyklandyryşy bolan iş ýerleriniň jemlenen yşyklandyryşy, kombinirlenen yşyklandyryş üçin kadalanýan ölçeglere laýyk gelmelidir. Soňky talap dolandyryş-edara ediş jaýlaryna degişli däldir. 145. Önümçilik we ammar jaýlarynda stasionar enjamly (şol sanda kombinirlenen yşyklandyryş ulgamynda) umumy yşyklandyryş gurnalanda, gurnama çykdajylaryny azaldýan, oturdylan kuwwaty peseldýän ýa-da yşyklandyryşyň hilini ýokarlandyrýan ähli ýagdaýlarda ýerli (lokallaşdyrylyp) ýerine ýetirilmelidir hususan-da: 1) işiň häsiýeti boýunça ýa-da dürli yşyklandyryş dürli meýdançalary bolan jaýlary taýýarlamak zerurlygy bolanda, şol sanda jaýlaryň geçelgeleri we ammarlar üçin ýörite bölünip berlen meýdançalar bolanda; 2) jaýlarda iş ýerlerini garaňkyladýan ýa-da ýagtylandyryjylary deňlikde ýerleşdirmäge päsgelçilik döredýän uly göwrümli enjamlar bolanda; 3) jaýlarda giň iş ýerleri bolanda ýa-da jaýyň beýleki ýerleri bilen deňeşdireniňde yşyklandyryjylara ýokary talaby ýa-da gytaklaýyn ýa-da dikleýin düşýän ýagtylyga kesgitli talaby bolan şeýle iş ýerleriniň toparynyň köp bolan ýerlerinde; 4) tekjeleri bolan ammarlarda. 146. Dolandyryş-durmuş we kömekçi jaýlarda umumy birsydyrgyn yşyklandyryş döredilmelidir, ýöne iş ýerleriniň ýerleşişi belli we hemişelik bolanda, lýuminessent ýagtylandyryjylarynyň hataryny serpikýän ýagtylyklary we düşýän kölegeleri çäklendirmek babatynda, ýagtylygyň ugruny has amatly bolar ýaly edip ýerleşdirmeklik teklip edilýär. 147. Haçan-da ýerli yşyklandyryş enjamlary tehnologik şaýlary bilen bilelikde jemlenip iberilende bu yşyklandyryş taslamalarynda görkezilmelidir we şol enjamlary elektrik kuwwaty bilen üpjün etmeklik göz öňünde tutulmalydyr. Galan ýagdaýlarda ýerli yşyklandyryş, enjamlaryň ýagtylyk-tehniki, gurluş we ulgam meseleleri ýagtyldyş taslamalarynda doly görkezilmelidir. 148. Göçme ýagtylandyryjylar üçin ştepsel rozetkalaryny şu aşakdaky ýerlerde oturtmaklyk göz öňünde tutulmalydyr: 1) abatlamak ýa-da gözden geçirmek üçin umumy yşyklandyryş ýeterlik bolmadyk tehnologik ýa-da sanitariýa-tehniki enjamlary, şeýle hem önümçilik gaplary (bunkerler, çelekler, durlandyryjy gaplar) bolan jaýlarda; 2) ýygnamak, galyplara guýmak işleri ýerine ýetirmekde aýry-aýry iş ýerlerinde yşyklandyryşy güýçlendirmek zerurlygy bolan sehlerde; 3) abatlaýyş işleri geçirilýän, şol sanda ýük göteriji enjamlary abatlamak üçin meýdançalarda; 4) galereýalarda we transporterleriň ýerasty geçitlerinde, şinogeçirijilerde; 5) elektrik jaýlarynda; 6) dolandyryş-edara ediş, taslama-gurnaýyş, barlaghana jaýlarynda. 1-nji we 5-nji bentlerde görkezilen jaýlarda ştepsel rozetkalarynyň ýerleşişi adatça, 10-15 metrden köp bolmadyk sim uzynlygyndaky göterme ýagtylandyryjylary, 6-njy bentde görkezilen jaýlarda bolsa islendik stoluň üstünde diwaryň ýakynynda, 2 metrden köp bolmadyk sim uzynlygyndaky stol üstünde goýulýan çyralary ulanmaklyga mümkinçilik bermelidir. Ýerasty ötükler we ýerasty geçelgeler 40 metre çenli uzynlykda bolanda diňe ýerasty ötükleriň we ýerasty geçelgeleriň başlarynda we ahyrlarynda ştepsel rozetkalaryny oturtmaklyga ýol berilýär. Şahsy transformatorlardan elektrik tok berilýän ýerli ýagtylyk enjamly sehlerde aýry-aýry stanoklaryň ýerli ýagtyldyş elektrik toklary bilen bagly bolmadyk göterme yşyklandyryjylaryň ştepsel rozetkalary göz öňünde tutulmalydyr. Göterme ýagtylandyryjylaryň birnäçesiniň bir wagtda ulanylmagyna garaşylýan ýerlerde birnäçe ştepsel rozetkalarynyň bloklary oturdylmalydyr. 149. Ştepsel rozetkalary poluň üstünden aşakdaky görkezmeleri gollanylyp oturdylmalydyr: 1) önümçilik jaýlarynda adatça, 0,8-1 metrden ýokary bolmadyk belentlikde; elektrik tokly geçirijiler ýokardan geçirilende 1,5 metre ýokary bolmadyk belentlikde gurnamaga rugsat berilýär; 2) dolandyryş edaralarda, barlaghanalarda jaýlarynda içki bezegiň niýetlenişine we bezelişine baglylykda, elektrik geçirijilere olary birikdirmek üçin amatly bolan, ýöne 1 metrden ýokary bolmadyk belentlikde; 3) umumy bilim edaralarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, çagalaryň bolýan jaýlarynda 1,8 metr belentlikde; 4) ştepsel rozetkalary islendik maksatly jaýlarda ýanmaýan materialdan ýasalan ýörite niýetlenen plintuslarda, şeýle hem jaýlaryň pollarynda we pollaryň üstlerinde ýörite niýetlenen gurluşlarda goýulyp bilner. 150. Ştepsel rozetkalarynyň sany we ýerleşdirilmeli ýerleri saýlanyp alnanda, kuwwaty 6A köp bolmadyk elektrik tok bilen işleýän her bir elektrik tok kabul ediji elektrik bilen işleýän el gurallara, kompýuterlere, guramaçylyk-tehniki serişdelere, tozan sorujy maşynlara we ýyladyjy ownuk enjamlara olardan elektrik tok bermek mümkinçilikleri nazara alynmalydyr. §5. Ýagtylyk çeşmelerini saýlap almak 151. Ýagtylyk çeşmeleri, olaryň ýagtyldyş mümkinçilikleri, hyzmat etmeli möhletleri, spektral we elektrik tygşytlaýjylyk häsiýetleri nazarda tutulyp «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda saýlanyp alynmalydyr. 152. Ýagtylyk çeşmeleri hökmünde gyzýan çyralar (galogen çyralaryny goşmak bilen), lýuminessent çyralaryny, dugaly simap çyralary (mundan beýläk - DSÇ), dugaly metal galogen çyralary (mundan beýläk - DMGÇ), ýokary basyşly natriý çyralary (mundan beýläk - ÝBNÇ), ýagtylyk diodly çyralar ulanylyp bilner. Ksenon çyralary içerki ýagtyldyş üçin aýratyn ýagdaýlarda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ygtyýar beren we hemme derejede keseligine düşýän ýagtylykda, adamlaryň bolmagynyň mümkin bolan dowamlylygy 150 lk-den geçmeýän, ýük göterijileri işledijileriň bolýan ýerlerinde çyralardan göni yşykdan goralýar. Ksenon çyralaryny ulanmak baradaky meselä hyzmat etmek üçin elýeterlilik şerti boýunça ýa-da tozan çykýan çeşmelerden çetleşdirmek üçin yşyklandyryjylary 20 metrden ýokary belentlikde oturtmaklyk zerur bolan ýagdaýlarda seredilmelidir. 153. Tehniki zerurlyk bolanda ýa-da gözellik (estetiki) nukdaýnazaryndan, dürli kysymly ýagtylyk çeşmelerini bir jaýyň çäginde ulanmaklyga ýol berilýär. Şunda iş ýerlerinde dürli goýulykdaky kölegeleriň düşmeginiň öňüni almak üçin iş ýerleriniň ähli ýagtylygynyň 80%-den az bolmadyk, haýsy hem bolsa dürli ýagtylyk çeşmesi bilen üpjün edilmelidir (ýerli ýagtylyk yşyklandyryjysy bilen) ýa-da jaýlaryň diwarlaryndan serpigip gaýdýan ýagtylygy ulanmak, deň ýagtylyk çeşmesi bolan yşyklandyryjylary ýakynlaşdyrmak bilen iş ýerlerine düşýän ýagtylygyň birsydyrgyn düşmegi üpjün edilmelidir. 154. Enjamyň başky bahasyny arzanlatmak we oňa hyzmat etmek üçin, sarp edilýän zähmeti azaltmak maksady bilen, mümkin boldugyça, ýagtylyk çeşmesini ulatmaly, ýagny mümkin bolandan kuwwatly uly çyralary ulanmaly, çünki ony yşyklandyryşyň hilini we enjamyň ykdysady hem-de, tygşytlylyk görkezijilerini ýaramazlaşdyrmazdan amala aşyrmak mümkindir. 155. Jaýlary umumy yşyklandyryş üçin esasan ýagtylyk diodly we energiýa taýdan netijeli «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda şeýle hem razrýadly çyralar ulanylmalydyr. Soňkynyň ulanylmagy şu aşakdakylar üçin hökmandyr: 1) I-V we VII toparlardaky işleriň we emeli yşyklandyryşy taslamak boýunça TGK 2.01.06-2022 talaplaryna laýyklykda hökman görülmeli işleriň ýerine ýetirilýän jaýlarynda bir umumy yşyklandyryş ulgamy üçin; 2) kombinirlenen ulgamda umumy ýagtyltmak üçin; 3) reňk berijilige güýçlendirilen talap bolanda; 4) ýetginjekleriň ýa-da gowşak görýänleriň işlemekleri ýa-da okamaklary üçin niýetlenen jaýlarda; 5) dolandyryş-edara ediş we barlaghana jaýlarynda; 6) adamlaryň hemişe bolmagyna niýetlenen, tebigy ýagtylygy bolmadyk ýa-da tebigy ýagtylygy ýeterlik bolmadyk jaýlarda. Şunda 3-nji, 5-nji bentlerde görkezilen ýagdaýda, diňe lýuminessent çyralary ulanylmalydyr, 4-nji bentde görkezilen ýagdaýlarda bolsa, lýuminessent çyralaryny ulanmaklyk ileri tutulmalydyr. Galan ýagdaýlarda bolsa, razrýadly çyralar şu Kadalaryň bir ýüz altmyş birinji bölegine laýyklykda saýlanyp alynmalydyr. Hemme görkezilen ýagdaýlarda, razrýadly çyralary gyzýan çyralar bilen çalşyrmaga, diňe kadadan çykma ýagdaýynda, razrýadly çyralary ulanmaklyk tehniki taýdan mümkin bolmadyk ýerlerde, mysal üçin, şu şertler üçin yşyklandyryjylar bolmasa, radiogarşylyklaryň doly bolmazlygyna talap bildirilende, şeýle hem şu Kadalaryň bir ýüz altmyşynjy böleginde görkezilen ýagdaýlarda ýol berilýär. 156. Şu Kadalaryň bir ýüz elli bäşinji böleginde görkezilmedik ýagdaýlarda umumy ýagtyltmak üçin razrýadly çyralary ulanmaklyk, munuň üçin tehniki we ykdysady esaslar bolanda, teklip edilýär (mysal üçin, yşyklandyryjylar örän ýokarda ýerleşende we barmasy kyn bolanda, ýagtyldyşa edilýän hyzmaty azaltmak zerurlygy bolanda, tozany suw bilen aýyrmak usuly ulanylanda we çüwdirimlerden goragly ýerine ýetirilen gyzýan çyralar üçin yşyklandyryjylar bolmadyk ýagdaýynda). 157. Umumy ýagtyltmak üçin gyzýan çyralar (umumy ulanylýan ýa-da galogen) esasan şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanylmalydyr: 1) emeli yşyklandyryşy taslamak babatynda TGK 2.01.06-2022 talaplaryna laýyklykda IV, VIII, IX toparlara degişli işler ýerine ýetirilýän jaýlarda; 2) eger-de, yşyklandyryşyň beýleki çeşmelerini oturtmaklyk tehniki we ykdysady taýdan maksada laýyk bolmasa, iri tehniki enjamlara hyzmat etmek üçin tehnologik meýdançalary, köprüjikleri, geçelgeleri, meýdançalary ýagtyltmak üçin; 3) eger-de, degişli gurşawa laýyk gelmeýän ýagtylygyň beýleki çeşmeleri bilen yşyklandyryp bolmasa, islendik takyklykdaky işler ýerine ýetirilýän jaýlarda. Şeýle hem, gyzýan çyralary kömekçi-durmuş jaýlaryny yşyklandyrmak üçin ulanmaga ýol berilýär. Eger çyranyň sarp edýän birlik kuwwaty 1000 Wt we ondan ýokary bolan ýagdaýlarda, şeýle hem lýuminessent çyralaryny ulanmaklyk mümkin bolmasa, reňk bermeklige ýokary talap bildirilýän jaýlarda gyzýan galogen çyralaryny ulanmaklyk teklip edilýär. 158. Ýerli yşyklandyrma üçin gyzýan ýa-da lýuminessent çyralar ulanylmalydyr. Reňk bermeklige ýokarlandyrylan talap bolanda, lýuminessent çyralarynyň ulanylmagy hökmandyr we olar iş ýerleri örän ýaýraw bolanda hem-de ýalpyldaýan iş ýerlerinde işlenende ulanmaklyk teklip edilýär. Kesgitli ýa-da üýtgeýän güýjenmäni üpjün etmek zerurlygy bolanda, şeýle hem lýuminissent çyraly yşyklandyryjylary oturtmaklyga gurluş taýdan mümkinçilik bolmasa gyzýan çyralary ulanmaklyk teklip edilýär. 159. Heläkçilik yşyklandyryşy üçin hemme ýagdaýlarda ýagtylyk diodly çyralary, ulanmak maslahat berilýär. Heläkçilik yşyklandyryşy üçin beýleki görnüşli razrýadly çyralary diňe çalt ýagtylyk berilmegini, şol sanda elektrik tok gysga wagtlaýyn öçenden soň ýagtylyk berilmegini üpjün edýän işe giriziş-sazlaýyş abzallary bilen üpjün edilen şertlerde ulanmaklyga ýol berilýär. Ähli ýagdaýlarda, şeýle görnüşli yşyklandyryş üçin kadalanýandan artyk yşyklandyryşy ýokarlandyrmak üçin, bu çyralary heläkçilikli yşyklandyryşyň toparlaýyn liniýalaryna birikdirmäge ýol berilýär. 160. Hemme kysymly razrýadly çyralaryny üýtgemeýän toguň ulgamyndan elektrik tok berilýän ýa-da onuň ulgamyna birikdirilýän enjamlarda, şeýle hem kadaly ýagdaýdan güýjenmäni 90% çenli azalmak mümkinçiligi bolan elektrik tokda ulanmaklyga ýol berilmeýär. Bulardan başga-da, lýuminessent çyralaryny howasynyň gyzgynlygy uzak wagtlap +5oС-dan pes bolan jaýlarda ulanmaklyga ýol berilmeýär. 161. Haçan-da, razrýadly çyralaryň arasyndan saýlanyp alnan ýagdaýlarda, şu Kadalaryň bir ýüz ellinji bölegine laýyklykda lýuminessent çyralaryny ulanmaklyk hökman däldir, jaýyň beýikligi çäkli bolanda, yşyklandyrmanyň hiline ýokary talap bildirilende we görülmegi zerur bolan I - III toparlardaky işler ýerine ýetirilýän jaýlarda bir ýagtylandyryş ulgamy bilen yşyklandyrylanda, soňka artykmaçlyk berilmelidir. Galan ýagdaýlarda DSÇ ýa-da DSMÇ çyralaryny ulanmaklyk teklip edilýär, özi hem soňky iş toparlary babatynda çäklendirmeler degişli däldir. ÝBNÇ çyralaryny reňk bermeklige talap bildirilmeýän jaýlarda ulanmaklyga ýol berilýär. 162. Reňk bermeklige ýokary talap bildirilmeýän ýagdaýlarda, lýuminessent çyraly enjamlarda esasan lýuminessent ak (mundan beýläk - LA) çyralary, gatyşyk yşyklandyrma, ýagny bir wagtda tebigy hem-de emeli yşyklandyrmaklyga niýetlenen enjamlarda bolsa lýuminessent sowuk ak (mundan beýläk - LSA) ýa-da lýuminessent tebigy ak (mundan beýläk - LT) çyralary ulanylmalydyr. Reňk bermeklige ýokary talap bildirilende ilki bilen LT (LSAR - lýuminessent sowuk ak reňk) soňra lýuminessent gündizki reňkli (mundan beýläk - LGR-4), LSA, LA, LG çyralaryna artykmaçlyk berilmelidir. Dynç almak üçin niýetlenen jaýlarda beýleki lýuminessent çyralary bilen bir hatarda lýuminessent ýyly-ak (mundan beýläk - LÝA) çyralary hem ulanylyp bilner. Yssy jaýlarda amalgamaly (simap splawly) lýuminessent çyralaryny ulanmaklyk teklip edilýär. Ýagtylyk diodly lampaly yşyklandyryjylary tehniki-ykdysady esaslandyrmalar bar ýagdaýda ulanmaklyga maslahat berilýär. §6. Çyralary ýerleşdirmek we oturtmak hem-de hyzmat etmek üçin olary elýeterli etmegiň usullary 163. Çyralar ýerleşdirilende we gurnalanda, şu aşakdakylar bilen hökmany suratda üpjün edilmelidir: 1) hyzmat etmek üçin çyralar howpsyz, amatly, elýeterligi; 2) tygşytly ýol bilen ölçegli ýagtylygy döredilmegi; 3) ýagtylygyň hiline bolan talaplary berjaý edilmelidir (ýagtyldyşyň, ýagtylygyň birugurlylygy, zyýanly täsirleriň, kölegeleriň, ýagtylygyň pulsirlemesiniň, göni düşýän we serpigýän ýylpyldylaryň çäkliligi); 4) toplumlaýyn ulgam gurnamagyň iň az uzynlygy we amatlylygy; 5) çyralaryň berkidilişiniň ygtybarlylygy. 