Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler
Ashgabat inAshgabat in
24
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler
24-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde GDA-nyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Döwletimiz bu guramanyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çärelerine işjeň gatnaşýar we köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa paýtagtymyzda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Continue reading Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler at InAshgabat.
Türkmenistan