Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
tdh.gov.tm ·
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Singapur Respublikasynyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnamdan we Premýer-ministri Lourens Wongdan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Hatda döwlet Baştutanymyza Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglar üçin hoşallyk bildirilýär. Şeýle hem Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, halkymyza bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar hem-de iň gowy arzuwlar beýan edilýär.