164. Umumy birugurly ýagtylandyrylanda, şeýle hem mümkin boldugyça, ýagtylyk çäklendirilende, gyzýan çyraly, şeýle hem DSÇ, DSMÇ çyraly we natriý çyraly yşyklandyryjylary inedördül, göniburçly meýdançanyň ýokarysy boýunça (göniburçlygyň uly we kiçi taraplarynyň 1,5 çenli gatnaşygy boýunça) ýa-da romb meýdançasynyň (60o ýakyn ýiti burçly rombyň ýokarysy boýunça) ýerleşdirmeklik teklip edilýär. 165. Çyralar fermalarda oturdylanda, mümkin boldugyça hatardaky çyralaryň aňryçäk aralygynyň tersine, olaryň ýygjamlygyna ýol bermek bilen, çyralaryň hatarlary azaldylmalydyr. 166. Bir ugurly mümkin boldugyça çäklendirilen ýagtyldyşda lýuminessent çyraly yşyklandyryjylary penjireli diwarlaryň ýa-da sütünleriň ýa-da diwarlardaky gyraňly örküçleriň (pilýastrlaryň) hatarlaryna birugurly edilip, esasan hatarlar boýunça ýerleşdirilmelidir. Gaýry görnüşde ýerleşdirmeklige şu aşakdaky ýagdaýlarda ýol berilmelidir: 1) insiz jaýlarda penjiresi gyraňly diwarda; 2) önümçilik enjamlaryny ýerleşdirmek bilen bagly bolanda; 3) ýalpyldyly şaýlar bilen işlenende haçan-da, yşyklandyryjylaryň hatary, mümkin boldygyça görüş okunyň ugryna birugurly edilip ýerleşdirilmeli bolanda we iş ýerleriniň hatarlarynyň arasynda ýerleşdirilende. Hatarlary yzygiderli (ýagtylykda) ýa-da hasaplanan beýikligiň takmynan 0,5-den geçmeýän bölekliginde ýerine ýetirmeli. Köpçyraly lýuminessent yşyklandyryjylary hem, şu Kadalaryň bir ýüz altmyş dördünji böleginiň talaplaryna laýyklykda ýerleşdirmeklige ýol berilýär. 167. Umumy birugurly ýagtyldylanda, yşyklandyryjylaryň her-biriniň aralygynyň ýa-da yşyklandyryjylaryň hatarlarynyň aralygynyň ýagtyldylýan ýerleriniň üstünden ýokarda, olaryň oturdylýan belentligine gatnaşygyny yşyklandyryjylaryň ýagtylyk güýjüniň egrisiniň görnüşine baglylykda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň 2018-nji ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 320-iş buýrugy bilen 2019-njy ýylyň 20-nji ýanwaryndan güýje girizilen «Yşyklandyryjylar. Umumy tehniki şertler» atly TDS 1157-2018 belgili (mundan beýläk - TDS 1157-2018) kadalaşdyryjy resminama laýyklykda aşakdaky görkezilen çäklerde saýlamaklyk teklip edilýär: Egrisi K……… 0,4 - 0,7; -//- Г……… 0,8 - 1,1; -//- Д……… 1,4 - 1,6; -//- М……… 1,8 - 2,6; -//- Л……… 1,6 - 1,8. Egrisi «K» çyzykdan beýleki ýagdaýlarda, bu gatnaşyklaryň 30% çenli artmagyna ýol berilýär. Eger-de, bu örtügiň gurnawynyň şertlerine bagly bolanda ýa-da pulsirleme koeffisiýentiniň we göz gamaşdyryjylyk görkezijileriniň çäklendirilen ähmiýetini üpjün etmek üçin zerur bolanda, şeýle hem görkezilen gatnaşyklarda çyralaryň aňryçäk kuwwatlylygy kadaly ýagtyldyşy üpjün etmeýän ýagdaýlarda, görkezilen gatnaşyklaryň azaldylmagyna ýol berilýär. Soňky ýagdaýlarda, şeýle hem önümçilik jaýlarynda pulsirleme koeffisiýentini azaltmak zerurlygy bolanda, yşyklandyryjylary ýa-da olaryň hatarlaryny ýakynlaşdyrmagyň ýerine bir nokatda goşalanylan ýa-da üçemlenen yşyklandyryjylaryň ýa-da degişlilikde lýuminessent çyralarynyň hatarlaryny goşalanmagy ýa-da üçemlemegi ulanmaklyk teklip edilýär. Bellik. Haçan-da ýokarda görkezilen TDS 1157-2018 boýunça ýagtylyk güýjüniň egrisiniň görnüşi nämälim bolan ýagdaýlarda, çyralarynyň arasyndaky aralygyň L ýa-da olaryň hatarynyň hasaplanan h belentlige teklip edilýän ortaça gatnaşygyny aşakdaky deňleme boýunça takmynan kesgitlemeli: bu ýerde: Ф0 - aşaky ýarym gurşawda yşyklandyryjynyň akymy (lýuminessent çyraly yşyklandyryjylar üçin ýagtylyk güýjüniň kese egrisi boýunça şertli hasaby çykarylýan); I0 - yşyklandyryjynyň ýagtylyk okunyň güýji. 168. Içinde hemişe adamlar işleýän jaýlarda çyralary bir hatar ýerleşdirmekden gaça durmalydyr. 169. Umumy birsydyrgyn ýagtyldylanda iň çetki çyralardan ýa-da olaryň hatarlaryndan diwarlara ýa-da sütünlere çenli bolan aralyk meýdançalaryň taraplary ýa-da çyralaryň hatarlarynyň aralygy işlemek üçin niýetlenen jaýlarda 1:3, beýleki jaýlarda 1:2 kabul edilmelidir. Iş ýerleri gös-göni diwarlaryň ýa-da sütünleriň ýanynda ýerleşdirilende, çyralaryň iň çetki hatary maksada laýyklygyň çäginde diwarlara ýa-da sütünlere ýakyn ýerleşdirilmelidir, hususan-da çyralary asgyçlarda (kronşteýnlerde) oturtmalydyr. 170. Eger-de, lýuminessent çyraly yşyklandyryjylaryň hatarlarynyň oturdylan beýikligi ýagtyldylýan ýeriň beýikliginden geçýän bolsa, onda içinde adamlaryň hemişe işleýän jaýlarynda 0,5 beýiklikde; soňkynyň hataryny hakyky iş edilýän meýdançanyň çäginden aňry dowam etmek, şol aralyga hatarlaryň ahyrlaryny ýakynlaşdyryp, çyralaryň yşygynyň akymyny iki esse köpeldip (lm/m) ýa-da çyralary goşalandyryp ýa-da uzynlygyna geçýän hatarlar boýunça keseligine geçýän hatarlary oturtmak ýollary bilen, ýagtylygyň azalmagynyň öňi alynmalydyr. 171. Çäklendirilen ýagtylygyň çyralary enjamlaryň ýerleşişiniň we işiň häsiýetiniň, ýagtylygyň düşüşiniň we yşygyň ugrunyň şertlerinden gelip çykýan talaplara laýyklykda ýerleşdirilmelidir. Ýagtyltmagy çäklendirmekligi, jaýda yşyklandyryjylary simmetrik, birsydyrgyn ýerleşdirmekden, umumy birugurly ýagtyldyşyň yşyklandyryjylaryna goşmaça yşyklandyryjylary oturtmakdan, soňky yşyklandyryjylar babatynda çyralaryň kuwwatyny üýtgetmekden ýa-da yşyklandyryjylaryň oturdylan beýikligini üýtgetmekden ýüz öwürmek ýoly bilen amala aşyryp bolar. 172. Çyralaryň hemmesi olara hyzmat etmek üçin elýeterli bolar ýaly edilip oturdylmalydyr. Çyralar poldan 5 metr ýokary belentlikde oturdylanda, olara hyzmat etmegiň kabul edilen usuly taslamada görkezilmelidir. 173. Diregli merdiwan ýa-da direlýän merdiwan bilen hyzmat edilýän çyralar poluň derejesinden 5 metre çenli belentlikde oturdylmalydyr, olar diregli ýa-da direlýän merdiwanlaryň iri enjamlaryň ýokarsynda, çukurlaryň ýanynda we beýleki goýup bolmajak ýerlerde oturdylmaly däldir. 174. Çyralara hyzmat etmegiň amatlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin olary oturtmaklygyň şu aşakdaky belentligini kabul etmeklik teklip edilýär: 1) 2,1 metr - elektrik jaýlarynda açyk elektrik tokly bölümleriň golaýynda çyralar oturdylanda; 2) 3,5 metre çenli - tehnologik meýdançalarda, köprijiklerde, geçelgelerde diwarlarda çyralar oturdylanda; 3) 2,5 metr - tehnologik meýdançalarda, köprijiklerde, geçelgelerde çyralar germewleriň ugry boýunça direglerde oturdylanda; 4) düşegiň + 0,5 metr derejesinde - köprijiklerde çyralara hyzmat etmek üçin. Köpri kysym ýük göterijileriň ýokarysynda çyralary oturtmaklyk göteriji bilen hyzmat edilýän meýdançanyň düşeginden ýokarda azyndan 1,8 metr belentlikde ýa-da fermanyň aşaky guşaklygynyň derejesinde amala aşyrylýar. 175. Çyralary ýerleşdirmeklige ýerler saýlanyp alnanda, çyralaryň aglaba köpüsi göterme kömekçi serişdeleriniň (kürsiler, direlýän we diregli merdiwanlar) kömegi bilen poluň üstünden hyzmat etmek üçin mümkinçilik bolar ýaly ýagdaý göz öňünde tutulmalydyr. Görkezilen çäreleriň hataryna şu aşakdakylar degişlidir: 1) çyralary asgyçlaryň (kronşteýnleriň) kömegi bilen 5 metrden ýokary bolmadyk belentlikde diwarlarda ýa-da sütünlerde oturtmaklyk; 2) çyralary 5 metrden ýokary bolmadyk belentlikde sim urganlarynda (troslarda), gutularda, turbalarda, gurnamalaryň ýüz taraplarynda ýa-da aşak goýberiji serişdeli sim urganlarda oturtmak; 3) köprijiklerde ýa-da şinogeçirijilere, telferlere hyzmat etmek üçin niýetlenen meýdançalarda, şeýle hem bar bolan iri tehnologik enjamlarda çyralary oturtmak; 4) aşaky nokatlary ýagtylandyrýan çyralary oturtmak üçin tehnologik meýdançalaryň ýokarky nokatlaryny ulanmaklyga. Şu Kadalaryň bir ýüz ýetmiş bäşinji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen ýagdaýlarda, ýokarky ýagtylandyryşy asgyja oturdylan çyralar bilen doly çalşyrmaklyga diňe ini 6 metrden geçmeýän jaýlarda çyralar bir tarapyndan oturdylanda we 12 metrden geçmeýän bolanda we çyralar iki tarapyndan oturdylanda, özi hem goýy kölege beriji enjamlar ýok bolsa ýol berilýär. 176. Jaýyň gurnawynyň şertleri we ýagtylandyryjy enjamlara bildirilýän talaplar boýunça çyralar üçin 1-nji tablisada görkezilen hyzmatlary etmäge elýeterli usullary nazara almak bilen, kömekçi serişdeleriň (kürsileriň, diregli we direlýän merdiwanlaryň) kömegi bilen poldan hyzmat etmek mümkin boljak belentlikde oturdylmaly däldir. Poluň üstünde süýşürilýän enjamly çyralara howpsuz hyzmat etmek üçin köpüri şekilli ýük göteriji abzallara hyzmat etmek mümkinçiliklerini, çyralara hyzmat etmek üçin hereket edýän ýörite göteriji - balkalaryň, gozaklaryň we beýleki hereket edýän hem-de hemişelik oturdylan abzallaryň zerurlygyny taslaýjylar ýagtylyk tehnikleri, baş taslaýjy we taslamany buýrujy bilen bilelikde kesgitleýärler. 1-nji tablisa Çyralaryň elýeterlilik (dostupnost) usullary we serişdeleri Ulanylýan ýerleri 1. Polyň üstünde özi ýöreýän we ýöremeýän göteriji enjamlar Göterijisiz sehlerde 5-den 12 metre çenli belentlikde çyralar oturdylanda 2. Çyralara howpsuz hyzmat etmek üçin enjamlar bilen taýýarlanan köpri şekilli we bir pürsli ýük göterijiler 1 we 2 iş wagtynda ýa-da dynç günli 3 iş wagtynda işleýän tehnologik ýük göterijili sehlerde. Abatlaýjy we gurnaýjy ýük göterijili sehlerde 3. Köprijikli özi hereketlenýän göçme göteriji-pürsler (balkalar) Göterijisiz boş aralykda we enjamlardan hem-de kommunikasiýalardan boş ýokarky zolaklarda 6 metrden ýokary belentlikde çyralar oturdylanda 4. Hemişelik ýasalan metal meýdançalar we köprijikler Çyralara hyzmat etmegiň ýokarda görkezilen usullary ulanylyp bolmaýan we her bir aýratyn ýagdaýlarda diňe buýrujynyň ýokary guramasy (ministrligiň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň) tarapyndan ygtyýar berilen ýagdaýlarda, aýratyn kadadan çykma hökmünde ulanylýar 177. Çyralara hyzmat etmek üçin köprijiklere tabşyryk tassyklanan birkysymly taslamalara laýyklykda berilmelidir. Ini 24 metrden az bolan boş giňişliklerde, köprijik giňişlikleriniň sany adatça, ikiden, ini 24 metrden köp bolanda bolsa, üçden geçmeli däldir. 178. Potoloklarda we fermalarda oturdylýan umumy ýagtylandyryşyň asma çyralary adatça, asgyjy bilen bilelikde 1,5 metrden köp bolmadyk aralykda berkidilmelidir. Şu yşyklandyryjylaryň asgyçlaryny uzaltmaklyk aşakdaky ýagdaýlarda göz öňünde tutulyp bilner: 1) haçanda hyzmat etmek üçin yşyklandyryjylaryň elýeterli bolmaklygyny üpjün etmek maksady bilen zerur bolanda; 2) haçan-da, ýagtylandyryşyň hilini ýaramazlaşdyrmazdan, enjamyň ykdysady görkezijilerini gowlandyrmaga mümkinçilik berende. Uzaldylan asgyçly yşyklandyryjylar oturdylanda, olaryň berkitme gurnawlary howa akymynyň täsirinden yşyklandyryjylaryň yrgyldamak mümkinçiliklerini çäklendirmelidir. 179. Önümçilik jaýlarynda yşyklandyryjylary berkitmekligi adatça, ulgamy geçirmek üçin gurnawlar bilen bilelikde toplumlaýyn senagat merkezi hökmünde göz öňünde tutmaklyk teklip edilýär. 180. Ýangyn we partlama howpy bolmadyk önümçilik jaýlarynda, eger yşyklandyryjylara olaryň oturdylan ýerlerinde hyzmat etmeklik kyn bolanda, gurnama ştepsel asgyçly yşyklandyryjylary ulanmaklyk teklip edilýär, maksada laýyk bolanda bolsa, şol asgyçlar yşyklandyryjylaryň oturdylýan bölümlerinde göz öňünde tutulmalydyr. 181. Agramy 100 kg çenli bolan yşyklandyryjylary asmak üçin niýetlenen abzala yşyklandyryjynyň agramynyň bäş essesine deň bolan ýük goýulanda ol şol ýüki, 100 kg we ondan köp ýük goýulanda bolsa, yşyklandyryjynyň agramynyň iki essesine deň we ýene goşmaça 80 kg ýüki zeper ýetmezden we formasyny üýtgetmezden uzak wagtlap saklap bilmelidir. 182. Sandyramalara sezewar bolýan enjamlaryň üstünde, ýük göterijilerde-de oturdylan yşyklandyryjylaryň berkidilýän ýerleriniň sandyramany peseldiji şaýlary bolmalydyr. 183. Partlama howpy bolan jaýlarda hemişelik oturdylan yşyklandyryjylaryň hemmesi berk berkidilen bolmalydyr. 184. Ýerli ýagtylandyryşyň yşyklandyryjylary berk berkidilen bolmalydyr ýa-da olar başga ýere geçirilende, öňki durkuny saklar ýaly edilip berkidilmelidir. §7. Yşyklandyryjylary ýagtylyk berijiligi, tehniki häsiýetnamalary boýunça saýlap almak 185. Yşyklandyryjylaryň tehniki we ilkinji nobatda hem olaryň ýagtylyk berijilik häsiýetnamalary iň ýokary tygşytlylyk mümkinçiligini üpjün etmek we ýagtylandyryşyň ýokary hilinde ýagtylygyň çäklendirilen ähmiýetini döretmek zerurlygy nazara alnyp saýlanyp alynmalydyr. Yşyklandyryjylar saýlanyp alnanda, olaryň TDS 1157-2018 getirilýän ýagtylyk berijiligi we tehnologik toparlylygy, olara degişlilikde soňra görkezilýän ýagtylygyň güýjüniň egrisiniň görnüşleri we ýagtylyk paýlaýyş toparlary gollanylmalydyr. 186. Has jogapkärli ýagdaýlarda, şeýle hem bir kysymly çözgüt işlenip taýýarlananda, yşyklandyryjylary saýlap almaklyk tehniki-ykdysady deňeşdirmelere esaslanmalydyr. 