PAÝTAGTYMYZDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

yashlar.gov.tm ·

PAÝTAGTYMYZDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün paýtagtymyzyň “Maslahat köşgünde” türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde asylly däplerimize eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini aýtdy we oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriň birine öwrülendigini, geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetendigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew batly ösüşini ynamly dowam edýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere...

Источник: yashlar.gov.tm