ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy iki boş iş ornuny yglan etdi
Amul Info · · asgabat, ashgabat

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki wezipe boýunça işgär gözleýär: 🔹 Bagban (FSN-02) — resminamalar 27-nji sentýabra çenli. 🔹 Administratiw kömekçi (FSN-07) — resminamalar 28-nji sentýabra çenli. Talaplar we resminamalary tabşyrmagyň tertibi ilçihananyň resmi saýtyndaky «Boş iş orunlary»…
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki boş iş orny boýunça resminamalaryň kabul edilýändigini habar berdi. Işgärleri saýlap almak diplomatik wekilhananyň dolandyryş bölümlerinde geçirilýär.
Ilkinji boş iş orny desgalary ulanmak we olara tehniki hyzmat etmek bölüminiň FSN-02 derejesindäki bagban wezipesidir. Bu wezipe boýunça resminamalar 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Ikinji boş iş orny bolsa Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň FSN-07 derejesindäki administratiw kömekçi wezipesidir. Bu wezipe boýunça dalaşgärler resminamalaryny 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryna çenli tabşyryp bilerler.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar, wezipe borçlary, zerur resminamalar we arzalary tabşyrmagyň tertibi barada giňişleýin maglumat ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynyň «Boş iş orunlary» bölüminde ýerleşdirildi.