187. Kese üst ýüzler umumy birugurly ýagtylandyrylanda hasaplanan belentlik h we E çäklendirilen ýagtylandyryş näçe ýokary boldugyça, şonça-da has köp ýagtylyk berler ýaly edilip saýlanyp alynmalydyr. Şu ölçegleriň iň ýokary ähmiýetinde, ýagtylyk güýjüniň K ýa-da Г görnüşli egrisini, orta ähmiýetinde - Г egrisi, kiçi ähmiýetinde Д - egrisi saýlanyp alynmalydyr. Eger-de, şunda keseleýin we dikleýin ýagtylandyryşlaryň arasyndaky gatnaşygy ýokarlandyrmaklyk talap edilýän bolsa, onda K egrisini Г egrisi bilen, Г egrisini bolsa Д egrisi bilen, ençeme ýagdaýlarda bolsa soňkulary Л egrisi bilen çalşyrmalydyr. Ýagtylyk güýjüniň M egrilerini eger-de, belentlikdäki kese üst ýüzleri yşyklandyrmaklyk ýa-da yşyklandyryjylaryň mümkin boldugyça, aralarynyň daşlygyny uzaltmaklyk zerur bolanda (ýerasty uzyn ötükleri ýa-da geçelgeleri ýagtylandyrmaly bolsa) adatça, h we E kiçi ähmiýetinde saýlap almalydyr. Bellik. Yşyklandyryjylar deňeşdirilende, kuwwatlygy sarp etmek babatynda has tygşytlysynyň ýagtylyk akymynyň ulanyş koeffisiýentiniň bu şertlerde iň ýokary ähmiýetli ulanylmagy mümkin bolan çyranyň ýagtylyk berijilik netijesiniň jeminiň uly ähmiýeti bolan yşyklandyryjydygy nazarda tutulmalydyr. 188. Yşyklandyryjylaryň hataryndan bir tarapda ýerleşdirilen dikleýin üst ýüzler ýagtylandyrylanda, bir tarapa ýagtylyk berýän yşyklandyryjylar saýlanyp alynmalydyr ýa-da Г ýa-da Д egrili ýapgyt ýagdaýdaky yşyklandyryjylar oturdylmalydyr. Dikleýin üst ýüzleriň iki hatarynyň arasynda yşyklandyryjylaryň hatary ýerleşdirilende adatça, M ýa-da Л görnüşli egrileri saýlanyp alynmalydyr. 189. Ýalpyldaýan üst ýüzleri tapawutlandyrmak bilen baglanyşykly işler geçirilýän jaýlarda we eger-de, ýalpyldynyň serpikme howpuny yşyklandyryjylary ýerleşdirmekligi saýlap almak bilen aradan aýryp bolmaýan bolsa adatça, seçelendirijili yşyklandyryjylar, beýikligi uly bolmadyk jaýlarda bolsa ýagtylyk güýjüniň egrisi Л görnüşli bolan yşyklandyryjylar ulanylmalydyr. 190. Yşyklandyryjylaryň gorag burçlary, şeýle hem seçelendirijileriň ýa-da tutulyk gözenekleriniň hemmesi we kysymy emeli yşyklandyryşyň göz gamaşdyryş ýa-da amatsyzlyk görkezijileriniň ähmiýetini taslamak boýunça TGK 2.01.06-2022 düzgünlerinde kesgitlenenleri üpjün etmek zerurlygy nazarda tutulyp saýlanyp alynmalydyr. 191. Önümçilik jaýlary ýagtylandyrylanda, esasan «Ý» kysymly ýagtylyk beriji yşyklandyryjylar, ýüzi yşygy oňat serpikdirýän germewli (örtükli we diwarly) jaýlarda, eger-de, bu tehniki taýdan mümkin bolsa we oturdylan kuwwatlygy düýpli güýçlendirmek bilen bagly bolmasa, H (aglaba göni şöhle) topardaky yşyklandyryjylar ulanylmalydyr. Dolandyryş-edara ediş we barlaghana jaýlary üçin adatça, N topardaky ýagtylyk beriji yşyklandyryjylar ulanylýar. Ýagtylyk bermek boýunça beýleki topardaky yşyklandyryjylar ýagtylandyryşyň hiline ýokary ýa-da ýörite talap bildirilende (kölegeleri azaltmak, göni serpikýän ýalpyldyny azaltmak, giňişlikdäki üst ýüzlere gönükdirilen dürli görnüşli ýagtylandyryş we ş.m.) ulanylmalydyr. 192. Jaýlaryň içinde prožektorlary ulanmaklyk adatça, gadagan edilýär we aýry - aýry üstleriň ýagtylandyrylyşyny güýçlendirmek üçin hem-de olaryň ýagtylyk berýän bölümleri işleýänleriň kadaly iş ýagdaýlarynda ýa-da jaýlarda ýöränlerinde, keseligine 60o çäklerinde olaryň gözlerine düşmez ýaly, aýratyn ýagdaýlarda ulanmaga ýol berilýär. 193. Önümçilik, dolandyryş-edara ediş we synaghana jaýlarynda adatça, binagärlik-çeperçilik ýagtylandyryşyň ýagtylyk karnizlerini, zolaklaryny, gümmezlerini, lýustralaryny ulanmaklyga ýol berilmeýär. Ýagtylyga we ýagtylandyryşyň hiline aýratyn ýokary talap bildirilende, jaýlarda yşykly potoloklaryň, şeýle hem serpigen yşyklary seçelendiriji örtük ýa-da tuty gözenek bilen örtülen enjamlaryň ulanylmagyna ýol berilýär. 194. Haçan-da, tehniki enjamlar ýerli ýagtylandyryşyň yşyklandyryjylary bilen jemlenmän iberilýän ýagdaýlarda, ýerli ýagtylandyryş üçin yşyklandyryş - tehniki taslamalarda kabul edilen ýagtylyk çeşmeleriniň (şu Kadalaryň bir ýüz elli sekizinji bölegine seret) degişli kysymlary saýlanyp alynmalydyr we nazarda tutulmalydyr, şunda lýuminessent çyraly yşyklandyryjylar gatyşykly serpikdirijilik häsiýetine eýe bolan üst ýüzleri yşyklandyrmak üçin ýa-da şeýle serpikdirijilik häsiýete eýe bolan önümleriň (kalka kagyzy) beýleki tarapyndan görülýän iş ýerleri (obýektler) üçin seçelendirijili yşyklandyryjylar ulanylmalydyr. §8. Yşyklandyryjylary olaryň gurnawçylyk ýerine ýetirilişi boýunça saýlap almak 195. Yşyklandyryjylaryň ýerine ýetirilen konstruktiw gurluşlary işledilende we hyzmat edilende, olaryň ýangyn howpsuzlygyny we elektrik tok urma howpsuzlygyny, ygtybarlylyklaryny, uzak işlemeklerini hem-de gurşawyň şertlerinde häsiýetleriniň durnuklylygyny, şeýle hem hyzmat etmegiň howpsuzlygyny üpjün etmelidir. Yşyklandyryjylar saýlanyp alnanda, olary daşky gurşawyň täsirinden goramagyň derejesi TDS 1157-2018 we «Türkmenstandartlary» Baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary bilen tassyklanan we 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girizilen TDS-14254-96 belgili (mundan beýlak - TDS-14254-96) «Örtükler bilen üpjün edilýän, gorag derejesi (kod IP)» boýunça kabul edilmelidir, dürli howa şertli etraplar üçin yşyklandyryjylar saýlanyp alnanda bolsa «Türkmenstandartlary» Baş döwlet inspeksiýasynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary bilen tassyklanan we 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen TDS-15150-69 belgili «Maşynlar, abzallar we beýleki tehniki önümler. Dürli howa şertli etraplar üçin ýerine ýetirmek. Daşky gurşawyň howa täsiri babatynda toparlary, ulanmagyň, saklamagyň we ulaglar bilen daşamagyň şertleri» atly döwletara standarty gollanylmalydyr. 196. Ýangyn ýa-da partlama howpy bolmadyk jaýlar üçin yşyklandyryjylar saýlanyp alnanda, TDS-14254-96 bellenen gorag derejesi şol gurşawyň şertlerinde yşyklandyryjylaryň ulanyş häsiýetlerini dolulygyna kesgitlemeýändigi nazarda tutulmalydyr. Öz nobatynda soňkular toparlara baha berilmegine gabat gelmeýän hususy häsiýetlere eýedirler. 197. Aýratyn çygly jaýlarda, şeýle hem jaýlaryň daşynda oturdylanda adatça, gorag derejesi 1R53 (artykmaçlysy 1R54) yşyklandyryjylar, himiki aktiw gurşawly jaýlarda bolsa - 1R54 pes bolmadyk ýa-da 5'4 yşyklandyryjylar ulanylmalydyr. Jebisleşdirilen ýa-da aýry-aýry birikdirilen geçirijiler, suw dökülmek mümkinçiligi bolanda, gapdaldan birikdirilen geçirijiler maksada laýykdyr. Tozanlar basyşly suw bilen aýrylanda, gorag derejesi 1R55 ýa-da 5'5 pes bolmaly däldir, özi hem şeýle yşyklandyryjylar bolmadyk ýagdaýynda, diňe gorag derejesi 5’Х-den pes bolmadyk lýuminessent çyralary ulanylmalydyr. 198. Gyzgyn jaýlarda islendik gorag derejeli yşyklandyryjylary ulanmaklyga ýol berilýär, ýöne mümkin boldugyça, depeleri utgaşdyrylan aýna yşyklandyryjylary ulanmakdan gaça durmalydyr. Lýuminessent çyraly yşyklandyryjylarda amalgamma (simap splawly) çyralary ulanylmalydyr. 199. Tozanly jaýlar üçin yşyklandyryjylaryň gorag derejeleri tozanlylygyň derejesine we häsiýetine baglylykda saýlanyp alynmalydyr. Gorag derejesi 1R6Х ýa-da 1R5Х yşyklandyryjylary ulanmaklyk ileri tutulýar, yşyklandyryjylara hyzmat etmekligi ýeňilleşdirmek zerur bolan ýagdaýlarda bolsa, gorag derejesi 6'Х we 5'Х bolan hem-de tozan geçirmeýän-de bolsa (kadadan çykma ýagdaýynda) - gorag derejesi 1R2Х bolan yşyklandyryjylary ulanmaklyga ýol berilýär. Gorag derejesi 2’Х bolan yşyklandyryjylary ulanmaklyk teklip edilmeýär. 200. Yşyklandyryjylaryň gorag derejelerine bagly bolmazdan, agyr şertli gurşawy bolan jaýlar üçin yşyklandyryjylar saýlanyp alnanda, (has ileri tutulýandan başlap, az ileri tutulýana çenli tertipde) şu aşakdaky yşyklandyryjylar ileri hasap edilýär: 1) tozanlanmaga sezawar bolma derejesi boýunça: a) yşyklandyryja barylýan deşigi ýapýan we jebis ýapylýan ýasy ýa-da güberçek aýnaly yşyklandyryjylar; b) yşyklandyryjynyň daşy bilen birikdirilen aýna gapakly we jebisleşdiriji bilen üpjün edilen, serpikdirijisiz yşyklandyryjylar; ç) «b» kiçi bentde görkezilen ýaly, ýöne serpikdirijisiz yşyklandyryjylar; d) tebigy şemallap duran açyk yşyklandyryjylar; e) tebigy şemallamaýan açyk yşyklandyryjylar; 2) köp gezek arassalanmadan soň ýagtylyk beriş-tehnologik häsiýetlerini dikeldiş derejesi boýunça: a) silikat syrçasy, silikat aýnasy, ýüz görülýän aýna ulanylyp taýýarlanan yşyklandyryjylar; b) «a» bendindäki ýaly, ýöne alzakirlenen alýuminden ýa-da yşygy himiki ýagtylandyrylan, alýuminleşdirilen polatdan, organiki aýnadan yşyklandyryjylar; 3) himiki täsirlere durnuklylyk derejesi boýunça: a) farfor, silikat aýnasy, plastmassa ulanylyp taýýarlanan yşyklandyryjylar; b) ýüzi silikat syrçasy, organiki aýna bilen örtülen yşyklandyryjylar; ç) alýumin ulanylyp taýýarlanan yşyklandyryjylar; d) «ç» kiçi bentde görkezilen ýaly, ýöne polatdan we çoýundan taýýarlanan yşyklandyryjylar. 201. Tozanly we himiki aktiwli gurşawly jaýlarda degişli gorag derejeli yşyklandyryjylar bilen bir hatarda, indiki çyra yşyklandyryjylary giňden ulanmaklyk teklip edilýär. Diffuzly we ýüz görülýän aýna pisintli gyzýan çyralar, şeýle hem dugaly simaply reflektor çyrasy (DSÇR) we Ak yşykly reflektor lýuminissent çyralary (LAR) çyralary. Görkezilen çyralar şol gurşaw üçin ýaramly bolan açyk armaturalarda oturdylmalydyr, 5'3 ýa-da 6'3 gorag derejeleri bolan çyralary armaturalarda oturtmaklyk ileri tutulmalydyr. 202. Ýangyn we partlama howpy bolan jaýlary ýagtylandyrmak üçin hemişelik oturdylýan yşyklandyryjylary saýlap almaklyk 2-nji tablisa laýyklykda we jaýlarda gurşaw şertleriniň häsiýetleri nazarda tutulyp ýerine ýetirilmelidir. 2-nji tablisa Jaýlar Ýagtylyk çeşmeleri - çyralar gyzýan DSÇ, DSMÇ we natrili² lýuminessent Ýangynhowplyzolaklar (Ý) Önümçilik we ammar jaýlary üçin synplar: Ý-I, Ý-II IR5Х IR5Х IR5Х; 5 ' Х Ý-IIa, şeýle hem galyndylary ýerli aşakdan soryjyly, umumy şemalla-dyjyly Ý-II 2'Х³ IP2Х⁴ IP2Х⁵ Ammarlar üçin gymmat materially, ýanyjy ýa-da ýanyjy gaplardaky Ý-IIa synpdakylar 2'Х³ IP2Х⁴ IP2Х ⁵,⁶ II - III synpdaky daşarda oturdylýan gurnamalar 2'3³ IP23⁴ IP23⁵ Partlama howply zolaklar (P) synpdakylar: P-I Türkmenistanda hereket edýän belenilen tertipde tasyklanan «Partlamadan goragly enjamlary taýýarlamagyň düzgünleri» (mundan beýläk - PGETD), TDS 1157-2018 we TDS-14254-96 boýunça ýerine ýetirilen yşyklandyryjylar¹ Partlama täsiri ýetmeýänler üçin degişli toparlary we partlama howply garyndylaryň derejeleri P-Ia; P-II Partlaýjy howply garyndylaryň degişli toparlary we derejeleri üçin islendik partlama garşy P-Ib; P-IIa IR6Х Daşarda oturdylýan P-Iг Degişli toparlar we partlaýjy garyndylaryň derejeleri üçin islendik partlama garşy 1. Suwdan goramak derejesi Х harpy bilen bellenilen ýagdaýlarda, ol gurşawyň şertleri boýunça kesgitlenýär. 2. Aýratyn oturdylýan goýberiji-sazlaýjy apparatlaryň (mundan beýläk - GSA) gorag derejeleri TDS-14254-96 boýunça ýangyn howply jaýlaryň we enjamlaryň hemmesi üçin IR44 gorag derejelerinden pes bolmaly däldir. 3. Silikat aýnasyndan bütinleýin gapagy bolanda. 4. Çyralaryň gaçmagyna päsgel berýän metaldan gözenegi ýa-da gaýry şaýlary bolanda. 5. Ýanmaýan örtükli ýa-da polat turbadaky geçirijili yşyklandyryjylara birikdirme işleri geçirilende. 6. Ýanmaýan önümden taýýarlanan serpikdirijili ýa-da seçelendirijili yşyklandyryjylar ulanylanda gadagan edilýär. Partlama howpy bolan jaýlar üçin EGK-nyň I bölüminiň we PGETD-niň talaplary berjaý edilen şertlerde hem ýagtylandyrmaklygyň aşakdaky usullaryna ýol berilýär: 1) howply gurşawyň çäginden uzaga we aýnalanan penjireleriň aňyrsyna, şeýle hem diwarlaryň ýa-da potoloklaryň düýplerine we deşiklerine çykarylan yşyklandyryjylary; 2) şemalladylýan yşyklandyryjylary ýa-da şemalladylýan gutularda oturdylýan yşyklandyryjylary; 3) yşlardaky yşyklandyryjylary-ýagtylyk geçirijileri ulanmak bilen. Ýangyn ýa-da partlama howpy bolan jaýlarda ulanylýan göterme yşyklandyryjylar aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir: 1) hemme topardaky ýangyn howpy bolan jaýlarda - IR54 gorag derejesi bolmalydyr, özi hem adatça, aýna yşyklandyryjylar metal tor bilen goralan bolmalydyr; 2) P-1b-dan beýleki topardaky partlama howpy bolan jaýlarda partlamanyň täsiri ýetmeýän görnüşde ýa-da ýörite ýerine ýetirilen bolmaly, özi hem adatça, yşyklandyryjylar metal torlary bilen üpjün edilen bolmalydyr; 3) P-1b topardaky partlama howpy bolan jaýlarda partlama howply garyndylaryň degişli toparlary üçin islendik partlamadan goragly bolmalydyr. 203. Kuwwatlylyk koeffisiýentini ýokarlandyrmak üçin kondensatorlar bilen üpjün edilmedik lýuminessent çyralary üçin yşyklandyryjylary ulanmaklyk gadagan edilýär. 204. 42 W-den ýokary güýjenme tok bilen üpjün edilen yşyklandyryjylaryň azyndan 2,5 metr belentlikde oturdylan (olaryň aşaky nokadyna çenli) lýuminessent çyralaryndan beýleki, yşygyň islendik çeşmesi bilen ýagtylandyrylýan ýokary howply we has ýokary howply jaýlarda çyralaryna we elektrik tokly bölümlerine diňe gurallaryň (otwertka, nurbat we ýörite ýasalan açarlar, atagzy) kömegi bilen baryp bolýan yşyklandyryjylar ulanylmalydyr. Kadadan çykma ýagdaýynda ulanylýanlar şu Kadalaryň iki ýüz on ýedinji böleginde görkezilýär. 205. Sepleme ýa-da asma potolokly jaýlarda deň binýatda potolok ýa-da asma üçem yşyklandyryjylaryň ulanylmagyna ýol berilýär, ýöne potologyň ýokarysynda geçelge jaýlar (tehniki gatlar) bolanda we şondan yşyklandyryjylaryň oturdylan ýerlerine baryp bolýan bolsa, ýokarda görkezilen hyzmat edilýän üçem yşyklandyryjylaryň ulanylmagy ileri tutulmalydyr. 206. Tehniki-ykdysady taýdan maksada laýyk bolanda, sepleme ýa-da asma potolokly jaýlarda akgynly ýa-da çekýän şemalladyş enjamlar bilen utgaşdyrylan üçem yşyklandyryjylar ulanylmalydyr. 