Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet saýtlaryna bildirilýän tehniki talaplary täzeledi

Amul Info ·

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet saýtlaryna bildirilýän tehniki talaplary täzeledi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi web-saýtlaryň tehniki howpsuzlygyna, administratiw ulgamlaryň goragyna we maglumatlaryň howpsuz saklanyşyna degişli täze talaplary girizdi. Täze düzgünlerde programma üpjünçiligini yzygiderli täzelemek, ulanylmaýan portlary ýapmak, maglumatlary şifrlenen…

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet web-saýtlarynyň döredilmegi we işe girizilmegi bilen bagly tehniki talaplara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi. Täze düzgünler saýtlaryň tehniki howpsuzlygyny güýçlendirmäge, administratiw ulgamlary goramaga we maglumatlaryň howpsuz saklanyşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda №116-iş buýruk çykaryldy. Şol resminama bilen 2021-nji ýylda tassyklanan «Internet web-saýtynyň döredilmeginde we işe girizilmeginde berjaý edilmäge degişli bir bitewi tehniki talaplara» üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda 1966-njy belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Resminamada bellenilişine görä, üýtgetmeler Türkmenistanyň «Hukuk namalary hakynda» we «Kiberhowpsuzlyk hakynda» kanunlaryna laýyklykda hereket edýän tehniki talaplary kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Täze düzgünleriň çäginde ulanylýan esasy düşünjeleriň kesgitlemelerini öz içine alýan aýratyn bölüm goşuldy. Şeýle hem saýtlarda täzelenýän maglumatlary awtomatiki ýaýratmaga mümkinçilik berýän ýörite hyzmatyň göz öňünde tutulmagy talap edilýär.

Saýt howpsuzlygyna bildirilýän talaplar giňeldildi

Täze üýtgetmeler bilen internet saýtlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplaryň sanawy giňeldildi. Hususan-da, serwer programma üpjünçiligini we ulanylýan kitaphanalary wagtynda täzelemek, howpsuzlyk täzelenmelerini yzygiderli ornaşdyrmak hem-de serwerde ulanylmaýan portlary ýapmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem gulluk konfigurasiýa faýllaryna elýeterliligi çäklendirmek, tor trafigini süzmek serişdelerini we giňden ýaýran kiberhüjümlerden goşmaça gorag usullaryny ulanmak talap edilýär.

Maglumatlary geçirmegiň könelişen protokollaryndan ýüz öwürmek, goragly maglumat geçiriş protokollarynyň häzirki zaman görnüşlerinden peýdalanmak, goşmaça howpsuzlyk sözbaşylaryny sazlamak we ulanylýan serwer programma üpjünçiliginiň wersiýasy baradaky maglumatlary gizlemek hem täze talaplaryň hataryna girýär.

Saýtlardaky maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalaryny döretmek we saklamak boýunça düzgünler hem anyklaşdyryldy. Ätiýaçlyk nusgalar bellenilen standartlara laýyklykda döredilmeli, şifrlenen görnüşde we elýeterliligi çäklendirilen şertlerde saklanmaly. Goragly birikmäniň şahadatnamalarynyň ygtybarly edara-kärhanalardan alynmagy baradaky talap hem anyklaşdyryldy.

Administratiw bölümleri goramak boýunça täze düzgünler

Täze talaplarda saýtlaryň administratiw bölümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça aýratyn bölüm göz öňünde tutuldy.

Oňa laýyklykda, ulgama girmegiň ähli synanyşyklary we administratiw hereketler bellige alynmaly. Dolandyryş paneline girilende iki tapgyrly barlagdan peýdalanmak, birnäçe gezek şowsuz giriş synanyşygyndan soň ulanyjyny wagtlaýyn blokirlemek hem-de uzak aralykdan goragly birikme usullaryny ulanmak talap edilýär.

Mundan başga-da, dolandyryş ulgamyna tor salgysy we ýerleşýän ýeri boýunça elýeterliligi çäklendirmek hem-de dolandyryş paneline giriş sahypasynyň standart salgysyny üýtgetmek göz öňünde tutulýar.

Wagtlaýyn giriş açarlaryna bildirilýän talaplar

Üýtgetmelerde ulanyjylaryň ygtyýarlylygyny barlamak üçin ulanylýan wagtlaýyn giriş açarlaryna bildirilýän talaplar hem jikme-jik kesgitlenildi.

Ol açarlaryň hereket edýän möhleti we täzeleniş tertibi, saklanyş usuly, ulgamdan çykylanynda ýa-da howpsuzlyk hadysasy ýüze çykanda ýatyrylmagy boýunça düzgünler bellenildi. Şeýle hem wagtlaýyn giriş açarlary arkaly amala aşyrylýan amallaryň ýörite hasaba alyş kitapçasynyň ýöredilmegi göz öňünde tutulýar.

Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý. Gulmämmedowa hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň başlygyna ýüklenildi.

Üýtgetmeleriň doly teksti Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi internet saýtynda ýerleşdirildi.

Источник: Amul Info