Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi

yashlar.gov.tm · · arkadag-2, arkadag

Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar. Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Giň möçberli gözden geçirilişde türkmen halkynyň taryhyna we şu günki ýeten derejesine, ösüşleriň belentliklerine tarap gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine bagyşlanan gymmatlyklar görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şunda bedew esbaplaryna, şaý-seplerine hem möhüm orun berildi. Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis öz işine başlady. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň buýsanjy” atly täze goşgusynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Köşgüň ajaýyp sahnasyndaky monitorda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly ähmiýetli wakalar şöhlelendirildi. “Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowanyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymy dabara özboluşly bezeg berdi. Meşhur sungat ussady ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň...

Источник: yashlar.gov.tm