207. Ulanmaga degişli yşyklandyryjylaryň hataryndan adatça, hyzmat etmek üçin amatlysy, ýagny yşyklandyryjylaryň çyralaryna barmak üçin haýsy hem bolsa bir köp zähmeti talap edýän işleri (mysal üçin, nurbaty ýa-da burmany açmak) geçirmekligi talap etmeýän şu Kadalaryň bir ýüz togsan dokuzynjy böleginiň talaplaryna çapraz gelmeýän çyralar saýlanyp alynmalydyr. 208. Aýratyn topardaky jaýlar üçin yşyklandyryjylar saýlanyp alnanda, pudaklaýyn ýa-da kärhana resminamalaryň özlerine mahsus bolan talaplar nazarda tutulmalydyr, mysal üçin, elektron senagatynyň sehlerinde howa arassaçylygyny üpjün etmek, nahar taýýarlanýan we azyk önümleri saklanýan jaýlarda çyralaryň gaçmak mümkinçiligini aradan aýyrmak. §9. Yşyklandyryş hasaplamasy 209. Yşyklandyryjylaryň sanyny we ýerleşdirilmeli ýerlerini saýlap almaklyk ýagtyldylýan jaýlar üçin görnüşli çözgütleriň esaslarynda we şeýle resminamalar bolmadyk ýagdaýynda, yşyklandyryş-tehniki hasaplamalaryň esaslarynda geçirilmelidir. 210. Yşyklandyryjylaryň sany we ýerleşdirilmeli ýerleri adatça, şu Kadalaryň bir ýüz altmyş üçünji we bir ýüz segsen dördünji bölekleriniň talaplaryna laýyklykda yşyklandyryşyň-tehniki hasaplamalar taýýarlanmazyndan öň anyklanmalydyr, yşyklandyryş-tehniki hasaplamalar bilen çyralaryň kuwwatlylygy kesgitlenmelidir. Lýuminessent yşyklandyryjylarynyň hasaplamalarynda we hasaplamalara çenli yşyklandyryjylaryň hatarlarynyň ýerleşişi, hatarlaryň sany bellenilýär, hasaplamalaryň dowamynda bolsa, hatarlaryň düzülişi anyklanýar, ýagny her hataryň yşyklandyryjylarynyň sany, ýerleşişi we kuwwatlylygy kesgitlenýär. Ähli ýagdaýlarda, yşyklandyryjylaryň ýa-da şahalaryň öňünden bellenen sanlary we ýerleşişleri ýagtyltmagyň hasaplamalarynyň ýa-da ýagtylygyň häsiýetiniň hiliniň barlagy netijesinde düzedilip bilner. 211. Çyranyň kuwwatyny we her hatardaky lampalaryň sanyny saýlanyňyzda, yşyklandyryş hasaplamasynyň netijelerine esaslanyp, yşyklandyryş bahalarynyň hasaplamak bilen talap edilýän bahalardan sowulmagyna, adatça, çäklerde, minus 10% - plýus 20% kadalara çenli rugsat berilýär. Göz gamaşdyryjylyk we amatsyzlyk görkezijileri, şeýle hem pulsirleme koeffisiýenti hasaplananda, ýagtylygyň hiliniň çäklendirilýän ähmiýetinden +10% çenli çäklerde ýaramazlaşdyrmaga üýtgemeleri kabul etmäge ýol berilýär, hilini gowulandyrmaga üýtgemeler bolsa çäklendirilmeýär. 212. Ýagtylyk derejesiniň hasaplamalary serpigenlerini hasaba almak bilen umumy ýagtylyk derejesine ýakynlaşdyrylan hasaplamalar bilen takyklaýyn usul ýa-da ulanmak koeffisiýent usuly boýunça amala aşyrylmalydyr. Umumy çäklendirilen ýagtylygy, gytaklaýyn we dikleýin üst ýüzleriň ýagtylygyny, ýerli we heläkçilik yşyklandyryşyny hasaplamak üçin takyklaýyn usul hökmandyr. Has jogapkärli ýagdaýlarda, umumy birugurly ýagtylygy hasaplamak üçin hem şu usuly ulanmaklyk teklip edilýär, mysal üçin, uly sehiň ýagtylygy hasaplananda, şeýle hem görnüşli çözgütler işlenip taýýarlananda şu usuly ulanmaklyk teklip edilýär. Galan ýagdaýlarda adatça, ulanyş koeffisiýentiniň usulynyň takyklygyň zerur derejesini üpjün edýän ýeňilleşdirilen görnüşini giňden ulanmak bilen, şu usulda hasaplamalar amala aşyrylmalydyr. 213. Ýagtyldyşy hasaplamak üçin aşakdaky hasaplama-kömekçi görkezijileri we grafikleri ulanmaklyk teklip edilýär: 1) nokatlaýyn togalak simmetrik şöhlelendirijiler diýlip hasap edilýän yşyklandyryjylardan nokatlaýyn usul boýunça hasaplama şertleýin keseligine ýagtyldyşyň giňişlik izolýuksi bilen; 2) togalak simmetrik däl şöhlelendirijilerden nokatlaýyn usul boýunça hasaplama - şertleýin tekizlikdäki ýagtyldyşa bagly izolýukslar bilen (şertleýin izolýukslar); 3) lýuminessent çyraly yşyklandyryjylaryň hatarlaryndan nokatlaýyn usul boýunça hasaplama ugurlaýyn izolýukslar bilen; 4) ulanyş koeffisiýent usuly boýunça hasaplama ulanyş koeffisiýentiniň görkezijisi, udel kuwwatlylygynyň görkezijileri, dolandyryş-edara ediş jaýlarynda ulanylýan yşyklandyryjylar üçin bolsa, yşyklandyryjylaryň sanyny gös-göni kesgitlemek üçin grafikler bilen. Hasaplamalaryň ýeňilleşdirilen dürli görnüşleri, hususan-da şu bölegiň 4-nji bendinde görkezilenler, diňe çözülýän meseläniň şertleri olar üçin düzülen görkezijiniň ýa-da grafikleriň maglumatlary bilen gabat gelende ulanylyp bilner. 214. Hasaplaýyş görkezijileri ýa-da grafikleri bolmadyk yşyklandyryjylardan ýagtylygy hasaplamaklyk aşakdaky ýaly amala aşyrylýar: 1) nokatlaýyn togalak simmetrik şöhlelendirijiler diýlip hasap edilýän yşyklandyryjylardan nokatlaýyn hasaplama usuly boýunça hemme ugur boýunça yşygyň çeşmesiniň güýji 100 kd üçin şertleýin kese ýagtyldyşyň giňişlik izolýuksiniň kömegi bilen; 2) lýuminessent çyraly yşyklandyryjylaryň hatarlaryndan nokatlaýyn usul boýunça - hemme ugur boýunça yşygyň çeşmesiniň güýji 100 kd. üçin ugurlaýyn izolýuksiň kömegi bilen; 3) ulanyş koeffisiýent usuly boýunça - ýagtylygyň güýjüniň egrisiniň görnüşini häsiýetlendirýän m görkezijiniň dürli ähmiýeti üçin ulanyş koeffisiýent görkezijiniň kömegi bilen. 215. Ýagtylygyň hil häsiýetini kesgitlemeklik esasy ýerine ýetirijiler-işläp taýýarlaýjylar tarapyndan teklip edilen emeli ýagtylygy we hasaplamagyň inženerçilik usullaryny taslamak boýunça TGK 2.01.06-2022 kadalarynyň esaslarynda amala aşyrylmalydyr. §10. Güýjenme we iýmitlendirme çeşmeleri 216. Umumy ýagtylygy yşyklandyryjylaryna işletmek üçin zeminleme neýtrally üýtgeýän toguň 380/220 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmeli we üzňeleşdirilen neýtraly bolan üýtgeýän toguň we üýtgemeýän toguň 220 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmeli elektrik torlary ulanylmalydyr. Şu Kadalaryň iki ýüz on sekizinji böleginde görkezilenler gyşarma ýagdaýlara degişlidir. 217. Güýjenmesi 220 W yşyklandyryjylaryň gurluşyny we oturtmaly beýikligini çäklendirmezden, umumy ýagtylyk yşyklandyryjylary üçin aşakdaky ýagdaýlarda ulanmaga ýol berilýär: 1) ýokary howpy bolmadyk jaýlarda; 2) elektrik jaýlarynda; 3) hünärli işgärleriň barýan meýdançalaryndan, şeýle hem ýük göterijilerden hyzmat edilýän yşyklandyryjylar üçin (yşyklandyryjylara, elektrik peçlerine we ş.m. hyzmat etmek üçin köprüjikler we meýdançalar) şu Kadalaryň bir ýüz ýetmiş dördünji böleginiň talaplary berjaý edilende; 4) liftli şahtalaryndaky yşyklandyryjylar üçin. Ýokary howply we örän howply jaýlarda lýuminessent çyraly yşyklandyryjylar üçin ulanmaga, beýleki ýagtylyk çeşmesi bolan yşyklandyryjylar üçin bolsa, olar poldan azyndan 2,5 metr belentlikde oturdylanda ýol berilýär. Kabel tunelleri üçin şu Kadalaryň iki ýüz on ýedinji böleginiň 2-nji bendiniň talaplaryndan başga ýagdaýlarda, 2,5 metrden pes belentlikde gyzýan çyraly yşyklandyryjylar oturdylanda, 42W-dan ýokary bolmadyk güýjenmäni ulanmaklyk teklip edilýär. 218. 380 W güýjenmäni azyndan 2,5 metr belentlikde oturdylýan yşyklandyryjylar üçin ulanmaklyga şu aşakdaky ýagdaýlarda ýol berilýär: 1) 380 W güýjenmä çykarylýan çyraly, mysal üçin, 2000 Wt kuwwatly DSÇ yşyklandyryjylara; 2) elektrik gurluşy 380 W güýjenmäniň ulanylmagyny talap edýän yşyklandyryjylara, mysal üçin, lýuminessent çyralary yzygiderli birikdirilýänli ýa-da goýberip-sazlaýjy apparat (mundan beýläk - GSA) köp faza gurluşly); 3) ulanyş şertleri boýunça çyralary birnäçe birikdirmelere bölünen köpçyraly yşyklandyryjylara. Şunda yşyklandyryjylara we GSA barýan 660W pes bolmadyk güýjenmeli geçirijiler, örtükli mis geçirijilerden ýerine ýetirilmelidir, ýokary howply we örän howply jaýlarda yşyklandyryjylara eltilýän hemme faza geçirijileri bir wagtda öçürilmelidir, yşyklandyryjylaryň daşynda bolsa, oňat görünýän «380 W» diýen belgi ýazylmalydyr. Şu Kadalaryň iki ýüz on sekizinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýlarda, neýtraly zeminlenen aralyk geçirijili faza güýjenmesi 660/380 W ulgamy yşyklandyryjylara birikdirmeklige ýol berilýär. Görkezilen ulgamyň iki ýa-da üç fazaly geçirijilerini yşyklandyryjylara birikdirmeklik gadagandyr. 219. Ýokary howply we aýratyn howply jaýlarda poldan 2,5 metre çenli belentlikde oturdylanda, şu Kadalaryň iki ýüz on sekizinji böleginde görkezilenlerden başga, şeýle hem lýuminessent çyralaryndan başga şu Kadalaryň iki ýüz dördünji böleginiň talaplaryna laýyk gelýän çyralar ulanylmalydyr ýa-da 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenme ulanylmalydyr. Örän howply jaýlarda (örän çygly, hyryn-dykyn jaýlarda) poldan 1,8 metre çenli belentlikde yşyklandyryjylar oturdylanda, yşyklandyryjylaryň gurnawyna garamazdan, 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenme ulanylmalydyr. 220. Ýokary howpy bolmadyk jaýlarda gyzýan çyraly hemişelik oturdylan ýerli ýagtylyk yşyklandyryjylaryny işletmek üçin 220 W ýokary bolmadyk güýjenme, galan ýagdaýlarda bolsa, şol sanda elektrik şitlerini, şkaflaryny, kameralaryny, şeýle hem beýleki enjamlaryny ýagtylandyrmak üçin - 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenme ulanylmalydyr. 220 W-dan çenli güýjenmeli lýuminessent çyraly yşyklandyryjylary çygly, örän çygly, gyzgyn we himiki aktiw gurşawy bolan jaýlardan beýleki hemme jaýlarda ulanmaklyga ýol berilýär. Şu ugurda ulanmak üçin ýörite niýetlenen we bellik edilen yşyklandyryjylar üçin 220 W güýjenme, kadadan çykma ýadaýynda, aşakdakylarda ulanmaklyga ýol berilýär: 1) ýokary howply (ýöne örän howply däl) jaýlarda oturdylýan gyzýan çyralarda ýa-da elektrik kuwwatlygynyň özbaşdak çeşmesinden elektrik tok alýan heläkçilikli yşyklandyryşyň aýrylmaz bölegi bolan çyralarda; 2) çygly, örän çygly, gyzgyn we himiki aktiw gurşawly jaýlarda oturdylýan lýuminessent çyralarynda. 221. Elde göterilýän yşyklandyryjylara elektrik tok bermekligi ýokary howply bolmadyk jaýlarda 220 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmeli, ýokary we örän howply jaýlarda bolsa, 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmeli ulgamlardan göz öňünde tutmaklyga ýol berilýär. Amatsyz şertlerde, hususan-da darlyk, amatsyz ýagdaýlar, uly göwrümli zeminleme üstleri bilen galtaşylmagy sebäpli işgärleri elektrik tok urmak töwekgelçiligi çylşyrymlaşýan ýagdaýlarda, elde göterilýän yşyklandyryjylara güýjenmesi 12 W-dan ýokary bolmadyk ulgamdan elektrik tok bermeklik göz öňünde tutulmalydyr. Asmak, stolda goýmak we ş.m. üçin niýetlenen göterme yşyklandyryjylara güýjenme saýlanyp alnanda, olar ýerli ýagtylandyryşyň yşyklandyryjylaryna deňleşdirilýär, göçme direglerde pesinden 2,5 metr belentlikde oturdylan yşyklandyryjylar bolsa, umumy ýagtylyk yşyklandyryjylaryna deňleşdirilýär. Göterme yşyklandyryjylara elektrik tok bermek üçin 36 W güýjenmeli ulgamlar, hususan-da indiki desgalar üçin kabul edilmelidir metal we agaç işläp bejerýän sehleriň elektrik jaýlary, dokma senagatynyň sehleri, polat guýujy sehler, garažlar, şemalladyjy kameralar, önümleri sowuk ýagdaýynda ulagly daşamak üçin ýerasty ötükler we geçelgeler üçin ulanylmalydyr. 12 W güýjenmeli ulgamlar gyzdyryjy gazanlarda, polat erediji sehlerde, suw geçiriji ýerasty geçitlerde, gyzgyn önümleri ulagly daşamak, bunkerleriň we beýleki önümçilik gaplarynyň we ş.m. içinde, ýerasty geçelgelerde we ötüklerde işlemek üçin kabul edilmelidir. 222. 36 W güýjenme ulanylmaga ygtyýar berlen ýagdaýlarda, enjamlary bilen jemlenip iberilýän ýerli ýagtylygyň hususy transformatorlaryny elektrik tok bilen üpjün etmek üçin zerur bolan ýagdaýlardan beýleki halatlarda, pes güýjenmeler ulanylmaly däldir. Şeýle hem, bir jaýyň çäginde göterme ýagtylyk ulgamy üçin iki sany dürli güýjenmäni ulanmaklygy göz öňünde tutmaklyk teklip edilmeýär. Eger-de, käbir ýere göterme ýagtylandyryş üçin 12W güýjenme talap edilýän bolsa, onda 12W elde göterilýän yşyklandyryjylary 36/12 W transformatorlar arkaly 36 W ulgama birikdirmeklik teklip edilýär. 223. Ýagtylyk ulgamynda güýjenmäniň ýitgileri hasaplananda, EGK-nyň I bölüminiň talaplary gollanylmalydyr, şunda: 1) has uzakdaky içerki iş üçin ýagtylyk çyrasynyň (razrýadly çyralar üçin - GSA-nyň) güýjenmesiniň peselmesi çyralaryň nominal güýjenmeleriniň 2,5%, heläkçilik yşyklandyryşynyň şular ýaly çyralarynyňky bolsa 5%-den köp bolmaly däldir; 2) çyralaryň iň ýokary güýjenmeleri adatça, çyralaryň nominal güýjenmesiniň 105% -den köp bolmaly däldir; 3) 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmeli ulgamda pes güýjenmeleriň çykýan ýerlerinden hasaplap, güýjenmäniň 10% çenli ýitgisine ýol berilýär. Eger-de, heläkçilik ýagdaýyň yşyklandyryjylary, kadaly düzgünde çäklendirilen ýagtylygy döretmäge gatnaşýan bolsa, onda ulgamyň hasaplamasynda, olar iş üçin ýagtylyk yşyklandyryjylary hökmünde nazara alynmalydyr. Iýmitlendiriji tok çeşmesinden ýa-da güýç agramly umumy ulgam bilen elektrik tok berilýän ýerden uzaklykdaky kömekçi häsiýetli uly bolmadyk jaýlar üçin, kadadan çykma ýagdaýynda, iş üçin ýagtylyk çyralarynyň güýjenmesiniň 5% çenli peselmegine ýol berilýär, özi hem ýagtyldyş hasaplananda, peselen güýjenmä laýyk gelýän çyralaryň ýagtylyk akymy nazarda tutulmalydyr. Ulgamdaky güýjenmäniň hasaplama ýitgisi, güýjenmäniň görkezilen peselmesinden ugur alnyp we adatça, transformatoryň ýokary güýjenmeli tarapyndaky nominal güýjenmeden hem-de beýleki tarapyndaky güýjenmäniň ýitgileri nazara alnyp kesgitlenmelidir. 