Türkmenistan XX tomusky Aziýa oýunlaryna 34 türgen bilen gatnaşar

Amul Info ·

Türkmenistan XX tomusky Aziýa oýunlaryna 34 türgen bilen gatnaşar

19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary başlanar. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde 57 adam bolup, olaryň 34-si türgenlerden ybarat. Türkmen türgenleri sport göreşi, kuraş, boks, uşu, agyr atletika, karate, suwda ýüzmek we ýeňil atletika…

19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we onuň administratiw merkezi Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary badalga alar. Aziýa yklymynyň iri sport wakalarynyň birine Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşar.

«Türkmen sporty» gazetiniň habar bermegine görä, Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde 57 adam bar. Olaryň arasynda 34 türgen, 15 tälimçi, 2 halkara derejeli emin, şeýle hem sport guramalarynyň wekilleri, lukmanlar, sport žurnalisti we beýleki hünärmenler bar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa oýunlarynda sportuň 8 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşer.

Ýaryşlara:

Türkmen türgenleri Aziýanyň iň iri sport ýaryşlarynyň birinde ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny ýokary götermek we türkmen sportunyň halkara abraýyny has-da berkitmek ugrunda çykyş ederler.

XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabrdan Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we Nagoýa şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, täze ýeňişler we baýrakly orunlar bilen Watanymyza dolanmak arzuw edilýär.

Источник: Amul Info