Ylmy-analitiki ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Amul Info ·

🤝 Ylmy-analitiki ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ilçisi A.B. Goçmyradow bilen Täjigistanyň Strategiki barlaglar merkeziniň direktory H. Usmonzodanyň duşuşygynda bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki ylmy-amaly maslahata taýýarlyk…
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.B. Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory H. Usmonzoda bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ylmy-analitiki ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem bilermenler derejesindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we türkmen-täjik strategiki hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan bilelikdäki ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda Strategiki barlaglar merkezi tarapyndan «Merkezi Aziýa +» formatynda iki sany bilermenler duşuşygy geçirildi. Olara Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýetleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilermenler derejesindäki gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ylmy-analitiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.