224. Haçan-da, şu Kadalaryň iki ýüz ýigrimi üçünji böleginiň talaplary berjaý edilen aýratyn ýagdaýlar kabul edip bolmajak çözgütlere getirende, aşakdakylara ýol berilýär: 1) ýörite tehniki-ykdysady esaslandyrmalar bolanda we gyzýan çyraly enjamlarda güýjenmäniň üpjün edilýän uly ýitgisini kabul etmäge, ýöne şeýle ýitgide ýagtyldyşyň ähmiýeti çäklendirilende; 2) ýagtyldyşyň ulgamynda wolt goşujy transformatorlary oturtmaga, şolar hökmünde, mysal üçin, 220/12 W transformatorlar ulanylyp bilner, olaryň ikinji sargylaryna takyklanan toguň çäklerinde agram berilýär. Şu ýagdaýda, ýagtyldyjy enjamyň toguny bozmazdan, görkezilen transformatorlaryň sargylarynyň ikisini hem ulgamdan öçürmek mümkinçiligi üpjün edilmelidir. 225. Razrýadly çyralaryň ygtybarly işini üpjün etmek üçin hat-da heläkçilik iş düzgüninde işlände hem, olardaky güýjenme 90%-den pes bolmaly däldir. 226. Haçan-da, iýmitlendiriji tok çeşmesiniň güýjenmesi ulgamda uzak wagtlap takyklanan derejesinden 105%-den geçýän ýagdaýda, aýratyn hem gyzýan çyrasy köp bolan enjamlarda, ýagtyldyş ulgamlarynda, esasan hem toparlaýyn şitlerde güýjenmäni çäklendirijileri oturtmaklyk teklip edilýär. 227. Iş üçin ýagtyldyş çyralarynda we olara deňleşdirilenlerde güýjenmäniň çalt üýtgeýän ýygylygynda 1%-den az üýtgände, şu Kadalaryň iki ýüz ýigrimi üçünji bölegine laýyklykda tehnologik bozulmanyň (heläkçilik) ýagtyldyş çyralary çäklendirilmeýär, uly üýtgemelerde bolsa, aşakdaky deňleme boýunça kesgitlenýän ähmiýetinden geçmeli däldir: bu ýerde: n - 1 saratda seýrek üýtgewiň sany; ΔV - güýjenmäniň % üýtgemek ululygyny aňladýar. Eger-de güýjenmäniň uly üýtgemegi hyzmat edilýän haýsy hem bolsa bir mehanizmiň elektrik hereketlendirijisi bilen bagly bolsa, görkezilen talaplar şol mehanizme hyzmat edýän ýerli ýagtyldyşyň çyralaryna degişli däldir. Aýratyn guramalaryň duýdansyz üýtgäp durýan häsiýetli ýükli üçin (polat erediji sehler) ýygylygy çäklendirilmezden güýjenmäniň 1,5% çenli üýtgemegine ýol berilýär. 228. Ýagtyldyş gurnamlary üçin adatça, neýtraly gönümel zeminlemede 380/220 W güýjenme kabul edilýär. Ýörite talaplary bolan gaýtadan enjamlaşdyrylýan desgalar we iýmitlendiriji tok çeşmelerine degişli desgalar üçin, kadadan çykma ýagdaýynda ýol berilýär. 229. Güýç kabul edijiler 380 W güýjenmede adatça, güýç we ýagtylandyryş transformatorlary utgaşdyrmaklyk göz öňünde tutulmalydyr. Kadadan çykma ýagdaýynda, aşakdakylara ýol berilýär: 1) yşyklandyryşa kuwwatly transformatorlardan iýmitlendiriji tok berlende, şu Kadalaryň iki ýüz ýigrimi ýedinji böleginiň talaplaryny berjaý etmek mümkin bolmadyk ýagdaýda; 2) haçan-da, yşyklandyryşa özbaşdak transformatordan iýmitlendiriji tok bermeklik ykdysady taýdan delillendirilen bolsa, ýagtyldyş nokatlarynyň güýji ýygjamlygynda. Şunda şu Kadalaryň iki ýüz ýigrimi dokuzynjy böleginiň 1-nji bendinde görkezilen ýagdaýlarda, güýjenmäniň uly üýtgemegine getirmeýän ýagtyldyş üçin umumy transformatoryň we güýç agramlyklaryň oturdylmagynyň maksada laýyklygyna seredilmelidir. 230. Tehnologik mehanizmleriň kesgitli jemlenen blogynda işleýän we şu mehanizmler abatlamak üçin saklananda, olary öçürýän transformatorlary ýagtyltmaga iýmitlendirijji tok bermek üçin ulanmaklyk teklip edilmeýär. Şeýle iýmitlendirijji tok bermeklik gutulgysyz bolanda, podstansiýa öçen ýagdaýynda, el bilen işledilýän iki sany ýakyndaky podstansiýalaryň şitlerini biri-birine birikdirmek arkaly yşyklandyryjylary iýmitlendiriji tok bilen üpjün etmeklik göz öňünde tutulmalydyr. 231. Güýç kabul edijiler 380 W geçýän güýjenmesinde, yşyklandyryşa iýmitlendiriji tok bermek üçin (eger şular üçin başga güýjenme saýlap almak hakynda ýörite talaplar bolmasa), 380/220 W ikinji güýjenmeli özbaşdak transformatorlar göz öňünde tutulmalydyr, özi hem şu 6-10 kW ulgamdan iýmitlendiriji tok berilýän transformatorlaryň arasyndan ýa-da kuwwatly transformatorlaryň arasyndan esaslandyrylyp saýlanyp alynmalydyr. Şu Kadalaryň iki ýüz on sekizinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen yşyklandyryjylar hem 660/380 W iki güýjenmesi bolan transformatorlardan gös-göni iýmitlendiriji tok bilen üpjün edilip bilner. §11. Iýmitlendiriji ulgam 232. Iş üçin ýagtylandyrmaga adatça, podstansiýalaryň şitlerinden gaýdýan özbaşdak ulgamlardan iýmitlenmelidir. Şeýle hem, şu Kadalaryň güýjenmäniň derejesine we hemişeligine bildirýän talaplary berjaý edilen «transformator-magistral» gurluşy bolanda güýç esasy ugurlardan ýagtyltmaga iýmitlenmeklige ýol berilýär. Güýç ulgamdan ýa-da güýç nokatdan ýagtylandyrmaga iýmitlenmeklige, şol talaplar ýerine ýetirilende, hususan-da uzakda ýerleşýän uly bolmadyk jaýlar üçin, esasan hem iýmitlendirijini beriji ulgam ýokardan geçirilende ýol berilýär. Hemme görnüşli yşyklandyryş ulgamlaryny güýç paýlaýjy ulgama birikdirmeklik, şeýle hem güýç ulgamlary we nokatlary tebigy yşyklandyryş bolmadyk binalaryň yşyklandyryş ulgamlaryna iýmitlendirijini bermeklik üçin ulanmaklyk gadagan edilýär. 233. Gös-göni podstansiýalardan iýmitlendirijini berilýän hemme ugurlara niýetlenen ýagtyldyş ulgamlarynyň podstansiýalaryň şitlerinde gorag we dolandyryş abzallary bolmalydyr. Podstansiýalaryň şitlerinde çäklendirilen sanda we kuwwatly fiderler bolanda, ýagtyldyş üçin goşmaça «fiderleri köpeldiji şitleri» oturtmaklyk teklip edilýär. Podstansiýalardan gaýdýan bir görnüşli ýagtyldyş ulgamlarynyň topary üçin umumy dolandyryş abzalyny ulanmaklyga ýol berilýär. 234. Ýagtylanmagy iýmitlendirijini beriji ulgamlaryň güýç ulgamlara ýa-da güýç paýlaýjy nokatlara birigýän ýerlerinde gorag we dolandyryş abzallary oturdylmalydyr. Eger-de bu ýerler hyzmat etmek üçin amatly bolmasa, onda görkezilen abzallar olardan 30 metre çenli uzaklykda oturdylyp bilner. Gös-göni güýç nokatlardan hyzmat edýän EKE-e iýmitlendiriji berlende, yşyklandyryş ulgamlary şu nokatlaryň girýän gysgyçlaryna birikdirilmelidir. 235. Jaýy ýagtyltmaga, jaýdan daşda ýerleşýän podstansiýadan, şol sanda howadan geçirilen ulgamlaryň şahalaryndan iýmitlendiriji berlende, olaryň jaýa girýän her bir ýerinde dolandyryş abzaly oturdylmalydyr. 236. Umumy esasy ugurdan dört we ondan-da köp girýän ýerinde köp sanly şiti bolan şit toplumyna iýmitlendiriji berlende, her bir şite dolandyryş abzalyny oturtmaklyk teklip edilýär. Tebigy ýagtylygy ýok jaýlara hyzmat edýän şitler üçin, üç we ondan-da köp şitlere umumy ulgamdan tok berlende, dolandyryş abzallaryny oturtmaklyk hökmandyr. Görkezilen dolandyryş abzallarynyň ýerine awtomatly şitler ulanylanda, kombinirlenen paýlaýjyly awtomatlary ulanmaklyk teklip edilýär. 237. Ýagtyldyş ulgamynyň iýmitlendirijisi üçin bähbitlisi hökmünde esasy ugry ulanmaklyk teklip edilýär, şunda köp gatly jaýlar üçin gatlaryň biri boýunça ulgamy keseleýin meýdançalara bölýän direg enjamlar ulgamyny ulanmaklyk teklip edilýär. Yşyklandyryş ulgamynyň ugruny mümkinçilige görä, yşyklandyryş ulgamlaryň ugry bilen utgaşdyrmaklyk teklip edilýär. 238. Köp ara boşlukly jaýlarda, oýlanyşykly çözgütleriň biri hökmünde, toparlaýyn şitleriň ýerine ara boşluklara keseligine şinogeçirijili esasy ugur geçirilýän gurluşy ulanmaklyk teklip edilýär, gorag we dolandyryş abzallarynyň üsti bilen soňka yşyklandyryjylaryň keseleýin hatarlarynyň şahalary birikdirilýär. Görkezilen şahalar adaty toparlar ýaly ýa-da paýlaýjy esasy ugurlar ýaly ýerine ýetirilip bilner. Eger-de, önümçiligiň häsiýeti boýunça ara boşluklaryň hemmesinde ýagtylygy öçürmeklik gerek bolmasa, onda görkezilen dolandyryş abzallar poluň belliginden aralykdan dolandyrylmalydyr. Görkezilen gurluşy ulanmak üçin kesgitleýji alamatlardan biri, hyzmat etmek üçin şahalarda oturdylýan abzallaryň elýeterli bolmagydyr (elektrotehniki köprüjikler arkaly). 239. Ýagtylandyryjy enjamlaryny ulanmaklygy ýeňilleşdirmek maksady bilen, iýmitlendiriji ulgamlar taslananda, ýagtylygy dolandyrmagy mümkin boldugyça, merkezleşdirmeklik göz öňünde tutulmalydyr, özi hem diňe ýagtylygy bir wagtda öçürilmeli we birmeňzeş tebigy ýagtylykly şertlerde bolan jaýlarda we olaryň bölümlerinde ýagtylygy bir wagtda dolandyrmaga ýol berilýär. Ýagtyldyş enjamlarynyň merkezden dolandyrylýan bölümlerinde olara hyzmat edilende hem käbir bölümleri öçürmek mümkinçiligi üçin toparlaýyn ýa-da ýerli dolandyryş abzallaryny oturtmaklyk göz öňünde tutulmalydyr. Birnäçe iýmitlendiriji çeşmeler ulanylanda ýa-da merkezden dolandyrylýan abzallar amatsyz ýerlerde ýerleşdirilen ýagdaýlarda, bu abzallaryň distansion dolandyryşy göz öňünde tutulmalydyr. 240. Şu maksatlar üçin jaýlaryň ýagtyldyş ulgamlaryndan açyk meýdançalar, ammarlar, tehnologik enjamlar iýmitlendiriji bilen üpjün edilen ýagdaýlarda, aýratyn toparlaýyn şitler ýa-da daşky ýagtylygyň dolandyrylýan nokadyndan merkezleşdirilen toparlaýyn ulgam göz öňünde tutulmalydyr. Bu talaplar teläriň aşagynda ýerleşýän ýük ýükleýiş-düşüriş ramplaryna we meýdançalaryna, şeýle hem jaýlaryň girelgeleriniň öňünde oturdylan çyralara degişli däldir. 241. Şu Kadalaryň iki ýüz otuz üçünji, iki ýüz otuz dördünji, iki ýüz otuz sekizinji we iki ýüz togsan bäşinji bölekleriniň talaplaryna bagly bolmazdan, iýmitlendiriji ulgamyň abzallaryny şu aşakdaky ýagdaýlarda oturtmaklyk teklip edilýär: 1) jaýlara girýän ýerinde bu abzallar diňe şu jaýlara iýmitlendiriji ulgamyň başlangyjyna ýa-da esasy ulgamlardan gaýdýan şahalaryň girýän ýerlerine degişli edilip bilner. 2) haçan-da, dikleýin enjamlar bilen aýratyn ulgamdan iýmitlendiriji berilýän ýagdaýlardan beýleki halatlarda, üç we ondan hem köp gatly şitlere hyzmat edýän dikleýin enjamlaryň başynda gorag abzallary oturdylanda. 242. Güýç we yşyklandyryş ýüklenmeler üçin umumy möçber (tarif) bellenende, umumy kärhana üçin hem, seh üçin hem ýagtylyga sarp edilýän elektrik kuwwaty üçin aýratyn hasap ýöretmekligi göz öňünde tutmaklyk teklip edilmeýär. 243. Jaýda dolandyryş-hojalyk babatynda birnäçe özbaşdak jaýlar (naharhana, saglyk otagy we ş.m.) bolanda, bu jaýlaryň EKE-niň sarp edýän elektrik kuwwaty aýratyn hasaba alynmalydyr. 244. Iýmitlendiriji ulgamdaky dolandyryş abzallar ulgamyň zeminlenilen nollygyndan beýleki hemme geçirijilerini bir wagtda öçürmelidir. 245. Iýmitlendiriji ulgamdaky gorag abzallary ulgamyň zeminlenilen nollygyndan beýleki hemme geçirijilerini goramalydyr. 246. Iýmitlendiriji ulgamdaky gorag abzaly hökmünde turba şekilli goraýjylar we awtomatlar ulanylmalydyr, özi hem soňkular adatça, haçan-da olar dolandyryjy abzallaryň wezipesini ýerine ýetirenlerinde ulanylmalydyr. 247. Adamlary başga ýere göçürmek üçin heläkçilik yşyklandyryjylary podstansiýanyň şitinden başlap, iş üçin ýagtylyk ulgamyndan dahylsyz ulgama birikdirilen bolmalydyr, kadadan çykma ýagdaýynda bolsa, ýeke-täk elektrik geçirijili uly bolmadyk jaýlarda şol geçirijilere birikdirilip bilner. Şuňa laýyklykda heläkçilik yşyklandyryşyna iýmitlendirijini bermegiň aşakdaky usullary ulanylyp bilner: 1) jaýlara ulgamyň girýän ýerindäki enjamlardan; 2) şeýle hem iş meýdançasyny ýagtyltmaga iýmitlendiriji bermek üçin ulanylýan bir transformatorly podstansiýalaryň şitlerinden; 3) iki transformatorly podstansiýalaryň şina bölümlerinden, beýleki bölümi bolsa iş meýdançasyny ýagtyltmaga iýmitlendirijini bermek üçin ulanylýar; 4) meýdançany ýagtyltmaga iýmitlendirijini bermek üçin ulanylmaýan podstansiýalardan; 5) mümkin boldugyça, meýdançany ýagtyltmaga tok berilýänden beýleki şina bölümlerinden ýa-da beýleki podstansiýalaryndan iýmitlendiriji berilýän güýç nokatlaryň giriş gysaçlaryndan ýa-da güýç esasy ugruň şahalaryndan. Meýdançanyň bölegine hyzmat etmeýän hem bolsa, iş üçin ýagtyldyş şitleriniň, şitjagazlarynyň şahalaryndan heläkçilik yşyklandyryşyna iýmitlendirijini bermeklik gadagan edilýär. 248. Işi dowam etmek üçin heläkçilik ýagdaýda ýagtyldyş yşyklandyryjylary, şeýle hem tebigy ýagtylygy bolmadyk önümçilik jaýlaryndan işgärleri ewakuasiýa (göçürmek) üçin ulanylýan heläkçilik ýagdaýda ýagtyldyş yşyklandyryjylary EGK-nyň I bölüminiň talaplaryna laýyk gelýän garaşsyz iýmitlendiriji çeşmesine, hususan-da tehnologik hajatlar üçin niýetlenen transformatorlara, akkumulýatorlara, batareýalara ýa-da awtomatik işledilýän dizel generatorlaryna birikdirilmelidir. 249. Kärhanalaryň elektrik üpjünçilik ulgamynda garaşsyz iýmitlendiriji çeşmesi bolmasa, 12 - 36 W işleýän akkummulýator batareýalary ýa-da kadaly işlände iş üçin ýagtylyk ulgamyndan kuwwat berilýän yşyklandyryjy bilen bitewileşdirilen batareýalar nazarda tutulmalydyr. Şunda degişli güýjenmäni peseldiji transformatorlar arkaly çyralara kadaly tertipde iýmitlendiriji berilmelidir. 250. Aýratyn jogapkärli ýagdaýlarda (aýratyn topardaky elektrik kabul edijilere hyzmaty üpjün etmek), heläkçilik yşyklandyryşyna ýa-da onuň bölümine (göçürmek üçin hem, işi dowam etmek üçin hem) üçünji garaşsyz kuwwatlyk çeşmesinden iýmitlendiriji berilmelidir, bu bolsa güýç elektrik enjamlar üçin kabul edilen çözgütler bilen bilelikde toplumlaýyn çözülýär. 251. Heläkçilik iş düzgüninde, iş üçin ýagtylyk ulgamyndan heläkçilik yşyklandyryşyna iýmitlendirijini bermeklige hemme ýagdaýlarda ýol berilýär. 