Tramp amerikalylara 5 müň dollarlyk töleg wada berdi
Amul Info ·

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp respublikanlar geljekki aralyk saýlawlardan soň Kongresiň iki palatasynda-da gözegçiligi saklasa, ýurduň kämillik ýaşyna ýeten raýatlaryna 5 müň dollar tölemek mümkinçiligini öňe sürdi. Tramp bu tölegi «Tramp diwidendleri» diýip atlandyrdy we serişdeleriň ABŞ-nyň…
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp respublikanlar geljekki aralyk saýlawlaryň netijesinde Kongresiň iki palatasynda-da gözegçiligi saklap galsalar, ýurduň kämillik ýaşyna ýeten raýatlaryna 5 müň dollardan tölemek mümkinçiligini öňe sürdi.
Tramp bu barada 9-njy sentýabrda Dallas şäherinde Respublikanlar partiýasynyň milli gurultýaynda çykyş eden mahaly aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu töleg ABŞ-nyň ykdysady üstünliklerinden emele geljek girdejileriň hasabyna amala aşyrylyp bilner.
ABŞ-nyň prezidenti wada edilýän tölegi «Tramp diwidendleri» diýip atlandyrdy. Şeýle hem ol raýatlaryň bu serişdeleri ýurduň içinde sarp etmelidigini belledi.
ABŞ-da Kongrese aralyk saýlawlar 3-nji noýabrda geçiriler. Saýlawlarda Senatyň 100 ornundan 33-si hem-de Wekiller palatasynyň ähli 435 orny boýunça täze wekiller saýlanar.
Trampyň teklibi häzirki wagtda syýasy beýanat hökmünde öňe sürüldi. Onuň durmuşa geçirilmegi üçin degişli ykdysady we kanunçylyk meseleleriniň çözülmegi zerur bolar.