Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

tdh.gov.tm ·

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Источник: tdh.gov.tm