252. Heläkçilik yşyklandyryşy iş üçin ýagtyldyşyň işleýän hemme wagtynda işlemelidir ýa-da tehnologik bozulmada (heläkçilikde) iş ýagtyldyşy öçende awtomatik işlemelidir. Heläkçilik yşyklandyryşyň diňe belli bir bölek çyrasynyň ýagtylyk bermegine, galan böleginiň bolsa elde ýa-da awtomatik işledilmegine ýol berilýär. §12. Toparlaýyn ulgam 253. Toparlaýyn şitleriň ýerleşişi, kabul edilen dolandyryş ulgamynyň we ş.m. iýmitlendiriji çeşmeleriniň ýerleşişini nazarda tutup, ulgamyň mümkin boldugyça has oýlanyşykly we tygşytly gurluşyny üpjün etmelidir. Şitjagazlar hyzmat etmek üçin hemişe elýeterli ýerlerde ýerleşdirilmelidir. Ýagtylandyryşyň gündelik dolandyrylýan şitjagazlary dolandyrylýan yşyklandyryjylaryň görünýän ýerlerinde we mümkin boldugyça geçirijiniň jaýa girýän ýerinde ýerleşdirilse maksada laýyk bolar. 254. Şitjagazlaryň we şkaflaryň oturdylýan gurnawlary jaýyň gurşawynyň şertlerini kanagatlandyrmalydyr. Agyr gurşaw şertli jaýlardan şitjagazlar, mümkin boldugyça, daşyna, şeýle hem ýangyn ýa-da partlama howpy bolan jaýlardan gurşawy has amatly jaýlara, hususan-da beket dolandyryş jaýlaryna we basgançaklaryň aşagyndaky boşluklara çykarylmalydyr. 255. Ýagtylandyryş ulgamynyň her bir toplumlaýyn geçirijiler şahalarynyň başynda, şol sanda şinogeçirijilerden iýmitlendiriji berilýänlerde zeminlenilmedik geçirijileriniň hemmesinde, W-1 topardaky partlama howply jaýlaryň hem iki geçirijili toparlarynyň nollyk geçirijilerinde gorag abzallary oturdylmalydyr. Galan ýagdaýlarda zeminlenen nollyk geçirijilerde abzallary oturtmaklyk gadagan edilýär. 256. Toparlaýyn ulgamyň şahalaryny goramak üçin ulanylýan goraýjylaryň ereýji goýumlarynda ýa-da awtomatlaryň enjamlarynda nominal tok 25 A-den geçmeli däldir. Her biriniň kuwwaty 125 Wt we ondan köp bolan razrýadly çyralara ýa-da 500 Wt we ondan köp bolan gyzýan çyralara iýmitlendiriji berýän toparlarda, şeýle hem 42 W çenli güýjenmeli ulgamlarda nominal togy 63 A bolan, her biriniň kuwwaty 10 kWt bolan çyralara iýmitlendiriji berýän toparlarda bolsa çyranyň togunyň güýjüne laýyk gelýän nominal tokly gorag abzallarynyň ulanylmagynyň göz öňünde tutulmagyna ýol berilýär. Soňky ýagdaýda her bir çyra aýratyn toparlaýyn şahadan iýmitlendiriji berilmelidir. Toparlaýyn şahalar ýapyk şkaflarda ýa-da şitlerde oturdylan ýylylyk ýazdyryjyly awtomatlar bilen goralanda, toparlaýyn şahanyň iş togy awtomat enjamlarynyň nominal togunyň 90%-den geçmeli däldir. 257. Her bir toparlaýyn şahanyň adatça, fazasynda 20-ä çenli DSÇ, DSMÇ gyzýan çyralar ýa-da natriý çyralary bolmalydyr, özi-de şu sana ştepsel rozetkalary hem goşulýar. Yşyklandyryjy karnizlere, panellere we ş.m., şeýle hem lýuminessent çyraly yşyklandyryjylara iýmitlendiriji berýän toparlaýyn şahalar üçin faza 50-ä çenli çyra birikdirmäge ýol berilýär köp çyraly lýustralara iýmitlendiriji berýän şahalar üçin faza dakylmaly çyralaryň sany çäklendirilmeýär. 258. Şu Kadalaryň iki ýüz elli altynjy we iki ýüz elli ýedinji bölekleriniň talaplarynyň berjaý edilmeginiň çäklerinde, eger bu ulanyşyň şertlerini ýaramazlaşdyrmaýan bolsa (ýagtylandyryşy bölümler boýunça öçürmegiň mümkinçiligi, zeper ýetmeleriň ýeriniň tapylmagy), toparlaýyn şahalary hemme taraplaýyn ireltmek zerurdyr. 259. Aýratyn bölümler boýunça ýagtylandyryşy dolandyrmak zerurlygy bolmasa, boýy uzyn sehlerde onuň boýuna şinogeçirijilerden, özüni göteriji geçirijilerden, turbadaky ýa-da üzňeleşdiriji direglerdäki geçirijilerden ýerine ýetirilen paýlaýjy esasy ugurlar ulgamyny ulanmaklyk teklip edilýär. Paýlaýjy esasy ugurlar üçin şeýle agramlyklar we yşyklandyryjylar çäklendirilmeýär, ýöne olardan aýry-aýry yşyklandyryjylara ýa-da yşyklandyryjylar bloguna gaýdýan şahalarda gorag we dolandyryş abzallary oturdylýar. Iýmitlendiriji şahalara şitsiz gös-göni birikdirilýän toparlaýyn ulgamlar (şu Kadalaryň iki ýüz otuz sekizinji bölegine seret), şu bölegiň talaplarynyň hemmesine laýyk gelmelidir. 260. Lýuminessent çyraly enjamlarda kuwwatlyk koeffisiýentini 0,9-dan ýokary ýetirmek bilen, reaktiw kuwwatlygyň öwezini dolmaklyk şu çyralar üçin GSA düzümindäki kondensatorlar bilen, GSA-nyň düzüminde kondensatorlary bolmadyk DSÇ we DSMÇ çyraly enjamlarda bolsa adatça, her bir bölünip gaýdýan toparlar üçin şitleriň ýanynda oturdylan üç fazaly transformatorlar bilen amala aşyrylmalydyr. DSÇ we DSMÇ çyraly enjamlarda öwezini dolmaklyk kärhananyň elektrik üpjünçilik ulgamynda esasan kuwwatlygyň umumy koeffisiýentinden baglylykda aýry-aýrylykda kesgitlenýär. Köp ýagdaýlarda, eger-de transformatorlara birikdirilen DSÇ we DMGÇ çyralarynyň işjeň kuwwatlygy onuň nominal kuwwatynyň 10%-den geçmeýän bolsa, öwezini doluş enjamyny oturtmaklyk maksada laýyk däl hasap edilýär. 261. Lýuminessent çyraly enjamlarda ýagtylyk akymynyň pulsirlemesini çäklendirmeklik antistroboskopik GSA ulanmak arkaly ýerine ýetirilmelidir, şeýle enjamy ulanmak mümkinçiligi ýa-da bu çäräniň ýeterlik bolmadyk ýagdaýlarynda, yşyklandyryjylary ýa-da köp çyraly yşyklandyryjylardaky çyralary ulgamyň fazalarynyň arasynda degişlilikde paýlamak arkaly ýerine ýetirilmelidir. DSÇ we DМGÇ çyraly enjamlarda hem şu maksatlar üçin üç fazaly toplumlaýyn ulgamlaryň ulanylmagy hökmandyr (TGK 2.01.06-2022 kadalarynda pulsirleme koeffisiýenti çäklendirilmeýän jaýlardan beýlekilerinde). Pulsirleme koeffisiýentini kadalaýyn ähmiýete çenli ýetirmeklik ulgamyň dürli fazalaryna çyralary nobatma-nobat birikdirmek bilen amala aşyrylýar we eger-de, yşyklandyryjylaryň saýlanyp alnan aralyklary teklip edilenden az bolanda, onda teklip edilen aralykda ulgamyň dürli fazalaryna birikdirilen yşyklandyryjylaryň 2-3-den ybarat blogy oturtmaklyk ileri tutulýar. 262. Toparlaýyn ulgamyň şahalaryny trossirlemeklik gurnamagyň amatlylygy, açyk howada geçirilende bolsa geçirilişiniň aýdyň görünmegi we elýeterliligi üpjün edilmelidir. Bir ugura geçirilýän şahalar üçin, mümkin boldugyça, bileleşikli ýol saýlanyp alynmalydyr we olar üçin birleşdirilen nolluk geçirijileri ulanmaklyk iş ýüzünde giňden ulanylmalydyr (ulgamyň dürli fazalaryna degişli şahalar üçin ileri tutulmaly). Iş üçin we tehnologik bozulma (heläkçilik) yşyklandyryşlaryň nollyk geçirijilerini, şeýle hem goragy bolan nolluk geçirijilerini birikdirmeklige ýol berilmeýär. 263. Ýapyk geçirilen şahalary, eger-de bu mümkin bolsa, gurluşyk şahalaryna ugurdaşlyk ýörelgesini berjaý etmezden, iň gysga aralyk boýunça geçirmeklik teklip edilýär. 264. Birnäçe şahalar üçin umumy nolluk geçiriji turbalarda geçirilende faza geçirijiler bilen bilelikde goýulmalydyr, kabel ýa-da köp sanly geçirijiler bilen hemme faza geçirijiler ýa-da iň bolmanda olaryň bölegi geçirilende bolsa umumy gatjagaz bilen berkidilen bolmalydyr. 265. Ýerli öçürijiler bilen dolandyrylýan toparlaýyn şahalara ştepsel rozetkalaryny oturtmaklyga ýol berilýär, ýöne köp sanly rozetka bolanda, eger-de bu ulgamyň uzynlygyny düýpli artdyrmak bilen baglanyşykly bolmasa, olara aýratyn toparlardan iýmitlendiriji bermeklik teklip edilýär. 266. Ýanyjy önümler ýa-da ýanyjy gaplardaky önümler saklanýan ammarlaryň gulplanýan jaýlarynda, şu jaýlaryň elektrik kabul edijileri üçin niýetlenilmedik şahalary geçirmeklige ýol berilmeýär. 267. Fazalaryň arasynda bir fazaly agramlyklar paýlananda, bir şitiň çäginde 30%-e çenli ululykdaky we iýmitlendirijini berýän şahanyň başynda 10%-e çenli ululykdaky has köp we has az ýükli fazalaryň toklarynyň arasyndaky tapawut çäklendirilmelidir. 268. Toparlaýyn ulgamyň şahalaryndaky dolandyryş abzallar, geçirijileri 3-nji tablisada getirilen görkezmelere laýyklykda öçürmelidir. W-1 topardaky partlama howpy bolan jaýlarda oturdylan yşyklandyryjylara hyzmat edýän dolandyryş abzallar fazalyk we nolluk geçirijileri bir wagtda öçürmelidir. 269. Umumy ýagtylandyryşyň yşyklandyryjylary üçin öçürijiler elýeterli, açyk ýerlerde, poldan 1,5 - 1,7 metr belentlikde oturdylmalydyr; gapylaryň golaýynda oturdylanda, olar gapynyň tutawaç tarapynda ýerleşdirilmelidir. Mekdeplerde we galan edaralarynda, çagalaryň bolýan jaýlarynda1,8 metr belentlikde oturdylmalydyr. 3-nji tablisa Şaha bilen dolandyrylýan güýjenme we toguň görnüşi Aralyk geçiriji (neýtral) Kabul edijileriň we olara birikdirilýän geçirijileriň häsiýetleri Dolandyryş abzallary oturdylýan geçirijiler Goşmaça görkezmeler Islendigi, üýtgeýän toguňky Zeminlenilen Bir fazaly diňe bir faza we nolluk geçiriji birikdirilýär Zeminlenil medik hemme geçirijiler Iki we üç fazaly şahalarda bir pol-ýusly abzallary oturtmaklyk teklip edilýär 42 W-dan ýokary üýtgeýän we üýtgemeýän togyňky Zeminleni len, üzňeleşdirilen ýa-da ýok Bir fazaly ýa-da üýtgemeýän tokly, ýöne olara birden köp zeminlenilmedik geçirijiler birikdirilýär (mysal üçin köp çyraly birnäçe işledijili yşyklandyryjy). şonuň ýaly Ýokary howply bolmadyk jaýlarda her faza geçiriji aýratynlykda öçürmäge ýa-da bir polýusly öçürmäge ýol berilýär. Galan ýagdaýlarda zeminlenilmedik hemme geçirijileri bir wagtda öçürmeklik hökmandyr Islendigi, üýtgeýän toguňky Zeminlenilen ýa-da ýok Iki ýada üç fazaly (mysal üçin, kon-densator batareýalar, iki-üç fazaly GSA yşyklandyryjy ) şonuň ýaly Geçirijileri bir wagt-da öçürmeklik talap edilýär 42W çenli, üç fazaly toguňky – Üçburçlyk ýa-da üç fazalyk gurluş boýunça birikdirilen bir fazalylary Hemme geçirijiler Bir wagtda öçür-meklik talap edilýär 42W çenli, bir fazaly şahalar üç fazaly şahalardan we üýtgemeýän toguň şahalaryndan aýrylýan şahalar – Bir (zeminlenilmedik geçiriji) – 270. Agyr gurşaw şertleri bolan jaýlarda oturdylýan yşyklandyryjylar üçin öçürijileri gowy gurşaw şerti bolan beýleki birigme jaýa ç ykarmaklyk teklip edilýär. Duş we onuň ýanyndaky geýim çykarylýan otaglar, lukman otaglary (şol sanda iki otagdan ybaratlary) we gyzgyn sehler, naharhanalar üçin öçürijiler bu otaglaryň daşynda oturdylmalydyr. Gapylary gulply jaýlarda oturdylýan yşyklandyryjylar üçin öçürijiler, şu jaýlara girelgeleriň öňünde oturdylmalydyr. Gije-gündiz işlenilýän jaýlaryň girelgeleriniň öňünde oturdylýan yşyklandyryjylar üçin öçürijiler, şol jaýlaryň içinde, galan ýagdaýlarda bolsa, daşynda ýerleşdirilmelidir. 271. Ýanyjy materiallary ýa-da ýanyjy gaplardaky materiallary saklanýan ammarlaryň gulplanýan jaýlary üçin ammarlaryň içlerinde oturdylan dolandyryş abzallaryndan bagly bolmazdan, tagmalamak üçin şaýy bolan ýanmaýan gapyrjaklarda - ýanmaýan diwarlarda, olaryň bolmadyk ýagdaýynda, aýratyn direglerde umumy dolandyryş abzallary jaýlaryň daşynda oturdylmalydyr. 272. Üç fazaly toplumlarda aýry-aýry çyralary ulgamyň fazalaryna aşakdaky tertipde birikdirmelidir: 1) А, В, С, А, В, С - pulsirleme koeffisiýentini çäklendirmek üçin fazalaryň arasynda çyralary paýlamaklyk ulanylanda, şeýle hem bir ýa-da iki faza öçende, jaýyň hemme meýdany boýunça peseldilen ýagtylygy saklamaklyk niýetlenende; 2) А, А...; В, В...; С, С...- eger-de, bir ýa-da iki faza öçende jaýyň meýdanynyň bir böleginde doly ýagtylygy saklamaklyk niýetlenende; 3) А, В, С, С, В, А - galan ýagdaýlarda. Iki fazaly şahalarda çyralary birikdirmegiň tertibi görkezilenlere meňzeş kabul edilýär. 273. Iş üçin ýagtylygy şitlerden ýakmaklyk aýratyn şit ýa-da ençeme şitjagaz oturdylýan jaýlarda göz öňünde tutulmalydyr. Bir bölegi şitden, bir bölegi bolsa ýerli öçürijilerden dolandyrylýan gatyşyk şitleri ulanmaklyk çäklendirilmelidir. 274. Eger-de, dürli nokatlar tehnologik dowamlylygyň umumylygy bilen bagly we işgärler tarapyndan umumy hyzmat edilýän bolsa, önümçilik toplumynyň goşmaça gurulan uly meýdanly jaýlarynda («tekjelerde»), ýeňilleşdiriji bölümlerde we beýleki ýagdaýlarda, belligiň haýsy hem bolsa birinde ýerleşýän şitjagazdan nokatlaryň hemmesiniň ýagtylandyryşyny dolandyrmak boýunça şu Kadalaryň iki ýüz elli üçünji böleginiň tekliplerinden gaýra durmaga ýol berilýär. Aýry-aýry sehleri birleşdirýän we geçelge edilip ulanyp bolmagy mümkin transportýorlaryň konweýer galereýalary we ýerasty geçelgeler üçin iň ýakyn, bolmanda yşyklandyryjylaryň görünmeýän ýerinde ýerleşen şitjagazlardan ýagtylygy dolandyrmaklyga ýol berilýär. 275. Umumy işçi ýagtylandyryşy dolandyrmaklyk taslananda, şu aşakdakylar berjaý edilmelidir: 1) gapdallaýyn düşýän tebigy ýagtylykly jaýlarda penjirelere ugurdaş yşyklandyryjylary hatarlaýyn öçürmekligi nazarda tutmaly; 2) önümçiligiň şertleri boýunça diňe bir wagtda ýanmagy talap edilýän yşyklandyryjylar bir wagtda öçürilmäge birikdirilmeli; 3) diňe ýörite işgärler tarapyndan barylýan uzyn jaýlarda (suw üpjünçiligi, kabelli we ýylylyk beriji ýerasty geçelgeler) ýagtylygy her bir girelgeden ýa-da böleginden yşyklandyryşy dolandyrmagy nazarda tutmalydyr; 4) gije-gündiz ulanylmaýan we heläkçilik yşyklandyryşy bolmadyk iri önümçilik (meýdany 200 m2-dan ýokary) jaýlarynda, şeýle hem şol şertlerdäki hem-de yşyklandyryjy 3 we ondan köp bolan gatnawlyk jaýlarda olary süpürmek we goramak üçin (nobatçylyk ýagtylygyny) ähli meýdany zerur bolan ýagtylyk bilen üpjün edýän yşyklandyryjylaryň köp bolmadyk bölegini aýratynlykda ýakylmagyny göz öňünde tutmalydyr. 276. Heläkçilik yşyklandyryşy bolmadyk, iş üçin ýagtylygyň yşyklandyryjylarynyň birnäçesi bolan jaýlarda yşyklandyryjylara öçen ýagdaýynda hyzmat etmek üçin olar azyndan iki öçürijä birikdirilmelidir. 277. Heläkçilik yşyklandyryşyny az sanly şitjagazlar bilen dolandyrmaklyk göz öňünde tutulmalydyr. Ýeterlik tebigy ýagtylygy bolan we bolmadyk jaýlara aýratyn toparlar boýunça iýmitlendiriji berilmelidir. Şol iki görnüşli jaýlar üçin tebigy ýagtylygy bolan jaýlara oturdylýan goşmaça öçürijileri oturmak bilen, umumy toplumlaryň ulanylmagyna ýol berilýär. Goşmaça öçürijiler adamlaryň hemişe bolmaýan, aýry-aýry gatnawlyk däl jaýlaryň (dolandyryş beketleriniň, eşik çykarylýan, ýygnak geçirilýän we ş.m. jaýlaryň) heläkçilik ýagtylygy üçin hem göz öňünde tutulmalydyr. 