Günüň ýüzündäki tegmiller üç esse azaldy

Amul Info ·

Günüň ýüzündäki tegmiller üç esse azaldy

2026-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Günüň ýüzündäki tegmilleriň sany 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç esse azaldy. «Lenta.news» Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň maglumatlaryna salgylanyp, tegmilleriň sanynyň 216-dan 76-a çenli düşendigini habar…

2026-njy ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli Günüň ýüzünde emele gelýän tegmilleriň sany 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç esse azaldy. Bu ýagdaý Günüň işjeňliginiň soňky iki ýylda peselýändigini görkezýär.

« Lenta.news » Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, 2024-nji ýylyň awgustynda Günde 216 tegmiliň hasaba alnandygyny, 2026-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda bolsa bu görkezijiniň 76-a çenli düşendigini habar berdi.

Astronomlaryň maglumatlaryna görä, Günüň ýüzündäki tegmilleriň iň köp sany geçen asyryň ortalarynda hasaba alnypdyr. Iň az görkeziji bolsa XIX asyryň birinji ýarymynda bolupdyr.

Alymlaryň bellemegine görä, ýakyn wagtda Ýerde güýçli magnit tupanlaryny döredip biljek güýçli Gün ýalpyldylaryna garaşylmaýar.

Mundan iki gün ozal bolsa Ýerde güýz möwsüminiň ilkinji magnit tupanlarynyň başlanandygy habar berlipdi.

Источник: Amul Info