Meşhur habarlar
Hemme habarlar
  • «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi
    «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi
    Ashgabat inAshgabat in
    27-nji aprelde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açyk manežinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan ahalteke atlary gowşuryldy. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň atşynaslarynyň adyndan Ylham atly taýçanagyň sowgat berilmegi bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirdi. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän gözellik bäsleşiginde paýtagtymyzdan hem-de welaýatlarymyzdan saýlanan bedewler ilki bezegsiz, soňra bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde görkezildi. Continue reading «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi at InAshgabat.
    11
  • Atşynaslara Arkadag şäherinden öýler berildi -
    Atşynaslara Arkadag şäherinden öýler berildi -
    TurkmenportalTurkmenportal
    Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Döwlet Baştutany...
    14
  • Ankarada türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi -
    Ankarada türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi -
    TurkmenportalTurkmenportal
    25-26-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen...
    13
  • Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler
    Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler
    Ashgabat inAshgabat in
    24-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde GDA-nyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Döwletimiz bu guramanyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çärelerine işjeň gatnaşýar we köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa paýtagtymyzda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Continue reading Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler at InAshgabat.
    15
Howany görkezmek üçin geodata almaga rugsat beriň