278. Jaýlaryň girelgelerindäki yşyklandyryjylar içerki ýagtylygyň toplumlaýyn ulgamyna, esasan hem heläkçilik yşyklandyryş ulgamyna birikdirilmelidir. Şu yşyklandyryjylaryň zerurlygy we olaryň oturdylmaly ýerleri hakyndaky mesele adatça, meýdany ýagtylandyrmaklyk taslananda çözülmelidir. 279. Ýerli ýagtylandyryşyň yşyklandyryjylary, yşyklandyryjynyň gurnaw bölümi ýa-da bar bolan geçirijiniň hemişelik oturdylan bölümi bolan hususy öçürijiler bilen dolandyrylmalydyr. 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmede dolandyrmak üçin, eger-de şu maksat üçin amatly ýerleşdirilen bolsa, ştepsel rozetkalaryny ulanmaklyga ýol berilýär. 280. Ştepsel birikdirmeleri arkaly ulgama hemişelik oturdylýan yşyklandyryjylary birikdirmeklik teklip edilýär, göterme ýa-da göçürme sütünlere oturdylýan yşyklandyryjylar bolsa daşlary ýere birikdirilýän ulgama birikdirilmelidir. Göçürme sütünlerde oturdylýan yşyklandyryjylar, zeminlenilýän ýa-da nollanylýan korpusly, ulgama goşmaça simli rezin daşly geçirijileriň kömegi bilen gorag kontaktly ştepsel birikdirmesi arkaly birikdirilmelidir. 281. Hususy elektrik berijili mehanizmlerde oturdylýan 12-36 W güýjenmedäki ýerli we göterme yşyklandyryjylara ştepsel rozetkalary arkaly güýç ulgama birikdirilen hemişelik oturdylan hususy transformatorlardan iýmitlendiriji berilmelidir. Görkezilen yşyklandyryjylara berilýän iýmitlendiriji 220 W güýjenme bolanda mehanizmiň güýç ulgamyndan şinalar bilen amala aşyrmaga ýol berilýär, şunda, eger güýç ulgamyndaky gorag abzalynyň nominal togy 25 A-dan geçmeýän bolsa, ýagtylyk zynjyry üçin aýratyn gorag abzalyny oturtmak hökman däldir. 282. 12 - 36 W güýjenmedäki ýerli we göterme yşyklandyryjylary hem-de ştepsel rozetkalary şu Kadalaryň iki ýüz segsen birinji böleginde görkezilmedik ýagdaýlarda, iş üçin ýa-da heläkçilik yşyklandyryş ulgamlaryna birikdirilen toparlaýyn transformatorlardan iýmitlendiriji berilmelidir (soňky ýagdaýda - aýratyn toparlar bilen), eger-de görkezilen transformatorlar diňe hemişelik oturdylan ýerli yşyklandyryşa iýmitlendiriji bermek üçin ulanylýan bolsa, onda hem şu Kadalaryň iki ýüz ýigrimi ýedinji böleginiň talaplaryna laýyk gelýän güýç ulgamdan iýmitlendiriji berilýär. Göterme ýagtylandyryşyň yşyklandyryjylaryna göterme transformatorlardan iýmitlendirijini bermeklige ýol berilýär. 283. 36 W we ondan hem pes güýjenmäni talap edýän yşyklandyryjylara iýmitlendirijini bermeklik birinji we ikinji sargylary güýjenmeli iýmitlendirijini paýlaýjyly transformatorlardan amala aşyrylýar. Awtotransformatorlary ulanmaklyga ýol berilmeýär. 284. Yşyklandyryjylara 42 W iýmitlendirijini berýän transformatorlar, mümkin boldugyça transformatorlaryň nominal toguna ýakyn tokdaky onuň ýokary güýjenmeli tarapyndan gorag abzallary bilen goralmalydyr. Ähli zeminlenilmedik geçirijilerden gidýän pes güýjenmeli şahalaryň hemmesinde hem gorag göz öňünde tutulmalydyr. Eger-de, transformatorlar şitlerden aýratyn toparlaýyn iýmitlenýän bolsalar we şitdäki gorag abzaly üçden köp bolmadyk transformatora hyzmat edýän bolsa, onda her bir transformatoryň ýokary güýjenmeli tarapyndan şitde goşmaça gorag abzalyny oturtmaklyk hökman däldir. §13. Berilýän agramy kesgitlemek we geçirijileriň ýogynlyklaryny saýlamak 285. Ýagtylandyryşyň bellenen kuwwaty aşakdaky düzüjileriň jemi bilen kesgitlenýär: 1) gös-göni ýa-da GSA arkaly ulgam güýjenmesine birikdirilen hemişelik oturdylan yşyklandyryjylaryň kuwwaty; 2) razrýadly çyralar üçin GSA-nyň göterimde kabul edilen ýitgileri - DSÇ we DМGÇ çyralary üçin - 10; badalga (starter) gurluşy boýunça ýakylýan lýuminessent çyralary üçin - 20; badalga gurluşy bilen ýakylýan yşyklandyryjylaryň sarp edýän kuwwaty her bir rozetka 40 W hasabynda kabul edilýär; 3) 42 W-a çenli ikinji güýjenmeli hemişelik oturdylan transformatorlaryň nominal kuwwaty; 4) edara ediş-durmuş, inženerçilik-barlaghana jaýlar üçin-ştepler rozetkalary arkaly ýakylýan yşyklandyryjylaryň sarp edýän kuwwaty her bir rozetka 40 Wt hasabyndan. 286. Ýagtylygyň toparlaýyn ulgamy we heläkçilik yşyklandyryşyň hemme bölümi üçin isleg koeffisiýenti I deň hasap edilýär, ýöne haçanda heläkçilik yşyklandyryşyny güýçlendirmeklik göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, mysal üçin, yşyklandyryjylaryň bütin hataryny aýratyn ulgama sapmak ýoly bilen amala aşyrylanda, onuň üçin isleg koeffisiýenti iş üçin ýagtylygyňky ýaly kabul edilýär. 287. Jaýa girýän ýerindäki düşýän hasaplaýyş agram, şeýle hem iýmitlendiriji şahalara düşýän hasaplaýyş agram şu Kadalaryň iki segsen bäşinji bölegine laýyklykda kesgitlenen kuwwatlygy isleg koeffisiýentine köpeltmek bilen kesgitlenýär. Ýörite barlaglaryň esaslarynda maglumatlar bolmasa, soňkynyň ähmiýeti aşakdakylar ýaly kabul edilýär: 1) 1,0 - uly bolmadyk önümçilik jaýlary üçin; 2) 0,95 - aýratyn uly boş aralyklardan ybarat bolan önümçilik jaýlary üçin; 3) 0,85 - köp sanly otaglary bolan önümçilik jaýlary üçin; 4) 0,8 - dolandyryş - durmuş, inžener - barlaghana we beýleki toplumlar üçin; 5) 0,6 - aýry-aýry otaglardan ybarat ammar jaýlary üçin; 6) 1,0 - aýry-aýry toparlaýyn şitlere iýmitlendiriji şahalar üçin. 288. Ikinji güýjenmesi 12-36 W bolan transformatorlara düşýän hasaplama agramy olaryň hemişelik oturdylan yşyklandyryjylara berýän togunyň kesgitlenen kuwwatynyň we ýagtylandyryşyň salýan agramynyň jemi hökmünde kesgitlenýär. Soňky göterme yşyklandyryşyň ulanyş derejesiniň goralýanyna baglylykda islegiň 0,5 - 1,0 koeffisiýenti bilen ştepsel rozetkasynyň 40 Wt hasabynda kesgitlenýär. Hatara ýerleşdirilen elektrik şitleriň, şkaflarynda we kameralarynda hatara oturdylan yşyklandyryjylar üçin agram şitleriň, şkaflaryň ýa-da kameralaryň 2-3-siniň bir wagtdaky önümçilik işinden ugur alnyp kesgitlenýär. 289. Geçirijileriň we kabelleriň ýogynlygy mehaniki berkliginiň şertleri boýunça iň pes geçirijilik mümkinçiligi (uzak wagtlap berilýän toguň agramlygy) EGK-nyň I bölüminiň talaplaryna laýyk gelmelidir. 290. Ýanyjy gatjagaza örtülen üzňeleşdirilen goralmaýan açyk görnüşde jaýyň içinde geçirilen ulgamlar agramyň artyk düşmeginden goralmalydyr. 291. Ýanmaýan gurluşyk gurnawlarynyň we ş.m. oýulan joýajyklaryndan geçirilýän goralýan geçirijilerden ýerine ýetirilen ulgam senagat kärhanalarynyň gulluk - durmuş jaýlaryna we ýangyn hem-de partlama howply jaýlara çekilende, agramyň artyk düşmeginden goralmalydyr. 292. Ereýji goraglyklaryň we awtomatik öçürijileriň enjamlarynyň nominal toklary, mümkin boldugyça, ulgamyň goralýan meýdançasynyň hasaplama togunyň iň pesi bilen, şeýle hem şu Kadalaryň iki ýüz togsan üçünji we iki ýüz togsan dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan talaplaryna laýyklykda saýlanyp alynmalydyr. Şunda goraýyş abzalynyň saýlanyp alnan toguna baglylykda, geçirijileriň ýogynlygy EGK-nyň I bölüminiň talaplaryna laýyklykda saýlanyp alynmalydyr. 293. Nominal tok we gorag abzallarynyň enjamlary saýlanyp alnanda olar goragyň selektiwligi üpjün edilmelidir, munuň üçin toguň çeşmesine iň ýakyn her bir abzalyň nominal togy ýa-da sarp edijiler tarapyndan öňki abzalyňkydan 2 basgançak ýokary enjamlary bolmalydyr. Bir basgançakda iň pes tapawuda ýol berilýär. Şu görkezme toparlaýyn işe giriziji awtomatik şitlere degişlidir, gysga utgaşan toga durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň kombinirlenen üzňeleşdirijileri şu kysym abzallar üçin iň ýokary toga saýlanyp alynmalydyr we olar gorag abzallaryna hyzmat etmek üçin niýetlenilmeýär. 294. Ýagtylyk çeşmeleriniň işe giriziji toklaryndan gorag abzallaryny sazlamaklyk 4-nji tablisada görkezilen 1g gorag abzalynyň togunyň we goragly şahalaryň 1h hasaplama işçi togunyň gatnaşyklary üpjün edilmelidir: 4-nji tabisa Gorag abzaly Gorag abzalynyň togynyň şahanyň hasaplanan işçi togyna bolan gatnaşygy (1g:1h) çyralar üçin aşakdakydan az bolmaly däldir Gyzýan DSÇ Lýuminessent Ereýji goraglyklar 1 1,2 1 Aşakdaky enjamlar bilen ýylylyk üzňeleşdirijili awtomatik öçürijiler: 50 A-den pes 50 A we ondan ýokary 1 1 1,4 1 1 1 Enjamly, kombinirlenen üzňeleşdirijili awtomatik öçürijiler: 50 A-den pes 50 A we ondan ýokary 1,4 1,4 1,4 1 1 1 295. Şu aşakdakylardan beýleki ýagdaýlarda, ulgamda geçirijileriň ýogynlygynyň inçelýän hemme ýerinde gorag abzallary oturdylmalydyr: 1) eger öň ýanyndaky meýdançanyň goragy şahanyň geçirijisiniň ýogynlygynyň inçelýän ýerindäki meýdançany goraýan bolsa ýa-da eger şahanyň meýdançasy ýa-da ondan aýrylyp gaýdýan şaha şahanyň goragly meýdançasynyň geçirijisiniň ýogynlygynyň ýarysyndan inçe bolmadyk ýogynlykdaky geçirijiler bilen ýerine ýetirilen bolsa; 2) elektrik sarp edijilere gaýdýan pes kuwwatly şahadan şahalaryň aýrylýan ýerlerinde, eger-de olara iýmitlendiriji şaha 25 A-den köp bolmadyk enjamly abzal bilen goralýan bolsa, uzynlygyny we ýogynlygyny çäklendirmezden; 3) pes kuwwatly elektrik sarp edijilere gaýdýan şahadan şahalaryň aýrylýan ýerlerinde, eger-de şaha 25 A-den köp, ýöne 63 A köp bolmadyk enjamly abzal bilen goralýan bolsa (islendik usulda geçirilende), aýrylýan şaha 3m çenli uzynlykda we polat turbalaryň içi bilen geçirilende çäklendirilmedik uzynlykda. Zerur bolan ýagdaýlarda, şahalaryň ýa-da aýrylýan şahalaryň başlanýan ýerinden gorag abzallaryny 3 metre çenli uzaklyga geçirmeklige ýol berilýär. Şu meýdançadaky geçirijileriň ýogynlygy iýmitlendiriji geçirijileriňkiden inçe bolup biler, ýöne şu ýagdaýda olar turbalaryň içinden geçirilen ýa-da olaryň ýanmaýan örtükleri bolmalydyr. Şu meýdançada geçirijileriň açyk geçirilmegine diňe ýanmaýan zatlaryň üsti bilen ýangyn howpy bolmadyk jaýlarda ýol berilýär. Elýeterliligi kyn bolan ýerlerden geçirilýän aýrylýan şahalar üçin (mysal üçin, ýokary belentlikde) gorag abzalyny hyzmat etmäge amatly bolar ýaly aýrylýan şahadan 30 metre çenli uzaklykda oturtmaklyga ýol berilýär. Şunda aýrylýan şahanyň ýogynlygy hasaplama toguna kesgitlenen ýogynlykdan inçe bolmaly däldir we geçirijilik ukyby goragly esasy ugruň geçirijilik ukybyndan 10%-den az bolmaly däldir, geçirijiler bolsa turbalaryň içinden geçirilen ýa-da ýanmaýan örtüge dolanan gatjagazly bolmalydyr. 296. Güýjenmäniň ýitmek boýunça hasaplama tapgyry iň uzakda ýerleşýän çyranyň güýjenmesiniň derejesinden ugur alnyp kesgitlenmelidir. Geçiriji metalyň umumy iň pesine iýmitlendiriji we toparlaýyn ulgamlaryň hemme bölümlerine bir wagtda toparlaýyn hasaplama geçirmeklik teklip edilýär, eger-de iýmitlendiriji we toparlaýyn ulgamlar dürli wagtda taslamalaşdyrylýan bolsa, onda ulgamyň wagty boýunça birinji hasaplananda, ikinjiniň agram berlen pursatyny oňa ýakynlaşdyryp hasaba alynmalydyr. 297. Ýagtylandyryşyň merkezleşdirilen dolandyryş ulgamy merkezden dolandyryjy abzalyň tegegine (katuşkasyna) nominal derejeden 85%-den pes bolmadyk güýjenmäni eltmek zerurlygyndan ugur alnyp hasaplanmalydyr. 298. Aşakdaky ýagdaýlarda, güýjenmäniň ýitgisi boýunça ulgamlar hasaplananda, şahanyň reaktiw garşylyklaryny hasap etmezlige we düşýän agram pursatlarynyň tablisasyny (kWt•m) ulanmaklyga ýol berilýär: 1) cosφ = 1 bolanda (gyzýan çyralar) - hemme wagt; 2) cosφ = 0,9 bolanda (reaktiw kuwwatlygynyň öwezi dolunan razrýadly cy-ralar) -kabeller, geçirijiler bilen turbalarda ýa-da 70 (120) mm2 we şoňa çenli ýogynlykdaky köp sanly simi bolan gecirijiler bilen geçirilende, üzňeleşdiriji direglerde geçirilende bolsa 16 (25) mm2 we şoňa çenli ýogynlykda geçirilende; 3) cosφ = 0,5- 0,6 bolanda (öwezi dolunmadyk razrýadly çyralar) - turbalarda 16 (25) mm2 we şoňa çenli ýogynlykdaky kabellerde we geçirijilerde ýa-da köp sanly simli geçirijilerde geçirilende, üzňeleşdirilen direglerde geçirilende bolsa 6 (10) mm2 we şoňa çenli ýogynlykda geçirilende. Goşa ýaý içinde görkezilenler alýumin simleriň ýogynlygy, aýyň daşyndakylar bolsa mis simleriň ýogynlygydyr. Galan ýagdaýlarda ulgamyň reaktiw garşylyklary hasaba alynmalydyr we (A•m) toguň pursaty ýa-da düşýän agram pursaty boýunça, ýöne degişli koeffisiýentleri girizmek bilen hasaplanmalydyr. Ulgamyň işçi togy kesgitlenende, hemme ýagdaýlarda kuwwatlyk koeffisiýenti hasaba alynmalydyr. 299. Iýmitlendiriji ulgamyň şahasynyň güjenmesiniň ýitgisi boýunça ulgam hasaplananda adatça, haçan-da taslananda fazalara deňölçegsiz agram berilmegi göz öňünde tutulandan beýleki ýagdaýlarda, simmetriki berilýän agram hökmünde garalýar. Soňky ýagdaýlarda, çyralar üçin güýjenme iň köp agram berlen fazadan üpjün edilmelidir ýa-da dürli fazalaryň geçirijileriniň ýogynlygy dürli-dürli kabul edilýär (açyk görnüşde ýa-da turbalarda geçirilende), ýa-da olaryň hemmesi has uly agram berlen faza geçirijisiniň ýogynlygynda deň kabul edilýär ýa-da iýmitlendiriji şahanyň nolluk geçirijili iň pes agram düşürilýän fazanyň faza geçirijisi hökmünde, faza geçirijileriniň biri bolsa nolluk geçirijisi hökmünde ulanylýar. 