«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi
Ashgabat inAshgabat in
48
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi
27-nji aprelde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açyk manežinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan ahalteke atlary gowşuryldy. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň atşynaslarynyň adyndan Ylham atly taýçanagyň sowgat berilmegi bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirdi. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän gözellik bäsleşiginde paýtagtymyzdan hem-de welaýatlarymyzdan saýlanan bedewler ilki bezegsiz, soňra bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde görkezildi. Continue reading «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi at InAshgabat.
Türkmenistan