300. Güýjenme ýitgileri boýunça hasaplananda, toplumlaýyn ulgamyň iki we üç fazaly şahalary şol şaha girýän hemme fazalaryň agram berilýän pursatlarynyň takmynan deňligi şertlerinde simmetriki agram berlen hökmünde, özi hem aşakdaky şahalar üçin garalyp bilner: 1) köp çyraly yşyklandyryjylara ýa-da agram berlen her bir nokatda fazalary deňölçegli agramly birnäçe yşyklandyryjylardan ybarat bloklary iýmitlendiriji; 2) А, В, С, С, В, А tertibinde yşyklandyryjylar birikdirilen - üç fazaly şahalar üçin we А, В, В, А - iki fazaly şahalar üçin; 3) А, В, С, А, В, С tertibinde dürli fazalara yşyklandyryjylary birikdirmek bilen - yşyklandyryjylaryň sany 9-dan az bolmadyk üç fazaly şahalar üçin we А, В - yşyklandyryjylaryň sany 6-dan az bolmadyk iki fazaly şahalar üçin. Galan şahalar, şol sanda A, A…, В, В…, С, С… tertibinde dürli fazalaryna yşyklandyryjylar birikdirilgi şahalar nolluk geçirijileri birleşdirilip, ýerli öçürijili birnäçe bilelikde geçirilýän toparlaýyn şahalar simmetriki däl agram berlen hökmünde garalýar we olaryň ýogynlygy şu Kadalaryň iki ýüz togsan dokuzynjy böleginiň görkezmelerine ulanarlykly saýlanyp alynýar. 301. Nolluk geçirijileriň ýogynlygy 5-nji tablisada görkezilen talaplara laýyk gelmelidir. Şunda nolluk we fazalyk geçirijileriň geçirijilik ukyplaryna deň talaplar ýogynlyklarynyň deňligine talaplary aňlatmaýar, çünki faza geçirijileriniň ýogynlygy güýjenmäniň ýitgisi boýunça saýlanyp alnyp bilner. Şunda nollyk we fazalyk geçirijileriň geçirijilik mümkinçiliginiň deňlik talaplary ýogynlygyň deňlik talaplaryny aňlatmaýar, çünki fazalyk geçirijileriň ýogynlygy güýjenmäniň ýitirlişine görä saýlanyp alnyp bilner. 5-nji tabisa Şahalar Nollyk geçirijileriň ýogynlygyna bildirilýän talaplar 1) Bir fazaly (iki gesirijili) we simmetrik agram berlen iki fazaly (üç geçirijili) Ýogynlygy faza geçirijileriň ýogynlygyna deň bolmaly 2) Iýmitlendiriji üç fazaly ulgam we fazalarynyň hemmesi bir wagtda öçýän toparlaýyn şaha Eger 5-nji tablisanyň 6-njy we 7-nji bentlerine laýyklykda has ýogynlyk talap edilmeýän bolsa, ýogynlyk fazaly geçirijileriň ýogynlygynyň ýarsyna ýakyn bolmalydyr. 3) Simmetriki agram ýüklenmäge niýetlenen fazalary aýry-aýrylykda öçürilýän üç fazaly toparlaýyn şaha Geçirijilik ukyby her bir fazalyk geçirijileriň toguna laýyk gelmelidir 4) Utgaşdyrylan nollyk geçirijileri bolan, ýerli dolandyryşly elektrik sarp edijilere hyzmat edýän köp geçirijili şaha Geçirijilik ukyby iň dartgynly fazanyň jemi toguna laýyk gelmelidir 5) Simmetriki däl agramlyk ýüklenmäge niýetlenen iki we üç fazaly şaha Ýogynlyk hasaplanyp kesgitlenýär we fazalyk geçirijileriň böleginiň ýogynlygyndan ýokary bolup biler. Fazalar aýry-aýrylykda öçürilende geçirijilik ukyby fazanyň has ýokary agram berilen toguna laýyk gelmelidir 6) Güýjenmäni tristor çäklendirijili ýa-da şu çäklendirijileriň hyzmat edýäni Geçirijilik ukyby iň köp agram berilen fazanyň toguna laýyk gelmelidir 7) GSA öwezi dolungyly ýa-da reaktiw kuwwatynyň öwezi toparlaýyn dolunmaly razrýadly çyralaryň togy geçýän şaha Geçirijilik ukyby has agyr agram düşýän fazanyň toguna, gatyşykly agramlygy bolan fazaly ulgamda bolsa, razrýadly çyralaryň işçi togunyň jemi 90% hökmünde kesgitlenen toguň we şu jemiň has köp ähmiýeti bolan faza üçin gyzýan çyralaryň 30% togyna laýyk gelmelidir 8) Toparlaýyn kondensatorlaryň we DSÇ ýa-da DМGÇ çyralarynyň arasyndaky şahalary goşmak bilen, öwezi dolunmadyk kuwwatlykda razrýadly çyralaryna elektrik tok berýän şaha 5-nji tablisanyň 1-nji we 6-njy bentlerindäki ýagdaýlar ýaly §14. Ulgamy ýerine ýetirmek 302. Hemme güýjenmäniň ýagtylandyryş ulgamlarynda ulgamyň nominal güýjenmesine hasaplanan, üzňeleşdirilen geçirijiler we kabeller ulanylmalydyr. Nolluk geçirijileriň faza geçirijileriniňki ýaly üzňeleşdiriji örtükleri bolmalydyr. Iýmitlendiriji ulgamlarda (partlama howply jaýlara iýmitlendiriji şahalardan beýlekilerinde) kabelleriň alýumin gatjagazlaryny nolluk sim hökmünde ulanmaga ýol berilýär, olara faza geçirijileri üçin ýol berilýän toguň 75%-den geçmeýän tok berlip bilner. 303. Kadaly gurşaw şertleri bolan önümçilik jaýlarynda 42 W-dan ýokary bolmadyk güýjenmeli ulgamda işçi geçirijiniň biri hökmünde polat turbalary we elektrik geçirijileriň troslaryny, açyk görnüşde geçirilen tok geçirijileriniň daşlaryny we jaýlaryň ýa-da mehanizmleriň metal gurnawlaryny ulanmaklyga ýol berilýär. 304. Ýagtylandyryş ulgamlarynda adatça, alýumin simli geçirijiler we kabeller ulanylmalydyr. Mis simli geçirijiler we kabeller: 1) göçme we göterme yşyklandyryjylary birikdirmek üçin; 2) alýumin babatynda himiki aktiw gurşawly jaýlarda; 3) P-1 we P-1a toparlardaky partlama howply jaýlarda; 4) sandyramalara sezewar bolýan esaslar boýunça geçirmek üçin; 5) şu Kadalaryň üç ýüz on dördünji bölegine laýyklykda yşyklandyryjylara kuwwatlyk bermek üçin; 6) jaýyň üçeklerinde açyk görnüşde geçirmek üçin ulanylýar. 305. Yşyklandyryş torunda ulanylýan elektrik geçirijiler gurşaw şertlerinde ygtybarly we uzak wagtlap işlemelidir, mehaniki tarapdan berk bolmalydyr we mümkin boldugyça, hyzmat etmek üçin açyk we elýeterli bolmalydyr. 306. Senagat usuly bilen elektrik gurnamak işlerini ýerine ýetirmäge ýol berýän elektrik geçirijiler, özüni göteriji geçirijiler, sim urganly (trosly) we gurluşly geçirijiler, şinogeçirijiler has giňden ulanylmalydyr. Geçirijileri üzňeleşdiriji direglerde geçirmeklik ulanylanda (fermalaryň arasyndan geçirmek görnüşinde geçirilýänlerden beýlekileri) olary adatça, diňe wagtlaýyn oturtmaklyga we oba hojalyk desgalary üçin geçirmeklige ýol berlip, çäklendirilmelidir. 307. Dolandyryş-edara ediş we barlaghana häsiýetli jaýlarda, şeýle hem arassaçylygy boýunça aýratyn tertipdäki önümçilik jaýlarynda adatça, üsti ýapyk elektrik geçirijileri ulanylmalydyr. 308. Esasy gurluşyk önümleriniň harçlanylyşyny tygşytlamak boýunça tehniki kadalara laýyklykda, polat turbalarda elektrik geçirijilerini ulanmaklyk berk çäklendirilmelidir, olara diňe adatça, P-I we P-II toparlardaky partlama howply hem-de ýanyjy önümlerden taýýarlanan asma potolokly jaýlarda ulanmaklyga ýol berilmelidir. 309. Turbalarda geçirmek üçin adatça, bir simli geçirijiler ulanylmalydyr. 310. Ýanmaýan önümlerden taýýarlanan sepleme ýa-da asma potoloklaryň aňyrsyndaky elektrik geçirijiler winiplast turbalarynda ýerine ýetirilmelidir (kabeller ýa-da geçirijiler bilen). 311. Polat we beýleki mehaniki berk turbalarda hem-de jaýlaryň gurluşyk gurnawlarynyň gollarynda, gutularynda, ýerasty geçitlerinde we uçlary birleşdirilen garymlarynda geçirijileri we kabelleri bilelikde şu aşakdakylar üçin geçirmeklik teklip edilýär: 1) çylşyrymly yşyklandyryja iýmitlendiriji zynjyrlary; 2) bir turbada umumy sany 8-den köp bolmadyk geçirijili bir görnüşli ýagtylandyryşyň birnäçe toparlaýyn zynjyrlaryny; 3) 380 W çenli güýjenmeli şaha bilen bilelikde 42 W çenli güýjenmäniň şahasy, birinjileri aýratyn üzňeleşdiriji turbalara salynan şertlerde. 312. Heläkçilik yşyklandyryşynyň liniýalaryny iş üçin ýagtylygyň ulgamlaryna bagly däl hökmünde hem (gurluşyk esaslary boýunça sim urganlarynda (troslarda) we şu Kadalaryň üç ýüz on birinji böleginiň talaplaryndan bölekleýin kadadan çykma ýagdaýy hökmünde hem aşakdaky usullar bilen geçirmeklige ýol berilýär: 1) iş üçin ýagtylygyň şinogeçirijileriniň daşynyň üstki ýüzi boýunça; 2) iş üçin we heläkçilik yşyklandyryşynyň geçirijilerine galtaşmak mümkin bolmadyk şertlerde, iş üçin ýagtylygyň geçirijileri bilen bilelikde bir gutuda lýuminessent çyraly yşyklandyryjylary oturtmak üçin; 3) eger-de, elektrik tok berýän geçirijileri geçirmek üçin niýetlenen bolsa we işçi hem-de heläkçilik yşyklandyryşynyň geçirijilerine galtaşmak mümkin däl bolan şertlerde, lýuminessent çyraly yşyklandyryjylaryň daşy iş üçin ýagtylygyň geçirijileri bilen bilelikde; 4) işçi we heläkçilik yşyklandyryşynyň geçirijileriniň arasy yşykda 20 mm giň bolanda, işçi ýagtylandyryşyň geçirijileri bilen bilelikde umumy troslarda ýa-da kirşlerde. Şu bölegiň 2-nji we 4-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýlarda, kabelleriň we geçirijileriň 660W-dan pes bolmadyk güýjenmä üzňeleşdiriji örtükleri bolmalydyr. 313. Haçan-da, yşyklandyryjylara barýan geçirijiler (kontakt kolodkalarynyň gysgyçlary ýa-da gurnalan ştepsel gysgyçlary bilen däl-de) çyra patronlarynyň kontaktly gysaçlary bilen gös-göni birikdirilen ýagdaýlarda, gyzýan çyraly ýa-da DSÇ we DМGÇ çyraly yşyklandyryjylara kuwwatlyk bermek üçin adatça, gyzgynlyga (100oC az bolmadyk gyzgynlyga) durnukly üzňeleşdiriji örtükli geçirijiler ulanylmalydyr. 314. Şu Kadalaryň üç ýüz on üçünji böleginde görkezilen ýagdaýlarda, şeýle hem ýeňil asylýan yşyklandyryjylara we süýşürilýän asgyçlarda ýa-da geçirilýän sütünlerde oturdylýan yşyklandyryjylara zarýad bermek üçin mis simli geçirijiler ulanylmalydyr. Beýleki ýagdaýlarda, eger bu şu Kadalaryň üç ýüz dördünji bölegine garşy gelmeýän bolsa, yşyklandyryjylara zarýad bermek üçin alýumin simli geçirijiler ulanylmalydyr. 315. Işe giriziji we sazlaýjy abzallara yşyklandyryjylary berkitmek üçin elektrik enjamlaryň geçirijileriniň we beýleki şaýlarynyň senagat taýdan öndürilen bölümleriniň taýýarlanylyşy göz öňünde tutulmalydyr. 316. Ýanyjy önümler we ýanyjy gaplardaky önümler saklanýan ammar jaýlarynda ştepsel rozetkalaryny oturtmaklyk gadagan edilýär. 317. Ýapyk görnüşde oturdylýan elektrik enjamlary oturdylýan abzallar gapyrjaklara ýa-da ýörite gaplara salnan bolmalydyr, açyk oturdylýan abzallar bolsa, galyňlygy 10 mm-den ýuka bolmadyk tok geçirmeýän düşekleriň üstünde oturdylmalydyr. Görkezilen düşekler abzallaryň özleriniň gurnaw bölegi bolup biler. 318. Işçi we heläkçilik yşyklandyryşy üçin umumy toparlaýyn şitleriň (iň bolmanda bölümlere bölünen şinaly) ulanylmagy, şeýle hem yşyklandyryşyň ikisiniňem dolandyryjy abzallaryny (duýduryjy çyralardan we açarlardan beýlekileri) umumy şkaflarda gurnalmagy gadagan edilýär. 319. Bir jaýyň çäginde 127-220 W we 12-36 W güýjenme oturdylan ştepsel rozetkalarynyň laýyk däl güýjenmede kabul edijileriň işlemek mümkinçiligini aradan aýyrýan gurluş tapawutlary bolmalydyr, muňa bolsa dürli güýjenmeler üçin dürli görnüşli ýerleşdirilen ýa-da dürli kysymly (silindr ýa-da ýasy görnüşli) kontaktlary bolan rozetkalary ulanmak bilen ýetilip bilner. 320. Zeminlemegi ýa-da nollanmagy talap edýän göterme elektrik kabul edijileri birikdirmek üçin goraýjy kontaktly ştepsel rozetkalary we wilkalary ulanylýar. §15. Zeminlemek we nollanmagy 321. Yşyklandyryjy elektrik enjamlaryny zeminlemek ýa-da nollanmagy EGK-nyň I bölüminiň talaplaryna laýyk ýerine ýetirilmelidir. 322. Umumy ýagtylyk yşyklandyryjylarynyň daşlaryny zeminlemek ýa-da nollanmagy şu aşakdaky ulgamlarda ýerine ýetirilmelidir: 1) zeminlenen neýtrally kabeller, goragly geçirijiler, turbalarda ýa-da metal gollarda goragsyz geçirijiler yşyklandyryja birikdirilende ýa-da turbasyz ýapyk geçirilende - yşyklandyryjynyň içindäki nollyk işçi geçirijilerden aýrylýan şahalar bilen birikdirilende; 2) zeminlenen neýtrally açyk goragsyz geçirijiler yşyklandyryja birikdirilende - yşyklandyryjynyň daşyndaky zeminleme nurbata we yşyklandyryja iň ýakyn gymyldamaýan diregiň ýa-da gutynyň işçi nolluk geçirijisine birikdirilen maýyşgak üzňeleşdirýän örtükli geçirijiler bilen; 3) islendik usulda üzňeleşdirilen örtükli aralyk geçirijide yşyklandyryja eltilende - yşyklandyryjynyň daşyndaky zeminleýji nurbata we zeminleýji geçirijä birikdirilýän maýyşgak geçiriji bilen. Işe giriziji we dolandyryjy abzallardan çykarylan razrýadly çyraly yşyklandyryjylaryň daşyny işe giriziji we dolandyryjy abzallaryň we yşyklandyryjynyň ýere birikdiriji nurbatlaryny seplemek bilen zeminleme ýa-da nollyk geçirijä birikdirilmegine ýol berilýär. 323. Güýjenmesi 42 W-dan ýokary bolanda ýerli ýagtylyk yşyklandyryjylarynyň daşlary nollanylanda ýa-da zeminlenilende aşakdaky talaplar berjaý edilmelidir: 1) asgyç (kronşteýn) bilen yşyklandyryjynyň daşynyň arasynda ygtybarly elektrik birikdirmesi bolmalydyr; 2) zeminleme ýa-da nollanma geçirijiler metal esasa birikidirilen bolmalydyr, şu esasyň, kronşteýniň we yşyklandyryjynyň daşlarynyň arasynda ygtybarly elektrik birikmesi bolan şertlerde, şol metal esasa yşyklandyryjylar oturdylýar; 3) iş ýeriniň çäklerinde yşyklandyryja çekilen geçiriji turbalarda ýa-da maýşgak gollarda ýerine ýetirilen bolmalydyr. 324. Daşlary zeminlemegi ýa-da nollanmagy talap edýän göterme elektrik kabul edijileri ulgama birikdirmek üçin (goşmaça göterme yşyklandyryjylar, göterme transformatorlar we ş.m.) gorag kontaktly ştepsel rozetkalary ulanylmalydyr, ol aýratyn geçiriji bilen iň ýakyndaky diregde ýa-da şaha aýyrtlarynyň gutusynda zeminleme ýa-da nollanma geçirijä birikdirilen bolmalydyr. Zeminlenen neýtrally geçirijili ulgama kabel, turbada ýa-da ýapyk görnüşde geçiriji bilen rozetka iýmitlendiriji eltilende hem şu talap lukmançylyk nokatlarynda lukmançylyk abzallaryny we ýaşaýyş jaýlarynda, myhmanhanalarda hem-de umumy ýaşaýyş jaýlarynda diňe durmuşy elektrik abzallaryny işletmek üçin niýetlenen rozetkalar üçin hökmandyr. Galan ýagdaýlarda gorag kontaktlary nollanma bilen rozetkanyň özünde birikdirilip bilner. Görkezilen KE-i zeminleme ýa-da nollanma birikdirmeklik maýyşgak kabeliň, ýörite geçirijiniň kömegi bilen amala aşyrylmalydyr, ol bir wagtda işçi toguny eltmek üçin hyzmat etmelidir we ştepsel rozetkasynyň gorag kontakty bilen gös-göni birikdirilmelidir. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 14-nji awgustynda 1965 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Источник: TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI